Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: eşretli ertirleriň aýdyň maksatlary

Garaşsyzlyk ýyllarynda öňümizde duran möhüm işleri amal etmek üçin berk binýat döredildi. Bu ýyllar halkyň örän uly, egsilmez mümkinçiliklerini giňden açyp görkezdi. Şu döwürde gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyz, nesillerden-nesillere geçip gelýän beýik ynsanperwer däplerimiz dikeldildi. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda halkyň milli gymmatlyklary esasynda döwrüň demokratik kadalary özleşdirildi. Şu ýyllaryň içinde öňki, esasan, çig mal öndürýän ýurtdan kuwwatly, gaýtadan işleýän pudaga eýe ýurda öwrüldik. Netijede, ýurdumyzy şu gün we geljekde ösdürmek üçin ruhy we maddy binýat döredildi. 

                                                                   

Gazanylan üstünlikler Türkmenistanyň ösüşiň dogry ýoluny saýlap alandygyna şaýatlyk edýär. Dünýä ýüzi ýurdumyzyň durnuklylyk, jebislik ýagdaýynda yzygiderli we sazlaşykly ösüşine kanagatlanma bilen syn edýär. Halkara gatnaşyklar boýunça täze filosofiýamyz «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýlip atlandyrylyp, ol anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, umumy ykrar edilen we hemmelere düşnükli ynsan gymmatlyklaryna esaslanýar. Bu dünýä ýurtlary bilen bähbitli hyzmatdaşlyk alyp barmaga, täze belentliklere çykmaga mümkinçilik döredýär. 

                                                                   

Häzirki döwürde edilmeli işler Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 11-nji fewralynda bolup geçen mejlisinde takyk kesgitlendi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnama geljek 30 ýylyň toplumlaýyn strategik wezipelerini hem-de maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ugurlaryny belläp, halkymyz üçin mundan beýläk-de has amatly ýaşaýyş şertleriniň döredilmegine badalga berdi.  

                                                                   

Görşümiz ýaly, häzirki döwürde etmeli işler kesgitlenip, geljegiň aýdyň ýoly şöhlelenýär. Şol ýol bilen üstünlikli öňe gitmek üçin kabul edilen strategik meýilnamany, onda kesgitlenen wezipeleri gündelik işleriň üsti bilen çözmeli bolýar. Ol hem hakykat. Takyk we dogry bellenen maksatlaryň üstünliklere getirýändigini durmuş tejribesi görkezýär. Ähli ugurlarda netijeli we döredijilikli zähmetiň guralmagy geljekki üstünliklerimiziň kepilidir. Bu bolsa ösüşiň esasy şerti hökmünde adam faktorynyň ornunyň ýokarlanýandygyny aňladýar. Şol faktoryň hilini kesgitleýän ugurlaryň netijeli işlemegi döwrüň talaby bolup durýar. Milli maksatnamada şol talaby amal etmek möhüm mesele hökmünde kesgitlenen. Şonuň esasynda ösüşiň täze nusgasy kemala gelýär. Şol nusganyň mümkinçiliklerini häsiýetlendirmek maksady bilen, nebitgaz pudagyny ösdürmek bilen baglanyşykly meselede öňe sürlen çözgüde ýüzleneliň. Halk Maslahatynyň mejlisinde şu maksat bilen topluma goşmaça serişdeleri bermek barada karara gelnendigi aýdylyp, munuň döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysady we maliýe tarapdan ösendigini, pudaklaryň işini kämilleşdirmek üçin öz maýa goýumlaryny goýmaga ukyply, kuwwatly döwlete öwrülendigini aňladýandygy bellenildi. Häzirki döwürde dörän mümkinçilikleriň munuň şeýledigini görkezýändigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, şol mümkinçiliklere eýe nusganyň aýratynlyklary bolup, döwletiň býujet syýasatynyň kämilleşdirilmegi esasynda ykdysady serişdeleriň geljegi uly umumymilli taslamalarda jemlenmegi, milli ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýçleriniň biri bolan telekeçiligiň geljekde-de goldanylmagy, ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, innowasion ýagdaý üçin amatly şertleriň döredilmegi, bazar gatnaşyklarynyň täze ugurlarynyň kesgitlenip, ykdysady ösüşiň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, innowasiýalara esaslanýan işewürligiň täze görnüşleri bolan iri kompaniýalaryň döredilmegi çykyş ederler.  

                                                                   

