Bedew batly beýik işler

2022-nji ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri

Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň jemleri Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda alnyp barylýandygyny görkezdi.

  • Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň çäginde ähli pudaklaryň we sebitleriň durnukly ösüşi üpjün edilýär hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär.
  • Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişi 10,7 göterim ýokarlandy. Geçen iki aýda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işiniň netijeleri Garaşsyz döwletimiziň depginli ösmegini dowam edýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önümi öndürmek boýunça görkezijiler, ýylyň başyndaky ýaly, ýagny 6,2 göterim möçberde saklanýar. Geçen iki aýda oba hojalygynda ösüş depgini 3,2 göterim, söwda ulgamynda 8,8, ulag we aragatnaşyk pudagynda bolsa, 4 göterim boldy. Häzir ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryna golaý bolan, aglabasy bolsa, durmuş maksatly dürli desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Ýanwar-fewral aýlarynyň netijeleri boýunça bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy boýunça 30,7 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 106,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 96,9 göterim berjaý edildi. Iri we orta kärhanalar boýunça ortaça aýlyk iş haky 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim artdy. Aýlyk iş haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary doly möçberde maliýeleşdirildi. Rejelenen Milli oba maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 101 sany durmuş maksatly desgalaryň, suw arassalaýjy desgalaryň 35-siniň, 326 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de düzümleýin ulgamlaryň gurluşygy alnyp baryldy.
  • Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijesinde, nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak boýunça meýilnama 100,8 göterim, nebiti gaýtadan işlemek boýunça - 110,3 göterim, benzin öndürmek boýunça –117,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça – 116 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça – 111 göterim, polipropileniň öndürilişi boýunça – 118,9 göterim, daşary ýurtlara tebigy gazy ibermegiň meýilnamasy 114,7 göterim ýerine ýetirildi.
  • Hasabat döwründe gurluşyk-senagat ulgamynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 156 göterim ýerine ýetirildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107 göterim berjaý edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 159,2 göterim ýerine ýetirildi. Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 133,3 göterim berjaý edildi.
  • Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 104 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 109,4 göterime deň boldy. Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümleriň mukdary, şol sanda nah ýüplügiň we nah matalaryň önümçiligi degişlilikde, 130,5 göterime hem-de 124,4 göterime, tikin we trikotaž önümleriň önümçiligi 118,7 göterime, gön önümleriň önümçiligi 109,6 göterime barabar boldy. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda haly önümlerini öndürmek boýunça meýilnama 114 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt çig-mal biržasy tarapyndan birža söwdalarynyň 49-sy geçirilip, 5 müň 560 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýanwar-fewral aýlarynda amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 104,1 göterime deň boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň iki aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň mukdarynyň ösüşi 162,8 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 113,7 göterime barabar boldy.
  • Hasabat döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi dowam etdi. Bilim bermek işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyrylýar. Okuw kitaplary, gollanmalar neşir edildi. Sanly bilimi ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bilim bermegiň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hilini üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Şu döwürde geçirilen halkara internet we ders bäsdeşliklerinde Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň hem-de talyplarynyň gazanan altyn, kümüş we bürünç medallary bilim ulgamynda alnyp barylýan syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy boldy. Şeýle hem ýanwar-fewral aýlarynda sanly ulgam arkaly halkara guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar hem-de daşary ýurtlaryň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen onlaýn okuw-usuly maslahatlar geçirildi. Türkmenistanyň Milli bilim institutynda döwrebap aragatnaşyk tehnikalary, kompýuter enjamlary we serwerler bilen üpjün edilen «Maglumata elýeterlilik merkezi» işe girizildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde işler alnyp baryldy. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça işler dowam etdirildi. Buýan köküni gaýtadan işläp, glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hem Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 – 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy. Şeýle hem hasabat döwründe 2022-nji ýylda meýilleşdirilýän tomusky Aziýa oýunlaryna, 31-nji tomusky Uniwersiada, dünýä we Aziýa çempionatlaryna hem-de beýleki iri halkara ýaryşlaryna türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi.
  • Ulag-kommunikasiýa toplumy tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,3 göterime deň boldy. Özleşdirilen maýa goýumlar boýunça bellenilen tabşyryk 105,6 göterim berjaý edildi.
