Habarlar
Nusgalyk dostlukly gatnaşyklar

Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen mähriban halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna dünýä we sebit parahatçylygynyň, dost-doganlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine täze itergi berýän nusgalyk işler bilen gadam basdy.

Iki goňşy, türkmen we owgan halklarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda täze ulanylmaga berlen, uzynlygy 30 kilometr bolan Akina — Andhoý demir ýoly, 153 kilometre deň bolan Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamy, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamy türkmen-owgan gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen başy başlanan halkara ähmiýetli bu iri desgalar diňe iki doganlyk halklaryň durmuş-ykdysady ösüşine itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, sebit döwletleri üçin hem halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitleýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitaraplyk syýasatymyzyň aýdyň ýörelgeleri dünýä döwletlerine uzaýan dost-doganlyk ýollarymyz arkaly tutuş adamzadyň ýagty geljegini nazarlaýar. Goňşy Owganystana dostluk goldawynyň nobatdaky nyşany hökmünde, ýeňillikli esasda iberilýän elektrik energiýasy dostlukly halkyň öý-ojaklaryny nurlandyryp, ýurduň ösüşine kuwwat berýär, nobatdaky demir ýol şahasy bolsa hyzmatdaşlygyň, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagyň aýdyň ugruny döredýär.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinde özara ynanyşmagyň we dost-doganlygyň mizemez nyşany bolan şeýle dünýä ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilmegi baky Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende göterýär.

Täze taryhy döwürde ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän netijeli işler milli we sebit ösüşine itergi berip, parahatçylyk söýüjilige, halklaryň bähbitlerine gönükdirilen ynsanperwer daşary syýasatymyzyň ýörelgeleri bilen utgaşýar. Halkara dostluk gatnaşyklaryny işjeň ösdürmek bilen, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraýyny barha belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun!

Parahat diýarymyzyň gujagynda, bagtyýar durmuşda uly baýram edilip bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli hormatly Belent Serkerdebaşymyzy, merdana Watan goragçylarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Watan goragçylarynyň güni watanperwerligiň, mertligiň we borja wepalylygyň, ata Watanyň gullugyna barlygyň bilen berilmegiň baýramydyr.

Akmuhammet SULTANOW,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18808

22.01.2021
Ulag ulgamynyň ösüşi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini hem-de aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny çalt kemala getirmek babatda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda durmuşa geçirilýän işler diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit we dünýä ösüşine kuwwatly itergi berdi.

Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda demir ýol ulaglary pudagynyň goşandy uludyr. Bu pudak güýçli depginler bilen ösdürilip, täze demir ýollary gurup, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça öňdebaryjy orny eýeläp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam berýär. «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, umumy peýdalanylýan demir ýol ulagy Türkmenistanyň ýeke-täk ulag ulgamynyň düzüm bölegi bolup durýar. Demir ýol ulagy ulagyň beýleki görnüşleri bilen özara baglanyşykda hereket etmek bilen, fiziki şahslaryň, ýuridik şahslaryň döwletiň demir ýol ulagynda gatnatmaga (daşamaga) bolan zerurlyklaryny öz wagtynda we oňat hilli üpjün etmäge, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösmegi üçin şertleriň döredilmegine ýardam etmäge niýetlenendir. Ýurdumyzda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan halkara ähmiýetli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmaklarynda Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralaryň bolandygyny bellemek juda buýsandyryjydyr. Bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy iki döwletiň we doganlyk halklaryň däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi.

Biz hem umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlara badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Şeýle hem hormatly Prezidentimizi, asudalygyň goragynda durýan ata Watanymyzyň polat galkanlary hasaplanylýan Milli goşunymyzyň ähli harby gullukçylaryny, işgärlerini Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Maýsa KURBANOWA,

Mary welaýatynyň prokurorynyňhukuk üpjünçiligi boýunçauly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18807

