Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça gazanylýan belent depginli ösüşler bilen Türkmenistan Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuşyny hil taýdan has-da gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda geljegi nazarlaýan toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem milli ykdysadyýetde düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga gönükdirilen işleriň möhüm ugurlarynyň biridir. Ykdysadyýetiň ýagdaýy halkyň ýaşaýyş-durmuş, hal-ýagdaýynyň ygtybarly durmuş üpjünçiliginiň, adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmagyň binýady bolup durýar. Ykdysadyýet ösdügiçe, ýurdumyz has-da kuwwatlanýar, adamlaryň durmuş derejesi has-da gowulanýar.
Häzirki wagtda ilatyň maddy hal-ýagdaýyny hil taýdan täze derejelere çykarmak meselesi döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ýerde maksat, diňe bir esasy maddy islegleri kanagatlandyrmak, maddy üpjünçiligiň derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmeýär. Ilkinji derejeli ähmiýet adamyň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegini üpjün etmek, şahsyýetde bar bolan döredijilik ukybyny we zehinini doly ýüze çykarmak, adamlaryň aň-düşünjesini hem dünýägaraýşyny yzygiderli ösdürmek, durmuşynyň ruhy-ahlak taýdan baý mazmunly bolmagyny gazanmak üçin zerur şertleri döretmek maksatlaryna berilýär. Şol sebäpden, şahsyýetiň ählitaraplaýyn ösmegi, onuň döredijilik ukybynyň artmagyna amatly şertleri döretmek islendik jemgyýetde-de ösüşleriň möhüm şerti bolup durýar. Munuň özi bellenilen maksatnamalaýyn çäreleriň düýpli ylmy binýada daýanýandygyny görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy boýunça taýýarlanylan we kabul edilen, geljek 30 ýyla gönükdirilen ösüş maksatnamasy Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini kadalaşdyrmakda saýlap alan usulynyň kämillik derejesiniň ýokarydygyny görkezýär. Bu uly göwrümli maksatnama ýurdumyzyň depginli ösüşini gazanmak, ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümini diwersifikasiýalaşdyrmak, ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini düýpli ýokarlandyrmak we sebitlerimiziň gyradeň ösüşini gazanmak boýunça giň göwrümli wezipeleri jemleýär.
Milli Maksatnamada geljekde ýurdumyzda innowasion häsiýete esaslanýan milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa arkaly ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleri dowam etdirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak, täze ykdysady gatnaşyklary emele getirmek, ösüşiň innowasion nusgasyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Geljek üçin maksatnamada ýokary tehnologiýaly pudaklar toplumyny döretmek we ylmy köp talap edýän önümleriň dünýä bazarlarynda tutýan ornuny giňeltmek wezipeleri bellenilýär. Öňdebaryjy ylmy-barlag işleri, ýokary tehnologiýalar we bilim hyzmatlary esasynda ýurdumyzyň dünýädäki öňdebaryjy innowasion ornuny gazanmagy ugrunda möhüm çözgütler göz öňünde tutulýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek, düýpli düzüm we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak esasynda ýokary bilim we saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmek boýunça wezipeler bellenilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmy taýdan esaslandyrylan, halkara standartlaryna laýyk gelýän täze innowasiýa tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlary köpçülikleýin ornaşdyrylýar. Döwrebap innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bolsa, önümçiligiň täze usullaryny emele getirýär. Dürli ulgamlara täze taglymlaryň we ylmy bilimleriň ornaşdyrylmagy, ýaş nesilde oýlap tapyjylyk werasionalizatorçylyk işine höwes döredilmegi jemgyýetiň umumy ösüşine itergi berýän çözgütlerdir. Sanly ösüş ugry, mikroelektronika, maglumat we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamlarynda gazanylýan ösüşler önümçiligiň netijeliligini artdyrmaga uly itergi berýär. Bu ösüş ugry jemgyýetiň sanly ykdysadyýetiň döredýän ýeňilliklerine taýýarlykly bolmagyna, ösüp gelýän nesilleriň döredijilikli pikirlenmäge, döretmäge mümkinçiliklerini ösdürmeklige esaslanýar. Geljek 30 ýyly nazarlaýan maksatnamalaýyn ösüş ýoly hil taýdan täze ugra gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda kabul edilýän we durmuşa geçirilýän ösüş maksatnamalarynyň rowaçlanmagyna jemgyýetimiziň her bir agzasy işjeň gatnaşmalydyr.
Aknabat ARTYKOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy