Habarlar
Bank işi: geljege gönükdirilen özgertmeler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-nji martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň täze düzümini düzmek bilen bagly hem-de ýurdumyzyň durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we çözgütler kabul edildi. Mejlisde döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümini tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. 

                                                                   

Hökümeti düzmegi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysadyýet we bank toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryny wezipä bellemekden başlamak bilen, hormatly Prezidentimiz ulgamyň öňünde durýan örän wajyp wezipeleri kesgitledi. Olaryň arasynda aýratyn orun bank ulgamyna degişlidir. Ulgamyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagy, onuň ýerine ýetirýän amallarynyň baýlaşdyrylmagy, müşderilere hödürlenýän hyzmatlaryň sanynyň artmagy, hiliniň ýokarlandyrylmagy ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna, kärhanalaryň maliýe-ykdysady durnuklylygyny üpjün etmäge ähli amatlyklary döreder. 

                                                                   

Ulgamyň işjeňligini ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, banklaryň esaslyk maýa goýum gorlaryny artdyrmak bilen baglydyr. Diňe berk binýatly serişde gorlary bolan banklar müşderileriň bu babatda amallaryna we hyzmatlaryna ösen islegini gysga wagtda, az harajat bilen, ýokary hilli ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Şondan ugur alyp, ýurdumyzyň banklary özüniň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, toplumlaýyn işleri geçirýärler. Ilatyň we edara-kärhanalaryň banklara ynamyny ýokarlandyrmak, wagtlaýynça ulanylmaýan pul serişdelerini goýuma çekmegi höweslendirmek, ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryna we telekeçilere uzak möhletli, uly möçberli ýeňillikli karzlary bermek, töleg-hasaplaşyk işlerini yzygiderli kämilleşdirmek, sanly ulgama geçmek, halkara maliýe guramalary bilen köpugurly, işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmak, maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmak ýaly wezipeler kesgitlendi. Olaryň üstünlikli çözülmegi ulgamyň işini düýbünden täze derejä çykarar we banklaryň serişde binýadyny berkider. Şeýlelikde, bank ulgamy diňe bir ileri tutulýan milli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» amala aşyrylmagyna hem saldamly goşant goşar. Munuň özi bank işiniň we ösüşiniň önümçilik, dolanyşyk we sarp ediş bilen berk baglanyşyklydygyny aňladýar. Banklar öz iş tejribesinde hojalyk işini kadalaşdyrmagyň umumy mehanizmine girmek bilen, býujet, salgyt, nyrh emele getirmek ulgamlary, şeýle hem nyrh we girdejiler syýasaty, daşary ykdysady gatnaşyklaryň şertleri bilen özara baglanyşykly hereket edýärler.  

                                                                   

Bankyň ösüşini kesgitleýän we işini kämilleşdirýän esasy şertleriň biri sagdyn bankara bäsdeşlikdir. Bu ýagdaýda banklar müşderi ugrunda göreşmäge, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, tölegini azaltmaga, hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge, bazara täze bank önümlerini hödürlemäge höwesli bolýar. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň banklary halkara maliýe edaralarynyň we ösen döwletleriň banklarynyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge aýratyn üns berýärler. Milli aýratynlyklarymyzy göz öňünde tutup, öz iş tejribelerini giňeldýärler. Şeýle oňyn çözgütleriň kabul edilmegi ulgamyň işini döwrüň talabyna laýyk ýola goýmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Ulgamyň işini kadalaşdyrmak maksady bilen, soňky ýyllarda banklary dolandyrmagyň hukuk eýeçilik görnüşi üýtgedilip, olar döwlet eýeçiliginden paýdarlar jemgyýetine tapgyrlaýyn geçirilýär. Şeýlelikde, banklaryň serişde binýady berkäp, hukugy we mümkinçiligi giňeýär. Ahyrky netijede, jogapkärçilik ýokarlanýar. 

                                                                   

Bank işiniň durnuklylygy köp babatda olaryň ýerine ýetirýän amallarynyň we hyzmatlarynyň töwekgelçilik derejesini peseltmek bilen baglydyr. Şeýle ýagdaýda banklar üçin amatly şert döreýär. Düşewüntlilige mümkinçilik artýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz banklaryň maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmalydygyny aýratyn nygtaýar. Hakykatdan hem ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan milli we sebit maýa goýum taslamalaryna banklaryň gatnaşmagy olaryň öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrylmagyna ähli amatlyklary döreder. Şeýlelikde, maýa goýum taslamalarynyň netijeliligi ýokarlanar, özüni ödeýän möhleti gysgalar. Ýurduň eksport mümkinçiligi artar, ykdysady kuwwaty berkär. Ilatyň iş üpjünçiligi we ýaşaýyş-durmuş şertleri has gowulanar. 

                                                                                                           

Baýramdurdy TAÝHAROW,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.

02.04.2022
Nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmak Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň möhüm ugrudyr

Häzirki döwürde ata Watanymyz ähli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýar. Şunda ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegi üçin nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar. 

                                                                   

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” tassyklanylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe gitmegine gönükdirilen maksatlara ýetmegiň ýolunda ädilen ähmiýetli ädim boldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli dabaradaky çykyşynda ösüşiň täze döwründe öz öňümizde has belent maksatlary goýandygymyzy belläp, biziň esasy maksadymyzyň mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekden ybaratdygyny nygtady. 

                                                                   

Şeýle hem nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine we onuň halkara energetika ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen syýasatyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigi bellenildi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleriň kemala getirilmegi, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, şeýle hem energiýa serişdelerini ugratmagyň köpugurly turbageçiriji ulgamynyň döredilmegi möhüm wezipe bolup durýar. 

                                                                   

Nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemekde ýöriteleşdirilen döwrebap toplumlaryň gurulmagy, “Barsagelmez”, “Goturdepe”, “Demirgazyk Goturdepe”, “Nebitdag”, “Altyguýy”, “Uzynada”, “Günorta Uzynada”, “Keýmir”, “Akpatlawuk” ýaly täze geljegi uly känleriň, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň we “Galkynyş” käniniň sanly tehnologiýalaryň, döwrebap enjamlaryňdyr programma üpjünçiliginiň ulanylmagynyň hasabyna senagat taýdan özleşdirilmegi bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berer. 

                                                                   

Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatlyklaryny tapgyrlaýyn artdyrmak, strategik taýdan möhüm taslamany — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak, “Bagtyýarlyk” ýatagynyň şertnamalaýyn çäklerinde täze ýataklary ulanmaga girizmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça iri senagat desgalaryny, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa we elektroenergetika pudaklaryna degişli desgalary, harytlyk gazy öndürmek boýunça zawodlary we gaz gysyjy desgalary, her welaýatda gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda polietilen we polipropilen, kauçuk we polisterol, poliwinil hlorid, poliwinil atsetat, metanol, sintetik dokma süýümlerini öndürmek boýunça kärhanalary gurmak göz öňünde tutulýar. Şunda önümçiligiň ekologik ýagdaýyna aýratyn üns berler. 

                                                                   

Nebitiň, gazyň we beýleki tebigy serişdeleriň täze ýataklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg işlerini giňeltmek, ýurdumyzyň belli ýataklarynyň çäklerinde geofiziki barlag işlerini geçirmek we gözleg guýularyny burawlamak, geljekde özleşdirilýän nebitgaz ýataklarynda nebiti we gazy amatly çykarmak üçin 4D gözegçilik tehnologiýasyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berjek meýdan seýsmiki toplumlarynyň 3D modelirlemeginiň täze usullaryny we programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. 

