Habarlar
«Mawy ýangyjyň» mekanynda

Ýurdumyzyň iri senagat kärhanalarynyň biri bolan «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işçi-hünärmenleriniň her biri geçen ýylda tebigy gaz, gaz kondensatyny çykarmakda guwandyryjy görkezijilere eýe boldular. Müdirligiň gaz çykaryjylary geçen ýyl gaz we gaz kondensatyny çykarmak boýunça tabşyrygy artygy bilen ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Olar şanly ýylda ýerasty guýularyň abatlaýyş işlerine hem aýratyn ähmiýet berdiler. Bu bolsa, guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga ýardam etdi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda guýularyň 30-synda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Tebigy gazyň täze gorlarynyň işe girizilmegini ýola goýmak arkaly «Zäkli derweze», «Çemmerli» gaz ýataklarynda iki guýyny, «Toparjulba» gaz käninde üç guýyny önümçilige goýbermek meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda ýylyň ilkinji günlerinden başlap müdirligiň gazçylary ýokary ruhubelentlik bilen zähmet çekmek arkaly, özleriniň iş depginlerini has-da ýokarlandyrýarlar. Gazçylaryň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda alnyp barylýan meýilnamalaýyn çäreler bolsa, olaryň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär.

Biz müdirligiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Ybraýym Ilamanow bilen müdirligiň 1-nji sehiniň 2-nji gaz çykaryjy we arassalaýjy desgasynda duşuşanymyzda ol bu ýerde işleriň alnyp barlyşy, işçi-hünärmenler üçin döredilen şertler barada gürrüň berdi. Onuň aýdyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz zähmet adamlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin uly tagallalary edýär. Şoňa görä-de, müdirlikde işçi-hünärmenleriň boş wagtlarynda medeniýetli dynç almaklary, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri babatynda ähli şertler üpjün edilýär. Olaryň arasynda dürli sport bäsleşikleri guralýar, şanly seneler mynasybetli dabaralar geçirilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan belleniljek ýylyny ýokary görkezijilere beslemegi maksat edinýän «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň işçi-hünärmenleri iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna saldamly goşant goşýarlar.

Akmyrat MÜRZÄÝEW,

öz habarçymyz. SURATDA: müdirligiň 1-nji sehiniň 2-nji gaz gysyjy we arassalaýjy desgasynyň çalşyk başlygy (sagdan) Maksat Orazdurdyýew hem-de ussa Ýolaman Hanow iş wagtynda. Surata düşüren awtor.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18959

25.01.2021
Belent maksatlary nazarlap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň sany barha artýar. Munuň şeýledigine şu günler göni wideoaragatnaşyk arkaly yzygiderli geçirilýän dürli derejedäki duşuşyklar, forumlar we beýleki çäreler hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Şu hepdäniň çarşenbe güni BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri bilen nobatdaky onlaýn duşuşygy geçirildi. Onuň çäklerinde «Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistika we maglumat-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak» atly täze bilelikdäki taslamany işe girizmek boýunça guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňýanynda Statistika baradaky döwlet komitetiniň hem-de BMG-niň agentlikleriniň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda bu taslama gol çekilendigini bellemek gerek.

Duşuşykda nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli daşary syýasy ugruna laýyklykda, soňky ýyllarda halkara guramalary bilen ýola goýlan ýakyn we netijeli hyzmatdaşlyk milli statistika ulgamyny ösdürmekde hem möhüm orun eýeleýär. Halkara ölçeglerine laýyklykda, statistika usulyýetini has-da kämilleşdirmek Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işiniň esasy wezipesi bolup durýar. Bu bolsa seljermeleri deňeşdirmek üçin möhüm şertdir.

Şol gün Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşyk geçirildi, ol bu gaznanyň işgärler toparynyň Türkmenistana amala aşyrýan wirtual saparynyň çäklerinde guraldy. Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň, şeýle hem jemi içerki önümiň ösüş depginine oňyn täsirini ýetiren milli ykdysadyýetimiziň käbir pudaklarynyň makroykdysady ösüşi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dünýäniň ähli ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ösüşini üýtgeden koronawirus pandemiýasynyň (COVID-19) ýaramaz täsirine garamazdan, Türkmenistanyň halk hojalyk toplumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz wagtynda kabul eden çözgütleri, öňüni alyş çäreleri netijesinde ozalky ýagdaýynda işleýär, bu bolsa beýleki döwletlere garanda jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginini saklamaga mümkinçilik berýär.