Milli maksatnamada nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipelere ýüzlensek, bu ýerde geljekde-de Türkmenistanyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermekde özüniň öňdeligini berkitmegi dowam etmek maksady bilen nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen häzirki zaman toplumlarynyň gurluşygyny, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak, şol sanda wodorod energetikasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy has netijeli dowam etmek nebitgaz pudagynyň wajyp wezipesi hökmünde kesgitlendi. Şu wezipeleri amala aşyrmagyň hasabyna gaz pudagynda çig maly çykarmakdan we gaýtadan işlemekden ýokary goşulan bahasy bolan önümleri öndürmäge we ýerleşdirmäge çenli doly önümçilik halkasy dörediler. Şeýle halka ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda-da kemala geler. Bu bolsa inžener-tehniki, tehnologik çözgütleri kabul etmek işini täze derejä çykarar. Ulgamlaýyn tehniki taslamalary düzmeli bolar. Bu taslama diňe bir tehniki-tehnologik çözgütleri göz öňünde tutman, adamyň hem önümçilikdäki, hem-de tehnologik ýagdaýlary, gatnaşyklary dolandyrmakdaky ornuny kesgitlemeli bolar. Şeýlelikde, türkmen jemgyýetinde tehniki-tehnologik çözgütler aýratyn orna eýe bolar. Ylym-bilim we inžener-tehniki işgärleriň, umuman, hünärmenleriň döredijiligi esasynda täze ýaşaýyş giňişligi kemala gelýär. Ol adamzadyň eşretli ýaşamagy üçin şertleri döredýär. Şonda tebigy baýlyklary rejeli ulanmak üçin alymlar, inženerler, umuman, akyl zähmeti bilen meşgul bolýanlar, bir tarapdan, adamzadyň mynasyp ýaşamagy üçin oňaýly usullary döretmeli, ikinji tarapdan, şol usullaryň tebigata zelel ýetirmezligi üçin öz wezipelerine durmuşy we etiki jogapkärlik esasynda amal etmeli. Şu wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde döwrüň ruhy şertleri we ýokary talaplary esasynda ýetişen ylymly-bilimli ýaşlara, hünärmenleriň täze nesline bil baglanyp, olaryň daşary ýurtly deň-duşlary bilen ylym-bilim işlerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygy öňe çykýar. Özi-de bu ýerde ýaşlaryň halkara ylmy-barlag taslamalaryna işjeň gatnaşyp, strategik innowasion ugurlar boýunça geljekde daşary ýurt ylmy-barlag birleşmelerine goşulyşmagynyň zerurlygy döräp, şunuň bilen baglanyşykly täze syýasy we ykdysady ugruň ýaşlara oňat bilim bermäge, diýmek, has mynasyp geljegi üpjün etmäge gönükdirilendigi aýdyň bolýar. Bu ýaşlara bildirilýän uly ynamdyr. Bildirilýän uly ynama eýe bolup, oňa öz hünäriň üsti bilen jogap bermek her bir ýaş adam, şol sanda inžener-tehniki işgär üçin zerurdyr. Bu ynam ýaşlara ylym-bilim berýän, olary durmuşa taýýarlaýan alymlara, professor-mugallymlara hem bolan ynamdyr. Bu ynam ussat halypalaryň ýaş nesli ýetişdirmek bilen baglanyşykly işlerine jogapkärçiligini artdyrýar. Sebäbi olaryň alyp barýan işi geljekde ýurdy, dünýäni özgerdiji adamlary, öz hakyky şägirtlerini kemala getirmek bilen bagly. Hünärmenleriň täze nesli ýurdumyzy ösüşiň täze derejesine çykarar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtady. 

                                                                   

Kämil bilim-terbiýeli ýaş hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işlere nebitgaz pudagynyň mysalynda garalyň. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde döwlet tarapyndan bu ýokary okuw mekdebiniň öňünde goýlan wezipeleri amal etmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Bu ýerde, ilki bilen, toplumyň degişli hünärmenlere zerurlyklary seljerilip, şoňa laýyklykda, pudagyň degişli edaralary bilen bilelikde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksatnamasy işlenip düzüldi we tassyklandy. Şonuň ýaly-da, uniwersitetiň ýanynda mugallymlary, ylmy işgärleri, pudak boýunça alymlyga dalaşgärleri taýýarlamak boýunça Ylmy-barlag we okuw merkezi döredildi. Häzirki döwürde bu ýerde uniwersitetiň ýaş mugallymlary ýörite taýýarlanan maksatnamalar esasynda okuw taýýarlygyny geçýärler. Bu hem ýaş mugallymlaryň we geljekki nebitçi inženerleriň ylmy-döredijilik işlerini işjeňleşdirmäge, pudagyň öňünde duran önümçilik meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmagyna esas döredýär. Bu ýerde mümkinçilikler örän kän. 

                                                                   

Häzirki döwürde pes uglerodly energetikany döretmek işine işjeň goşulyşýan wagtymyz uniwersitetde dünýä ylmyna çuňňur aralaşmak üçin halkara derejä laýyk gelýän şertleriň döredilendigi göz öňünde tutulyp, bu ýerde wodorod energiýasy boýunça merkez döredildi. Onuň esasy maksady wodorod energiýasyny öndürmek we ulanmak boýunça ýurdumyzda synag taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly taslamalary taýýarlamakdan ybaratdyr. Şeýle uly wezipäni amal etmek üçin uniwersitet inženerçilik biliminiň, tejribesiniň we ylmynyň iň soňky gazananlaryny özünde jemlemeli bolýar. Munuň üçin bizde ähli mümkinçilikler döredilen. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetikasy pudagyna köp möçberde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy kämilleşdiriler» diýip belledi. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan şu ýylyň başynda ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylan netijeler geljekki üstünliklerimizi kepillendirýär. Bu bolsa ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda işleýän we geljekde işlejek hünärmenleriň täze nesliniň, ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň öňde duran beýik maksatlary durmuşa geçirmäge öz döredijilikli zähmetleri, tehniki-tehnologik çözgütleri, ylymda we bilimde gazanan üstünlikleri bilen goşant goşup, halkyň gurujy, dörediji, oýlap tapyjydygyny ýene bir ýola tassyklap, ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny mundan beýläk-de ýokary galdyrjakdygyna pugta ynam döredýär. 

                                                                                                           

Nurýagdy SUWHANOW,

                       

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory.