Habarlar
Ykdysady ösüşiň bähbidine

Ýurdumyzda hereket edýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy soňky ýyllarda barha işjeňleşdirilýär. Şonuň netijesinde-de, bank ulgamynda sanly tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy bank edaralarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemäge giň mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, bank ulgamy milli ykdysadyýeti maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup, bu ulgamyň sanlylaşdyrylmagy işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, nagt däl hasaplaşyklar amallaryny ösdürmäge, hyzmatlaryň «Internet-bank», «Mobil-bank», «Galtaşyksyz töleg», «Goýum bank karty», «Maşgala karty», «Ýol karty» ýaly täze, döwrebap görnüşlerini hödürlemäge, netijede bolsa, raýatlaryň wagtyny tygşytlamaga ýardam berýär. Şeýle hem banklar tarapyndan ornaşdyrylan öz-özüňe hyzmat edýän terminallarynyň üsti bilen köp sanly bank amallaryny gysga wagtda amala aşyrmaga, karzlaryň, şol sanda ipoteka karzlarynyň esasy bergilerini we göterimlerini tölemäge, öýjükli aragatnaşyk, internet, IP-telewideniýe, Aşgabat şäher telefon ulgamy hyzmatlary üçin tölegleri geçirmäge, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýol gözegçilik gullugynyň karary esasynda jerime tölemek hyzmaty, bank karty boýunça göçürmeleri  almaga we beýleki bank hyzmatlaryndan peýdalanmaga doly mümkinçilik döredýär. 

                                                                   

Nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen, «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan Aşgabat şäherinde we welaýatlarda jemgyýetçilik awtobuslarynda ýol töleglerini awtomatiki usulynda galtaşyksyz töleg etmek ulgamy ornaşdyryldy. Bu ulgam nagt serişdeler bilen hasaplaşmagy aradan aýyrmaga mümkinçilik bermek bilen bir hatarda, sürüjiler we ýolagçylar üçin töleg amatlyklaryny hem-de medeniýetli hyzmaty ýokarlandyrýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň tutanýerli zähmeti netijesinde, geljekde telekeçilige itergi berýän kiçi göwrümli karzlar — mellek ýeri, kömekçi hojalygy ýa-da bellenen tertipde bölünip berlen ýer bölegi bar bolan raýatlara karz serişdeleriniň berilmegi ýola goýuldy. Şeýle hem banklar tarapyndan telekeçiligi goldamak maksatly döwlet tarapyndan berilýän karzlar ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, içerki önüm öndürijileri maliýe taýdan goldamaga we ýurtda telekeçiligiň ösmegine ýardam bermäge özüniň mynasyp goşandyny goşýar.  

                                                                   

Bu amallaryň ýerine ýetirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky alyp barýan syýasatynyň aýdyň miweleridir. Şeýle işleri amal etmekde bolsa ýurdumyzyň maliýe we bank ulgamlarynyň hünärmenleri döwlet Baştutanymyz tarapyndan döredilýän amatly şertlerden ýerlikli peýdalanyp, netijeli zähmet çekýärler.  

                                                                   

Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam hakyndaky aladany ilkinji nobatda goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri hemişe rowaç bolsun!  

                                                                                                           

Oguljennet JUMABAÝEWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş   institutynyň uly mugallymy.

28.04.2022
Möhüm pudagyň üstünlikli menzilleri

Dünýä ykdysadyýetiniň ornunyň berkidilmegi gös-göni dünýä energetikasynyň durnuklylygyna bagly bolup durýar. Energetika pudagy ýurdy senagat taýdan ösdürmegiň esasydyr. Elektrik energiýasy bolsa, dünýäde girdejili pudaklaryň biri hasaplanylýar. Ählumumy ykdysadyýete işjeň goşulyşýan ýurdumyzy çalt depginler bilen senagatlaşdyrmak, eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan maksatnamalary amala aşyrmakda elektroenergetika aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzda geljegi uly bolan bu pudaga gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi yzygiderli artýar.  

                                                                   

Häzirki wagtda türkmen energetika senagaty okgunly ösüş depgine eýe bolup, elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmaga ukyplydyr. Ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmak ileri tutulýan ugur bolup, iri senagat toplumlarynyň birnäçesiniň gurulmagy meýilleşdirilýär. Olaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek, şeýle hem elektroenergiýanyň eksport möçberlerini artdyrmak üçin bu pudagyň yzygiderli ösdürilmegini üpjün etmek zerur bolup durýar. Şonuň üçin elektrik energiýasyny öndürmek, bu ugurda täze mümkinçilikleri açmak we işe girizmek geljege gönükdirilen uzak möhletleýin döwlet ähmiýetli wezipedir.  