Munuň şeýle bolmagyna köp babatda soňky ýyllarda işe girizilen iri, orta we kiçi kärhanalar ýardam edýär, olarda içerki sarp ediş üçin niýetlenen, daşary ýurtlara iberilýän dürli önümler öndürilýär.


«Aşgabat».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18866

23.01.2021
Hazar deňziniň baýlygy halklaryň bähbidine

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň uly dabaralara beslenjek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde bolup geçýän taryhy wakalar ýatdan çykmajak täsirleri bilen kalbymyzda baky orun alýar. Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalar umumadamzat bähbitlerini nazarlaýar. Özara bähbitli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giň gerimde ösdürýän Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde milli Liderimiziň juda öňdengörüjilik bilen öňe sürýän başlangyçlary hyzmatdaş ýurtlaryň, şeýle hem tutuş sebitiň ykdysady taýdan durnukly ösüşe eýe bolmagyna ýardam edýär.

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy hem hormatly Prezidentimiziň dostluga hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan ynsanperwer syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezdi. Indi Hazardaky iri «Dostluk» ýatagynyň ýangyç çig mal serişdelerini özleşdirmek işleri azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylar. Munuň özi Hazar deňziniň sebitde durnukly ösüşi, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde, goňşy ýurtlaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda dost-doganlyk deňzi bolup durýandygynyň güwäsidir.

Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde iň baý döwletleriň biri bolmak bilen, özüniň tebigy baýlyklaryndan sebitiň we tutuş dünýäniň halklarynyň bähbidine peýdalanmaga çalyşýar. Hazaryň energiýa serişdelerini özleşdirmek, şeýle hem deňziň gurşawyny goramak boýunça bilelikdäki hereketler üçin täze mümkinçilikleri açýan möhüm resminama gol çekilmegi, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen we azerbaýjan halklarynyň we biziň döwletlerimiziň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrar.

Parça HYDYROWA,

Türkmenbaşy etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18917

23.01.2021
Belent sepgitleri nazarlap

Bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna has-da berk jebisleşip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny garşy aldy. Däp boýunça ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.

2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem ýurdumyzyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýyllaryň biri bolar. Çünki bu ýylda eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň yglan edilenine 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene hem şu ýylda uly toý-dabaralara beslenip, giňden bellenip geçiler. Arkadagly ýurdumyzda ýyllarymyz biri-birinden zyýada bolup gelýär. Her ýyl beýik ösüşlere beslenip, raýatlaryň kalbyna egsilmejek şatlyk bagyşlaýar.

Halkymyz hormatly Prezidentimiziň saýasynda ösüşlerden-ösüşlere sary ynamly öňe barýar. Mähriban Arkadagymyz halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen yzygiderli tagallalar edýär.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýylda, 2021-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň taslamasyny seljerende, döwlet býujetiniň çykdajylar böleginiň 70 göterimden gowragynyň durmuş ulgamyna gönükdirilmelidigini nygtady.

Täze ýyl Gutlagynda bolsa, mähriban Arkadagymyz: «Raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, biz täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň hem-de döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýene-de 10 göterim ýokarlandyrýarys» diýip belledi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamlar hakynda edýän bimöçber aladalarynyň ýene-de bir mertebe aýdyň beýany bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşini has-da öňe ilerletmek üçin iňňän oýlanyşykly döwlet syýasatyny alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, ýurdumyzy ähli babatda ösdürmek barada alyp barýan işleri maksatnamalaýyn häsiýete eýe bolar.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ykdysadyýetiň köp ugurly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze 2021-nji ýylda hem üstünlikli dowam etdiriler.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» düzgünleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürligi we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzda ykdysady ösüşi alamatlandyrýan esasy makroykdysady görkezijileriniň derejesi durnukly saklanylýar, pul-karz syýasaty kämilleşdirilýär, önümçilik hem-de eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän pudaklara yzygiderli goldaw berilýär. Halkara maliýe edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär, bank ulgamyna döwrebap we innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly iri halkara maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, bank ulgamy tarapyndan ýeňillikli karzlar we daşary ýurt maliýeleşdiriş çeşmeleriň birnäçe görnüşleri bilen ýurdumyzyň hususy ulgamynyň gatnaşyjylary üpjün edilýär. Her bir güni ösüşlere beslenýän Watanymyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmekde bimöçber alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Parahat MERETLIÝEW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18854

