«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilenine 14 ýyl doldy. Bu sene mynasybetli ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda türkmen telekeçileriniň önümleriniň sergisi hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahaty geçirildi. Däp bolan forum ýurduň altyn gaznasyna öwrülen hususy pudagyň bedew batly ösüşlere beslenýändigini, türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň görkezdi.
«Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň tutýan paýyny artdyrmaga möhüm ähmiýet bereris. Ähli ugurlarda ýaşlaryň işewürlik başlangyçlaryny goldamaga, önümçilik düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen maliýe goýum syýasatyny işjeňleşdirmegi dowam etdireris» diýlip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileşmesiniň sergisine hem-de maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalýar. Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşanlar döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabaranyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy.
Sergide Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda giň gerimli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýän iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklaryny gurnadylar. Däp bolşy ýaly, sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň obasenagat toplumynda, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagatda işleýän agzalarynyň işi giňden görkezildi. Şolaryň hatarynda balyk ösdürip ýetişdirýän we gaýtadan işleýän «Hazar balyk» toplumyny, «Ak toprak» kärhanasyny, «Hoş zaman» guşçulyk fermasyny, «Elin balyk», «Bereketli», «Toý zaman» «Altyn hilal» hojalyk jemgyýetlerini, «Nurly meýdan» daýhan birleşigini görkezmek bolar.
«Hasar», «Misgär», «Duýgy», «Altyn ýunus» kärhanalary, «Bars», «Kindi», «Oguzhan» «Ak gar», «Datmeni» söwda belgili önümlerini çykarýan telekeçiler we beýlekiler süýji-köke önümlerini görkezdiler. Olaryň önümleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşda-da giň meşhurlyga eýedir. Olaryň ählisi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisine süýjüleriň, kökeleriň, lukumlaryň we beýleki nygmatlaryň täze görnüşlerini taýýarladylar.
Sergide Sanly ykdysadyýetiň 2019 – 2025-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň mümkinçilikleri bilen hem tanyşdyryldy. IT ulgamynda ýöriteleşdirilen hojalyk jemgyýetleri hem-de kärhanalar – «Ýokary tilsimatlar» merkezi, «Adyl açar», «Milli ulgam», «Awtomatizasiýa tehnologiýalarynyň merkezi» we beýlekiler öz mümkinçiliklerini beýan etdi. Bu kärhanalar döwrebap senagat we elektron önümlerini, töleg terminallaryny, okuw onlaýn-maksatnamalaryny, «akylly öýleri» öndürýärler.
Sergä gatnaşyjylar häzirki zaman senagat we elektron önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň bölüminiň önümleri bilen gyzyklandylar. Bu hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň görnüşleri yzygiderli artýar. Onda iki simkartly ykjam telefonlar, smartfonlar, dürli görnüşli monobloklar, smart-telewizorlary, häzirki zaman sowadyjylary, Internet ulgamynyň paýlaýjylary, agyz suwuny sowadýan we gyzdyrýan enjamlar öndürilýär.
Gurluşyk ulgamynda işleýän telekeçileriň bölümleri köp adamly boldy. «Çaly» hususy kärhanasy täzeçil tehnologiýalar esasynda ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň örän köp görnüşlerini taýýarlaýar. Diýarymyzda penaplast we ondan dürli görnüşli önümleri öndürýän «Ak hünji» nyşanly önümler sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu gün bu kärhana şeýle önümleriň 200-den gowrak görnüşini öndürýär. «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň önümleri we onuň alyp barýan işleri ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynyň ösüşi bilen baglanyşyklydyr. Onuň kärhanalarynda ýokary hilli, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem uly islegden peýdalanýan önümleriň 1 müň 500-den gowragy öndürilýär. Ýokary hilliligi, görnüşleriniň, bezegleriniň özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýan önümler «Derýakeramika» söwda nyşany bilen ýerlenilýär.
Sergide ulag we logistiki hyzmatlary ýerine ýetirýän hususy kärhanalaryň hem-de kompaniýalaryň üstünlikleri görkezildi. Şolaryň hatarynda «Bir dünýä», «Ulag ekspeditorçylyk hyzmatlary» hojalyk jemgyýetleri, «Bir Kuwwat» hususy kärhanasy we beýlekiler bar.
Umuman, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny açyp görkezýän sergide telekeçileriň dürli ugurlar boýunça öndürip başlan täze önümleriniň 100-den gowragyny görmek boldy.
Serginiň baş maksady telekeçileriň mümkinçiliklerini artdyrmakdan, maýa goýumlaryny geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirmekden ybaratdyr.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde maslahat geçirildi. Onda täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi. Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça kesgitlenen çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlar boýunça alyp barýan işleri baradaky hasabatlary diňlediler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň iri döwlet sargytlaryny ýerine ýetirmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi we beýleki wajyp meseleler barada pikir alyşmalar boldy.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň berýän uly goldawynyň, hususy işewürligi ösdürmek üçin döwlet tarapyndan döredilýän amatly şertleriň türkmen telekeçilerine geljege uly ynam bilen garamaga, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň, mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň bähbidine has-da tutanýerli zähmet çekmäge mümkinçilik berýändigini biragyzdan bellediler.
Maslahatyň çäklerinde dürli ugurlar boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Ýylyň iň gowy telekeçisi» bäsleşiginiň jemleri-de jemlenildi.