Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Halkymyzyň esasy böleginiň, has hem çet-gyradaky sebitlerde ýaşaýan ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum syýasatyny işjeňleşdireris» diýip belleýär. Bu jümle «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem öz beýanyny tapýar. Onda ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, ilatyň iş bilen üpjünçilik we adam kapitaly meseleleri boýunça-da birnäçe wezipeler kesgitlenen.
Halkyň bähbidine gönükdirilen islendik syýasat döwletiň ykdysady ösüşinde belent sepgitleri nazarlamaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ýurtda raýatlaryň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak we täze iş orunlaryny döretmek babatda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň esasy maksatlarynyň biridir. COVID-19 pandemiýasy zerarly dünýä ykdysadyýetinde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, täze iş orunlaryny döretmek boýunça döwlet tarapyndan kabul edilýän çözgütler netijeli zähmet bazaryny guramakda, pudakda täze ugurlaryň ýüze çykarylmagynda edilýän tagallalardan nyşandyr.
Ýurdumyzda ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak ugrunda döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän işleri degişli kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginde hem görmek bolýar. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny», «Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny» we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» görkezip bileris. Durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işleriň çäklerinde, ýakyn geljekde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda täze iş orunlarynyň ýüzlerçesiniň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurduň makroykdysady görkezijisi bolan jemi içerki önümiň ösüşine oňyn täsir etmek bilen, işsizligiň pes derejesiniň üpjün edilmegine ýardam berer.
Ykdysady nazaryýetde islendik döwletde iş bilen üpjünçilik meselesi gozgalanda, işsizlik bilen bagly gürrüňlere-de ýüzlenmeli bolýar. Olar özara aýrylmaz baglanyşykly bolup, ýurduň ykdysady ösüşini düzýän esasy makroykdysady görkezijiler hökmünde çykyş edýär. Bu meseleler, ähli döwürde bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletlerinde-de ýüze çykýar. Hut şu nukdaýnazardan, makroykdysady meseleleriň hatarynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we işsizligi aradan aýyrmak boýunça döwlet tarapyndan täze gurallaryň ulanylmagy we çäreler toplumynyň işlenip düzülmegi zerurlyk hökmünde ýüze çykýar.
Işsizligi aradan aýyrmak meseleleriniň hatarynda, eýeçiligine garamazdan, hereket edýän ähli edara-kärhanalar tarapyndan hünärine degişlilikde bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlary gyzyklanýan taraplara yzygiderli geçirmegiň kämilleşdirilmegi, ýagny Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň degişli müdirliklerine habar bermegi ýa-da gündelik neşirlerde hünärmen ýa-da işgär zerurlygy boýunça bildirişleriň yzygiderli çap edilmegi; işgär düzümini degişli edara-kärhanasy tarapyndan hünäre ugrukdyrmak we gaýtadan taýýarlamak üçin okuw merkezlerini, ýörite gulluklary döretmek boýunça işleri amala aşyrmak hem-de häzirki wagtda ýokary depginde alnyp barylýan hususy pudagyň ornuny ýokarlandyrmak ýaly umumy çäreler toplumyny görkezmek bolar.
Iş bilen üpjünçiligiň ýokarlanmagy, işsizlik meselesiniň aradan aýrylmagy halkyň durmuş-ýaşaýyş derejesini we alýan girdejilerini ýokarlandyrýar, şeýle-de ýerli kärhanalaryň önümçilik möçberiniň, şol bir wagtda ýurduň eksport mümkinçiliginiň artmagyna şert döredýär. Döwletimizde bu ugurda alnyp barylýan düýpli durmuş özgertmeleriniň hatarynda raýatlary durmuş taýdan goramak, ilatyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, medeni-durmuş ulgamyny netijeli ösdürmek, ýaşaýyş jaý üpjünçiligini gowulandyrmak bilen birlikde, daşky gurşawy goramak boýunça çäreler toplumyny mysal getirip bileris.
Ilatyň girdejilerini artdyrmak ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge esasynda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokary derejesini üpjün etmek wezipesinden ugur alnyp, her ýylda Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň 10 göterim ýokarlandyrylmagy hem-de dünýäde dowam edýän häzirki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ykdysadyýetimiziň ösüş depgininiň 6,2 göterimde saklanyp galmagy ýurdumyzda durmuş meseleleriniň has netijeli çözülmegine ýardam berýär.
Işçi güýjüniň, ýagny iş bilen meşgullanýanlaryň esasy toparynyň hususy pudakda zähmet çekmegi ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär. 2025-nji ýyla çenli makroykdysady görkeziji bolan jemi içerki önümde hususyýetçiligiň paýyny 73,2 göterime ýetirmegiň esasy wezipe hökmünde kesgitlenmegi bolsa iş bilen üpjünçilik meselesinde, umuman, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda döwlete dahylsyz bölegiň tutýan ornunyň uludygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Jumageldi SALAMOW.