22.01.2021
Arkadag paýhasyndan binýat bolan dostluk menzilleri

Ählumumy ösüşiň hem-de abadançylygyň ygtybarly köprüsine öwrülip, dünýä halklaryny ýakynlaşdyrýar we jebisleşdirýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz dünýäniň parahatçylyk söýüjilik merkezi hökmündäki derejesini has-da berkidýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalar halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar. Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamynyň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat —Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi, şeýle hem Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasy Arkadag paýhasynyň dünýä ýol salýandygy baradaky guwandyryjy hakykaty tutuş Ýer ýüzünde dabaralandyrýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ilkinji günlerinde äleme ýaň salan bu möhüm wakalar baradaky buýsançly söhbedimiziň özenini yklymlary, ykballary nurlandyran şu belent hakykatyň düzmegi, elbetde, öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Çünki bu taryhy wakalaryň gerim-gabarasy, uly tutumy dünýä dolup, hut Arkadag paýhasyndan kemal tapýan başlangyçlaryň umumadamzat bähbitli beýik işlere gözbaş bolup, halkara jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna hem gyzgyn goldawyna eýe bolýandygynyň subutnamasyna öwrüldi. Şol wakalaryň gözli şaýady bolup ýörkäň, Gahryman Arkadagymyz bilen halkymyzyň mizemez jebisligi, şol bir wagtyň özünde bäş müň ýyllyk şöhratly taryhyna buýsanýan türkmeniň emer-damaryna, ruhuna siňen dost-doganlyk ýörelgelerine hemişe ygrarlydygy baradaky seriňe dolan buýsançly oýlara biygtyýar berilýärsiň. Şeýlelikde, döwletli Diýarymyzda, asyl-ha, herki zadyň bir-biri bilen ajaýyp sazlaşyp, ýerbe-ýerligi, tutumly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün edip durandygy hakda-da aýdasymyz gelýär. Şol günler howa-da edil türkmeniň nurana göwni ýaly ýaz ýakymyny ýaýradyp, gyşyň örküjidigine garamazdan, edil ýaňy tamdyrdan çykan mele-myssyk nany ýatladyp, sahawatlylyk bilen tylla şuglasyny saçyp duran Gün diňe Zemini däl, ynsan ähliniň kalbyny bagt kuýaşy bolup çoýup, tutuş barlyga ýylylyk, mähir paýlap, guwançdan-şatlykdan doly barça ýürekleri has-da joşa getirdi.

Ýeri gelende aýtsak, paýtagtymyzdan döredijilik iş saparyna ugrap, Hakdan halatly, köňli sahawatly, türkmeniň kalby deý joşgunly Jeýhunyň boýuna — süýjülikde taýy tapylmadyk şekerden datly gülabynyň mekany gadymy Lebap topragyna, has takygy, Türkmenabadyň Halkara howa menziline gelip düşenimizde, özüm-ä türkmen gündogaryna gadam goýandygym barada bagtyýar oýlandym. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň dünýä derejesinde uly dabaralar bilen belleniljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň şanly wakalarynyň hut şu sahawata we berekede baý künjekden başlanmagynyň çuň many-mazmuna eýedigi baradaky hakykat göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Watanymyzda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly şygar bilen geçen 2018-nji ýylda ulanylmaga berlen Türkmenabadyň Halkara howa menzili Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň sebitiň möhüm ulag ýoly bolmak bilen, iri halkara logistik merkezine öwrülýändigi baradaky hakykatyň özboluşly mysalydyr. Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň merkezi hasaplanýan Türkmenabat şäheri gadymy Amulyň mirasdüşeri bolup, bu ýerde Eýrana, Hindistana, Gündogar Ýewropa... barýan köp sanly söwda ýollary birigipdir. Ýeri gelende ýatlap geçsek, şol ýylyň altyn güýzünde müňýyllyklaryň jümmüşinden ak ertirlere — geljege ýol salyp, yklymlary-ykballary nurlandyran Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy Amuldan, ýagny hut şu ýerden badalga alan «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine gatnaşyjylar arzyly menzilleri nazarlapdylar. Sahawata we berekede baý Garagumuň Hakyň nazary düşen guba çägelerini hem ak alaňlaryny külterläp, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň çäginden üstünlikli geçip, ýurdumyzyň Günbatar sebitine — Hazaryň kenaryndaky Awaza barypdylar.

14-nji ýanwarda milli Liderimiziň Lebap welaýatynyň «Ruhyýet» köşgünde — Türkmenistanda we Owganystanda dabara gatnaşyjylary birleşdiren teleköpriniň geçirilýän ýerinde eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, bu iri taslamalar umumy maksada — biziň ýurtlarymyzyň uzakmöhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we bu ösüşi üpjün etmäge niýetlenip, türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine we abadançylygyna gönükdirilendir. Şol bir wagtda munuň özi Ýer ýüzüniň bu böleginde ygtybarly, çalt depginler bilen ösýän, sazlaşykly energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamyny döretmek ýörelgesinden ugur alýar. Hormatly Prezidentimiz möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň köpýyllyk ysnyşykly we netijeli türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň netijesi bolup durýandygyny aýtmak arkaly Owganystan Yslam Respublikasy bilen netijeli, deňhukukly, hakyky doganlyk gatnaşyklaryna biziň ýurdumyzda ýokary baha berilýändigini belledi.

