Belent sepgitleri nazarlap

Bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna has-da berk jebisleşip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny garşy aldy. Däp boýunça ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.

2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem ýurdumyzyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýyllaryň biri bolar. Çünki bu ýylda eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň yglan edilenine 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene hem şu ýylda uly toý-dabaralara beslenip, giňden bellenip geçiler. Arkadagly ýurdumyzda ýyllarymyz biri-birinden zyýada bolup gelýär. Her ýyl beýik ösüşlere beslenip, raýatlaryň kalbyna egsilmejek şatlyk bagyşlaýar.

Halkymyz hormatly Prezidentimiziň saýasynda ösüşlerden-ösüşlere sary ynamly öňe barýar. Mähriban Arkadagymyz halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen yzygiderli tagallalar edýär.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýylda, 2021-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň taslamasyny seljerende, döwlet býujetiniň çykdajylar böleginiň 70 göterimden gowragynyň durmuş ulgamyna gönükdirilmelidigini nygtady.

Täze ýyl Gutlagynda bolsa, mähriban Arkadagymyz: «Raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, biz täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň hem-de döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýene-de 10 göterim ýokarlandyrýarys» diýip belledi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamlar hakynda edýän bimöçber aladalarynyň ýene-de bir mertebe aýdyň beýany bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşini has-da öňe ilerletmek üçin iňňän oýlanyşykly döwlet syýasatyny alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, ýurdumyzy ähli babatda ösdürmek barada alyp barýan işleri maksatnamalaýyn häsiýete eýe bolar.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ykdysadyýetiň köp ugurly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze 2021-nji ýylda hem üstünlikli dowam etdiriler.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» düzgünleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürligi we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzda ykdysady ösüşi alamatlandyrýan esasy makroykdysady görkezijileriniň derejesi durnukly saklanylýar, pul-karz syýasaty kämilleşdirilýär, önümçilik hem-de eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän pudaklara yzygiderli goldaw berilýär. Halkara maliýe edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär, bank ulgamyna döwrebap we innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly iri halkara maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, bank ulgamy tarapyndan ýeňillikli karzlar we daşary ýurt maliýeleşdiriş çeşmeleriň birnäçe görnüşleri bilen ýurdumyzyň hususy ulgamynyň gatnaşyjylary üpjün edilýär. Her bir güni ösüşlere beslenýän Watanymyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmekde bimöçber alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Parahat MERETLIÝEW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18854