                                                                   

Ýurdumyzda ulanylýan senagat we durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Welaýatlarda döwrebap gazturbinaly elektrik beketler, elektrik geçiriji ulgamlar, tok paýlaýjy podstansiýalar gurulýar, paýtagtymyzy, beýleki şäherleri we ilatly ýerleri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça täze taslamalar amala aşyrylýar. Pudaga ornaşdyrylýan täze usullar we ýurdumyzyň känlerindäki elektrik beketleri üçin ulanylýan ýangyçlaryň häzirki döwürde iň netijelisi we ekologiýa taýdan howpsuz hasaplanýany bolan tebigy gazyň ägirt uly gorlary milli ykdysadyýetmiziň möhüm pudagynyň öňünde durýan wezipeleri amatly çözmäge ýardam berýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň täze görnüşli gaz turbina elektrik beketleriniň, elektrik geçiriji ulgamlaryň gurulmagy, şeýle hem tebigy gaza baý gorlara eýe bolmagy bilen, bu ugurda uly mümkinçilikler açylýar. Tebigy gazyň gory ýurtda iri elektroenergiýa pudagyny ösdürmegiň esasyny emele getirýär. Häzirki döwürde döwletiň ägirt uly mümkinçilikleri bolan energiýa emele getiriji kuwwaty döredilendir. Ýurdumyzyň içerki halkalaýyn energoulgamy iri möçberli taslama bolup, ony durmuşa geçirmek işleri meýilnamalaýyn alnyp barylýar. Bu taslama ýurdumyzda elektrik energiýasynyň artdyrylmagyna hem-de Aşgabadyň we welaýatlaryň energoulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmek arkaly, içerki sarp edijileri energiýa bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu halkalaýyn energoulgamyň desgalaryna häzirki zaman kompýuter programmalary ornaşdyrylandyr. Sanly tehnologiýalar işi uzak aralykdan dolandyrmagy hem-de işiň bellenilen ölçegleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün eder.  

                                                                   

Ýurdumyzda alnyp barylýan energetika syýasatynyň esasynda içerki sarp edijilerimizi elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, şeýle hem hoşniýetli goňşuçylygyň, parahatçylykly ýaşaýşyň, özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygyň hatyrasyna türkmen energiýa serişdelerini dünýä halklaryna hem elýeterli etmek maksady durandyr. Garaşsyz Watanymyzyň sebitde iň iri elektrik eksportçysy bolup durýandygy buýsandyryjy ösüşlerimiziň biridir. Garaşsyz Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça ädilýän ädimleriň ilerlemeginde elektroenergiýa pudagynda gazanylýan üstünlikleriň netijeleri ýokarydyr.  

                                                                                                           

Şirin ANNAÝEWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

27.04.2022
Döwrebap ösüş

Dünýäniň ösen ýurtlary we abraýly iri kompaniýalary Türkmenistany özleriniň ynamdar hyzmatdaşy hökmünde ykrar edýärler. Şu esasda ýurdumyza pul görnüşinde we öndürilen önümiň hasabyna hasaplaşmak şerti bilen, düýpli maýa goýumlary çekilýär. Aýratyn-da, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat, dokma senagaty, azyk senagaty çalt depginler bilen ösdürilýär. Bu ugurlarda çig maly almak, olary gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýasynyň iň täze gazananlarynyň esasynda gurulýan we enjamlaşdyrylýan önümçilik desgalary aýratyn bellenilmäge degişlidir. Bu ulgamlarda gurlan senagat desgalary häzirki wagtda özüniň ýokary hilli önümleri bilen içerki we daşarky bazarlarda öz sarp edijilerini tapýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda öndürilýän ýangyç we çalgy ýaglary, himiki dökünler, gaýtadan işlenen dokma we azyk önümleri goňşy we üstaşyr ýurtlarda uly islegden peýdalanýar. 

                                                                   

Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod dünýäde ilkinjiligi we ýeke-täkligi bilen uly meşhurlyga eýedir. Zawodda iň täze tehnologiýalar ulanylmak bilen öndürilýän benzin ýangyjy özüniň ekologiýa taýdan arassalygy, ulaglar hereket edende howa zyňylýan zyýanly bölekleriň ýoklugy bilen tapawutlanýar. 

                                                                   

Döwletimiziň maýa goýum syýasaty barada gürrüň edilende, daşary ýurt maýa goýumlary bilen bilelikde ýurdumyzyň içerki maýa goýumlary, ýagny ýurdumyzyň bank ulgamynyň maýa goýumlary barada hem gürrüň etmek buýsançlydyr. Bank ulgamynyň maýa goýumlary ýurdumyzyň ähli pudaklaryny: ýangyç-energetika toplumyny, senagat we oba hojalyk toplumlaryny, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, saglygy goraýyş we beýleki toplumlary maliýeleşdirmek üçin gönükdirilýär. Ýurdumyzda telekeçilik pudagynyň ösmegine uly goldaw berýär. 

                                                                   

Biz ýurdumyzy ösüşli ýollar bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, işlerinde uly üstünlik arzuw edýäris. 

                                                                                                           

Seýran HUDAÝKULYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.

27.04.2022
Köňülleri buýsandyrýan üstünlikler

Beýik ösüşlere beslenýän Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň ösen ýurtlarynyň birine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolup geçýän we jemgyýetiň ähli ugurlaryny gurşap alýan wakalar, oňyn özgertmeler watandaşlarymyzyň kalbyny buýsanja besleýär. Ykbal özgerdiji taryhy döwürde tutumly işlere badalga berilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylýan işler döwletimiziň mundan beýläk-de okgunly ösmegini üpjün edýär, halkyň döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezýär.  

                                                                   

Türkmen halkynyň bagtyýar durmuş, ösüş üçin saýlap alan ýolunyň üstünlikleri üpjün edýändigini, ýurdumyzyň belent derejelere ýetendigini wagt görkezýär. Türkmen halky ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça başlangyçlary agzybirlik bilen goldaýar. Eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, tutumly işler halkyň erk-isleginden, döwrüň talaplaryndan ugur alýar.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň ynamyna we goldawyna daýanmak bilen, ýurdumyzy ösdürmek boýunça işleri giň gerim bilen ýaýbaňlandyrýar. Bu bolsa türkmenistanlylarda guwanç duýgusyny döredýär.  