Türkmenistan owgan halkyna köptaraplaýyn goldaw berýär. Owganystana ýeňillikli bahadan elektrik energiýasyny iberýär. Bu ýurduň dürli welaýatlarynda durmuş ähmiýetli desgalary gurýar. Munuň özi Owganystanda asuda durmuşy ýola goýmakda, gatnaşyklaryň yzygiderliligini, ikitarapa bähbitliligini gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir. Elektrik energiýasynyň bu ýurda iberilmeginiň has-da artdyrylmagy baradaky çözgüt ýurdumyzyň dostanalyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine hemişe wepalydygyny, şunuň bilen birlikde, çenden güýçli ykdysady kuwwatyny görkezýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, hususan-da, energetika we aragatnaşyk, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirilýär. Asyryň bu iri gaz geçirijisi sebitiň ýurtlarynyň ykdysady taýdan ösmegine uly itergi berer. Müňlerçe täze iş orunlaryny açmaga mümkinçilik döreder. Elektrik energetikasy, ulag-kommunikasiýa we ýaşaýyş-durmuş maksatly üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmäge ýardam eder. Elektrik geçiriji ulgamlaryň çekilmegi bolsa, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ähli desgalaryndan başga-da, sebitiň ýurtlaryny elektrik energiýasy bilen kadaly üpjün etmekde giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Aziýanyň beýleki döwletlerine elektrik energiýasyny eksport etmäge şert döredýär. Bu taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, senagat harytlarynyň we maglumatlaryň üstaşyr geçirilmeginden alynjak serişdeleriň hasabyna Owganystanyň býujetine köp möçberde girdeji getirer. Sebitimizde ýaşaýan halklaryň bähbidine durnuklylygyň we yzygiderli durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolar. Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti hem öz gezeginde Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň baştutanlygynda sebitiň merkezine öwrülmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň dünýä bilen birleşýän nokadyny döretmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Onuň türkmen Liderine, biziň döwletimize iri maksatnamalaryň we taslamalaryň, olary maliýeleşdirmegiň we amala aşyrmagyň çäklerinde mäkäm gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy üçin, Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan çäksiz hoşallygyny beýan etmegi guwandyryjydyr. Owgan Lideriniň Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesiniň kadaly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetendigini aýratyn nygtamagy bolsa, täze taryhy eýýamda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň hil taýdan ýokary derejä ýetendigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, «Açyk gapylar» hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen, umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar. Şu maksatlar bilen Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüş wezipelerini çözmäge ýardam edýän iri düzümleýin taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Elbetde, Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň dabaraly açylyp, ulanylmaga berilmegi hem ýurdumyzyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy. Bu waka milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bitarap döwletimiz nebitiň, gazyň ummasyz köp gorlaryna, elektrik energiýasyny ösdürmegiň giň mümkinçiliklerine eýe bolmak bilen, öz baýlyklaryny diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirýändigi baradaky hakykaty aýdyň şöhlelendirýär. Bu bolsa Türkmenistanyň ykdysadyýetini ýokary depginler bilen ösdürmekde we onuň dünýä ykdysadyýetiniň ulgamyna işeňňir girişmeginde örän ähmiýetli hem täsirli orny eýelemegine mümkinçilik berýär.

Aziýa sebiti boýunça goňşy ýurtlarymyz we beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, biz abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hem köptaraplaýyn esasda depginli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryny ýokary derejede saklamaga gönükdirilen işleri alyp barýarys. Sebitimizde energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça netijeli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda: «Täze ýylymyz il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris» diýip belleýşi ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylymyzyň her bir güni, aýy taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyz özüniň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine pugta eýerýär. Şundan ugur alyp, dünýäde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşýar. Ýer ýüzünde parahatçylygy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda ähli tagallalary edýär. Şu maksat bilen, möhüm ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen berkarar döwletimizde il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli amala aşyrylýan ajaýyp özgertmeleriň, milli Liderimiziň öňdengörüjilikli dünýä nusgalyk syýasatynyň Ýer ýüzünde goldanýandygyna hem-de ykrar edilýändigine tüýs ýürekden guwanýarsyň.

