Obalarda döwrüň kaşaň keşbi bar

Gojaman Amyderýanyň kenaryny etekläp oturan gadymy obalarymyzyň hersi özüniň özboluşly aýratynlygy bilen meşhurdyr. Olaryň käbiri beýik şahsyýetleri bilen tanalsa, ýene-de biri tebigy ýadygärlikleri, beýleki biri bolsa baý taryhy bilen bellidir. Ýöne islendik obanyň hem, ilkinji nobatda, öz zähmet adamlary bilen adygýandygyny-da aýtmak gerek. Çärjew etrabynyň Kölaryk geňeşliginiň obalary-da ynsan zähmetiniň netijesinde gözel görke gelýär. Geňeşligiň döwrüň belent ruhuna beslenen obalarynyň hersiniň soňky ýyllarda özgeren durmuşy barada aýratyn söhbet edere-de näçe diýseň gürrüň bar. Obalaryň tekiz we giň köçelerinden ýöräp barşyňa oba durmuşynyň gözellikleri ünsüňi özüne çekýär. Hojalyklaryň her biriniň döwletlilikden, rysgal-bereketden, agzybirlikden, bagtdan paýlydyklaryny aňmak kyn däl.  

                                                                   

Oba durmuşynyň göze gelüwliligi, abadançylygy bilen gyzyklanyp, biz Geňeşligiň arçyny Jora Bazarow bilen gürrüňdeş bolduk. Ol:  

                                                                   

― Men obalarymyzyň bagtyýarlygyny, ilki bilen, ilatymyzyň işjanlylygynda görýärin. Ildeşlerimiziň hersi bir işiň başynda. Kimsi öz rysgyny ene toprakdan gazanýar, kimsi senagat kärhanasynda, bilim-terbiýeçilik edarasynda ýa-da medeniýet ojagynda netijeli zähmeti bilen nusgalyk görelde görkezýär. Bir zada aýratyn ünsüňizi çekesim gelýär. Häzirki wagtda obalarymyzda jemi hojalyklaryň 2429-sy bolup, şolaryň 2 müňden gowragy ýyladyşhana şertlerinde önüm öndürmek bilen meşgullanýar. Ynha, «Herekete ― bereket» diýleni. Yhlas edip, ene ýere hyzmat edene sahy toprak hem öz berekedini bolluk bilen eçilip dur. Ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki söwda nokatlaryna gök-bakja ekinlerimiziň onlarça tonnasy tapgyrma-tapgyr ugradylýar. Önümlerimiziň goňşy ýurtlaryň halklarynyň hem saçaklaryny bezeýändigi biziň buýsanjymyza buýsanç goşýar. Oba ýaşlarynyň köpüsiniň döwrebap ýyladyşhanalarda işlemäge höwesekdikleri bizi has-da begendirýär. Hojalyk agzalarynyň biri-birinden öwrenip, tejribe alyşmaklary, agzybirligi netijesinde oba ilatynyň durmuşy ýyl-ýyldan gowulanýar. Bu bolsa maşgalalaryň diňe bir maddy hal-ýagdaýyny berkitmän, eýsem, döwletimiziň azyk bolçulygyna hem şahsy goşandymyzdyr — diýip, ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy.  

                                                                   

Döwrebap, sazlaşykly ýaşaýşy geňeşligiň Kölaryk, Könegulançy, Joraýew, Asudalyk, Balykçy, Araplar, Uçbaş, Esgi, Ýalkym ýaly obalarynyň hersiniň mysalynda hem görmek bolýar. Bu oba ilaty üçin döwlet derejesinde edilýän giň möçberli aladalara jogap edilip, oba durmuşynyň döwrebap keşbini emele getirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän ilatyň yhlasynyň ýerine düşýändigidir. Obalaryň hemmesinde ýollary abatlamak, yşyklandyrmak, daş düşemek işleri-de doly durmuşa geçirilen. Zähmetden taplanýan oba ilatynyň döwrebap durmuşyň hözirini görüp ýaşaýandyklaryny, işleýändiklerini, önüm öndürýändiklerini ýakyndan synlap buýsanmazlyk mümkin däl. Olar indi şahsy hojalyklaryndaky ýyladyşhanalarynda önümçiligiň öňdebaryjy iş usullaryny guramak bilen dürli şitillerden, gök otlardan başlap, aýratyn howa şertlerini talap edýän banandyr papaýýa, apelsin agaçlaryny ösdürmekligi we olardan bol hasyl almaklygy hem başarýarlar. Idegi ýetirilen hyýardyr pomidorlaryň, bolgar burçlarynyň, limondyr bakja ekinleriniň hyrydarlarynyň ýetik bolmagy önümleriň ýokary hilinden we datly tagamyndan habar berýär. Her möwsümde pomidoryň saýlama görnüşleriniň Russiýa, Gazagystana, Gyrgyzystana eksportunyň yzygiderli artmagy-da işine ökde ekerançy daýhanlaryň islegli önümleri ýetişdirmekde ýeterlik tejribe toplandyklaryny görkezýär. Olar indi ýurdumyzyň beýleki sebitlerine gidip, otag güllerini, palma we beýleki bezeg agaçlaryny, miweli baglaryň nahallaryny ekip bermek hyzmatyny hem ýerine ýetirýärler.  