23.01.2021
Sanly hyzmatlaryň kämil görnüşleri

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ykdysady pudaklar bilen bir hatarda bank ulgamyny sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak möhüm wezipeleriň biri hasaplanylýar. Şoňa görä-de döwletimizde bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, ylmyň soňky gazanan innowasion tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly hyzmatlaryň täze görnüşleri döredilip, pul-karz bazarynyň gerimi giňeldilýär, ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, elýeterliligi üpjün edilýär.

Bank ulgamy milli ykdysadyýeti maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Bu ulgamyň sanlylaşdyrylmagy işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ösdürmäge, sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Galtaşyksyz töleg», «Halkbank terminal» arkaly hyzmatlary ýerine ýetirmäge, netijede bolsa, ilatyň gymmatly wagtyny we pul serişdelerini tygşytlamaga ýardam berýär.

«Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, şol sanda pul geçirimlerini ýeňilleşdirmäge hem-de çaltlaşdyrmaga, hasaplaşyklar geçirilende, wagty tygşytlamaga amatly mümkinçilikleri döredýär. Karz edaralary tarapyndan berilýän dürli görnüşli karzlaryň esasy bergilerini gaýtarmak we olara hasaplanylan göterimleri tölemek, aragatnaşyk hyzmatlarynyň töleglerini tiz we amatly usulda geçirmek üçin «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlary uly ähmiýete eýe bolýar. Internete birikdirilen kompýuter ýa-da planşet arkaly «Internet-bank» hyzmaty esasynda berlen karzlaryň, şol sanda uzakmöhletleýin ýeňillikli karzlaryň esasy bergilerini we göterimlerini, «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk, internet, IP-telewideniýe, şäher telefon ulgamynyň hyzmatlary üçin tölegleri özbaşdak töläp bolýar. Häzirki wagtda şeýle bank hyzmatlaryndan peýdalanýan ýaşaýjylaryň sany günsaýyn artýar.

Mundan başga-da halk köpçüligi «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlary arkaly öz hasaplaryndaky geçirilýän amallaryň yzygiderliligi baradaky maglumatlaryny gözegçilikde saklap bilýär. Şeýle hem internet ulgamynyň üsti bilen öýlerinden çykman, harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri, ýagny, dürli egin-eşikleri, elektronika we hojalyk harytlary üçin internet ulgamynyň üsti bilen özbaşdak saýlap, töläp hem-de olary satyn alyp bilýärler.

Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna täze sanly innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň degişli karz edaralary «Türkmendemirýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleri bilen bilelikde bank kartlaryny ulanyp, demirýol peteklerini hem-de şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslarda petekleri internet ulgamynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde satyn almak mümkinçiligi döredildi.

Hyzmatyň «Elektron söwda» görnüşi hem ýaýbaňlandyrylýar. Ol harytlaryň we hyzmatlaryň internet ulgamynyň üsti bilen şol wagtyň özünde ýerlenilmegidir. Bu hyzmata islegiň artmagy netijesinde nagt däl hasaplaşyk geçirmek arkaly elektron usulda täjirçilik işini alyp barýan telekeçileriň sany günsaýyn artýar.

Nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen, «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan elektron ýol kartlaryň üsti bilen Türkmenabat şäheriniň şäheriçi ýolagçy gatnadýan jemgyýetçilik awtobuslarynyň ýol töleglerini hasaplaşmak üçin täze hyzmat girizildi. Türkmenabat şäheriniň poçta bölümleriniň üsti bilen hödürlenilýän elektron ýol kartlary şäheriçi ugurlarda işledilýän jemgyýetçilik awtobuslarynda gurnalan enjamlar (walidator) bilen özara galtaşanda pul serişdeler awtomatiki usulda alynýar. Şeýle hem ýol kartlaryndan başga-da degişli hyzmatlar üçin tölegler «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Altyn Asyr», «Goýum bank karty», «Maşgala» bank kartlarynyň üsti bilen galtaşyksyz töleg geçirmek hyzmaty hem ýola goýuldy.

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan täze, döwrebap «Cash-back» bank hyzmaty ilat köpçüligine hödürlenildi. «Cash-back» bank hyzmaty dünýä tejribesinde soňky ýyllarda uly meşhurlyga eýe bolmak bilen, bank kartlary arkaly tölegler nagt däl görnüşinde amala aşyrylanda kartyň eýesine eden her bir söwda we hyzmat ulgamlarynda sarp edilen puluň möçberine baglylykda bellenilen göterimde puly yzyna gaýtaryp bermek bolup durýar.

Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, sanly amatlylyklaryň elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagy, sanly serişdeleriň ykdysadyýetde giňden ornaşdyrylmagy we peýdalanylmagy ýurdumyzyň dünýäniň sanly giňişligine işjeň goşulyşmagyny, onuň halkara bazarda bäsdeşlige ukyplylygynyň düýpli ýokarlandyrylmagyny we milli ykdysadyýetimiziň ösüşiň täze innowasion tapgyryna geçirilmegini üpjün edýär. Şeýle hem sanly ykdysadyýetiň ösüşi işewürlik we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, ylmy köp talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligi gowulandyrmaga, döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň jemgyýetiň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna täze mümkinçilikleri açar.

Zarip BEŞIMOW,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň kassa hyzmatlary we kassa amallaryna gözegçilik bölüminiň başlygy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18847

23.01.2021
Döwrebap özgertmeler

Mälim bolşy ýaly, 14-15-nji ýanwarda bolup geçen taryhy wakalar — Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijiniň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň hem-de Lebap welaýatynyň çägindäki «Malaý» käninde täze gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Şeýle taryhy wakalaryň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini wagyz etmek boýunça indi birnäçe gün bäri ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda geçirilip gelinýän maslahatlaryň jemleýjisi düýn Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde boldy.

Ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilen maslahata ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda, çykyşlarda ata Watanymyzyň täze taryhy döwürde ýeten belent sepgitleri buýsanç bilen wasp edildi.

Taryhyň ähli döwürlerinde-de türkmen topragynda parahatçylyga we asudalyga örän uly ähmiýet berlipdir. Ata-babalarymyz parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige, dost-doganlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýup, olary halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleri hökmünde nesillere miras galdyrypdyrlar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gadam basylan ilkinji günlerde ýurdumyz dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha pugtalandyrýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilen iri taslamalar munuň aýdyň subutnamalarydyr. Maslahatda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Harby gullukçylar mundan beýläk hem parahatçylygyň goragynda sarsmaz gala bolup durup, hormatly Belent Serkerdebaşymyza, ata Watanymyza, mähriban halkymyza ak ýürekden gulluk etjekdiklerini nygtadylar. Parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty bilen milletleri dostlaşdyrýan, ynanyşmaklygy kalplara guýýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan dünýä nusgalyk işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Kerim MYRADOW,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18824

22.01.2021
Nusgalyk dostlukly gatnaşyklar

Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen mähriban halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna dünýä we sebit parahatçylygynyň, dost-doganlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine täze itergi berýän nusgalyk işler bilen gadam basdy.

Iki goňşy, türkmen we owgan halklarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda täze ulanylmaga berlen, uzynlygy 30 kilometr bolan Akina — Andhoý demir ýoly, 153 kilometre deň bolan Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamy, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamy türkmen-owgan gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen başy başlanan halkara ähmiýetli bu iri desgalar diňe iki doganlyk halklaryň durmuş-ykdysady ösüşine itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, sebit döwletleri üçin hem halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitleýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitaraplyk syýasatymyzyň aýdyň ýörelgeleri dünýä döwletlerine uzaýan dost-doganlyk ýollarymyz arkaly tutuş adamzadyň ýagty geljegini nazarlaýar. Goňşy Owganystana dostluk goldawynyň nobatdaky nyşany hökmünde, ýeňillikli esasda iberilýän elektrik energiýasy dostlukly halkyň öý-ojaklaryny nurlandyryp, ýurduň ösüşine kuwwat berýär, nobatdaky demir ýol şahasy bolsa hyzmatdaşlygyň, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagyň aýdyň ugruny döredýär.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinde özara ynanyşmagyň we dost-doganlygyň mizemez nyşany bolan şeýle dünýä ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilmegi baky Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende göterýär.