Bütin dünýäde ykrar edilen Lider hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýer ýüzündäki belent sylag-sarpasy, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan dünýä nusgalyk beýik işleri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bedew batly ösüşlerine düýpli itergi berip, bagtdan paýly, rysgal-bereketden serpaýly, çüwen ykbally türkmeniň mähir-muhabbete ýugrulan parahatçylyk söýüjilikli dostana ýörelgesini jümle-jahana ýaýýar. Şonuň üçin hem «Belent başyňyz aman, beýik başlangyçlaryňyz rowan, at-abraýyňyz mundan hem zyýat bolsun, eziz Arkadagymyz!» diýen dogaýy sözler dilleriň senasyna, köňülleriň owazyna öwrüldi.

Ýagmyr NURYÝEW,

«Diýar» žurnalynyň baş redaktory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18669

21.01.2021
Aşgabat ― şähergurluşygyň döwrebap nusgasy

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň täze desgalarynyň gurluşyklarynda işleriň barşy bilen tanyşdy

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek meselelerini hemişe berk gözegçilikde saklaýandygyny aýratyn bellemelidiris. Şoňa görä, 18-nji ýanwarda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilýän, gurluşygy «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy. Bu desgalary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Millilik we ýokary hil utgaşmalydyr

Hormatly Prezidentimiziň gelen ilkinji desgasy halkara forumlary geçirmek meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi boldy. Täze gurulýan binada ýokary derejede mejlisleri we duşuşyklary geçirmek, şeýle hem hormatly myhmanlary kabul etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutular.

Gurluşygy batly depginlerde dowam edýän Maslahatlar merkeziniň daşky keşbini gözden geçirip, milli Liderimiz desgada alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi hem-de Maslahatlar merkeziniň daşky, içerki gurluşynyň çyzgylaryny görkezdi. Taslamalar bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz gurluşykda ulanylýan timarlaýyş, gurluşyk serişdeleriniň häsiýetnamalaryna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýtdy. Şol serişdeler daşky keşbi, mäkämligi we dowamlylygy bilen tapawutlanmalydyr. Hormatly Prezidentimiz geçirilýän işleriň ýokary hilli bolmagyny, dünýäniň şähergurluşygynyň ölçeglerine we milli binagärligiň däplerine kybap gelmeginiň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Ata-babalarymyzyň myhmansöýerlik däpleri dowamat-dowam

Soňra milli Liderimiz gurluşygy dowam edýän kaşaň «Arkadag» myhmanhanasyna baryp gördi. Desgada işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz ähli ölçegler boýunça — gurluşygyň hilinden başlap, timarlaýyş işlerine çenli gurulýan toplumyň ýokary halkara ölçeglerine kybap gelmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz döwrebap binanyň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Binanyň içki we daşky bezelişi, myhmanhana otaglarynyň gurluşynyň işlenip taýýarlanylyşy aýratyn, milli öwüşgine eýe bolmalydyr. Munuň özi myhmanhananyň hyzmatlaryndan peýdalanjak daşary ýurtly myhmanlara türkmen halkynyň özboluşly däpleri bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döreder. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, myhmanhana toplumynda oňaýly ýaşamak we dynç almak üçin döredilýän şertler Gündogaryň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine doly kybap gelmelidir. Döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi, täze desganyň gurluşygynyň ýokary hil derejesine eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Köpetdagyň etegi: ajaýyp görnüş — şanly wakalar

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem Hökümet münberiniň gurluşygy bilen tanyşdy. Köpetdagyň eteginde gurulýan münberden günsaýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi açylýar. Hökümet münberi öz ölçegleri bilen uly täsir galdyrýar. Tutýan meýdany 20 müň inedördül metrden gowrak bolan desga Gündogaryň köşk ymarat gurluşygy usuly boýunça bina edilip, 2 müň orunlyk myhmanlar üçin münberi öz içine alýar. Münberiň öňünde meýdança gurlup, onda dabaraly ýörişler, giň gerimli çäreler, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli dabara geçiriler.

Gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer Hökümet münberinde alnyp barylýan gurluşyk — abadanlaşdyryş işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabaty diňläp, milli Liderimiz wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Hökümet münberinde Watan goragçylarynyň dabaraly ýörişini ýokary derejede guramak maksady bilen, bu ýerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz harby ýörişleri geçirmäge taýýarlyk görlende Hökümet münberiniň öňündäki meýdançadan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň guramaçylykly geçmegi üçin zerur bolan ähli şertleriň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer şu ýyl şanly senäni — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga görülýän taýýarlyk, hususan-da, degişli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz bu ýerde dabaraly ýörişler bilen bir hatarda, giň gerimli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak üçin ähli şertleri döretmegi göz öňünde tutmalydygyny belledi, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň netijelerini jemläp, milli Liderimiz täze gurulýan desgalaryň şäheriň şu bölegindäki ajaýyp binagärlik toplumyna sazlaşykly goşulyp, bu ýerde ozal gurlan desgalar hem-de gözel tebigat bilen utgaşmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

"Nesil".



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18676

21.01.2021
Ösüşleriň berk binýady

Ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilikde ylmy işleri giňden peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işler dowam edýär. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudaklaryň işini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, aýratyn-da önümçilikde ylmyň gazananlaryny we täze tehnologiýalary peýdalanmakda möhümdir.

Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak, işewürlige, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň sazlaşygyny üpjün etmek maksady bilen, 2025-nji ýyla çenli Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň milli Liderimiz tarapyndan tassyklanan Konsepsiýasy amala aşyrylýar.

Şu babatda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmek işinde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi maglumatly bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda ony okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny baýlaşdyrmaga, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga we usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli ylym ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek ugrunda kesgitlenen uly wezipeleri çözmek üçin alnyp barylýan işler binýady mäkäm tutulan Türkmenistan döwletimizi ýakyn geljekde kuwwatly ylmy mümkinçiligi bolan ýurda öwrer. Munuň özi häzirki we geljekki nesliň ýokary derejede ylymly-bilimli bolup, häzirki zamanyň ösen halkara akymlaryna mynasyp derejede sazlaşykly goşulmagyny üpjün edýär. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe işler barha rowaçlanýar. Bu bolsa biziň röwşen geljegimiziň has-da ösüşli boljakdygyny aýdyň görkezýär.

Ymamguly REJEPOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18534



20.01.2021
Hormatly Prezidentimiz «Expo 2020 Dubai» Bütindünýä sergi­sine çagyryldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Muhammed bin Raşid al Maktum Hormatly Prezidentimize hat iberdi. Ol öz hatynda milli Liderimizi Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek «Expo 2020 Dubai» Bütindünýä sergisine çagyrdy.

Bu hatda hususan-da şeýle diýilýär:

Sizi «Expo 2020 Dubai» Bütindünýä sergi­sine gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirlikle­rine çagyrmak we bu sergide Türkmenistanyň Milli güni hökmünde 2021-nji ýylyň 9-njy oktýabryny tassyklandygyňyz üçin hoşallyk bil­dirmek meniň üçin uly mertebedir.

Sebitimizde ilkinji gezek geçiriljek şunuň ýaly çäre bolan «Expo 2020 Dubai» Bütin­dünýä sergisine 200-den gowrak ýurtlar we halkara guramalar gatnaşjakdyklaryny tassykladylar. Şeýle hem ol COVID-19 pandemiyasyndan soň, dünýäni hyzmatdaşlyk ruhunda birleşdirjek hem-de ählumumy me­seleleriň umumy çözgütleriniň tapylmagyny tizleşdirip biljek ilkinji uly çäre bolar.

Türkmenistan şeýle iri möçberli forumyň çäklerinde milli medeniýetiniň baýlygyny we üstünliklerini görkezmäge ajaýyp mümkinçilige eýe bolýar. Munuň özi indiki on ýyllyk üçin durnukly ählumumy ösüşiň ýörelgelerini döretmekde hem biziň umumy tagallalarymyza itergi berer.

Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlykda halkyňyzyň özboluşly medeniýeti we mirasy barada baý mazmunly maksatnamanyň işlenilip taýýarlanylmagy hem-de biziň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Siziň sergä gatnaşmagyňyz uzak möhletleýin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem-de biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak işine hyzmat eder.