                                                                   

Mundan başga-da, nebitgaz ýataklarynda ulanylýan guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak üçin täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, buraw işlerini güýçlendirmek, täze, ýokary netijeli we ekologik taýdan arassa tehnologiýalara, nou-haulara esaslanýan önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar. Şunda çig maly çykarmakdan, gaýtadan işlemekden, önüm öndürmäge we bäsdeşlige ukyply ýokary goşmaça bahaly önümi ýerlemäge çenli doly zynjyr dörediler. 

                                                                   

Daşary ýurt maýa goýumlaryny we öňdäki wezipeleri çözmek üçin tejribeli kompaniýalary işjeň çekmek ýangyç-energetika ulgamynda döwlet strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz üstünlikli iş alyp barmak üçin ähli şertleri we amatly maýa goýum ýagdaýyny döredýär hem-de energetika ulgamynda uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. 

                                                                   

Ata Watanymyz geosyýasy taýdan amatly ýerleşmeginiň hem-de uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmagy netijesinde Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” ibermek boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeläp, dürli ugurlar boýunça, şol sanda Ýewropa we Aziýa bazarlaryna tebigy gazyň eksportyny artdyrmak üçin hem uly kuwwata eýedir. 

                                                                   

Türkmenistan dünýäniň onlarça döwleti, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, maliýe düzümleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Şolaryň hatarynda Hytaýyň kompaniýalary, hususan-da, dünýäde iň iri gaz känleriniň biri bolan “Galkynyş” känini özleşdirmäge, “Bagtyýarlyk” ýatagynyň şertnamalaýyn çäginde Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň esasynda gözleg işlerini geçirmäge, “Malaý” käninde kuwwatly gaz gysyjy bekedi işe girizmäge işjeň gatnaşýan Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) hem bar. 

                                                                   

Bular barada aýtmak bilen, Hazar deňziniň türkmen böleginde we kenar ýakasynda Önümi paýlaşmak barada ylalaşygyň esasynda eýýäm köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli işläp gelýän “Dragon Oil” (BAE), “Petronas” (Malaýziýa), “Eni” (Italiýa) ýaly meşhur kompaniýalary belläp geçmek gerek. Mundan başga-da, Hazar deňziniň “Dostluk” ýatagynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda uglewodorod serişdelerini çykarmak we özleşdirmek işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

Ýurdumyzda nebiti we gazy çykarmagyň ýokary derejesi köp halatda ýataklary işläp taýýarlamagyň netijeli tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmak arkaly üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen “Goturdepe” ýatagyndaky gatlaklaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak we guýulary düýpli abatlamak boýunça elin hyzmatlary bermek barada Ylalaşyga gol çekilmeginiň ähmiýetini bellemek gerek. 

                                                                   

Şeýle hem “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny ösdürmegiň konseptual strategiýasy” atly tehniki-ykdysady esaslandyrmanyň işläp taýýarlanylmagynyň mümkinçiliklerini agzap geçmek ýerlikli bolar. Onuň çäklerinde ýangyç-energetika toplumynyň zawodlaryny ösdürmegiň anyk ugurlaryny, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän gymmat bahaly nebit önümleriniň görnüşlerini artdyrmagyň maksadalaýyklygyny kesgitlemek, şeýle hem daşary ýurt bazarlarynda nebit we nebithimiýa önümlerine bolan islegden we bar bolan serişde mümkinçiliklerinden ugur alnyp hereket edýän tehnologik desgalary döwrebaplaşdyrmagyň we täze desgalary gurmagyň mümkinçiliklerini hem-de ugurlaryny öwrenmek meýilleşdirilýär. Şunda onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de ekologik taýdan arassa önümçiligi döretmäge gönükdirilen çäreler göz öňünde tutular. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, wodorod ýangyjynyň, bioýangyjyň, yşyklandyryş we tehniki kerosiniň, suwuklandyrylan nebitgazyň, dürli görnüşli dizel ýangyjynyň, tehniki çalgy ýaglaryň we polipropileniň, şeýle hem gyzdyrylan elektrod koksunyň, ýol we gurluşyk bitumynyň önümçiliklerini ýola goýmak möhüm bolup durýar. 

                                                                   

Ýurdumyzda Gün we ýel energiýasyny peýdalanýan tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň önümçiligi mundan beýläk-de ösdüriler, “ýaşyl” energetika tehnologiýalaryna maýa goýumlaryň mukdary artdyrylar. 

                                                                   

Energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek täze ekologik standartlaryň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalary paýlaşmak, tebigy gazy we nebiti çykarmak, gaýtadan işlemek üçin ýurdumyza täze enjamlary getirmek maksady bilen, maýadarlary çekmek, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri ornaşdyrmak geljekki işleriň ileri tutulýan ugurlary bolar. 

                                                                   

Türkmenistan dünýäniň esasy energetika döwletiniň biri hökmünde Milletler Bileleşiginiň ünsüni energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine çekmek bilen, mundan beýläk-de maksada gönükdirilen halkara işini dowam etmegi maksat edinýär. 

                                                                   

Umuman, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi hem-de nebitgaz senagatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga we halkymyzyň rowaçlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berer. 

                                                                                                           

(TDH)

02.04.2022
Durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň strategik maksatnamasy

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurduň täze döwür üçin uzak möhletlik ösüş ýoluny aýdyňlaşdyrdy. Bu maksatnamada ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady ösüşiň milli nusgasynyň döwletimiziň doly syýasy bitewüligini we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üznüksiz ýokarlanmagyny üpjün edýändigi nygtalýar. Şunda durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýetiniň ýurdumyzda kemala gelen we özgerýän milli nusgasynyň baş maksadynyň hojalyk gatnaşyklarynyň erkinligine, peýdaly bäsdeşlige şert döretmekden, innowasion esasda we tebigy serişdeleri aýamak bilen, jemgyýetiň ösýän maddy, ruhy isleglerini kanagatlandyrmakdan, senagat önümçiligini, hyzmatlar ulgamyny pudaklaýyn, sebitleýin we üznüksiz hem-de deň ölçegli ösdürmekden ybarat bolup durýandygy bellenilýär. Maksatnamanyň we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň bütin mazmuny şu baş maksatdan ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmegiň, hojalyk meseleleriniň durmuş we ekologik meseleler bilen utgaşykly çözülmeginiň zerurlygy ykdysady ulgamyň dolandyrylyşyny kämilleşdirmekde hem möhüm wezipeleri öňde goýýar. Ol wezipeler täze strategik maksatnamada jikme-jik beýan edilýär. Bu wezipelerden gelip çykýan möhüm ykdysady çäreleriň hataryna, ozaly bilen, şular degişli bolup durýar:  

                                                                   

 — ozaldan işläp gelýän senagat kärhanalarynyň durkuny täzeläp, olary doly önümçilik kuwwatyna çykarmak; 

                                                                   

— harytlaryň we hyzmatlaryň ýerleşdirilişini artdyrmak üçin ýurduň içerki bazarynyň sygymyny giňeltmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek; 

                                                                   

 — eýeçiligi hususylaşdyrmagyň barşynda durmuş-ykdysady durnuklylygyň kepili hökmünde orta synpyň emele gelmegini gazanmak; 

                                                                   

 — zähmetiň kadalaşdyrylyşyny we hakynyň tarifleşdirilişini kämilleşdirmek işini çaltlandyrmak; 

                                                                   

 — ýurduň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegini önümçiligi rejeli ýerleşdirmek arkaly dowam etdirmek; 

                                                                   

— milli ykdysadyýetiň dolandyrylyşyny onuň durmuşa gönükdirilen bazar nusgasyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak üçin durmuş-ykdysady ösüşi seljermegiň we çaklamagyň usulyny kämilleşdirmek.  