                                                                   

Eziz Diýarymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýän döwründe ylmyň iň täze gazananlary, iň gowy dünýä tejribesi esasynda beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar.  

                                                                   

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, her bir ugurda ösüş gazanmak maksady bilen öňe sürülýän giň möçberli özgertmeler barha rowaç alýar. Ýurduň raýaty hökmünde biz döwletimiziň öňünde raýatlyk borjumyzyň uludygyna düşünýäris. Şol borçlaryň naýbaşysy eziz Diýarymyzyň has-da ösmegine öz mynasyp goşandymyzy goşmakdan ybaratdyr.  

                                                                                                           

Ýazgül HALMYRADOWA,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

27.04.2022
Belent maksatly ösüşler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz belent üstünliklere eýe bolýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarda gurlup ulanmaga berlen desgalar, ajaýyp binalar munuň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli durmuşa ornaşdyrýan beýik işleri, belent maksatlary döwrebap ösüşleri üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzda nobatdaky ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy, Balkan welaýatyna toý saparyny amala aşyrmagy we bu ýerde Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahananyň açylmagy ösüşleriň dowamlydygyny beýan edýär.  

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär, halkymyzyň buýsançly kalbyny nurlandyrýar. Şanly ýylymyzyň taryhy wakalary halkyň agzybirligini, Arkadagly Serdarymyzyň belent maksatlarynyň rowaçlanýandygyny, beýik işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär. Şonuň üçin hem şu ýylda paýtagtymyzda we welaýatlarda ajaýyp desgalaryň, binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna şaýat bolduk. Munuň özi halkyň bagtyýarlygydyr, eşretli durmuşda ýaşaýandygydyr.  

                                                                   

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan beýik binalar, täze-täze desgalar, ýaşaýyş jaýlary — bularyň hemmesi ykdysady ösüşimiziň örän ýokarydygynyň görkezijisidir. Şeýle ösüşler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adamyň bagtyýar durmuşy, halkyň abadançylygy baş wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş maksatly beýik işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle belleýär: «Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk». Ynha, şu belent maksatlaryň her birinde halkymyzyň, eziz Watanymyzyň bähbitlerini görmek bolýar. Ösüşiň döwrebap mümkinçiligini üpjün edýän şeýle döwletli maksatlarda şu günüň we geljegiň esasy ugry kesgitlenendir, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalandyrylmagy göz öňünde tutulandyr.  

                                                                   

Aslynda ösüşiň özi halkyň bähbitlerine gönükdirilýär, adamlaryň parahat we bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Bu döwür hem beýik ösüşleriň döwrüdir, ýurdumyzy has-da gülletmegiň  

                                                                   

zamanasydyr. Şonuň üçin hem beýik ösüşlere beslenýän döwrümizde her bir pudakda täze üstünlikler gazanylýar, döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Şunda ýurdumyzy ösdürmek, ylmyň gazananlaryny işe ornaşdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar  

                                                                   

Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly syýasatynyň esasy ýörelgeleri bolmak bilen, döwür bilen aýakdaş gitmek, ösüşiň geljegini nazarda tutmak ugurlary bilen pugta baglanyşdyrylýar. Şeýle asylly ýörelgelerden ugur alynýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri belent maksatly ösüşleriň döwri bolup, biziň her birimiziň kalbymyza doldy. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halkymyzyň döredijilikli işlemegine, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen belent maksatlar amal edilýär. Garaşsyz Diýarymyzda raýatlaryň durmuş abadançylygy, hukuklaryň we bähbitleriň goralmagy esasy ugur bolup durýar. Şunda ynsan hakynda edilýän aladalar, ýaşlaryň bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu mümkinçilikleriň netijesinde adamlaryň iş bilen üpjün edilýändigi, döredijilikli zähmet çekýändikleri, bagtyýar durmuşyň hözirini görýändikleri bellärliklidir. Bu aýdyň netijeler durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlary bolup durýar. 

                                                                   

Gazanylýan üstünlikler, beýik ösüşler her bir ildeşimizi buýsandyryp, döredijilikli işlemäge, döretmäge ruhlandyrýar. Biz muňa Balkan welaýatyndaky täze desgalaryň açylyşynda hem, täze ýaşaýyş jaýlarynyň düýbüniň tutulýan dabarasynda hem aýdyň şaýat bolduk. Bu taryhy wakalary ildeşlerimiz buýsanç bilen bellediler, birek-birege buşladylar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolýan şeýle taryhy wakalar ähli watandaşlarymyzyň üns merkezinde bolýar. Munuň özi biziň ýurdumyzyň ösüşine tüýs ýürekden begenýändigimizi aýdyň görkezýär. Hut şonuň üçin hem biz beýik ösüşlerimiziň dowamat dowam bolýandygyna buýsanýarys.  