Täze taryhy döwürde ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän netijeli işler milli we sebit ösüşine itergi berip, parahatçylyk söýüjilige, halklaryň bähbitlerine gönükdirilen ynsanperwer daşary syýasatymyzyň ýörelgeleri bilen utgaşýar. Halkara dostluk gatnaşyklaryny işjeň ösdürmek bilen, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraýyny barha belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun!

Parahat diýarymyzyň gujagynda, bagtyýar durmuşda uly baýram edilip bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli hormatly Belent Serkerdebaşymyzy, merdana Watan goragçylarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Watan goragçylarynyň güni watanperwerligiň, mertligiň we borja wepalylygyň, ata Watanyň gullugyna barlygyň bilen berilmegiň baýramydyr.

Akmuhammet SULTANOW,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18808

22.01.2021
Ulag ulgamynyň ösüşi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini hem-de aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny çalt kemala getirmek babatda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda durmuşa geçirilýän işler diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit we dünýä ösüşine kuwwatly itergi berdi.

Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda demir ýol ulaglary pudagynyň goşandy uludyr. Bu pudak güýçli depginler bilen ösdürilip, täze demir ýollary gurup, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça öňdebaryjy orny eýeläp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam berýär. «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, umumy peýdalanylýan demir ýol ulagy Türkmenistanyň ýeke-täk ulag ulgamynyň düzüm bölegi bolup durýar. Demir ýol ulagy ulagyň beýleki görnüşleri bilen özara baglanyşykda hereket etmek bilen, fiziki şahslaryň, ýuridik şahslaryň döwletiň demir ýol ulagynda gatnatmaga (daşamaga) bolan zerurlyklaryny öz wagtynda we oňat hilli üpjün etmäge, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösmegi üçin şertleriň döredilmegine ýardam etmäge niýetlenendir. Ýurdumyzda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan halkara ähmiýetli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmaklarynda Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralaryň bolandygyny bellemek juda buýsandyryjydyr. Bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy iki döwletiň we doganlyk halklaryň däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi.

Biz hem umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlara badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Şeýle hem hormatly Prezidentimizi, asudalygyň goragynda durýan ata Watanymyzyň polat galkanlary hasaplanylýan Milli goşunymyzyň ähli harby gullukçylaryny, işgärlerini Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Maýsa KURBANOWA,

Mary welaýatynyň prokurorynyňhukuk üpjünçiligi boýunçauly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18807

22.01.2021
Arkadag paýhasyndan binýat bolan dostluk menzilleri

Ählumumy ösüşiň hem-de abadançylygyň ygtybarly köprüsine öwrülip, dünýä halklaryny ýakynlaşdyrýar we jebisleşdirýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz dünýäniň parahatçylyk söýüjilik merkezi hökmündäki derejesini has-da berkidýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalar halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar. Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamynyň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat —Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi, şeýle hem Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasy Arkadag paýhasynyň dünýä ýol salýandygy baradaky guwandyryjy hakykaty tutuş Ýer ýüzünde dabaralandyrýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ilkinji günlerinde äleme ýaň salan bu möhüm wakalar baradaky buýsançly söhbedimiziň özenini yklymlary, ykballary nurlandyran şu belent hakykatyň düzmegi, elbetde, öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Çünki bu taryhy wakalaryň gerim-gabarasy, uly tutumy dünýä dolup, hut Arkadag paýhasyndan kemal tapýan başlangyçlaryň umumadamzat bähbitli beýik işlere gözbaş bolup, halkara jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna hem gyzgyn goldawyna eýe bolýandygynyň subutnamasyna öwrüldi. Şol wakalaryň gözli şaýady bolup ýörkäň, Gahryman Arkadagymyz bilen halkymyzyň mizemez jebisligi, şol bir wagtyň özünde bäş müň ýyllyk şöhratly taryhyna buýsanýan türkmeniň emer-damaryna, ruhuna siňen dost-doganlyk ýörelgelerine hemişe ygrarlydygy baradaky seriňe dolan buýsançly oýlara biygtyýar berilýärsiň. Şeýlelikde, döwletli Diýarymyzda, asyl-ha, herki zadyň bir-biri bilen ajaýyp sazlaşyp, ýerbe-ýerligi, tutumly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün edip durandygy hakda-da aýdasymyz gelýär. Şol günler howa-da edil türkmeniň nurana göwni ýaly ýaz ýakymyny ýaýradyp, gyşyň örküjidigine garamazdan, edil ýaňy tamdyrdan çykan mele-myssyk nany ýatladyp, sahawatlylyk bilen tylla şuglasyny saçyp duran Gün diňe Zemini däl, ynsan ähliniň kalbyny bagt kuýaşy bolup çoýup, tutuş barlyga ýylylyk, mähir paýlap, guwançdan-şatlykdan doly barça ýürekleri has-da joşa getirdi.

