Meýilnama artygy bilen

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenleri özleriniň gazanýan zähmet üstünliklerini Arkadag Prezidentimiziň ulag we aragatnaşyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak babatdaky yzygiderli aladalarynyň ajaýyp miwesi hasaplaýarlar. Sebäbi pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde, hünärmenleriň iş ussatlyklaryny ýokarlandyrmakda döwlet derejesinde zerur bolan ähli tagallalar edilýär. Gahryman Prezidentimiziň aladalaryna mynasyp zähmet netijeleri bilen jogap bermegi baş maksat edinýän agentligiň hünärmenleri dürli halk hojalyk ýüklerini daşamakda geçen ýylyň iş meýilnamasyna 127,7 göterim hötde geldiler. Bu üstünlik 2 million 409 müň tonnadan gowrak ýükleriň bellenilen ýerlerine eltilmegi arkaly gazanyldy.

Şu günlerki joşgunly zähmet agentligiň ýetilen sepgidi has-da berkidip, naýbaşy baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesini mynasyp garşylajakdygyna şaýatlyk edýär.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19096