Beýik ösüşlere eýe bolýan eziz Watanymyzda türkmen halky bagtyýar durmuşda ýaşaýar.
Ýurdumyzyň beýik ösüşleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda has-da belent derejelere eýe bolýar. Halkyň ruhunyň, raýat parahatçylygynyň, milletara ylalaşygyň esasyny düzýän durmuş syýasaty mähriban Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň, gazanýan guwandyryjy üstünlikleriniň gözbaşydyr. Bu halkymyzyň agzybirligidir we döwlet bilen jemgyýetiň mizemez jebisligidir. Jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň bitewüliginiň gözbaşy agzybirlikdedir hem-de halkymyzyň bir maksada gulluk edýänligindedir. Durnuklylygyň bitewüligini saklaýan, jemgyýeti mundan beýläk-de ösdürmekde kuwwatly güýç bolup çykyş edýän halkymyzyň jebisligi ata Watanymyzy täze belent sepgitlere ýetirýär. Bu asylly ýörelgeler Garaşsyzlygyň, baky Bitaraplygyň, milli däp-dessurlarymyzyň we taryhy-medeni mirasymyzyň beýik taglymatlaryna daýanýar, tagallalaryň birleşmegine, adamlaryň zähmet işjeňliginiň ýokarlanmagyna hyzmat edýär, jemgyýetdäki ähli öňdebaryjy işlere durnuklylyk berýär.
Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek babatda wajyp wezipeleri öňde goýýar. Bu Milli maksatnamanyň ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we senagat kärhanalarynyň işini talabalaýyk guramak bilen bagly meseleleri çözmekde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn bellemek gerek.
Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň netijesinde ýurdumyzyň sebitleriniň senagat pudagynyň köp ugurlar boýunça ösdürilmegi, bar bolan pudaklaryň döwrebap ýagdaýa getirilmegi bilen, jemi içerki önümiň düzüminde senagat önümleriniň paýyny artdyrmak babatda uly işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýulýan maýa goýumlaryň belli bir böleginiň önümçilige, beýleki bir böleginiň bolsa durmuş maksatly ugurlara gönükdirilýändigini guwanç bilen bellemek bolar. Önümçilige goýulýan maýa goýumlarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrylýar, ylmyň iň täze gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Önümçilik kuwwatlyklary gün-günden ýokarlanýar, täze önümleriň görnüşleri artýar. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürmäge döwletiň içinde we halkara derejesindäki uly möçberli iri taslamalary amala aşyrmaga oňyn we zerur şertler döreýär.
Sözüň doly manysynda eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeler hem-de gün-günden rowaçlanýan durnukly ösüş ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri we ygtybarly kepillikleri döredýär. Munuň özi halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, olaryň zähmet işeňňirligini we başarjaňlygyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Gülnar KÖMEKOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.