Dünýä ykdysadyýetiniň ornunyň berkidilmegi gös-göni dünýä energetikasynyň durnuklylygyna bagly bolup durýar. Energetika pudagy ýurdy senagat taýdan ösdürmegiň esasydyr. Elektrik energiýasy bolsa, dünýäde girdejili pudaklaryň biri hasaplanylýar. Ählumumy ykdysadyýete işjeň goşulyşýan ýurdumyzy çalt depginler bilen senagatlaşdyrmak, eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan maksatnamalary amala aşyrmakda elektroenergetika aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzda geljegi uly bolan bu pudaga gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi yzygiderli artýar.
Häzirki wagtda türkmen energetika senagaty okgunly ösüş depgine eýe bolup, elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmaga ukyplydyr. Ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmak ileri tutulýan ugur bolup, iri senagat toplumlarynyň birnäçesiniň gurulmagy meýilleşdirilýär. Olaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek, şeýle hem elektroenergiýanyň eksport möçberlerini artdyrmak üçin bu pudagyň yzygiderli ösdürilmegini üpjün etmek zerur bolup durýar. Şonuň üçin elektrik energiýasyny öndürmek, bu ugurda täze mümkinçilikleri açmak we işe girizmek geljege gönükdirilen uzak möhletleýin döwlet ähmiýetli wezipedir.
Ýurdumyzda ulanylýan senagat we durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Welaýatlarda döwrebap gazturbinaly elektrik beketler, elektrik geçiriji ulgamlar, tok paýlaýjy podstansiýalar gurulýar, paýtagtymyzy, beýleki şäherleri we ilatly ýerleri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça täze taslamalar amala aşyrylýar. Pudaga ornaşdyrylýan täze usullar we ýurdumyzyň känlerindäki elektrik beketleri üçin ulanylýan ýangyçlaryň häzirki döwürde iň netijelisi we ekologiýa taýdan howpsuz hasaplanýany bolan tebigy gazyň ägirt uly gorlary milli ykdysadyýetmiziň möhüm pudagynyň öňünde durýan wezipeleri amatly çözmäge ýardam berýär.
Türkmenistanyň täze görnüşli gaz turbina elektrik beketleriniň, elektrik geçiriji ulgamlaryň gurulmagy, şeýle hem tebigy gaza baý gorlara eýe bolmagy bilen, bu ugurda uly mümkinçilikler açylýar. Tebigy gazyň gory ýurtda iri elektroenergiýa pudagyny ösdürmegiň esasyny emele getirýär. Häzirki döwürde döwletiň ägirt uly mümkinçilikleri bolan energiýa emele getiriji kuwwaty döredilendir. Ýurdumyzyň içerki halkalaýyn energoulgamy iri möçberli taslama bolup, ony durmuşa geçirmek işleri meýilnamalaýyn alnyp barylýar. Bu taslama ýurdumyzda elektrik energiýasynyň artdyrylmagyna hem-de Aşgabadyň we welaýatlaryň energoulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmek arkaly, içerki sarp edijileri energiýa bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu halkalaýyn energoulgamyň desgalaryna häzirki zaman kompýuter programmalary ornaşdyrylandyr. Sanly tehnologiýalar işi uzak aralykdan dolandyrmagy hem-de işiň bellenilen ölçegleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün eder.
Ýurdumyzda alnyp barylýan energetika syýasatynyň esasynda içerki sarp edijilerimizi elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, şeýle hem hoşniýetli goňşuçylygyň, parahatçylykly ýaşaýşyň, özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygyň hatyrasyna türkmen energiýa serişdelerini dünýä halklaryna hem elýeterli etmek maksady durandyr. Garaşsyz Watanymyzyň sebitde iň iri elektrik eksportçysy bolup durýandygy buýsandyryjy ösüşlerimiziň biridir. Garaşsyz Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça ädilýän ädimleriň ilerlemeginde elektroenergiýa pudagynda gazanylýan üstünlikleriň netijeleri ýokarydyr.
Şirin ANNAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.