                                                                   

Şonuň ýaly-da, orta möhletli geljekde ýerden we suwaryş suwundan rejeli peýdalanmak, ekinleriň hasyllylygyny we mallaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, ekerançylykda suwaryşyň suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalaryny tapgyrlaýyn ornaşdyrmak we ony ykdysady taýdan höweslendirmek, keseligine we dikligine önümçilik bileleşmesini ösdürmek üçin oba hojalyk kärhanalaryny we daýhan hojalyklaryny institusional taýdan pugtalandyrmak, durmuş-ykdysady ösüşiň döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine hususy kärhanalaryň indikatiw meýilnamalaşdyryş esasynda çekilmegini guramaçylykly ýola goýmagyň kämil mehanizmini döretmek, ykdysadyýetiň institusional düzümini ösen bazar gatnaşyklaryna laýyklykda kämilleşdirmek üçin telekeçilik işi bilen meşgullanýan iri fiziki taraplaryň kärhanalara öwrülmegini ýola goýmak, ykdysady maksadalaýyklyga görä, milli ykdysadyýetiň düzüm emele getiriji pudaklaryndan başga pudaklarynda daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagyndaky bilelikdäki kärhanalaryň, şol sanda hususy kärhanalaryň hem döredilmegini giňeltmek, ýurtdaky haryt öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin ykdysady monopolizmi düzgünleşdiriş çärelerini yzygiderli kämilleşdirmek ýaly ugurlar bilen utgaşykly durmuşa geçirilmegi öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam eder. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasynda ylmyň aýry-aýry ileri tutulýan ugurlary boýunça degişli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen düýpli we amaly ylmy-barlag işleriniň guralyşyny utgaşdyrmak babatdaky işler hem bellenendir. Olaryň hatarynda, hususan-da, şu çäreleri aýratyn bellemek mümkin: 

                                                                   

— ýerli çig mallardan dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup biljek önümleri öndürmegiň ylmy esaslaryny, tehnologiýalaryny işläp düzmek hem-de önümçilige ornaşdyrmak; 

                                                                   

— milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň, edara-kärhanalarynyň serişdelerini ýurdumyzy ylmy-innowasion esasda sanlylaşdyrmak we senagatlaşdyrmak işine gönükdirmäge gatnaşmak; 

                                                                   

— Türkmenistanyň geologiýa-tektoniki şertleri üçin seýsmiki howpa hem-de seýsmiki töwekgelçilige baha bermegiň täze usullaryny işläp taýýarlamak; 

                                                                   

— türkmen halkynyň taryhy, medeni we edebi mirasynyň öwrenilmegini dowam etdirmek hem-de ony häzirki we geljekki nesillere has giňişleýin elýeterli etmek. 

                                                                   

Milli ylym ulgamynyň ösdürilmegi bilen baglylykda, ylmy-guramaçylyk işleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi zerur bolup durýar. Şonda düýpli we amaly ylmy barlaglaryň özara baglanyşykly ösmegine ýardam bermek, akademiki, pudaklaýyn we ýokary okuw mekdeplerindäki ylmy barlaglaryň häzirki zaman bitewi usulyýet binýadyny kemala getirmek hem-de kämilleşdirmek üçin ylmyň aýry-aýry iri ugurlary boýunça ylmy temalary ýerine ýetirijileriň, aspirantlaryň, doktorantlaryň we alymlyk derejesine dalaşgärleriň gatnaşmagynda ylmy-usulyýet okuw maslahatlarynyň geçirilmeginiň hemişelik esasda ýola goýulmagy, şonuň ýaly-da dünýä ylmynyň ösüş meýillerini hem-de milli ylmyň öňünde durýan özboluşly aýratynlyklary nazara almak bilen, tejribeli alymlar tarapyndan ylmyň pudaklary boýunça ylmy-usulyýet gollanmalarynyň taýýarlanmagy hem-de neşir edilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar.  

                                                                   

Durmuş-ykdysady ösüşiň derwaýys meselelerini öwrenýän ykdysadyýet ylmy barada aýdylanda, ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady çaklaýşyň orny ýokarlanýar. Mälim bolşy ýaly, çaklaýyş durmuş-ykdysady ösüşi meýilnamalaşdyrmagyň möhüm bölegi bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, ylmy çaklaýşyň we strategik meýilnamalaşdyryşyň özara baglanyşygy durmuş-ykdysady ösüşiň geljegi boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan hasaplamalary çözgüt kabul ediji edaralaryň hajatlaryna gönükdirmek arkaly üpjün edilýär. Şunda ýurduň ykdysady ulgamyny dolandyrýan döwlet edaralarynyň hem-de ykdysady ylmyň wekilleriniň tagallalarynyň birikdirilmegi täze döwrüň talaby bolup durýar. 

                                                                   

Şeýlelikde, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň geljek 30 ýyl üçin kabul edilen Milli maksatnamasy ýurduň şu döwürde durnukly ösmeginiň ýoluny kesgitledi. Bellenen çäreler agzybir türkmen jemgyýetiniň tagallalaryny aýdyň maksatlarda birleşdirýär. 

                                                                                                           

Araznury ATAÝEW,

                       

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady ylymlar bölüminiň müdiri, ykdysady ylymlaryň doktory.

01.04.2022
Ykdysadyýet: iş bilen üpjünçilik

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Halkymyzyň esasy böleginiň, has hem çet-gyradaky sebitlerde ýaşaýan ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum syýasatyny işjeňleşdireris» diýip belleýär. Bu jümle «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem öz beýanyny tapýar. Onda ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, ilatyň iş bilen üpjünçilik we adam kapitaly meseleleri boýunça-da birnäçe wezipeler kesgitlenen. 

                                                                   

Halkyň bähbidine gönükdirilen islendik syýasat döwletiň ykdysady ösüşinde belent sepgitleri nazarlamaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ýurtda raýatlaryň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak we täze iş orunlaryny döretmek babatda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň esasy maksatlarynyň biridir. COVID-19 pandemiýasy zerarly dünýä ykdysadyýetinde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, täze iş orunlaryny döretmek boýunça döwlet tarapyndan kabul edilýän çözgütler netijeli zähmet bazaryny guramakda, pudakda täze ugurlaryň ýüze çykarylmagynda edilýän tagallalardan nyşandyr.  

                                                                   

Ýurdumyzda ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak ugrunda döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän işleri degişli kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginde hem görmek bolýar. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny», «Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny» we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» görkezip bileris. Durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işleriň çäklerinde, ýakyn geljekde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda täze iş orunlarynyň ýüzlerçesiniň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurduň makroykdysady görkezijisi bolan jemi içerki önümiň ösüşine oňyn täsir etmek bilen, işsizligiň pes derejesiniň üpjün edilmegine ýardam berer. 

                                                                   

Ykdysady nazaryýetde islendik döwletde iş bilen üpjünçilik meselesi gozgalanda, işsizlik bilen bagly gürrüňlere-de ýüzlenmeli bolýar. Olar özara aýrylmaz baglanyşykly bolup, ýurduň ykdysady ösüşini düzýän esasy makroykdysady görkezijiler hökmünde çykyş edýär. Bu meseleler, ähli döwürde bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletlerinde-de ýüze çykýar. Hut şu nukdaýnazardan, makroykdysady meseleleriň hatarynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we işsizligi aradan aýyrmak boýunça döwlet tarapyndan täze gurallaryň ulanylmagy we çäreler toplumynyň işlenip düzülmegi zerurlyk hökmünde ýüze çykýar.  