                                                                   

Geňeşligiň çägindäki ähli zerur işleriň sazlaşykly alnyp barylmagynda Geňeş agzalarynyň hem aýratyn hyzmatynyň bardygy görnüp dur. Olar obalarda bagtyýar ýaşaýşyň birsydyrgyn dowam etmegini gazanmak, maşgalalarda abadançylygy we agzybirligi saklamak maksady bilen ilat arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli geçirýärler. Toýdur märekelerde däp-dessurlaryň dogry berjaý edilişi oba kethudalarynyň aýratyn gözegçiliginde. Geňeş agzalarynyň aýdyşlary ýaly, hojalyk hajatlary üçin ýoluň gyrasyna düşürilýän çägedir kerpiji, otdur samany bir günüň dowamynda aýyrmagy, köçä has ýakyn alnyp barylýan gurluşyklarda bolsa daşyna haýat çekdirmegi eýýäm oba ilatyna ýatlatmak zerurlygy ýok. Şu günler ýaplary gazmak we olary zir-zibillerden arassalamak, ýagyşdyr gar suwlaryny zeý kanallara akdyrmagy ýola goýmak maksady bilen hojalyk agzalaryndan düzülen toparlar meýletin esasda işleriň ýene bir ujundan girişdiler. Bu işlerde etrabyň jemagat hojalygy edaralarynyň tehnikalarynyň hyzmatyndan hem ýerlikli peýdalanylýar.  

                                                                   

― Pederlerimiziň «Oba abat ― il abat» diýen pähimine eýerip, durmuşy gözelleşdirmegi, abadanlaşdyrmagy biz özümizden başlaýarys. Obalarymyzda saglyk öýleriniň 9-sy, orta mekdepleriň 4-si, alyjylar jemgyýetleriniň dükanlarynyň 6-sy, 1 sany çagalar bagy hereket edip, olaryň hersinde-de şu günüň talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş-durmuş şertleri üpjün edilen. Olaryň hyzmatlaryndan ýaşaýjylarymyz giňden peýdalanýarlar. Obalaryň çäklerinde arassaçylyk işlerini ünsden düşürmeýäris. Ýaşlaryň maşgala abadançylygyny goramakda, ýaramaz endikleriň jemgyýetimize ýanaşmagyny aradan aýyrmakda mährem enelerimizdir kethudalarymyzyň aýratyn hyzmaty bar — diýip, geňeşligiň kätibi Ýunus Ereşow hem arçynyň sözüniň üstüni ýetirdi.  

                                                                   

― Gün-günden görke gelýän owadan durmuşymyz obalarymyzyň şäher derejesinde ösýändigini görkezýär. Ýylyň-ýylyna bagtyýar maşgalalaryň-da sanynyň artmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu ugurda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde geňeşligimizde mellek ýerlerini bölüp bermek işleri-de utgaşykly alnyp barylýar. Diňe soňky 3-4 ýylyň içinde etrabymyzyň Talhanbazar geňeşliginiň çäginde döredilen mellek ýer gorundan ýaş maşgalalaryň 460-sy mellek ýerli boldular. Nesip bolsa, ol ýerlerde hem ýene-de sanlyja ýyllardan bagtly durmuşyň möwç alyp ugrajakdygyna biz pugta ynanýarys. Çünki Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryny ýörelge edinýän ildeşlerimiz özleri üçin edilýän bimöçber aladalara zähmet üstünlikleri bilen jogap berýärler — diýip, arçyn Jora Bazarow sözüni jemledi.  

                                                                                                           

Merjen KADYROWA