                                                                   

Ilatyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagy üçin geljekde uly maksatlar goýulýar. Munuň üçin ýaş hünärmenleri taýýarlamak, sanly ulgamy ösdürmek, döwrebap mümkinçilikleri döretmek ýaly görnüşler bilen anyk maksatlar göz öňünde tutulýar. Esasan hem, sanly ykdysadyýeti ösdürmek syýasaty anyk görkezilendir. Elbetde, sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin kämil hünärmenleriň hem bolmagy zerurlyk bolup durýar. Şonuň üçin hem, sanly ykdysadyýetiň işgärler bilen üpjünçiligi hem göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem, hünärmenleriň sanly sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin gaýtadan taýýarlamak esasy ugurlaryň biridir. Bu babatda alnyp barylýan işler bilim işgärleriniň has-da döredijilikli işlemeklerini üpjün edýär. Bu bolsa, tejribeli hünärmenleriň gaýtadan sanly ykdysadyýete gönükdirilmegini göz öňünde tutýar. Kämil hünärmenleriň bar ýerinde bolsa ösüşler hem, öňegidişlikler hem bar.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz «Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir» diýip belleýär. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň syýasy, medeni we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösdürilýär, has-da kuwwatlanýar. Bu bolsa halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna oňat ýardam berýär. Şu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň artmagynda telekeçilerimiziň ýokary depginli işleriniň aýratyn hyzmatynyň bardygyny bellemek gerek. Şu ýylyň 13-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň ýokary derejededigini, importuň ornuny tutýan önümlerdigini bellemelidiris. Bu işleri dowam etmekde aýdyň wezipeler kesgitlenendir. Munuň özi iş orunlaryň döredilmegi bilen bir hatarda, milli girdejilerimiziň artmagyna, dünýä bazarlaryna çykmaga täze mümkinçiliklerdir. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ägirt uly ösüşler gazanylýar. Öňde durýan maksatlaryň özi hem beýik işlerden, beýik ösüşlerden habar berýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» getirilen sanlary, öňde goýlan belent wezipeleri bir makalanyň çäginde beýan etmek mümkin däl. Bu beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün eder. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde, welaýatlarda, sebitlerde gazanylýan ösüşleri has-da artdyrar.  

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halkymyzy beýik ösüşler bilen öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!  

                                                                                                           

Nabat NURGELDIÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň psihology, maýor.

27.04.2022
Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

“Ýaşyl  tehnologiýalaryň”  orny 

                                                                   

Ykdysady özgertmeleriň barşynda halk hojalygynyň dürli pudaklaryna öňdebaryjy kämil tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Sebäbi, täze tehnologiýalar ykdysady tygşytlylygy, ekologiýa taýdan arassa önümçiligi bilen tapawutlanýarlar. Aýratynam, ekologiýa babatda zyýansyz önümçiligi bilen tapawutlanýan “ýaşyl tehnologiýalaryň” ornunyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Garaşsyz döwletimiziň elektroenergetika pudagyna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalarda “ýaşyl tehnologiýalaryň” uly orna eýe bolmagy tötänden däldir. Bu tehnologiýalar ykdysady taýdan tygşytlylyk artykmaçlygyndan başga-da, daşky gurşawa zyňylýan zyýanly galyndylaryň birnäçe esse azaldylmagyny üpjün edýär. 2018-nji ýylyň sentýabrynda Mary DES-iniň senagat zolagynda ulanmaga berlen kuwwaty 1574 megawata deň bolan utgaşykly dolandyrylýan elektrik stansiýasy ýokarda gürrüňi edilen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Täze tehnologiýalaryň artykmaçlygyna aşakdaky sanlaram şaýatlyk edýär. Mysal üçin, ýönekeý yzygiderlilikdäki elektrostansiýanyň peýdaly hereketiniň görkezijisi 34,2 göterime deň bolsa, utgaşykly yzygiderlilikde bu görkeziji 1,5 esseden gowrak ýokarlanyp, 56 göterimden gowrak bolýar. Bugly-gazly elektrostansiýasynda ýanan önümler bolan kömürturşy gazynyň howa bölünip çykmagynyň möçberem 2-3 esse azalýar. 

                                                                   

 Merdan MURATJANOW. 

                                                                   

 TDEI-niň talyby, 

                                                                   

 TMÝG-niň işjeň agzasy.

23.04.2022
Durnukly ösüşde ulag diplomatiýasynyň orny

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny, şol sanda ulag ulgamyny ösdürmegi, ony mundan beýläk hem kämilleşdirmegi öz içine alýar. Bu ugra gönükdirilen milli maksatnamalar taýýarlanylanda, esasan hem, dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ilerlemegi ýaly meseleleriň çözülmegine gönükdirilen işlere uly ähmiýet berilýär. Hut şu nukdaýnazardan, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 14-nji ýanwarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» kabul edilmegi döwletimizde geljegi uly bolan bu ugurda amala aşyrylmaly wezipeleri we maksatlary aýdyň kesgitledi. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde eden çykyşynda öňe süren teklipleri esasynda 2014-nji ýylda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylda «Durnukly, köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Rezolýusiýalar kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylda geçirilen 72-nji maslahatynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynyň dabaralanýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.  

                                                                   

Şeýlelikde, döwletimiziň ulag diplomatiýasy bilen bagly öňe sürýän başlangyçlary esasynda, 2016-njy ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen maslahat durnukly ulag ulgamy boýunça giň halkara gatnaşyklary iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmaga badalga berdi. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz: «Biz Türkmenistanda giň ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döredýäris. Bu milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegine we ahyrky netijede türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna kömek edýän durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmaga ýardam edýär» diýip belledi. 