Sizin Alyhezretiniz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. 


https://www.atavatan-turkmenistan.com/ykdysadyyet/hormatly-prezidentimiz-expo-2020-dubai-butindunya-sergisine-cagyryldy/

19.01.2021
Durmuş ähmiýetli ykdysady ösüşler

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 13-nji ýanwarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda şanly baýramçylyga gabatlanyp, Ahal welaýatynda ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň barşy barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiziň sebitleýin syýasaty welaýatlar üçin deň ösüş şertlerini döredýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ilat üçin ýokary hilli durmuş derejesini üpjün etmegi nazarlaýan bu sebit syýasatynda ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda goýulýar. Sebitleriň ykdysadyýetiniň toplumlaýyn ösdürilmegi babatynda uzak möhletleýin taslamalar, täze özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ykdysady syýasatyň täze ugry ykdysady taýdan maksadalaýykdygy we uzak möhletleýin bähbitler nukdaýnazaryndan ähli ykdysady hem-de dolandyryş çözgütlerini kabul etmegi, ykdysady kuwwaty artdyrmak üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmegi göz öňünde tutýar. Ykdysadyýetiň netijeli hususy ulgamyny döretmek hem-de bäsdeşlik esasynda döwlet-hususy gatnaşyklary ösdürmek hem möhümdir. Senagatlaşdyrmaga tarap alnan ugur diňe ykdysady däl-de, eýsem, durmuş ähmiýetli bolup durýar. Häzirki döwürde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň esasy bölegini öz kärhanalarymyzda öndürmek meselesi baş wezipeleriň biri bolup durýar. Ykdysady ösüşi, doly we öndürijilikli iş üpjünçiligi we ähli adamlar üçin mynasyp iş orunlaryny döretmeklige ýardam etmek ugry Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleri bilen baglanyşykly bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen kabul edilen we amala aşyrylýan maksatnamalaryň we meýilnamalaryň çäklerinde gurulýan kärhanalaryň, desgalaryň, binalaryň ulanmaga berilmeginiň netijesinde, müňlerçe täze iş orunlary döredilýär. Ýeňil senagatda taýýar önümleriň, şol sanda getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň görnüşlerini giňeltmek we täzelemek boýunça işler hem yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Dokma senagatynyň önümçiliginiň depginli ösmegi, harytlaryň çykarylyşynyň artdyrylmagy ýeňil senagatyň eksport mümkinçiligini pugtalandyrýar.

Iş maslahatynyň barşynda şu ýyl ulanylmaga beriljek desgalaryň arasynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan hem-de Kaka etraplarynda ýokary halkara ülňüleri esasynda enjamlaşdyrylýan dokma toplumlarynyň bardygy habar berildi. Her biri 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen täze döwrebap senagat toplumlarynyň gurluşygyna 2018-nji ýylda badalga berlipdi. Bu pudagyň depginli ösüşi welaýatyň ilatyny, esasan-da, aýal-gyzlaryny iş bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Häzirki döwürde milli binagärlik äheňlerinde öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyk gelýän ähli amatlyklary bolan ajaýyp ýaşaýyş jaýlary, döwrebap önümçilik we medeni-durmuş maksatly täze-täze binalar we desgalar, awtomobil we demir ýollary, seýilgähler gurlup, ulanmaga berilýär. Ýurdumyzda durnukly ösüşiň ýene bir wajyp maksady bolan üpjünçilik ulgamlary pudaklaryny gurmak boýunça hem uly möçberli işler alnyp barylýar. Halkara ähmiýetli demir ýollarynyň, gara ýollaryň, deňiz portunyň, howa menzilleriniň gurulmagy, senagatda gaýtadan işleýän pudaklaryň ýokary depginler bilen ösdürilmegi, innowasiýa häsiýetli iri kärhanalaryň gurulmagy we ulanmaga berilmegi durmuş-ykdysady ösüşiň oňyn görkezijileridir.

Hormatly Prezidentimiziň özgertmeler maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan gurluşyk işleri halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyryp, olaryň asuda, abadan, eşretli durmuşda ýaşamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri we medeniýetli dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gurluşyk senagatyna ägirt uly serişdeleri goýbermek bilen, ýurdumyzyň geljegini gurýarys, onuň ösmegi üçin ygtybarly esasy döredýäris. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen tagallalary netijesinde iri taslamalary amala aşyrmak maksady bilen, durmuş-ykdysady ulgama goýberilýän uly möçberli maliýe serişdeleri özygtyýarly Watanymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilen maýa goýumlarydyr.

