Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty hem-de başlangyçlary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetiniň pudaklaryna dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti yzygiderli ornaşdyrmak boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. Türkmenistanda maglumat we telekommunikasiýa ulgamynyň işini düzgünleşdirmek bilen bagly kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär.
Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Ýurdumyza sanly ykdysadyýeti yzygiderli ornaşdyrmak babatda amala aşyrylýan işleriň hukuk esaslaryny döwrebaplaşdyrmagyň we has-da kämilleşdirmegiň dowamynda birnäçe kadalaşdyryjy hukuknamalar tassyklanyldy hem-de işjeň durmuşa geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen, ýurdumyzyň ähli ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, edara-kärhanalarynda, guramalarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyny has-da ösdürmek hem-de kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilikler we zerur şertler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetine täze innowasion tehnologiýalary, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminama dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak wezipelerini öňde goýdy. Öňde goýlan bu wezipeler, öz gezeginde, internet hyzmatlarynyň hilini we elýeterlilik derejesini ýokarlandyrmak, maglumat-aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmek meselelerini ýüze çykarýar.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetine täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, elektron senagaty döretmek, adam maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek sanly özgertmeleriň ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe gaýragoýulmasyz meselä öwrüldi.
Bütindünýä sanly ulgama goşulyşmakda internet hyzmatlarynyň hiline we elýeterlilik derejesine, maglumat aragatnaşyk infrastrukturasynyň ösüş derejesine uly üns berilmelidir.
Türkmenistanda internet ulgamy güýçli depginler bilen ösýär we onuň hyzmatyndan peýdalanýan ulanyjylaryň sany artýar.
Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda köp möçberli maglumatlar toplumyny ýokary tizlikde ibermek we kabul etmek üçin optiki-süýümli aragatnaşyk tehnologiýasyny ulanmak ygtybarly we tygşytlylyk taýdan amatly hasap edilýär.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygy üpjün etmek babatda düzgünleşdirýän kanunçylyk-hukuk binýadynyň berkden tutulmagy netijesinde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň bökdençsiz işlemeginiň ygtybarlylygy ýokarlanar. Şeýle hem maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň pudaklaýyn düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýa ýoly bilen öňdebaryjy enjamlaryň ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurtda ykdysadyýetiň ähli ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe üstünliklere we rowaçlyklara beslensin!
Baýram GURTMYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hukuk maslahatçysy
IŞ DEPGINI ÝOKARY
Daşoguz şäherindäki motor abatlaýyş kärhanasy welaýatymyzyň iri senagat kärhanalarynyň biri hasaplanýar. Bu ýerde 60-a golaý işçi-hünärmen agzybirlikli zähmet çekýär. Olar oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny düýpli abatlamak, zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary ýasamak bilen meşgullanýarlar. Kärhanada «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji aýynda 220 müň manatlykdan gowrak iş edildi. Öndürilýän önümleriň arasynda ýetip gelýän ekiş möwsüminde ulanylmagy zerur bolan borona dişleri, çil ýumşadyjylaryň dişi, azalyň lemehleri, dürli ölçegdäki nurbatlar, podşipnikler bar. Kärhananyň işçilerinden ussalar Ýagşygeldi Atanepesow, Döwletmyrat Jumabaýew, Ruslan Ýaňabaýew, Atabaý Amanow, kebşirleýjiler Atagurban Atagurbanow, Ökdem Reýimbaýew dagy öndürijilikli işlemek bilen köplere görelde görkezýärler.
* * *
AGYZ SUW ÜPJÜNÇILIGI GOWULANÝAR
«Daşoguzagyzsuw» birleşigi boýunça «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji aýynda 670 müň kub metrden gowrak arassa içimlik agyz suwy öndürildi. Birleşik öz düzümine Daşoguz hem Köneürgenç şäher agyz suw müdirliklerini, şeýle hem etrap agyz suw bölümleriniň 9 sanysyny birleşdirýär. Olarda dik guýularyň 424 sanysy öndürijilikli işledilýär. Birleşigiň müdirlikleriniň we bölümleriniň suw çeşmelerinde bir gije-gündiziň dowamynda 21902 kub metr arassa agyz suwy öndürilip, sarp edijilere ýetirilýär.
* * *
ÜMZÜGI ILERLEÝÄN KÄRHANA
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem hususy telekeçilik işi has giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň gaýtadan işleýän önümçiligi işjeň ýola goýmak barada berýän maslahatlaryndan ugur alyp, bu babatda döredilen mümkinçiliklerden peýdalanýan telekeçiler pudaga dahylly möhüm wezipeleri durmuşa geçirýärler. Olaryň hatarynda «Çemenli daglar» hususy kärhanasynyň durmuşa geçirýän işleri bellenmäge mynasypdyr. Kärhanada her günde gök we beýleki önümleri salmak üçin niýetlenen gaplaryň 2500-den gowragynyň öndürilýändigini bellemek ýerliklidir. Kärhananyň önümleri welaýatymyzdaky we ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndaky ýyladyşhanalaryna ugradylýar.
Bu ýerde zähmet çekýän hünärmenler işiň talabalaýyk hil derejesini üpjün etmek üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Bu bolsa her günde gazanylýan netijeleriň ýokary bolmagyna mümkinçilik berýär. Kärhananyň işçileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýärler. Işleriň göwnejaý alnyp barylmagy bolsa, bu maksadyň hasyl boljakdygyna ynam döredýär.