Mälim bolşy ýaly, 14-15-nji ýanwarda bolup geçen taryhy wakalar — Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijiniň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň hem-de Lebap welaýatynyň çägindäki «Malaý» käninde täze gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Şeýle taryhy wakalaryň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini wagyz etmek boýunça indi birnäçe gün bäri ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda geçirilip gelinýän maslahatlaryň jemleýjisi düýn Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde boldy.
Ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilen maslahata ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda, çykyşlarda ata Watanymyzyň täze taryhy döwürde ýeten belent sepgitleri buýsanç bilen wasp edildi.
Taryhyň ähli döwürlerinde-de türkmen topragynda parahatçylyga we asudalyga örän uly ähmiýet berlipdir. Ata-babalarymyz parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige, dost-doganlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýup, olary halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleri hökmünde nesillere miras galdyrypdyrlar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gadam basylan ilkinji günlerde ýurdumyz dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha pugtalandyrýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilen iri taslamalar munuň aýdyň subutnamalarydyr. Maslahatda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Harby gullukçylar mundan beýläk hem parahatçylygyň goragynda sarsmaz gala bolup durup, hormatly Belent Serkerdebaşymyza, ata Watanymyza, mähriban halkymyza ak ýürekden gulluk etjekdiklerini nygtadylar. Parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty bilen milletleri dostlaşdyrýan, ynanyşmaklygy kalplara guýýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan dünýä nusgalyk işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Kerim MYRADOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.