Elektron söwda — ösen döwrüň talaby

Öňdebaryjy tehnologiýalaryň günsaýyn kämilleşýän döwründe ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Ilata edilýän hyzmatlaryň tölegleri sanlylaşdyrylyp, sanly marketing, sanly täjirçilik, sanly aragatnaşyk ýaly möhüm ähmiýetlii işler durmuşa geçirilýär. Sanly ulgamyň amatly mümkinçilikleriniň hatarynda elektron söwda hyzmaty halkymyz üçin örän bähbitli hem elýeterlidir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», şeýle-de Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda internet söwda dükanlary döredilip, onlaýn söwda hyzmatlary giň gerimde ýola goýuldy. 

                                                                   

Elektron söwda ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny öz içine almak bilen, örän ýokary depginlerde ösdürilýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky internet dükanlarynyň üsti bilen dürli azyk önümlerini, hojalyk harytlaryny satyn alyp bolýar. Döwrebap söwda hyzmatyndan peýdalanýan müşderiler öýde oturan ýerlerinden, internet arkaly haýsy dükanda nähili önümleriň hödürlenýändigi, olaryň görnüşleri we bahalary bilen tanşyp, sargyt edip bilýärler. Şäheriçi eltip bermek hyzmatlarynyň mugt amala aşyrylmagy elektron dükanlaryň müşderileriniň artmagyna getirýär. Bu hyzmatlaryň ýola goýulmagynyň, esasan hem, öý bikeleri üçin amatlydygyny bellemeli. Öý bikesi, zerurlyk ýüze çykanda, gerek önümini öýde, işden elini sowatmazdan satyn alyp bilýär we gymmatly wagtyny tygşytlaýar. 

                                                                   

Ilatyň gündelik sarp edýän azyk we hojalyk harytlaryny sanly ulgamyň üsti bilen üpjün etmekde ýurdumyzyň hususyýetçileri aýratyn işjeňlik görkezýärler. Onlaýn arkaly azyk önümlerine edilýän sargytlar gysga wagtda ýerine ýetirilip, azyk önümleri ter we täze görnüşde müşderilere gowşurylýar. Olar üçin hasaplaşyklar nagt we nagt däl görnüşde, şeýle-de onlaýn arkaly kabul edilýär. 

                                                                   

Bu döwrebap hyzmatlar paýtagtymyzda uzak ýyllardan bäri hereket edýän «Halk market» dükanlaryna hem giňden ornaşdyrylandyr. Ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply azyk önümlerini we hojalyk harytlaryny müşderilere hödürleýän dükanlar mydama köp adamly. Onuň daşyndan onlaýn arkaly sargyt edýän müşderileriň-de sany gün-günden artýar. Şonuň ýaly-da, alyjylary höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyklarda, şanly senelerde harytlaryň bahalarynyň arzanladylmagy, dürli aksiýalaryň geçirilmegi müşderilerde ýokary isleg döredýär. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulandyrylmagy ugrunda tagalla edýän Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz bimöçberdir. 

                                                                                                           

Kerim SERDAROW,

                       

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.