Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz ýurduň ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, iň täze tehnologiýalaryň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ösüşiniň özeni bolmalydygyny nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ykdysady bilimleri öwretmeklik işleri has-da ilerläp, kämil özgerişleri başdan geçirýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ykdysady ugurly hünärler boýunça bilim alýan ýaşlaryň häzirki zaman bilimini, jemgyýetçilik durmuşyndaky ähli üýtgeşmeleri öz wagtynda öwrenmegi we tiz netije çykarmagy möhüm talapdyr. Çünki milli ykdysadyýetde çeýe pikirlenmäge ukyply, çalt çözgüt tapyp bilýän hünärmenlere aýratyn isleg bildirilýär. Zähmet bazarynda bäsdeşligiň ýokarlanmagy bolsa olaryň ukyplaryna we başarnyklaryna bolan talaplary esasy wezipe edip goýýar. Netijede, ykdysady ugurly hünärlerde bilim alýan talyplaryň döwrebap derejede kämilleşmegi zerurdyr.
Ykdysady dersler geljekki milli ykdysadyýetimizde işlejek hünärmenleri taýýarlamakda esasy orun tutýan hünär dersleriniň biridir. Şeýle dersler ykdysady we hukuk gatnaşyklarynyň aýratyn bölegi bolmak bilen, ykdysatçylar taýýarlanylanda zerurlyk hasaplanýar. Döwletiň milli hojalyk ulgamynyň emele gelşine, durmuşa geçirýän ykdysady syýasatyna doly düşünmek üçin maliýe we salgyt babatda düýpli bilimleriň toplumyny binýat edinmek möhümdir.
Ýokary hünär bilimini almak ylym bilen meşgullanmagyň ilkinji basgançagydyr. Hut şu ýerde milli Liderimiziň öňe sürýän «bilim — ylym — önümçilik» baglanyşygyny düzýän zynjyry emele gelýär. Üç halka zynjyryň bitewüligi talyplaryň alan bilimdir ylmyny önümçilikde kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Islendik meseläni köpçülikleýin ara alyp maslahatlaşmakda, dürli görnüşli maglumatlary deňeşdirmekde okuw umumy ýa-da amaly sapak görnüşinde geçirilip bilner. Şeýle sapaklaryň dowamynda talyplar biri-birleri bilen pikir alşyp bilýärler. Tejribeleriň görkezişi ýaly, bu bolsa bitewi ylmy garaýşyň döremegine ýardam berýär. Talyplaryň pikir özbaşdaklygyny we işjeňligini güýçlendirýär.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda bilim we ylym ulgamynda alnyp barylýan döwrebap özgertmeler mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriler. Bu babatda Garaşsyzlyk ýyllarynda toplanan tejribeden, döwrüň ösüşinden we talaplaryndan ugur alnyp, ulgamy kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Türkmen döwlet maliýe institutynyň professorlarydyr mugallymlary-da ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin ýokary hünärli işgärleri kemala getirmegi baş maksat edinýärler.
Döwrüň talabyna laýyklykda, talyplaryň taýýarlyklaryny diňe ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary hünärli işlere ugrukdyrmak däl-de, eýsem, olara ylmy-gözleg işleri üçin gerek bolan başarnyklary öwretmeklik hem wajypdyr. Ýokary okuw mekdeplerini tamamlaýan uçurymlar önümçilikde işlemek bilen, tutuş adamzadyň durmuşynda bolup geçýän üýtgeşmelere we ýagdaýlara düşünmelidirler, şeýle-de degerli netije çykarmaga taýýar bolmalydyrlar. Ine, şeýle hünärmenler ýurdumyzyň ykdysady ösüşini üpjün etmekde mynasyp islegden peýdalanar. Çünki dünýä täzeliklerinden habarly, döwrebap pikirlenip bilýän ýaş hünärmenler milli ykdysadyýetimizde has uly öňegidişlikleriň gazanylmagynda möhüm orun eýeleýärler.
Kerim KERTIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.