Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini hem-de aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny çalt kemala getirmek babatda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda durmuşa geçirilýän işler diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit we dünýä ösüşine kuwwatly itergi berdi.
Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda demir ýol ulaglary pudagynyň goşandy uludyr. Bu pudak güýçli depginler bilen ösdürilip, täze demir ýollary gurup, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça öňdebaryjy orny eýeläp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam berýär. «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, umumy peýdalanylýan demir ýol ulagy Türkmenistanyň ýeke-täk ulag ulgamynyň düzüm bölegi bolup durýar. Demir ýol ulagy ulagyň beýleki görnüşleri bilen özara baglanyşykda hereket etmek bilen, fiziki şahslaryň, ýuridik şahslaryň döwletiň demir ýol ulagynda gatnatmaga (daşamaga) bolan zerurlyklaryny öz wagtynda we oňat hilli üpjün etmäge, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösmegi üçin şertleriň döredilmegine ýardam etmäge niýetlenendir. Ýurdumyzda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan halkara ähmiýetli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmaklarynda Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralaryň bolandygyny bellemek juda buýsandyryjydyr. Bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy iki döwletiň we doganlyk halklaryň däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi.
Biz hem umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlara badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Şeýle hem hormatly Prezidentimizi, asudalygyň goragynda durýan ata Watanymyzyň polat galkanlary hasaplanylýan Milli goşunymyzyň ähli harby gullukçylaryny, işgärlerini Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Maýsa KURBANOWA,
Mary welaýatynyň prokurorynyňhukuk üpjünçiligi boýunçauly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.