                                                                   

Bulardan başga-da, häzirki wagtda biziň ýurdumyzda durnukly ulag ulgamyny döretmek bilen baglanyşykly birnäçe işleriň amala aşyrylandygyny bellemek möhümdir. Muňa mysal hökmünde Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurlup ulanylmaga berilmegini görkezmek bolar. 

                                                                   

Şeýlelikde, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» ýakyn geljekde amala aşyrylmaly anyk we aýdyň maksatlary hem-de wezipeleri kesgitlemek bilen, ýurdumyzda durnukly ulag ulgamynyň ösüşini üpjün etmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň mümkinçilikleri döreder. 

                                                                                                           

Maýsa KARAJAÝEWA,

                       

welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.

21.04.2022
Durnukly ösüşleriň Diýary

Berkarar Diýarymyz häzirki wagtda milli we döwlet maksatnamalarynyň pugta berjaý edilmegi, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy bilen durnukly ösüşleriň gazanylýan ýurduna öwrüldi. Bedew bady bilen okgunly öňe barýan Watanymyzyň durmuşyndaky düýpli özgertmeler diňe bir milli ykdysadyýetiň däl, ylmyň we bilimiň, saglygy goraýşyň we beýleki pudaklaryň ösüşine hem netijeli täsir etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň golaýda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde agzalan ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginde gazanylan netijeler hem muňa doly şaýatlyk edýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynyň makroykdysady görkezijileri ýokary netijeleriň gazanylýandygyny görkezýär. Ähli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň jemleýji maglumatlaryna laýyklykda, öndürilen önümiň möçberi, geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda, 11,1 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek-satuw dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim köp boldy. Ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler biziň her birimizi döredijilikli zähmete, üstünliklere ruhlandyrýar. 

                                                                   

Munuň özi türkmen döwletiniň rowaçlanmagyny we halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyny baş maksat edinýän milli maksatnamalarda kesgitlenen möhüm wezipeleriň üstünlikli berjaý edilýändigini şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiz desgalaryň gurluşygyny gözegçilikde saklap, kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegi işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary köpräk çekmegiň zerurdygy nygtaldy. Berkarar Diýarymyz häzirki wagtda beýik ösüşleriň täze tapgyryna bedew bady bilen gadam basdy. 

                                                                   

Watanymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek babatda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin! 

                                                                                                           

Maýagözel ANNAORAZOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.

21.04.2022
Türkmen önümleri dünýä bazarynda

Ýakynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan serginiň geçirilmegi we oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baryp görmegi ýurdumyzda hususy pudagyň işine berilýän aýratyn uly ünsüň ýene bir mysalydyr.  

                                                                   

Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu serginiň işine gündogar sebitiň hususyýetçileriniň hem birnäçesi gatnaşdy. Olaryň sergä zähmet ýeňişleri bilen gelendiklerini aýratyn nygtamak gerek. Şol sanda Lebap welaýatynda öndürilen önümleriň agramly bölegi eksporta ugradylyp, dünýä bazarynda islegli önümlere öwrülýär. Şu ýylyň ilkinji üç aýynda welaýatymyzyň hususyýetçileri senagat önümleriniň onlarça tonnasyny Özbegistan, Türkiýe, Owganystan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri, Belarus, Azerbaýjan ýaly döwletlere eksport etdiler. 

                                                                   

Senagat önümleriniň eksportunda welaýatymyzda uly paý «Mizemez gadam» hususy kärhanasyna degişli. Şu günler S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynyň arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürjek kärhanasynyň gurluşygyny hem alyp barýan hususy kärhana şu ýyl izogamyň 113,4 müň inedördül metrini eksport etdi. Şunça önümiň agramly bölegini ― 83,86 inedördül metrini türkiýeli işewürler satyn aldylar. Şeýle hem 17,45 müň inedördül metr izogam Özbegistana eksport edildi. Önümiň 12,3 müň inedördül metri bolsa beýleki döwletlere satyldy. 

                                                                   

Bu hususy kärhanada öndürilýän suwuk bitum mistikasynyň hem hyrydarlary gün-günden köpelýär. Kärhana şu ýyl bu önümiň 610 tonna golaýyny Türkiýä, 742 tonnadan gowragyny bolsa Özbegistana eksport etdi. «Mizemez gadam» hususy kärhanasy önümleriniň täze tapgyry bilen ýakynda paýtagtymyzda geçirilen sergä hem gatnaşdy. 

                                                                   

Eýýäm birnäçe ýyldan bäri welaýatymyzda ýeke-täk akkumulýator öndüriji bolan «Kökçi» hojalyk jemgyýeti önümiň bir bölegini Owganystana eksport edýär. Şu ýylyň geçen üç aýynda bu hojalyk jemgyýeti goňşy döwlete dürli güýjenmedäki akkumulýatorlaryň 1440 sanysyny eksport etdi. 

                                                                   

«Kökçi» hojalyk jemgyýeti öz önümçiligini Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody bilen bilelikde alyp barýar. Bu zawod bilen hyzmatdaşlyk saklaýan başga bir hususy tarap ― «Çelek» hususy kärhanasy bolsa şu ýyl senagat garyndyly suwuklygyň 264 tonnasyny Hytaýa eksport etdi. Paýtagtymyzda geçirilen köpugurly sergä gatnaşyjylar «Kökçiniň» alyp barýan işleri bilen hem ýakyndan tanyşdylar. 