                                                                   

Işsizligi aradan aýyrmak meseleleriniň hatarynda, eýeçiligine garamazdan, hereket edýän ähli edara-kärhanalar tarapyndan hünärine degişlilikde bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlary gyzyklanýan taraplara yzygiderli geçirmegiň kämilleşdirilmegi, ýagny Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň degişli müdirliklerine habar bermegi ýa-da gündelik neşirlerde hünärmen ýa-da işgär zerurlygy boýunça bildirişleriň yzygiderli çap edilmegi; işgär düzümini degişli edara-kärhanasy tarapyndan hünäre ugrukdyrmak we gaýtadan taýýarlamak üçin okuw merkezlerini, ýörite gulluklary döretmek boýunça işleri amala aşyrmak hem-de häzirki wagtda ýokary depginde alnyp barylýan hususy pudagyň ornuny ýokarlandyrmak ýaly umumy çäreler toplumyny görkezmek bolar.  

                                                                   

Iş bilen üpjünçiligiň ýokarlanmagy, işsizlik meselesiniň aradan aýrylmagy halkyň durmuş-ýaşaýyş derejesini we alýan girdejilerini ýokarlandyrýar, şeýle-de ýerli kärhanalaryň önümçilik möçberiniň, şol bir wagtda ýurduň eksport mümkinçiliginiň artmagyna şert döredýär. Döwletimizde bu ugurda alnyp barylýan düýpli durmuş özgertmeleriniň hatarynda raýatlary durmuş taýdan goramak, ilatyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, medeni-durmuş ulgamyny netijeli ösdürmek, ýaşaýyş jaý üpjünçiligini gowulandyrmak bilen birlikde, daşky gurşawy goramak boýunça çäreler toplumyny mysal getirip bileris. 

                                                                   

Ilatyň girdejilerini artdyrmak ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge esasynda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokary derejesini üpjün etmek wezipesinden ugur alnyp, her ýylda Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň 10 göterim ýokarlandyrylmagy hem-de dünýäde dowam edýän häzirki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ykdysadyýetimiziň ösüş depgininiň 6,2 göterimde saklanyp galmagy ýurdumyzda durmuş meseleleriniň has netijeli çözülmegine ýardam berýär.  

                                                                   

Işçi güýjüniň, ýagny iş bilen meşgullanýanlaryň esasy toparynyň hususy pudakda zähmet çekmegi ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär. 2025-nji ýyla çenli makroykdysady görkeziji bolan jemi içerki önümde hususyýetçiligiň paýyny 73,2 göterime ýetirmegiň esasy wezipe hökmünde kesgitlenmegi bolsa iş bilen üpjünçilik meselesinde, umuman, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda döwlete dahylsyz bölegiň tutýan ornunyň uludygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                                                           

Jumageldi SALAMOW.

                       

«Türkmenistan».

01.04.2022
Forumyň baş maksady — ählumumy energetika howpsuzlygy

29-njy martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady. Forumy «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar.

 Paýtagtymyzda dünýäniň onlarça döwleti bilen onlaýn tertipde geçirilen bu çäräniň baş maksady ýurdumyzyň energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek we ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr. 

                                                                   

Forumyň işine ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň belli nebitgaz işewür düzümleriniň, maliýe edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, bu ugurda ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri gatnaşdylar. Umuman, foruma dünýäniň 32 döwletinden kompaniýalaryň 90-synyň wekilleri gatnaşdylar. 

 Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda milli nebitgaz pudagynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň «Dragon Oil», «Fluхys», «Gaffney Сline» kompaniýalarynyň, Dubaý Elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi edarasynyň (DEWA) ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk häzirki döwürde dünýädäki durnukly ösüşiň esasy şerti bolup durýar. 

                                                                   

30-njy martda — forumyň ikinji güni «Täze energetika eýýamynda maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri», «Durnukly energetikany goldamakda maliýe institutlarynyň orny», «Uglewodorodlary çykarmakda we ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmakda innowasion tehnologiýalar we nou-haular», «Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek we ugratmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň tejribesi, mümkinçilikleri we geljegi» ýaly degişli mowzuklar boýunça öz işini dowam etdi. Onda dünýäniň belli nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri bu ugurda toplan tejribeleri we täze işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrdylar. Halkara forum ýangyç-energetika pudagy boýunça türkmen we daşary ýurtly hünärmenleriň pikir hem-de tejribe alyşmagy babatda netijeli häsiýete eýe boldy. Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.  

                                                                   

Halkara çäräniň jemleýji gününde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirildi. Olarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlar özara bähbitli gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 

                                                                                                           

«Nesil».

01.04.2022
Elektrik energiýasynyň önümçiligi ýokarlandyrylýar

Ýurdumyzyň energetika ulgamyny döwrüň talabyna laýyk ösdürmek, bu ulgamyň pudaklaýyn düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, önümçilige täze tehnologiýalary, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, täze kuwwatlyklary döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, tutuş sebit üçin möhüm ähmiýetli iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Şu babatda demirgazyk welaýatyň iri senagat kärhanalarynyň biri hasaplanýan «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginde hem göwnejaý işler alnyp barylýar.  

                                                                   

Öz düzümine 9 sany etrap, 2 şäher elektrik ulgamlaryny birleşdirýän bu önümçilik birleşigi sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly derejede üpjün etmek maksady bilen elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, täze energetika desgalaryny gurmak, bar bolan desgalaryň sazlaşykly işlemegini gazanmak babatynda zerur çäreleri geçirýär. Birleşigiň hasabynda dürli kuwwatlykly transformator beketleriniň 3400-den gowragy, elektrik geçiriji ulgamlaryň bolsa 330-dan gowragy bar. Häzirki wagtda jemi 12 müň 500 kilometrden gowrak elektrik geçirijileri bolup, olaryň galabasy howa, 200 kilometre barabary hem kabel arkaly geçiriji ulgamlardyr. Birleşigiň hasabyndaky 50-den gowrak elektrik bekedi arkaly welaýatyň ilaty, sarp edijiler gije-gündiziň dowamynda elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edilýär. Kuwwatlylygy 254 megawatdan hem köp bolan, iki sany gazturbinaly stansiýanyň öndürýän energiýasy welaýatyň sarp edijilerinden daşary beýleki ýurtlara hem iberilýär. Sebitde durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen baglylykda, geljekde bu elektrik stansiýasyny ýönekeý dolanyşykdan bug-gaz dolanyşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreleriň amala aşyrylmagy bolsa tebigy gazy sarp etmezden goşmaça elektrik energiýasyny öndürmäge, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni almaga, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Täze taslama laýyklykda, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy hem 25 kilometre barabar bolan Daşoguz — Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy ugry boýunça iki zynjyrly howa elektrik geçirijisini çekmek göz öňünde tutulýar. Maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylmagy bu döwrebap stansiýada öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini has-da artdyrmaga oňaýly şertleri döredýär. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda halkalaýyn energoulgamyň Balkan — Daşoguz ugry boýunça ikinji tapgyrynda gurluşyk-gurnama işleri ýokary depgine eýe bolýar. Jemi uzynlygy 560 kilometre barabar iki zynjyrly ýokary woltly elektrik geçirijiniň bu ugrunyň uly bölegi Garagum sährasyny aralap gidýär. Onuň baş maksady ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan, ähli welaýatlary bitewi energetika halkasyna birleşdirmek arkaly içerki sarp edijileriň bu zerurlyk bilen üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybaratdyr. Bu ugur boýunça gurluşyk işlerinde kuwwatly gurluşyk tehnikalary, beýleki gurallar netijeli ulanylýar.  