Nesip bolsa, halkymyzyň agzybirligi, jemgyýetiň jebisligi, bir maksada gulluk edip, milli Liderimiziň daşynda jemlenmegi bilen, biz öz beýik maksatlarymyza ýeteris. Bizi beýik ýeňişlere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri rowaç bolsun!

Bahar JEPBAROWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18335

18.01.2021
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky şu aşakdaky goýumlary halkymyza hödürleýär:

1. «Talap edilýänçä» goýumy — goýuma serişdeler nagt we nagt däl görnüşinde çäklendirilmedik möçberde möhletsiz kabul edilýär, göterim derejesi 1% ýyllyk.

2. «Gadamy beýik gahryman» goýumy — 3 aý, 6 aý, 9 aý, 12 aý göterimi ýyllyk 11%, üstüni dolduryp bolýan goýum. Bu goýum Beýik Watançylyk urşuna we owgan urşuna gatnaşan raýatlar üçin niýetlenen. Goýuma goýulan puluň iň pes möçberi 100 (bir ýüz) manat bolup, goýuma pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär.

3. «Gojalara hemaýat» goýumy — ýyllyk 9% göterimli 3 aý, 6 aý, 9 aý, 12 aý möhleti bilen pensiýadaky raýatlar üçin niýetlenilen. Goýuma goýulan puluň iň pes möçberi 200 (iki ýüz) manat bolup, goýuma pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär.

4. «Galkynan daýhan» goýumy — goýum 1 ýyllyk möhlete ýyllyk 10% göterimi bilen açylýar. Bu goýuma serişdeler nagt we nagt däl pul görnüşinde 20000 (ýigrimi müň) manatdan az bolmadyk möçberde kabul edilýär.

5. «Altyn asyryň altyn daýhany» goýumy — goýum 3 aý möhletli, ýyllyk 8% göterim, üsti doldurylmaýan. Goýum nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär.

6. «Möhletli» goýumy — goýuma ýyllyk 8% göterim bilen nagt görnüşinde 1 ýyl möhleti bilen serişdeler kabul edilýär. Goýuma goýulan puluň möçberi 200 (iki ýüz) manatdan az bolmaly däl we goýumyň aňrybaşy çägi ýokdur.

7. «Ruhubelent nesiller» goýumy — goýuma ata-eneleriň we garyndaşlyk gatnaşygyna garamazdan, islendik raýatlar tarapyndan islendik ýaşdan başlap 16 ýaşa çenli çagalaryň adyna ýyllyk 6% göterimi bilen nagt serişdeler kabul edilýär. Goýuma goýulan ilkinji puluň iň pes möçberi 100 (ýüz) manat bolmaly. Goýumyň üstüne goşmaça serişdeler kabul edilýär.

8. «Altyn asyra daýhan gadamy» goýumy — bu möhletli goýum bolup, oba hojalyk önüm öndürijiler üçin niýetlenen. Goýumyň möhleti 1 ýyl, göterim derejesi 8% ýyllyk. Goýum nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär.

9. «Pagtaçylara sowgat» goýumy — bir ýyl möhlete ýyllyk 10% göterim bilen nagt däl görnüşinde açylýar we goýumyň möçberi çäklendirilmeýär. Pul serişdesiniň 50% göterimine çenlisini möhletinden öň yzyna alyp we üstüni doldurup bolýar.

10. «Goýum bank karty» goýumy — goýuma ýyllyk 5% göterim bilen nagt görnüşinde üstüni dolup bolýan şertinde kabul edilýär. Goýumçynyň goýum karty açylandan soň, milli manatda çäklendirilmedik möçberde nagt görnüşinde serişdeler kabul edilýär. Goýumda pul serişdeleriniň duran döwründe goşmaça pul serişdelerini goýmak, üstüni doldurmaklyga rugsat berilýär.

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, «Goýum bank karty» bank kart önümini ulanmak arkaly ýurdumyzyň ähli ýerlerinde töleg terminallarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde geçirilen tölegleriň jemine 1% möçberinde pul sylagy «Cash back» berilýär.

11. «Rowaçlyk» goýumy — goýum ýyllyk 12% göterim bilen çaganyň adyna dünýä inen gününden başlap 18 ýaşyna çenli açylýar. Goýuma çäklendirilmedik möçberde pul serişdeleri nagt we bank kartynyň üsti bilen ýakyn garyndaşlaryndan nagt däl görnüşinde kabul edilýär. Çaganyň üç ýaşyna çenli goýuma goşmaça pul serişdelerini goýmaklyga we üstüni doldurmaklyga rugsat berilýär.

