Nusgalyk dostlukly gatnaşyklar

Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen mähriban halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna dünýä we sebit parahatçylygynyň, dost-doganlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine täze itergi berýän nusgalyk işler bilen gadam basdy.

Iki goňşy, türkmen we owgan halklarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda täze ulanylmaga berlen, uzynlygy 30 kilometr bolan Akina — Andhoý demir ýoly, 153 kilometre deň bolan Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamy, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamy türkmen-owgan gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen başy başlanan halkara ähmiýetli bu iri desgalar diňe iki doganlyk halklaryň durmuş-ykdysady ösüşine itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, sebit döwletleri üçin hem halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitleýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitaraplyk syýasatymyzyň aýdyň ýörelgeleri dünýä döwletlerine uzaýan dost-doganlyk ýollarymyz arkaly tutuş adamzadyň ýagty geljegini nazarlaýar. Goňşy Owganystana dostluk goldawynyň nobatdaky nyşany hökmünde, ýeňillikli esasda iberilýän elektrik energiýasy dostlukly halkyň öý-ojaklaryny nurlandyryp, ýurduň ösüşine kuwwat berýär, nobatdaky demir ýol şahasy bolsa hyzmatdaşlygyň, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagyň aýdyň ugruny döredýär.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinde özara ynanyşmagyň we dost-doganlygyň mizemez nyşany bolan şeýle dünýä ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilmegi baky Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende göterýär.

Täze taryhy döwürde ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän netijeli işler milli we sebit ösüşine itergi berip, parahatçylyk söýüjilige, halklaryň bähbitlerine gönükdirilen ynsanperwer daşary syýasatymyzyň ýörelgeleri bilen utgaşýar. Halkara dostluk gatnaşyklaryny işjeň ösdürmek bilen, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraýyny barha belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun!

Parahat diýarymyzyň gujagynda, bagtyýar durmuşda uly baýram edilip bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli hormatly Belent Serkerdebaşymyzy, merdana Watan goragçylarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Watan goragçylarynyň güni watanperwerligiň, mertligiň we borja wepalylygyň, ata Watanyň gullugyna barlygyň bilen berilmegiň baýramydyr.

Akmuhammet SULTANOW,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18808