                                                                   

— Ýurdumyzyň iki welaýatyny halkalaýyn ulgama birleşdirýän ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň gurulmagy diňe bir ýurdumyz däl, eýsem, tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýedir — diýip, «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginiň 35 kW ýokary elektrik geçiriji ulgamlar gullugynyň başlygynyň orunbasary Maksat Girmanow aýdýar.  

                                                                   

— Ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň gurluşygy häzirki zamanyň ekologik talaplaryna laýyk alnyp barylýar. Howa elektrik geçirijisiniň tebigy şertlerde bökdençsiz işlemegi üpjün edilýär. Şeýle geçirijileriň ýokarsyndan ýyldyrym çakmasyndan sowmaga mümkinçilik berýän ýogyn zynjyr geçirilýär. Şol zynjyrlar ulgamyň bütin ugry boýunça aragatnaşygy amala aşyrmaga hem mümkinçilik döredýär. Bu işlerde dört aýakly, kuwwatly sütünleriň berk oturdylmagyna aýratyn üns berilýär. Şeýle halkalaýyn ulgamyň gurulmagy welaýatymyzyň elektrik energiýasy bilen has-da ygtybarly üpjün edilmegini şertlendirýär. Bu ajaýyp işler goşmaça elektrik energiýasynyň öndürilmegine, pudagyň önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagyna täze mümkinçilikleri açýar — diýip, Maksat Girmanow sözüniň üstüni ýetirdi. 

                                                                                                           

Amanmyrat SAPAROW.

                       

«Türkmenistan».

01.04.2022
Halkara forum: ýetilen sepgitler we täze mümkinçilikler

Uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän taraplaryň köpelmegi ýurdumyzda deňhukukly we özara bähbitli esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň barha ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 29-njy martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň öz işine başlamagy hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklaýar.  

                                                                   

Halkara forumy «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar. Dünýäniň onlarça döwleti bilen onlaýn tertipde geçirilen bu çäräniň baş maksady ýurdumyzyň energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek we ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr. Onuň işine ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň belli nebitgaz işewür düzümleriniň, maliýe edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, bu ugurda ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri gatnaşdylar. Foruma dünýäniň 32 döwletinden kompaniýalaryň 90-synyň wekilleriniň gatnaşýandygy dünýäniň işewür toparlary tarapyndan ýurdumyza maýa serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň barha artýandygyny tassyklaýar. 

                                                                   

Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Onda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giň gerim bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň ähmiýetiniň uludygy, milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça eziz Diýarymyzda giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylýandygy bellenilýär. Bu halkara maslahatyň daşary ýurt işewürlerine ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollary bilen tanyşmaga mümkinçilik berjekdigi aýratyn bellenilýär. 

                                                                   

Halkara forumyň çäklerinde «Bütindünýä energetika ulgamynyň geljegi» mowzugynda geçirilen plenar mejlisde türkmen tarapynyň wekili ýurdumyzyň Aziýanyň nebitgaz bazarynda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Häzirki wagtda ýurdumyz tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça Russiýadan, Eýrandan we Katardan soňra, dördünji orny eýeleýär. Türkmenistan tebigy gazy has düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge uly ähmiýet berip, energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän ýurt hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, energetika eksportunyň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna bazarda eýeleýän ornunyň häsiýetini hem hil taýdan özgerdýär. 

                                                                   

Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hem-de Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda pudagyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri bilen berk baglanyşyklydyr. Çykyş edenler bu ulgamdaky geljekki meýilnamalar barada aýdyp, ýurdumyzyň serhedinden Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gazy akdyrmak üçin niýetlenen täze, dördünji şahanyň çekiljekdigini nygtadylar. 

                                                                   

Plenar mejlisiň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de sanly ulgam arkaly «CNPC» kompaniýasynyň wise-prezidenti we «PetroChina» kompaniýasynyň prezidenti Huang Ýunçžan, Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Gi Lens çykyş etdiler. 

                                                                   

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk häzirki döwürde dünýädäki durnukly ösüşiň esasy şerti bolup durýar. Bu möhüm ulgamda özara bähbitleriň deňagramlylygy esasynda guralýan deňhukukly halkara hyzmatdaşlyk uzak möhletli geljek üçin ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegidir. 

                                                                   

Soňra forumyň işi «EKSPO — 2020» bütindünýä sergisinden (Dubaý, BAE) teleköpri arkaly alnyp görkeziliş bilen dowam etdi. Şol bir wagtyň özünde Aşgabat bilen «Sebitdäki energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň orny» atly mejlis guraldy. 

                                                                   

Dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna doly derejede ýakynlaşmak ugruna eýerýän Türkmenistanyň EKSPO sergisinde kuwwatyny üstünlikli görkezýändigini bellemek gerek. Milli bölümimiziň mowzugy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylýar. Dünýä derejesindäki bu abraýly we giň gerimli, köp pudakly çärede ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň baý milli medeniýeti görkezilýän sergi uly meşhurlyga eýe bolup, bu ýere gelýän adamlarda uly gyzyklanma döredýär. 

                                                                   

«Sebitdäki energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň orny» atly mejlisiň dowamynda bolsa milli nebitgaz pudagynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň «Dragon Oil», «Fluxys», «Gaffney Cline» kompaniýalarynyň, Dubaý Elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi edarasynyň (DEWA) ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri çykyş etdiler. 

                                                                   

30-njy martda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işini dowam etdi. Oňa gatnaşyjylar «Täze energetika eýýamynda maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri», «Durnukly energetikany goldamakda maliýe institutlarynyň orny», «Uglewodorodlary çykarmakda we ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmakda innowasion tehnologiýalar we nou-haular», «Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek we ugratmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň tejribesi, mümkinçilikleri we geljegi» mowzuklaýyn mejlislerde möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

                                                                   

Forumyň ikinji gününde dünýäniň nebitgaz kompaniýalarynyň toplan tejribeleriniň we täze işläp taýýarlamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we kesgitlemek üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Forumyň çäklerinde birnäçe resminamalara hem gol çekildi.

31.03.2022
Ykdysady garaşsyzlygyň miwesi

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda welaýatymyzyň çäginde Malaýyň kuwwatly gaz gysyjy desgasy, Kerki şäherinde halkara howa menzili, Çärjew, Kerki, Döwletli, Dänew etraplarynda azyklyk önümleri ýetişdirýän döwrebap ýyladyşhanalaryň uly toplumy guruldy, Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda täze önümçilikler işe girizildi, welaýatymyzyň ilatyna guralýan bank, aragatnaşyk, söwda hyzmatlarynda kämil tehnologiýalar ornaşdyryldy.  

                                                                   

Il-ýurt bähbitli işleriň sanawyny näçe uzaltsaň uzaldybermeli. «Halkyň Arkadagly zamanasyna» şamçyrag bolup ýalkym saçýan bu işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da giň gerimde ýaýbaňlanýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hasabyna durnukly ösüşiň berk binýady döredilýär. Döwletimiziň oýlanyşykly hem-de parasatly syýasaty bilen ýurdumyzyň ykdysadyýeti garaşsyz ösüşleriň ýolunda ynamly gadam urýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenilip düzülen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady strategiýasy öňde goýlan wezipäni üstünlikli amala aşyryp biljekdigine bolan ukybyny iş bilen subut edýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda meýilleşdirilen wezipeleriň uly toplumy yzygiderli amala aşyrylýar. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiz köpugurly we bäsdeşlige ukyply derejä eýe boldy. Maglumatlara görä, 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ykdysady ösüşiň depgini 5,9, 2021-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemi boýunça 6,2 göterime çenli ýokarlandy. Ýurdumyzda maliýe ulgamynyň durnuklylygy saklanylýar. Ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň paýy ýylsaýyn artýar. Bu paýyň jemi içerki önümiň 70 göterimini düzýändigi örän guwandyryjydyr.  

