23-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.
DÖWLET BÝUJETI YKDYSADY ÖSÜŞE ÝARDAM ETMELIDIR
Gahryman Arkadagymyz mejlise Halk Maslahatynyň 56 agzasyndan 54-siniň gatnaşýandygyny aýdyp, mejlisi açyk diýip yglan etdi. Mejlisiň gün tertibinde «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuna garaldy. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ony taýýarlamak boýunça ýeterlik işler geçirildimi? Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan teklip edilen bu resminama ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipelere laýyk gelýärmi, onda döwletimizi ösdürmek we adamlaryň abadançylygyny gowulandyrmak boýunça işleri doly we bökdençsiz maliýe taýdan üpjün etmegiň soraglary göz öňünde tutuldymy, bu işleri kämilleşdirmek boýunça ýene-de näme etmeli?
BAR BOLAN MÜMKINÇILIKLER DOLY ULANYLÝAR
Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasary, maliýe we ykdysadyýet ministri, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Aşgabat şäherinden we welaýatlardan agzalary çykyş edip, Döwlet býujetinde bar bolan serişdeleri we mümkinçilikleri has doly ulanmagyň esasynda milli ykdysadyýetiň yzygiderli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen zerur çäreleriň göz öňünde tutulandygyny bellediler. Nygtalyşy ýaly, Döwlet býujetinde durmuş ulgamyna gönükdirilýän serişdeleriň paýy 74,9 göterime deňdir. Şunuň bilen baglylykda, bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, durmuş üpjünçiligine, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna, umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryna, halk hojalygyna meýilleşdirilen pul serişdeleri barada giňişleýin habar aýdyldy.
YKDYSADY MEÝILNAMALAŞDYRMAGYŇ MÖHÜM GURALY
Bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Gahryman Arkadagymyz häzirki zaman şertlerinde ykdysadyýeti dogry we talabalaýyk dolandyrmagyň ählumumy derejede örän möhüm sorag bolup durýandygyny belledi. Döwlet býujeti ähli ýerde ykdysady meýilnamalaşdyrmagyň möhüm guraly hasaplanýar. Biziň Döwlet býujetimiz ýurduň maliýe serişdelerini emele getirmegiň usullaryny we görnüşlerini kesgitleýär. Şeýle hem bu serişdeleriň talabalaýyk we maksatlaýyn ulanylmagyny üpjün edýär. Şoňa görä-de, hormatly Arkadagymyz Döwlet býujeti işlenip taýýarlananda, ýurduň ykdysady ösüşiniň geljegi, daşary ýurt pul gorlary, milli puluň hümmeti, maýa goýum syýasaty, maliýe bazarynyň ýagdaýy ýaly soraglaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.
BAŞ MALIÝE MEÝILNAMASY DÜÝPLI SELJERILMELIDIR
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy: «2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti bu resminamalarda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýärmi?» diýen sowal bilen ýüzlendi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyny seljerip görmegi teklip etdi. Döwlet býujetiniň kadaly işlemegi üçin, ilkinji nobatda, onuň girdeji bölegini üpjün etmek möhümdir. Elbetde, onuň girdeji bölegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bellenen fiziki we ýuridik şahslardan alynýan salgytlardan we ýygymlardan, şeýle hem hökmany töleglerden we çeşmelerden emele gelýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde serişdeleriň býujete gelip gowuşmagyna edilýän gözegçiligiň kanagatlanarsyz ýagdaýdadygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, muňa islendik ulgamdan mysal getirip bolar. Ine, ýönekeý bir mysal: ilatyň agyz suwundan, elektrik energiýasyndan, tebigy gazdan peýdalanyşyna, edilýän hyzmatlaryň tölegine gözegçilik etmek wezipesi öňde goýuldy. Bu işe başlandy, ýöne ol ahyryna çenli ýerine ýetirilmedi we köp ýerlerde şeýle ýagdaý häzire çenli hem dowam edýär. Agyz suwunyň, elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň sarp edilişini hasaplaýan enjamlaryň oturdylmadyk ýerleri bar. Şeýle ýagdaý bilen hiç wagt ylalaşyp bolmajakdygyny aýdyp, hormatly Arkadagymyz bu ugurlarda tertip-düzgüniň ýola goýuljakdygyny berk duýdurdy.
SERIŞDELER MAKSATLAÝYN WE TYGŞYTLY ULANYLMALYDYR
Mundan başga-da, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň dürli ugurlar boýunça býujet serişdeleriniň bölünmegini, bu serişdeleriň maksatlaýyn we tygşytly ulanylmagyny üpjün etmelidigi hem-de häzirki döwürde bu talabyň ýeterlik derejede ýerine ýetirilmeýändigi bellenildi. Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň çykdajy bölegi barada hem aýdyp, şunuň bilen baglylykda, «Zähmet haklaryny we beýleki kömek pullaryny 10 göterim ýokarlandyrmak ýeterlikmi, bu halkymyzyň talabalaýyk ýaşamagy üçin ýetýärmi?» diýen sowallaryň ýüze çykýandygyny nygtady.
DÜÝPLI MAÝA GOÝUMLARYŇ MÖÇBERI ARTDYRYLÝAR
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» 2023-nji ýylda ortaça aýlyk zähmet hakyny 2506,3 manada çenli ýokarlandyrmagyň göz öňünde tutulandygy, ilkinji nobatda, hut şundan ugur almalydygy nygtaldy. Ýurdumyzda düýpli maýa goýumlarynyň möçberleri her ýyl artdyrylýar. Ýokarda agzalan Maksatnama laýyklykda, 2023-nji ýylda 1 milliard 354,59 million manat möçberde düýpli maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutuldy. Elbetde, bu serişdeler 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende has artykdyr. Şunuň bilen bir hatarda, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberleri hem artdyrylýar. Düýpli maýa goýumlaryň kesgitli möçberi önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygyna gönükdirilmelidir.
ESASY MAKSAT — ÝAŞLARY GOLDAMAK
Hormatly Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, ýaşlar biziň geljegimizdir! Geljekde eziz Watanymyzyň ösüşi, gazanjak üstünlikleri we bütin dünýäde halkara abraýy ýaşlara baglydyr. Şoňa görä-de, 2023-nji ýylda 5 hassahana, 11 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 8 sany umumybilim berýän edara, 1 sany ýokary okuw mekdebi we 1 teatr gurlar. Ýöne, gynansak-da, bu işleriň azdygyny nygtap, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy: «Şol işleri amala aşyrmak üçin ýeterlik serişde bölünip berildimi?!» diýen sowal bilen bu ýere ýygnananlara ýüzlendi. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, eger býujetiň girdeji bölegi ýerine ýetirilmese, bu desgalaryň gurluşygy bilen bagly soraglaryň ýüze çykjakdygy düşnükli dälmi?! Şeýle hem hormatly Arkadagymyz Ylymlar akademiýasynyň işi seljerilende, ylym ulgamyny ösdürmäge gönükdirilýän köp möçberdäki býujet serişdelerinden garaşylýan netijeleriň görünmeýändigini aýdyp, bizde ýokary bilimli, ukyply ýaşlaryň bardygyny hem-de köpdügini nygtady. Bellenilişi ýaly, esasy maksat olary goldamak we degişli ugra gönükdirmek bolup durýar. Ylymlar akademiýasynyň esasy wezipesi hut şu bolmalydyr.
ULY NETIJELERI GAZANMAK ÜÇIN
Soňra Gahryman Arkadagymyz oba hojalygyny, aýratyn hem, ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, işiň bu görnüşleriniň Döwlet býujetindäki orny bilen bagly soraglar barada durup geçdi, geçen mejlisde bu işleriň 2022-nji ýylda pes derejä düşendigi we bu ugurda bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegiň zerurdygy barada jikme-jik aýdandygyny belledi. Oba hojalyk işleriniň häzirki ýagdaýynyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetine täsir etjekdigini aýdyp bolar. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, 2023-nji ýylda uly netijeleri gazanmak üçin maýa goýumlaryny, esasan, diwersifikasiýanyň, innowasion esasda önümçilikleri döretmegiň hasabyna ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirmek maksadalaýyk bolar.
HUSUSY PUDAK — ÖSÜŞIŇ MÖHÜM UGRY
Çykyşyň dowamynda telekeçiligi we hususy pudagy ösdürmegiň milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Şoňa garamazdan, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, Döwlet býujetinde telekeçileri goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak üçin serişdeler ýeterlik mukdarda göz öňünde tutulmandyr. Şunuň bilen baglylykda, täze önümçilikleri we iş orunlaryny döretmegi dowam etmegiň zerurdygyna üns çekildi. Ahyrky netijede bolsa, bu işleriň ählisi býujetde jemlenýän girdejileriň möçberleriniň artdyrylmagyna getirmelidir.
ÝAŞAÝYŞ JAÝ ÜPJÜNÇILIGI — BAŞ WEZIPELERIŇ BIRI
Mähriban halkymyzy ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek esasy wezipeleriň biridir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, 2023-nji ýylda 2687 sany täze iş ornuny döretmek, döwlet serişdeleriniň hasabyna 14,44 müň inedördül metr we hususy pudagyň hasabyna 436,38 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýyny gurmak göz öňünde tutulýar. Şonuň netijesinde her bir adama ýaşaýyş meýdanyny 23,4 inedördül metre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.
70 GÖTERIMDEN ÝOKARY GEÇMELIDIR
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, geçen ýyllardaky ýaly, Döwlet býujetinden durmuş ulgamyna gönükdirilýän serişdeleriň möçberi onuň 70 göteriminden ýokary geçmelidir. Şu aýdylanlar 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyna bildirilýän esasy talaplardyr. Şoňa görä-de, hormatly Arkadagymyz ähli ugurlar boýunça edilen bellikleri göz öňünde tutup, ýene-de bir gezek anyk we takyk hasaplamalary geçirip, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň taslamasynyň üstünde işlemek üçin Milli Geňeşiň Mejlisine gaýtarmagy, şondan soňra ony Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna gaýtadan seretmäge bermegi teklip etdi.
YHLASLY, NETIJELI WE DÖREDIJILIKLI IŞLEMELIDIRIS
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýdyşy ýaly, bellenen maksatlary durmuşa geçirmek üçin biziň her birimiz öz ýerimizde ak ýürekli, yhlasly, netijeli we döredijilikli işlemelidiris. Şoňa görä-de, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edip, Gahryman Arkadagymyz: «Goý, onuň alyp barýan beýik we taryhy işleri hemişe üstünliklere beslensin!» diýen sözler bilen çykyşyny tamamlady. Şunuň bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýapyk diýlip yglan edildi.
"Nesil".