                                                                   

Önümhanasy Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Türkmen ojagy» hususy kärhanasy geýim-gejimlik nah pagtanyň eksporty boýunça türkiýeli işewürler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýar. Şu ýylyň geçen üç aýynda bu hususy kärhana türkiýeli hyzmatdaşlaryna nah pagtanyň 42 müň 320 tonnasyny eksport etdi. Çärjew etrabynda ýerleşýän «Gaýrat» hususy kärhanasy hem nah mata pamygynyň eksporty bilen meşgullanýar. Bu hususy kärhanadan şu ýyl 476 tonna önüm Birleşen Arap Emirliklerine ugradyldy. 

                                                                   

Önümhanasy «Gaýrat» bilen bir etrapda ýerleşýän «Altyn saraý» hojalyk jemgyýeti bolsa şu ýyl polipropilen haltalaryň 18 tonna golaýyny Belarus Respublikasyna satdy. 

                                                                   

Saýat etrabyndaky «Geljege rowaç» hususy kärhanasy plastmassa asgyçlaryny öndürmek boýunça ýyllaryň dowamynda baý tejribe toplady. Şol tejribäniň miwesi bolan 150,5 müň çemesi önüm Azerbaýjana satyldy. 

                                                                   

Makalamyzda welaýatymyzyň önüm öndürijileriniň diňe senagat ugurly eksportuna ünsüňizi çekdik. Olar azyk önümlerini hem dünýä döwletlerine yzygiderli ugradýarlar. Mahlasy, importuň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümçilik babatynda Jeýhun ýakasynda üstünlikli işleriň alnyp barylýandygyny aýdyp bileris. 

                                                                                                           

Agageldi JUMAGELDIÝEW.

21.04.2022
Yhlasly gözlegler — üstünliklere badalga

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň baý taryhy bar. Ýurdumyzda nebit senagatynyň ösmegi bilen, 1949-njy ýylda häzirki Balkan welaýatynyň merkezinde Azerbaýjan ylmy-barlag institutynyň şahamçasy peýda bolýar. 1952-nji ýylda ol öňki Bütinsoýuz nebit ylmy-barlag institutynyň türkmen filialyna öwrülýär. Munuň özi önümçiligi ylym bilen utgaşdyrmaga oňyn şertleri döredýär. Soňra «Giprotürkmennebit» institutynyň Balkanabat şäherindäki bölümi bilen Bütinsoýuz nebit ylmy-barlag institutynyň türkmen filialy ikisi birikdirilip, 1970-nji ýylda «TürkmenNIPInebit» instituty emele gelýär. Aslynda, institutyň ady birnäçe gezek üýtgedilýär. 2005-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» instituty» diýlip atlandyrylýar. 

                                                                   

Ylmy-barlag we taslama institutynyň kemala gelmegi nebit pudagynyň ösmegine ýardam etdi. Geçen uzak ýyllaryň dowamynda uglewodorod känlerini işläp taýýarlamakda uly tejribe toplandy. Ýüze çykýan meseleleri çözmekde ylmy, tehnologik we usulyýet çeşmeleri işlenip taýýarlandy.  

                                                                   

Institutyň ylym bölüminde 24 sany ylmy-barlag laboratoriýalary we kadalaşdyryş-barlaglar gullugy bolup, olar geologiýa-gözleg, burawlaýyş, känleri işläp geçmek, nebit çykarmak, ony taýýarlamak, akdyrmak ýaly pudagyň dürli ugurlary boýunça kadalary işläp düzmek işlerini ýerine ýetirýärler. Şeýle hem taslama ugry boýunça 7 bölüm bolup, hünärmenler sebitiň nebitgaz senagatynyň we dürli raýat gurluşyk obýektleri boýunça taslama-gözleg işlerini alyp barýarlar.  

                                                                   

Geçen 73 ýylyň içinde alym-hünärmenleriň tagallasy bilen 2500-den gowrak ylmy-barlag işleri, 5150-den gowrak gurluşyk we känleri tehnologik desgalaşdyrmak boýunça taslamalar ýerine ýetirildi. Döwrebap ylmy täzelikler, oýlap tapyşlar, tehnologiýalar yzygiderli önümçilige ornaşdyrylýar. Hususan-da, «Türkmennebit» döwlet konserninden gelip gowuşýan tabşyryklar, görkezmeler öz wagtynda seljerilip, alnan netijeler boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan maglumatlar işlenip taýýarlanýar. 

                                                                   

Nebitgaz senagatynda ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň ýokary derejesi göz öňünde tutulyp, instituta 1997-nji ýylda «Altyn ýyldyz» halkara sylagy (Ispaniýa) hem-de 2009-njy ýylda «Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň laureaty» (Tähran) diýen hormatly at berildi. Bu ýerde 2014-nji ýylda aspirantura bölümi hem döredildi. Häzirki döwürde ylymlaryň doktorlarynyň 1-i, kandidatlaryň 6-sy hem-de tejribeli hünärmenleriň ýüzlerçesi zähmet çekýär. Önümçilikden aýrylmazlyk şerti bilen alymlyk derejesine dalaşgärleriň 19-sy ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy düzümlerinde gaýybana okap, bilimlerini hem-de ylmy derejelerini ýokarlandyrýarlar. 