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda eşretlerimize eşret goşulýar. Azyklyk önümleriň bolçulygy döredilýär. Welaýatymyzda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän senagat düzümi hereket edýär. Il-ýurt bähbitli maksatnamalary durmuşa geçirmäge ägirt uly maýa serişdeleri bölünip berilýär. 2025-nji ýyla çenli aralykda welaýatymyzyň ykdysadyýetine jemi 31,7 milliard manat maýa goýum goýmak işi dowam edýär. Kärhanalaryň hususylaşdyrylmagy bilen milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, senagat önümçiliginiň netijeliligini artdyrmaga, hususy telekeçiligi depginli ösdürmäge giň mümkinçilik döredi. Oba hojalyk ekinleriniň hasyl berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen ýerleriň hususyýetçilere paýlanylyp ugramagy hem ykdysady ösüşlere amatly şertleri döredýär. Amala aşyrylýan işler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň has gowy ýaşamagyny üpjün edýär. 

                                                                                                           

Güljan  GURBANSÄHEDOWA,

                       

welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

31.03.2022
Ykdysady ösüşleriň gadamlary

Sazlaşykly  ösýän  pudak 

                                                                   

Berkarar Watanymyz “ak altyna” deňelýän pagta çig malyna örän baý döwletdir. Pagta çig malyny rejeli we netijeli ulanmak dokma pudagynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu bolsa bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän pagta hasylyny dolulygyna gaýtadan işläp, dürli görnüşli önümleri öndürmäge hem-de müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde dokma senagaty pudagyny ösdürmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän, kämil enjamlar bilen üpjün edilen dokma kärhanalary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dokma senagaty pudagynyň ösüşine öz mynasyp goşandyny goşýan kärhanalaryň  biri-de   Sakarçäge etrabyndaky Gurbansoltan Atamyradowa adyndaky pagta egirme fabrigidir. Howlusy gür baglyga bürenip oturan, bu kärhana 1995-nji ýylda gurlup, ulanylmaga berlipdir. Içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan ýüplükleriň birnäçe görnüşini öndürýän bu kärhanada 240  iş orny bar.  

                                                                   

Bu ýerde barlaghana, darak, lentalaýjy, egriji we gaplama bölümleri bar. Kärhananyň barlaghana bölüminde ýüplükleriň hil görkezijileriniň häzirki zaman talaplaryna, ekologik talabalaýyklygy kesgitlenilýär. Şeýle-de, ýüplükleriň çeýeligi, olaryň towunyň berkligi kesgitlenilip degişli netijeler berilýär. 

                                                                   

Germaniýanyň, Italiýanyň ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen iş stanoklarynyň 60-dan gowragy nah pagtany darap, lentalap, egrip, ýokary hil derejeli ýüplükleri öndürmek üçin sazlaşykly we gurat işledilýär. Taýýar önümi gaplaýjy bölümde ýörite gaplanylyp müşderilere günibirin ugradýarlar.  

                                                                   

— Işler gije-gündiz üç iş çalşygynda alnyp barlyp, üznüksiz iş önümçiligi üpjün edilýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda zähmet adamsynyň aladasy edilýän ýurdumyzda işgärleriň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmagyň aladasy edilýär. Kärhanamyzda işgärler üçin ýörite naharhana, dynç alyş otagy, şeýle-de sport meýdançasy bar. Olar ýörite egin-eşikler, awtobus gatnawy bilen üpjün edilýär. Baýramçylyk çäreleri geçirilip, özara ýaryşlaryň ýeňijileri gymmat bahaly sowgatlar bilen höweslendirilýär. Bu bolsa işiň  ilerlemegine uly itergi berýär — diýip, fabrigiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Gülaýym Rejepowa gürrüň berýär. 

                                                                   

Bu kärhanada önümçilikde ýokary netijelere eýe bolýan, özüniň ýokary ussatlygy bilen tanalýan öňdebaryjylaryň atlary agzalanda, darak bölüminiň ussasy Arslan Badyýewiň, lentalaýjy bölümiň ussasy Batyr Sähedowyň, egriji bölümiň ussasynyň kömekçisi Arslan Meredowyň, gaplaýjy bölümiň işçisi Maksat Orazowyň atlary hormat bilen tutulýar. 

                                                                   

 Sähet  HOJAGELDIÝEW. 

                                                                   

 “Maru — şahu jahan”. 

                                                                   

 SURATLARDA: önümçilikden iş pursatlary. 

                                                                   

 Suratlary düşüren  Şamyrat AMADOW.  

                                                                   

   Ygtybarly kepil 

                                                                   

  Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň maliýe ulgamynda hem-de şonuň bilen aýrylmaz baglanyşykda bolan ätiýaçlandyryş işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Ätiýaçlandyryş işi ätiýaçlandyrýanlary maliýe we durmuş babatynda dürli tebigy hadysalardan we tebigy betbagtçylyklardan goramaga gönükdirlendir. Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň esasy maksady, ýurduň maliýe ýagdaýyny berkitmekden, şeýle hem ilatyň we ýurduň edara-kärhanalaryň ätiýaçlandyryş hyzmatlaryna isleglerini halkara derejesinde bähbitli şertlerde doly kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalary ilata halkara ätiýaçlandyryşyň talaplaryna laýyk gelýän hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär. Fiziki we ýuridik şahslaryň işinde hem-de durmuşynda gerek bolan goraglylygyň gözbaşy bolan ätiýaçlandyryşyň elýeterliligini we ýokary hilliligini üpjün etmekde dünýäniň öňdebaryjy tejribesinden peýdalanylýar. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hem bank töwekgelçiliklerini ätiýaçlandyrmak boýunça ätiýaçlandyryşyň birnäçe   görnüşlerini hödürleýär. Sebäbi, ýurdumyzyň bank ulgamynyň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegi halkara ülňülerine laýyklykda, bank edaralarynyň işiniň netijeli guralmagyny, bank töwekgelçiliklerini dolandyrmagyň wajyp ugurlarynyň kämilleşdirilmegini talap edýär. Bu bolsa öz gezeginde bank töwekgelçiliklerini netijeli dolandyrmagyň we olary ätiýaçlandyrmagyň zerurlygyny ýokarlandyrýar. 

                                                                   

 Aýgül KAKAGELDIÝEWA.  

                                                                   

 Türkmengala etrabynyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň hünärmeni. 

                                                                   

 Hyzmatdaşlyk  ösdürilýär 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň depginli ösdürilmegine ýardam edýär. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy Garaşsyz döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna we ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna itergi berýär. Bu aýdýanlarymyza Garaşsyz döwletimiziň dürli künjeginde gurlup, ulanmaga berilýän kämil tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary dolulygyna şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Islendik döwletiň durnukly ösüşi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly öňe gitmegi bilen baglydyr. Şonuň üçinem ýurdumyzyň senagat, ýangyç-energetika, oba hojalygy pudaklarynda gazanylýan üstünlikleriň bady artýar. Şol bir wagtda daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyňam gerimi giňeýär. Bu bolsa hyzmatdaş döwletleriň hemmetaraplaýyn ösüşli ýolunyň rowaç almagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigine bolsa iş tejribämizde göz ýetirýäris.  