HORMATLY ILDEŞLER !

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky bilen hyzmatdaşlyk siziň üçin amatly hem-de bähbitli bolar!

Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilere jaň edip bilersiňiz: 38-02-23, 38-01-43, 38-02-28, 38-02-83.

Şeýle hem Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ähli şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz!



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18275

16.01.2021
Dünýä dynçlyk paýlaýan baýlyk

Biribaryň nazary düşen keremli türkmen topragy uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýedir. Garaşsyzlyk ýyllarynda nebitdir tebigy gazyň täze ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek, çig mallary gazyp almak, gaýtadan işlemek we sarp edijilere ugratmak meselelerinde düýpli ilerlemeler bolup geçdi. Bu işler häzirki wagtda hem depginli dowam edýär. Şeýle oňyn özgerişlikleriň gözbaşynda bolsa Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna deňleşdirmegi maksat edinýän hormatly Prezidentimiz durýar. Özi-de bahasyz baýlyklarymyz ýer ýüzünde parahatçylygy, dünýäde dynçlygy berkarar etmegiň hyzmatynda goýulýar.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine giňden daýanmak bilen, sebitde parahatçylygy pugtalandyrmaga, ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen dünýä nusgalyk syýasaty belent abraý bilen ýöredýär. Beýik maksatlara ýetmegiň hatyrasyna ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar täze derejelere çykarylýar. Şonda, ýokarda belleýşimiz ýaly, ýangyç-energetika pudagyndaky barha giňelýän hyzmatdaşlyklar ählumumy parahatçylygy berkarar etmäge uly ýardam berýär. Bu babatda Hytaý Halk Respublikasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Üstünlikli ýola goýlan söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çäginde Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi arkaly türkmen tebigy gazy alysdaky ýurda üznüksiz akdyrylýar. Bu ägirt uly gaz geçirijisi özüniň gözbaşyny welaýatymyzyň çäginden, has takygy, «Malaý» gaz käninden alýar.

Malaý ozallar diňe Çärjew etrabynyň dowardarlarynyň ulanyşyndaky çöl guýusy bolan bolsa, indi ol ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň iri, häzirkizaman desgalarynyň jemlenen sebitleriniň birine öwüldi. Şeýle desgalaryň hataryna ýakyn wagtda ýyllyk kuwwatlylygy 30 milliard kub metr tebigy gaza barabar bolan gaz gysyjy desga hem goşular. Bu bolsa «Malaý» we «Üçajy» gaz känlerinden gazylyp alynýan tebigy gazyň transmilli gaz geçirijisine akdyrylýan möçberlerini artdyrmaga giň mümkinçilikleri açar. Şeýle-de Malaý — Bagtyýarlyk ýokary basyşly gaz geçirijisinden akdyrylýan «mawy ýangyç» Amyderýanyň sag kenarynda — Köýtendagyň eteginde gurlup, ulanylmaga berlen kuwwatly önümçilik desgalaryna, ilatly ýerlere hem bökdençsiz berilýär.

Ýeri gelende, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýän elektroenergetika pudagynyň okgunly ösmeginiň binýadynda tebigy gazymyzyň durýandygyny bellemek ýerlikli bolar. Tebigy gaz ýurdumyzda hereket edýän döwlet elektrik stansiýalary üçin ýangyç bolup hyzmat edýär. Çärjew etrabynyň çäginde gurlan «Lebap» döwlet elektrik stansiýasy üçin zerur bolan ýangyjyň esasy bölegi hut «Malaý» gaz käninden alynýar. Bu desgada öndürilýän elektrik energiýasy bolsa welaýatymyza we goňşy Owganystan döwletine ýeňillikli şertlerde ugradylýar. Şeýle kömegiň möçberi geljekde ep-esli artar. Munuň üçin Kerkidäki elektrik bekedinden dostana döwlete täze geçiriji arkaly elektrik togy berlip başlanar. Munuň özi iki halkyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze derejelere göterilmegine, owgan topragynda parahatçylygyň berkemegine uly goldaw bolar. Goý, ýer ýüzüne dynçlyk paýlaýan, halklara abadançylyk we eşretli durmuşy bagyş edýän türkmen uglewodorod serişdeleri hemişe parahatçylyga hem-de ynanyşmaga hyzmat etsin!

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,

ýörite habarçymyz.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18068

14.01.2021