                                                                   

Alym-hünärmenleriň hödürnamalary boýunça burawlaýşa taýýarlanan Günorta Uzynada meýdançasynda 7-nji, Demirgazyk Kemer meýdançasynda 1-nji, Porsy meýdançasynda 4-nji belgili gözleg guýularynyň burawlaýyş işleri alnyp barylýar. Geçen ýylda ylmy taýdan taýýarlanan teklipler boýunça burawlamaga hödürlenen guýularyň 22-si ulanyşa girizildi. Gapdal sütüni burawlamak boýunça işler guýularyň ýene-de şonçasynda amala aşyryldy. Gazlift usuly bilen işleýän nebit guýularynyň iş düzgünini kadaly ýöretmek üçin institutda işlenip taýýarlanan KGU-25 kysymly gazlift klapanlary guýularyň 5-sinde oturdyldy we garaşylýan netijeler gazanyldy. Goturdepe käniniň 2-nji nebitgaz çykaryş bölüminiň gazlift guýularynyň 4-sinde iş düzgünlerini kadalaşdyrmak üçin barlag işleri geçirildi. Şolaryň esasynda her gije-gündizde 36 500 m3 gaz tygşytlanyp, 9,3 tonna goşmaça nebit alyndy.  

                                                                   

Altyguýy, Keýmir, Gamyşlyja, Goturdepe we Barsagelmez ýaly nebitgaz känleriniň guýularynyň nasos-kompressor turbalaryny we guýularyň düýpýaka zolagyny asfalten-smola-parafin çökündilerinden arassalamak boýunça Gyýanlydaky polimer zawodynyň goşmaça önümi bolan pirobenzin bilen 180-den gowrak guýuda önümçilik-synag işleri geçirildi. Netijede, geljekde pirobenzini şeýle çökündileri arassalamakda ulanmak maksadalaýyk hasaplandy. 

                                                                   

Nebit guýularynyň önümliligini artdyrmak maksady bilen ylmy-barlag işleri-de yzygiderli geçirilýär: «Goturdepenebit» we «Nebitdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliklerinde hereket edýän nebitli gazlift guýularynyň tehnologik iş düzgünlerini gaýtadan ölçemek we kada salmak boýunça barlag işleri geçirilip, teklipler degişli müdirliklere hödürlendi. Burawlaýyş işleri boýunça Nebitdag meýdançasynyň, Demirgazyk Goturdepe meýdançasynyň guýularynda ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýyň öňüni almak, guýularyň burawlaýyş işlerini taslama çuňlugyna päsgelçiliksiz alyp barmak üçin hem teklipler edildi. Günbatar Çeleken, Daýandyk, Demirgazyk Goturdepe meýdançalaryndaky guýularyň 10-synda gurluşyk taslamasyndaky buraw erginini ulanmak boýunça reglament taýýarlandy. 

                                                                   

Ylmyň we tehnologiýanyň pajarlap ösýän döwründe dünýä derejesinde ylym-bilimli bolmaga, hünär saýlamaga, ylmy işleri ýerine ýetirmäge, döredijilikli zähmet çekmäge bizde ähli şertler döredilen. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda nebitgaz pudagyny hem giň gerim bilen ösdürmäge uly üns beriljekdigini nygtap bellemek bilen, degişli alym-hünärmenlere aýratyn ynam bildirdi. Döwlet tarapyndan öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ukyp-başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.  

                                                                                                           

Döwletberdi ELÝASOW,

                       

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň direktory.

20.04.2022
Maýa goýum syýasaty

Türkmenistanyň maýa goýum syýasaty milli ykdysadyýetiň diňe bir döwlete degişli pudaklarynda däl, eýsem, hususy böleginde-de daşary ýurtly maýadarlar üçin aňrybaş amatlyklary döretmek zerurlygyndan ugur alýar. Ýurdumyzyň ykdysady hem syýasy taýdan durnuklylygy, maýa goýumlar babatynda döredilýän kepillikler hem-de döwlet goldawy ýerli we daşary ýurt maýa goýujylaryň gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardam edýär. 

                                                                   

Kämil maýa goýum syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde milli ykdysadyýetimizi düýpli diwersifikasiýalaşdyrmakda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Täze önümçilikleriň — azot we kaliý dökünlerini öndürýän, metallurgiýa, sement, dokma we şuňa meňzeş senagat kärhanalarynyň sany barha artýar.  

                                                                   

Häzirki wagtda Türkmenistanda önümçiligiň dürli ugurlarynda, şeýle-de medeni-durmuş maksatly ugurlarda iri maýa goýumlary özleşdirmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Şu maksat bilen, milli kanunçylyk ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu ugurda kabul edilen möhüm resminamalaryň hatarynda «Maýa goýum işi hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalary görkezmek bolar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda maýa goýum syýasatynda düýpli ösüş-özgerişler gazanylýar. Bu bolsa eziz Watanymyzyň dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hatarynda orun almagyny şertlendirýär. 

                                                                                                           

Annagül GOÇYÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň A.Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymy.

16.04.2022
Watanymyzyň ykdysadyýetiniň hususy ulgamynyň kuwwaty artýar

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilenine 14 ýyl doldy. Bu sene mynasybetli ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda türkmen telekeçileriniň önümleriniň sergisi hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahaty geçirildi. Däp bolan forum ýurduň altyn gaznasyna öwrülen hususy pudagyň bedew batly ösüşlere beslenýändigini, türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň görkezdi. 