                                                                   

 Begenç ATAMYRADOW. 

                                                                   

 Welaýat gümrükhanasynyň gümrük gözegçiligi  bölüminiň müdiri, maýor. 

                                                                   

  Kämil  tehnologiýalar 

                                                                   

 Arkadag Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamynyň ýyllarynda iri möçberli ykdysady özgertmeler ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny çalt depginlerde ösdürmekde uly ähmiýete eýe boldy. Ýurt Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu iri pudagyň önümçilik kuwwatynyň öňdebaryjy täze tehnologiýalaryň hasabyna döwrebaplaşdyrylmagy netijeli ädim boldy. Garaşsyz döwletimizde arassa energiýa çeşmesi bolan elektrik energiýasynyň öndürilişi üzül-kesil artdyryldy.  

                                                                   

Soňky ýatlanymyza mysal hökmünde, Garaşsyz döwletimiziň energetika pudagynyň öňbaşçysy bolan Mary DES-niň senagat zolagynda işe girizilen döwrebap elektrik stansiýalarynyň ikisini agzamak bolar. Dürli kuwwatlykly bu täze desgalar iň täze tehnologiki enjamlar, innowasiýalar bilen üpjün edilendir. Olardaky tehnologiki önümçiligiň ykdysady tygşytlylyk babatda-da, ekologiýa taýdan has arassa önümçiligi bilenem düýpli tapawutlanýandygyny ýatlamalydyrys. Bu bolsa, ykdysady ösüşiň rowaç alyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýylsaýyn ýokarlanmagyna itergi berýär. Möhüm pudakdaky şeýle ösüş depgini milli ykdysadyýetimiziň öňe gitmeginde aýgytly ädimdir. 

                                                                   

 Çaryýar AKMYRADOW. 

                                                                   

 TDEI-niň uly mugallymy.

31.03.2022
Nebitgaz pudagy ösüş ýolunda

29-njy martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady. Forumy «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar. Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy üns bilen diňlenildi. 

                                                                   

Paýtagtymyzda dünýäniň onlarça döwleti bilen onlaýn tertipde geçirilen bu çäräniň baş maksady ýurdumyzyň energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek we ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr. Foruma dünýäniň 32 döwletinden kompaniýalaryň 90-synyň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň ikinji gününde dünýäniň nebitgaz kompaniýalarynyň toplan tejribeleriniň we täze işläp taýýarlamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Şeýle hem, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we kesgitlemek üçin ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. 

                                                                                                           


                       

«Aşgabat».

31.03.2022
Senagat pudagynyň depginli ösüşi

Ýurdumyz täze önümçilikleri döretmekde zerur bolan çig malyň dürli görnüşlerine we baý gorlaryna eýe. Şunda, hususan-da, himiýa, gazhimiýa senagatynyň, gurluşyk industriýasynyň we beýleki pudaklaryň esasy bolan tebigy gazyň, nebitiň, mineral çig mal serişdeleriniň uly ýataklary senagat taýdan özleşdirilmäge degişlidir. Başgaça aýdylanda, nebit, tebigy gaz we gaz kondensaty diňe bir ýangyç serişdelerini däl, eýsem, möhüm himiki önümleri almak üçin-de çig maldyr. Tebigy gazyň düzümindäki metan, etan, propan uglewodorody, geliý, kükürtwodorod maddalaryny, metil spirtini, polimer materiallary, belok-witamin konsentratlaryny, geliý gazyny, arassa kükürdi we beýlekileri almaga mümkinçilik berýär. Önümçiligi barha artýan azot dökünleriniň kärhanalarynda hem tebigy gaz ulanylýar. Geljekde bolsa bu ugurdan gazhimiýa toplumynyň dürli pudaklaryny döretmäge doly esas bar. Bu jähetden, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, gazhimiýa önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmegiň döwrebap önümçiliklerini döretmek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň himiýa pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biridigini nygtaýar. Ýurdumyzyň himiýa senagaty uzak möhletleýin we durnukly ösüşiň esasyny goýýan hem-de ykdysadyýetdäki düzümleýin özgertmelere oňat täsir edýän senagatyň binýatlaýyn bölegidir. Himiýa senagatyny ösdürmegiň maksatnamasy soňky ýyllarda ýerli çig maly doly peýdalanmaga, ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga, daşardan satyn alynýan önümleri özümizde öndürmäge, pudagyň kuwwatyny artdyrmaga, obasenagat toplumyny durnukly ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýle hem mineral dökünleriň öndürilişini artdyrmak meselesine aýratyn üns berilýär. 

                                                                   

Ýurdumyz mineral çig mal gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Şol baýlyklaryň biri-de düzüminde ýod we brom saklaýan ýokary minerallaşan ýerasty suwdur. Şolaryň esasynda häzirki wagtda Hazaryň himiýa, Balkanabadyň, Berekediň ýod zawodlarynda ýokary hilli ýod öndürilýär. 

                                                                   

Hususan-da, Hazaryň himiýa, Balkanabadyň ýod zawodlarynyň ulanýan suwunyň duzlulygy bir litrde 170 — 220 grama barabardyr. Berekediň ýod zawodynda bolsa Seýitkerdere käniniň çig mal hökmünde ulanylýan suwunyň duzlulygy ep-esli pes bolup, ol bir litrde 25 — 29 gram töweregidir, ýöne onda ýoduň mukdary has ýokarydyr. Ýerasty ýod-bromly suw bolsa himiki düzümi boýunça şerebeleriň II synpynyň natriý-kalsiý hloridleriniň toparyna degişlidir. Suwda ähli duzlaryň diňe 0,02-0,025 göterimi ýod; 0,20-0,25 göterimi brom bolup, galanlary — 99,75 göterimi beýleki makroduzlardyr. Olaryň düzüminde ýod we bromdan başga-da litiý, bor, stronsiý, rubidiý, seziý ýaly tebigatda seýrek duşýan gymmatly elementleriň ençemesi bar. Bu seýrek we dagynyk elementleriň adaty magdan çeşmeleriniň azalandygy sebäpli, soňky döwürde olary, esasan, şeýle gidromineral serişdelerden almaga uly üns berilýär.  

                                                                   

Günbatar Türkmenistanyň täze açylan ýod-brom känleriniň — Çukurguýy, Guýular, Gögerendag-Garadaşly, Inderlen we beýleki känleriň özleşdirilmegi netijesinde geljekde ýoduň öndürilişi has hem artar. Şonda Türkmenistan ýod öndürmegiň mukdary boýunça Çili, Ýaponiýa, ABŞ ýaly ýurtlaryň hataryna girer. Häzirki wagtda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň ýod zawodlarynda ýerasty ýodly we bromly suwy gaýtadan işlemek arkaly, ýokary hilli tehniki ýoduň 500 tonnadan gowragy öndürilýär, onuň aglaba bölegi bolsa daşary ýurtlara iberilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Balkan welaýatyndaky «Balkanabat» ýod zawodynyň düzüminde tehniki ýod, brom we bromly önümleri öndürmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda taslama kuwwaty 450 tonna bolan bu zawodda tehniki ýoduň ýylda 340 tonnasy öndürilýär. Geljekde ýodly we bromly guýularda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek, kärhananyň düzüminde täze önümçilik desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şu maksat bilen tehniki ýod, brom we bromly önümleri öndürýän desgalary gurmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň arasynda bäsleşik geçirmek teklip edildi. Hödürlenen teklipler makullanylyp, ýurdumyzyň günbatar sebitinde hereket edýän iri zawodlarda ýokary hilli tehniki ýoduň öndürilýän möçberini artdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça işleri dowam etdirmek hem-de bu işe uly tejribä we tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurtly kompaniýalary işjeň çekmek bellenildi. 

