Durnukly ösüşde ulag diplomatiýasynyň orny

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny, şol sanda ulag ulgamyny ösdürmegi, ony mundan beýläk hem kämilleşdirmegi öz içine alýar. Bu ugra gönükdirilen milli maksatnamalar taýýarlanylanda, esasan hem, dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ilerlemegi ýaly meseleleriň çözülmegine gönükdirilen işlere uly ähmiýet berilýär. Hut şu nukdaýnazardan, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 14-nji ýanwarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» kabul edilmegi döwletimizde geljegi uly bolan bu ugurda amala aşyrylmaly wezipeleri we maksatlary aýdyň kesgitledi. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde eden çykyşynda öňe süren teklipleri esasynda 2014-nji ýylda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylda «Durnukly, köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Rezolýusiýalar kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylda geçirilen 72-nji maslahatynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynyň dabaralanýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.  

                                                                   

Şeýlelikde, döwletimiziň ulag diplomatiýasy bilen bagly öňe sürýän başlangyçlary esasynda, 2016-njy ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen maslahat durnukly ulag ulgamy boýunça giň halkara gatnaşyklary iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmaga badalga berdi. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz: «Biz Türkmenistanda giň ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döredýäris. Bu milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegine we ahyrky netijede türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna kömek edýän durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmaga ýardam edýär» diýip belledi. 

                                                                   

Bulardan başga-da, häzirki wagtda biziň ýurdumyzda durnukly ulag ulgamyny döretmek bilen baglanyşykly birnäçe işleriň amala aşyrylandygyny bellemek möhümdir. Muňa mysal hökmünde Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurlup ulanylmaga berilmegini görkezmek bolar. 

                                                                   

Şeýlelikde, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» ýakyn geljekde amala aşyrylmaly anyk we aýdyň maksatlary hem-de wezipeleri kesgitlemek bilen, ýurdumyzda durnukly ulag ulgamynyň ösüşini üpjün etmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň mümkinçilikleri döreder. 

                                                                                                           

Maýsa KARAJAÝEWA,

                       

welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.