Ýeri gelende aýtsak, paýtagtymyzdan döredijilik iş saparyna ugrap, Hakdan halatly, köňli sahawatly, türkmeniň kalby deý joşgunly Jeýhunyň boýuna — süýjülikde taýy tapylmadyk şekerden datly gülabynyň mekany gadymy Lebap topragyna, has takygy, Türkmenabadyň Halkara howa menziline gelip düşenimizde, özüm-ä türkmen gündogaryna gadam goýandygym barada bagtyýar oýlandym. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň dünýä derejesinde uly dabaralar bilen belleniljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň şanly wakalarynyň hut şu sahawata we berekede baý künjekden başlanmagynyň çuň many-mazmuna eýedigi baradaky hakykat göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Watanymyzda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly şygar bilen geçen 2018-nji ýylda ulanylmaga berlen Türkmenabadyň Halkara howa menzili Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň sebitiň möhüm ulag ýoly bolmak bilen, iri halkara logistik merkezine öwrülýändigi baradaky hakykatyň özboluşly mysalydyr. Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň merkezi hasaplanýan Türkmenabat şäheri gadymy Amulyň mirasdüşeri bolup, bu ýerde Eýrana, Hindistana, Gündogar Ýewropa... barýan köp sanly söwda ýollary birigipdir. Ýeri gelende ýatlap geçsek, şol ýylyň altyn güýzünde müňýyllyklaryň jümmüşinden ak ertirlere — geljege ýol salyp, yklymlary-ykballary nurlandyran Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy Amuldan, ýagny hut şu ýerden badalga alan «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine gatnaşyjylar arzyly menzilleri nazarlapdylar. Sahawata we berekede baý Garagumuň Hakyň nazary düşen guba çägelerini hem ak alaňlaryny külterläp, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň çäginden üstünlikli geçip, ýurdumyzyň Günbatar sebitine — Hazaryň kenaryndaky Awaza barypdylar.

14-nji ýanwarda milli Liderimiziň Lebap welaýatynyň «Ruhyýet» köşgünde — Türkmenistanda we Owganystanda dabara gatnaşyjylary birleşdiren teleköpriniň geçirilýän ýerinde eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, bu iri taslamalar umumy maksada — biziň ýurtlarymyzyň uzakmöhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we bu ösüşi üpjün etmäge niýetlenip, türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine we abadançylygyna gönükdirilendir. Şol bir wagtda munuň özi Ýer ýüzüniň bu böleginde ygtybarly, çalt depginler bilen ösýän, sazlaşykly energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamyny döretmek ýörelgesinden ugur alýar. Hormatly Prezidentimiz möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň köpýyllyk ysnyşykly we netijeli türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň netijesi bolup durýandygyny aýtmak arkaly Owganystan Yslam Respublikasy bilen netijeli, deňhukukly, hakyky doganlyk gatnaşyklaryna biziň ýurdumyzda ýokary baha berilýändigini belledi.

