Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşiň we döredijiligiň batly gadamlary bilen öňe barýan ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha pugtalanýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýurdumyzyň ykdysadyýetini has-da ösdürmekde möhüm ugurdyr.
Milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerini üpjün etmekde sanly ulgamyň möhüm ugurdygyny aýratyn bellemek gerek. Şunda häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň gazananlaryna esaslanmak baş ýörelgedir. Ösen sanly ykdysadyýeti kemala getirmekde elektron senagatynyň ösdürilmegi, innowasion, ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň ýola goýulmagy, halkymyzyň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, ýörite bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Ykdysadyýeti ösdürmek üçin bäsdeşlige ukyply harytlaryň eksportynyň möçberlerini artdyrmak, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, importyň ýerini tutýan harytlaryň öndürilişini has-da giňeltmek, ýurdumyzda telekeçilige goldaw bermek hem-de dürli ulgamlarda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler üstünlikli dowam etdirilýär.
Eziz Diýarymyzyň beýik ösüşleri biziň her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan beýik binalar, täze-täze desgalar, ýaşaýyş jaýlary — bularyň hemmesi ykdysady ösüşimiziň örän ýokarydygynyň görkezijisidir. Olar halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň özi her bir raýata döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde abadançylygyň mekanyna öwrülen Türkmenistanda ýaşamak, beýik işlere buýsanmak egsilmez bagtdyr.
Sapa NURBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.