                                                                   

«Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň tutýan paýyny artdyrmaga möhüm ähmiýet bereris. Ähli ugurlarda ýaşlaryň işewürlik başlangyçlaryny goldamaga, önümçilik düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen maliýe goýum syýasatyny işjeňleşdirmegi dowam etdireris» diýlip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileşmesiniň sergisine hem-de maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalýar. Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşanlar döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabaranyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy.  

                                                                   

Sergide Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda giň gerimli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýän iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklaryny gurnadylar. Däp bolşy ýaly, sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň obasenagat toplumynda, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagatda işleýän agzalarynyň işi giňden görkezildi. Şolaryň hatarynda balyk ösdürip ýetişdirýän we gaýtadan işleýän «Hazar balyk» toplumyny, «Ak toprak» kärhanasyny, «Hoş zaman» guşçulyk fermasyny, «Elin balyk», «Bereketli», «Toý zaman» «Altyn hilal» hojalyk jemgyýetlerini, «Nurly meýdan» daýhan birleşigini görkezmek bolar.  

                                                                   

«Hasar», «Misgär», «Duýgy», «Altyn ýunus» kärhanalary, «Bars», «Kindi», «Oguzhan» «Ak gar», «Datmeni» söwda belgili önümlerini çykarýan telekeçiler we beýlekiler süýji-köke önümlerini görkezdiler. Olaryň önümleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşda-da giň meşhurlyga eýedir. Olaryň ählisi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisine süýjüleriň, kökeleriň, lukumlaryň we beýleki nygmatlaryň täze görnüşlerini taýýarladylar.  

                                                                   

Sergide Sanly ykdysadyýetiň 2019 – 2025-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň mümkinçilikleri bilen hem tanyşdyryldy. IT ulgamynda ýöriteleşdirilen hojalyk jemgyýetleri hem-de kärhanalar – «Ýokary tilsimatlar» merkezi, «Adyl açar», «Milli ulgam», «Awtomatizasiýa tehnologiýalarynyň merkezi» we beýlekiler öz mümkinçiliklerini beýan etdi. Bu kärhanalar döwrebap senagat we elektron önümlerini, töleg terminallaryny, okuw onlaýn-maksatnamalaryny, «akylly öýleri» öndürýärler.  

                                                                   

Sergä gatnaşyjylar häzirki zaman senagat we elektron önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň bölüminiň önümleri bilen gyzyklandylar. Bu hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň görnüşleri yzygiderli artýar. Onda iki simkartly ykjam telefonlar, smartfonlar, dürli görnüşli monobloklar, smart-telewizorlary, häzirki zaman sowadyjylary, Internet ulgamynyň paýlaýjylary, agyz suwuny sowadýan we gyzdyrýan enjamlar öndürilýär.  

                                                                   

Gurluşyk ulgamynda işleýän telekeçileriň bölümleri köp adamly boldy. «Çaly» hususy kärhanasy täzeçil tehnologiýalar esasynda ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň örän köp görnüşlerini taýýarlaýar. Diýarymyzda penaplast we ondan dürli görnüşli önümleri öndürýän «Ak hünji» nyşanly önümler sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu gün bu kärhana şeýle önümleriň 200-den gowrak görnüşini öndürýär. «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň önümleri we onuň alyp barýan işleri ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynyň ösüşi bilen baglanyşyklydyr. Onuň kärhanalarynda ýokary hilli, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem uly islegden peýdalanýan önümleriň 1 müň 500-den gowragy öndürilýär. Ýokary hilliligi, görnüşleriniň, bezegleriniň özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýan önümler «Derýakeramika» söwda nyşany bilen ýerlenilýär.  

                                                                   

Sergide ulag we logistiki hyzmatlary ýerine ýetirýän hususy kärhanalaryň hem-de kompaniýalaryň üstünlikleri görkezildi. Şolaryň hatarynda «Bir dünýä», «Ulag ekspeditorçylyk hyzmatlary» hojalyk jemgyýetleri, «Bir Kuwwat» hususy kärhanasy we beýlekiler bar.  

                                                                   

Umuman, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny açyp görkezýän sergide telekeçileriň dürli ugurlar boýunça öndürip başlan täze önümleriniň 100-den gowragyny görmek boldy. 

                                                                   

Serginiň baş maksady telekeçileriň mümkinçiliklerini artdyrmakdan, maýa goýumlaryny geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirmekden ybaratdyr.  

                                                                   

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde maslahat geçirildi. Onda täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi. Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça kesgitlenen çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.  

                                                                   

Forumda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlar boýunça alyp barýan işleri baradaky hasabatlary diňlediler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň iri döwlet sargytlaryny ýerine ýetirmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi we beýleki wajyp meseleler barada pikir alyşmalar boldy.  

                                                                   

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň berýän uly goldawynyň, hususy işewürligi ösdürmek üçin döwlet tarapyndan döredilýän amatly şertleriň türkmen telekeçilerine geljege uly ynam bilen garamaga, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň, mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň bähbidine has-da tutanýerli zähmet çekmäge mümkinçilik berýändigini biragyzdan bellediler.  

                                                                   

Maslahatyň çäklerinde dürli ugurlar boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Ýylyň iň gowy telekeçisi» bäsleşiginiň jemleri-de jemlenildi.  

15.04.2022