Türkmenistan owgan halkyna köptaraplaýyn goldaw berýär. Owganystana ýeňillikli bahadan elektrik energiýasyny iberýär. Bu ýurduň dürli welaýatlarynda durmuş ähmiýetli desgalary gurýar. Munuň özi Owganystanda asuda durmuşy ýola goýmakda, gatnaşyklaryň yzygiderliligini, ikitarapa bähbitliligini gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir. Elektrik energiýasynyň bu ýurda iberilmeginiň has-da artdyrylmagy baradaky çözgüt ýurdumyzyň dostanalyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine hemişe wepalydygyny, şunuň bilen birlikde, çenden güýçli ykdysady kuwwatyny görkezýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, hususan-da, energetika we aragatnaşyk, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirilýär. Asyryň bu iri gaz geçirijisi sebitiň ýurtlarynyň ykdysady taýdan ösmegine uly itergi berer. Müňlerçe täze iş orunlaryny açmaga mümkinçilik döreder. Elektrik energetikasy, ulag-kommunikasiýa we ýaşaýyş-durmuş maksatly üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmäge ýardam eder. Elektrik geçiriji ulgamlaryň çekilmegi bolsa, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ähli desgalaryndan başga-da, sebitiň ýurtlaryny elektrik energiýasy bilen kadaly üpjün etmekde giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Aziýanyň beýleki döwletlerine elektrik energiýasyny eksport etmäge şert döredýär. Bu taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, senagat harytlarynyň we maglumatlaryň üstaşyr geçirilmeginden alynjak serişdeleriň hasabyna Owganystanyň býujetine köp möçberde girdeji getirer. Sebitimizde ýaşaýan halklaryň bähbidine durnuklylygyň we yzygiderli durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolar. Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti hem öz gezeginde Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň baştutanlygynda sebitiň merkezine öwrülmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň dünýä bilen birleşýän nokadyny döretmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Onuň türkmen Liderine, biziň döwletimize iri maksatnamalaryň we taslamalaryň, olary maliýeleşdirmegiň we amala aşyrmagyň çäklerinde mäkäm gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy üçin, Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan çäksiz hoşallygyny beýan etmegi guwandyryjydyr. Owgan Lideriniň Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesiniň kadaly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetendigini aýratyn nygtamagy bolsa, täze taryhy eýýamda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň hil taýdan ýokary derejä ýetendigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, «Açyk gapylar» hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen, umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar. Şu maksatlar bilen Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüş wezipelerini çözmäge ýardam edýän iri düzümleýin taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Elbetde, Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň dabaraly açylyp, ulanylmaga berilmegi hem ýurdumyzyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy. Bu waka milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bitarap döwletimiz nebitiň, gazyň ummasyz köp gorlaryna, elektrik energiýasyny ösdürmegiň giň mümkinçiliklerine eýe bolmak bilen, öz baýlyklaryny diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirýändigi baradaky hakykaty aýdyň şöhlelendirýär. Bu bolsa Türkmenistanyň ykdysadyýetini ýokary depginler bilen ösdürmekde we onuň dünýä ykdysadyýetiniň ulgamyna işeňňir girişmeginde örän ähmiýetli hem täsirli orny eýelemegine mümkinçilik berýär.

Aziýa sebiti boýunça goňşy ýurtlarymyz we beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, biz abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hem köptaraplaýyn esasda depginli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryny ýokary derejede saklamaga gönükdirilen işleri alyp barýarys. Sebitimizde energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça netijeli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda: «Täze ýylymyz il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris» diýip belleýşi ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylymyzyň her bir güni, aýy taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyz özüniň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine pugta eýerýär. Şundan ugur alyp, dünýäde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşýar. Ýer ýüzünde parahatçylygy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda ähli tagallalary edýär. Şu maksat bilen, möhüm ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen berkarar döwletimizde il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli amala aşyrylýan ajaýyp özgertmeleriň, milli Liderimiziň öňdengörüjilikli dünýä nusgalyk syýasatynyň Ýer ýüzünde goldanýandygyna hem-de ykrar edilýändigine tüýs ýürekden guwanýarsyň.

Bütin dünýäde ykrar edilen Lider hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýer ýüzündäki belent sylag-sarpasy, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan dünýä nusgalyk beýik işleri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bedew batly ösüşlerine düýpli itergi berip, bagtdan paýly, rysgal-bereketden serpaýly, çüwen ykbally türkmeniň mähir-muhabbete ýugrulan parahatçylyk söýüjilikli dostana ýörelgesini jümle-jahana ýaýýar. Şonuň üçin hem «Belent başyňyz aman, beýik başlangyçlaryňyz rowan, at-abraýyňyz mundan hem zyýat bolsun, eziz Arkadagymyz!» diýen dogaýy sözler dilleriň senasyna, köňülleriň owazyna öwrüldi.

Ýagmyr NURYÝEW,

«Diýar» žurnalynyň baş redaktory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18669

21.01.2021