                                                                   

Aslynda, çig malyň senagat taýdan özleşdirilmegi diňe bir onuň gorlary bilen kesgitlenmän, eýsem, köp sanly çylşyrymly tehniki-ykdysady we tehnologik meseleleri çözmek bilen hem baglanyşyklydyr. Bu babatda mineral baýlyklaryň düzüminiň çylşyrymlylygy, alynýan önümiň himiki aýratynlyklary, galyberse-de, çig malyň ýerleşýän ýerleriniň tebigy şertleri ýaly köp sanly faktorlar alymlaryň we hünärmenleriň öňünde täzeden çözülmeli meseleler bolup durýar. 

                                                                   

Şu ýerde ýene bir möhüm zat hakynda gürrüň etmek zerur: suw adamzat durmuşy we halk hojalygy üçin iň wajyp tebigy baýlyklaryň biridir. Şonuň üçin-de suw serişdelerini goramak we ondan rejeli peýdalanmak derwaýys mesele hasaplanýar. Şeýle bolansoň, duzly suwy tehniki serişdeleriň kömegi bilen süýjütmek barha giň gerim alýar. Häzirki wagtda bu usul bilen Awazada, Balkan welaýatynyň beýleki ýerlerinde deňiz suwy süýjedilýär. Olarda hem, esasan, himiki tehnologiýalar we materiallar peýdalanylýar.  

                                                                   

Senagat kärhanalarynyň suw galyndylary-da bu babatda belli bir çeşme bolup biler. Bir gezek ulanylandan soň, kärhanalar suwy senagat galyndysy hökmünde uly möçberde daşky gurşawa akdyrylýar. Şol sebäpden, şeýle suwy degişli derejede arassalap, gaýtadan ulanmak ykdysady we ekologik taýdan uly ähmiýete eýe. Çünki köp sanly senagat kärhanalarynda, hususan-da, himiýa, gurluşyk, ýeňil we azyk senagaty pudaklarynda zyňyndy gaty galyndylar, hapalanan suw, gaz emele gelýär. Şonuň üçin-de halk hojalygynyň ösmegi bilen, tebigy çig mal serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň we daşky gurşawy goramagyň zerurlygy derwaýys ekologik mesele hökmünde ýüze çykýar. Häzirki wagtda adaty ulanylyp gelinýän gaty magdan gorlarynyň barha azalýandygy sebäpli, dünýäde käbir elementleri we maddalary ýerasty gidromineral çig mal serişdelerinden almaga uly üns berilýär. Olaryň düzüminde ýod bilen bromdan başga-da, bor, litiý, stronsiý, seziý, rubidiý, kaliý ýaly gymmatly elementler hem saklanýar.  

                                                                   

Nebitgaz guýularyndan çykýan ugurdaş suwy yzyna — ýer astyna goýbermek, olaryň düzümindäki peýdaly minerallary almagyň usullaryny işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak hem alymlaryň öňünde duran derwaýys meseledir. Bu babatda türkmen alymlary tarapyndan dünýä tejribesinde ilkinji gezek yssy we gurak howa şertlerimizde, açyk howdanlarda suwy bugartmak arkaly, baýlaşdyrmagyň we himiki önümleri almagyň işlenip düzülen toplumlaýyn tehnologiýasy ulanylyp bilner. Bu bolsa ekologik sowatlylygyň we bilimiň ähmiýetini has-da artdyrýar.  

                                                                   

Innowasion tehnologiýalara bolan isleg diňe bir himiýa ýa-da nebitgaz senagatynda däl, eýsem, gurluşyk materiallary, ýeňil, azyk, dokma energetika, dag-magdan we beýleki pudaklarda-da barha artýar. Şeýle bolansoň, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işlemäge ukyply, giň düşünjeli tehnolog hünärmenlere bolan isleg-de barha ýokarlanýar. Olaryň taýýarlanylyşy has çeýe, ýagny önümçiligiň islegine görä, dürli ugurlarda işlemäge ukyply edilip guralsa, geljekki hünärmenleriň ýurdumyzyň dürli kärhanalarynda işläp bilmegine mümkinçilik berer. Şunda ähli tebigy maddalary gaýtadan işlemek boýunça ulanylýan tehnologiýalaryň fiziki-himiki esaslary, hadysalary, enjamlary, umumy tehniki dersleri biri-birine örän ýakyn. Şeýle diýildigi, aslyýetinde, ähli tebigy çig maly gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly bolan ugurlary maddy-tehniki serişdeler, hünärmenler bilen üpjün etmek meselesini belli bir derejede umumylaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň üçin bolsa önümçilik pudaklarynyň ylmy-barlag edaralar, ýokary okuw mekdepleri bilen has ýakyn hyzmatdaşlyk saklamaklary örän möhümdir.  

                                                                                                           

Hojanepes ÝOWJANOW,

                       

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory, tehniki ylymlaryň doktory.

31.03.2022
Beýik ösüşleriň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri belent maksatly ösüşleri bagyş edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşyny halkymyz buýsanç bilen diňledi. Bu taryhy pursatlar ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyryny aýdyň beýan edýär. Türkmen halky täze bir taryhy wakanyň şaýady bolýar. Geljek 30 ýylyň dowamynda amala aşyryljak işler şu günden gözbaş alýar, hormatly Prezidentimiziň belent maksatlaryndan myrat tapýar. Şonuň üçin hem halkymyz bu taryhy wakalara buýsanç bilen garaýar we ynamly öňe barýar.  

                                                                   

Eziz Diýarymyzda belent maksatly işler has-da rowaçlanýar, sazlaşykly işler ýola goýulýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýurdumyzy mundan beýläk-de täze sepgitlere çykarar. Bu Milli maksatnamanyň özeninde geljek 30 ýyly üstünliklere hem-de döwrebap ösüşlere beslemek goýulýar. Milli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen sanly ulgam hem ösdüriler, döwrebap mümkinçilikler dörediler. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde uly ösüşleri üpjün etmekde sanly ulgamyň möhüm ugurdygyny aýratyn bellemek gerek. Şunda häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanmak baş ugur bolup durýar.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda şeýle belledi: «Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris». Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň has-da rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär.  

                                                                   

Sanly ykdysadyýeti kemala getirmekde elektron senagatynyň ösdürilmegi, innowasion, ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň ýola goýulmagy, aň-bilim mümkinçilikleriň artdyrylmagy, ýörite bilimli hünärmenleriň taýýarlanmagy ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmek üçin bäsdeşlige ukyply harytlaryň eksportunyň möçberlerini artdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, import harytlarynyň ýerini tutýan harytlaryň öndürilişini has-da giňeltmek boýunça toplumlaýyn işler üstünlikli dowam etdirilýär. Bularyň hemmesi ykdysadyýetimiziň ösüşleriniň aýdyň geljegi nazarlaýandygyny görkezip, ýurdumyzyň abraýynyň dünýä dolmagyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Şonuň üçin hem häzirki döwürde ylmyň iň täze gazananlary üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi gönüden-göni bedew batly ösüşleriň has-da rowaçlanmagyna mümkinçilik döredýär.  

                                                                                                           

Bibijemal KAKABAÝEWA,

                       

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

28.03.2022