  • Hasabat döwründe 2022-nji ýylyň şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen, dabaraly maslahatlar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, döredijilik duşuşyklar we sergiler geçirildi, wagyz-nesihat işleri dowam etdirildi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen maksatnamalary giňden wagyz etmek maksady bilen, «Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy» atly maslahatlar geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde sanly ulgam arkaly dürli çäreler geçirildi. Türkmen hünärmenleri onlaýn tertibinde halkara maslahatlaryň we okuw maslahatlarynyň birnäçesine gatnaşdylar. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegini wagyz etmek maksady bilen, dabaraly maslahat we sergi guraldy. Metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda, Internet saýtlarda ýurdumyzyň özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanýan uly üstünlikleri hem-de medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek bilen bagly dabaralar giňden beýan edildi.
  • Oba hojalyk toplumyna degişli ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgininiň 110,7 göterime deň bolandygy bellenildi. Bu görkeziji Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça - 111,1 göterim, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça - 105,1 göterim hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça - 103,5 göterim üpjün edildi.
  • Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny hem-de öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işler amala aşyryldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary derejedäki saparlara hem-de duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýylyň 3-5-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary boldy. Saparyň çäklerinde milli Liderimiz Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de HHR-iň Başlygy bilen gepleşikleri geçirdi. Ýanwar aýynda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitine hem-de «Merkezi Aziýa – Hindistan» Sammitiniň birinji duşuşygyna gatnaşdy. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem-de «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri boldy. Şu ýylda ýurdumyzda geçiriljek möhüm halkara çärelerine taýýarlygyň dowam edýändigi habar berildi. Şol çäreleriň hatarynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Sammiti, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji parlamentara forumy, BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty bar. Hasabat döwründe sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 198-si geçirildi. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýylyň dowamynda 7 resminama gol çekildi. Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli dowam etdirilýär. Ýylyň başyndan bäri bu ugurda duşuşyklaryň hem-de maslahatlaşmalaryň birnäçesi geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu Gurama goşulýan döwlet (ýagny işjeň synçy) derejesine eýe bolandygy bellenildi. Ikitaraplaýyn Hökümetara toparlarynyň we beýleki degişli düzümleriň mejlisini guramak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
  • Hormatly Prezidentimiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar astynda geçýän ýylyň 1-nji martynda Milli Geňeşiň agzalary bilen geçiren duşuşygy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka boldy. Milli Liderimiziň öňde goýan wezipeleri, 2022-nji ýylda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň alyp barmaly işleriniň esasy ugurlary boýunça tassyklanylan iş meýilnamalary hem-de çäreleri milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işlerde esasy ýol-ýörelge bolup durýar. Mejlisiň iş toparlarynda ýylyň başyndan bäri kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda kanunylygy we hukuk tertibini berkitmek, raýatlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, köp çagaly maşgalalaryň hem-de çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar. Şeýle hem hereket edýän kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Mejlisiň wekilleri halkara we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň çäklerinde kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek hem-de döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi baradaky meseleler boýunça halkara guramalary bilen bilelikde geçirilýän okuw maslahatlaryň hem-de duşuşyklaryň 18-sine gatnaşdylar, şolaryň 11-si sanly ulgam arkaly guraldy.
  • Hormatly Prezidentimiziň Milli Geňeşiň iki palatasynyň wekilleri bilen duşuşygy möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka hökmünde jemgyýetde uly seslenme döretdi. Döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşynda öňdäki işleriň maksatlary we wezipeleri kesgitlenildi, 2022-nji ýylda Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiň bilelikde ýerine ýetirmeli işleriniň we geçirmeli çäreleriniň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu duşuşykda öňde goýlan wezipeler, teklipler, maslahatlar parlamentarileriň alyp barýan işinde ýol görkeziji we gymmatly gollanma boldy. Halk Maslahatynyň agzalary giň wagyz-nesihat işlerini alyp barmak bilen, döwletimiziň parasatly we öňdengörüjilikli daşary hem-de içeri syýasatynyň, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy çözgütleriniň, kabul edilýän kanunlaryň ähmiýetini düşündirýärler.

* * *

Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. Munuň özi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerini ýerine ýetirmäge we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.