Döwrebap suw desgasy

Ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa abadançylygyny berjaý etmek hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde başy başlanan we döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen dowam etdirilýän bu syýasatyň durmuşa geçirilmeginde lagym suwlaryny arassalaýjy desgalaryň işe girizilmegi hem-de täzeleriniň gurluşygyna badalga berilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Ekologiýa howpsuzlygynyň talaplary nazarda tutulyp gurulýan lagym suwlaryny arassalaýjy desgalar tebigatyň hapalanmagynyň öňüni almakda hem-de suwy tygşytly ulanmakda juda derwaýys taslama bolup durýar. Lagym suwlary zerur bolan goşundylaryň goşulmagy netijesinde arassalanyp, gaýtadan ulanmaga ýaramly ýagdaýa getirilýär. Şeýle desgalaryň biri-de, ýakynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Arçman geňeşliginde gurlup ulanmaga berildi. Onuň işe girizilmegi geňeşligiň hem-de onuň töweregindäki ýerleriň galyndy suwuny arassalap, tebigata gaýtaryp bermekde, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almakda, şeýle-de ekinleriň dürli görnüşlerini suw bilen üpjün etmekde diýseň ähmiýetlidir.  

                                                                   

Täze açylan desganyň bir gije-gündiziň dowamynda şeýle suwuň 20 müň kub metrini arassalap, ulanmaga ýaramly ýagdaýa getirýändigini nygtamak zerur. Onuň düzümine girýän edara, hlor öndürme, filtrleri dolandyryş, palçygyň suwuny aýryjy, suw arassalaýjy, barlaghana, kompressor, transformator, arassalanan suw binalary, hlor bilen garyşdyrma rezerwuary, ýuwuş suwunyň nasos bekedi, ussahana, ammar ýaly desgalar bu taslamanyň talabalaýyk işlemegi hem-de tebigata gaýtarylyp berilýän lagym suwunyň ulanyş ýaramlylygynyň ýokary bolmagy üçin ähli tagallalaryň edilendigini görkezýär. Onuň gurluşygynyň ýokary derejede alnyp barlandygyny we ähli şertleriň göz öňünde tutulandygy hem aýratyn bellärliklidir. 

                                                                   

Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan «Mukaddes toprak» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan bu desga Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Türkiýäniň, Daniýanyň Şwesiýanyň, Polşanyň ýokary tehnologiýalary bilen doly üpjün edilen. Bu täze desga «Arçman» şypahanasyndan, Arçman we Keletdag obalaryndan akyp gelýän lagym suwuny ýygnap, arassalap, ony oba hojalyk maksatlary üçin peýdalanmaga mümkinçilik berer.  

                                                                   

Ýurdumyzda suw hojalygyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolan oba hojalyk önümleriniň käbir görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde az duzlaşan zeýkeş suwlaryny gaýtadan peýdalanmak maksady bilen lagym suwlaryny arassalamagyň tehnologiýasynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi Diýarymyzda ykdysadyýetiň ösmegi, täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, ilat sanynyň we halk hojalygynyň suwa bolan isleginiň artmagyna getirýär. Şeýle döwrebap desgalary gurduryp, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş şertlerine uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň döwletli işleri rowaçlyklara beslensin! 

                                                                                                           

Orazmyrat TOÝLYÝEW,

                       

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.