«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlende, diňe 2022-nji ýyl däl, türkmeniň durmuşyny özgerden ýyllaryň uly toplumy göz öňüňe gelýär. Şol ýyllara ser salyp, biz milli ykdysadyýetimiziň ösüşleriniň esasy maksadynyň raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendigine has düýpli göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu hakda wezipä girişmek dabarasynda şeýle belledi: «Biziň döwletimiz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ilata beýleki durmuş kömeklerini bermek boýunça görülýän çäreleri hiç wagt ünsden düşürmez».
Döwletimiz uly ösüş ýoluny geçdi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýyla çenli geçilen döwürde röwşen geljegimize barýan ýolumyzy nurlandyrýan, pikir-hyýallarymyzy, arzuwlarymyzy bir maksada düzýän milli ýörelgämiz kemala geldi. Onda ýaşaýşymyzyň ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän belent ahlagy, ruhy ýörelgesi jemlenýär. Biz bu gün döwletimiziň we jemgyýetimiziň milli demokratiýanyň ösüşiniň täze belentligine ýetendigini görýäris. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewraldaky mejlisi şonuň mysalydyr.
Danalaryň biri geçmişini bilmeýän halkyň geljeginiň ýokdugyny aýdýar. Türkmen millet hökmünde şöhratly geçmişini arzylaýar, gorap saklaýar. Şu ýerde milli Liderimiziň eserlerinde öňe sürýän geçmişiň tejribesini geljek üçin aýap saklamak, ony ertire ýetirmek, her döwrüň ruhuna laýyk ýörelgäni döredip, olary baýlaşdyrmak baradaky sargytlaryna aýratyn üns çekesimiz gelýär.
Döwletimiziň baş syýasatynyň binýadynda Oguz ýörelgeleriniň — döwletlilik ýörelgesiniň goýulmagynyň islendik ugurda rowaçlyk getirýändigini bu günki ösüşlerimiz anyk görkezýär. Agzybirlik, döwletli maslahat bilen oňyn çözgütlere gelmek türkmene owaldan mahsus bolupdyr.
Türkmende agzybirlik öýüň, giň manyda bolsa bütin ýurduň baş döwleti — baýlygy hasaplanýar. Halkymyz milli taglymat derejesine ýetiren agzybirlik ideýasyna berk uýýar. Bu taglymat döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky jebisligiň barha pugtalanmagyna hyzmat edýär. Türkmeniň tebigatynda ynsanperwerlik, adamkärçilik ýaly gyzyldan gymmatly häsiýetleriň ýaşaýyş-durmuşyň adalatly ölçegi hökmünde şeýle bir ösendigini ykrar etmezlik mümkin däl. Bu sypatlar ýurdumyzyň ýöredýän ynsanperwer syýasatynyň özenini düzýär. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň milletiň paýhasyna uly hormat goýýandygynyň alamatydyr. Mähriban Watanymyzda ynsan gadyrynyň has oňat bilinmegine alnan ugur bu syýasatyň artykmaçlygydyr. Onuň täsir ediş çägi dünýä möçberinde hem giňeýär. Islendik meselede dünýä derejesinde döwletiň öz sözi, öz orny bar. Mysal gözläp, uzaga gidip oturasy iş ýok. Geçen ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy, 28-nji noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň paýtagtymyzda geçirilen 15-nji sammiti, 11-nji dekabryndaky «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat türkmeniň ynsanperwer kalbynyň özboluşly ykrarnamasydyr.
Ýurdumyzda halk hojalygynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, maliýe ulgamyny pugtalandyrmagyň, bazar gatnaşyklaryny, hususy telekeçiligi ösdürmegiň hasabyna, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen köpugurly özgertmeleriň uly tapgyry dowam edýär. Ylym we innowasion ösüş milli ykdysadyýetimiziň esasy daýanjyna öwrüldi. Ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly ýokary ösüş gazanmaga ugur alyndy.
Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak babatda öňde duran wezipeleriň çözgütleri «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» has hem kämilleşdirildi.
Ykdysadyýetiň dürli ugurlardaky ösüşini üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmäge aýratyn uly üns berýär. Häzirki wagtda Türkmenistan himiýa senagaty üçin zerur bolan mineral serişdeleriň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Obasenagat toplumynyň işini üýtgedip gurap, ýerden bol hasyl almagyň, düýpli özgertmeleri geçirmegiň hem-de dolandyryş usullaryny kämilleşdirmegiň netijeli görnüşleri göz öňünde tutulýar, oba hojalygynda önümleri gaýtadan işleýän kuwwatly desgalaryň ençemesi peýda boldy, azyk önümleriniň öndürilişi has artýar. Bu bolsa diwersifikasiýa ugrunyň ornaşdyrylyşynyň anyk netijeleridir. Munuň özi içerki önümiň öndürilişiniň zerur bolan görkezijisiniň kadaly saklanylmagyny hem şertlendirýär.
Innowasion häsiýetli önümçiligiň guralmagy bilen diňe bir önümleriň hili ýokarlanman, eýsem, zähmet has ýeňilleşdi, iş öndürijiligi artdy. Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümler diňe bir içerki däl, daşarky bazarlarda hem uly islegden peýdalanýar. Milli Liderimiziň pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasaty esasynda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän senagat düzümlerini döretmek, sebitleriň öndüriji güýçlerini gyradeň ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň hataryna goşuldy. Döwrebap enjamlaşdyrylan, ösen tehnologiýalary özünde jemleýän kärhanalaryň ençemesi welaýatlaryň ählisinde hem gurlup ulanmaga berildi, birnäçesiniň bolsa gurluşygy dowam etdirilýär. Şu ýerde döwletimiziň agrar syýasatynyň esasy ugurlarynyň ilatyň azyk önümlerine, senagatyň bolsa çig mala bolan zerurlyklarynyň üpjün ediliş derejesini ýokarlandyrmak, ýerli önümler bilen importyň ornuny tutmak, şeýle hem onuň eksportyny artdyrmak bolup durýandygyny-da ýatlap geçeliň! Milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda gazanylan ösüşler özgerişlikleriň hem-de goýberilýän döwlet serişdeleriniň özüni ödeýändigini aýdyň görkezýär. Ykdysadyýetiň iň möhüm pudagy bolan oba hojalygynda suwarymly ýerleriň bir bölegi hususyýetçilere uzak möhletleýin kärendesine berlip, olarda zerur bolan azyk we gök-miwe önümleriniň dürli görnüşleri ýetişdirilýär. Oba hojalyk önümçiliginde dünýä tejribesiniň öwrenilmegini hem öz içine alýan çäreler ykdysadyýetiň agrar pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Önüm öndürmek we ony gaýtadan işlemek, bazaryň talaplaryny öwrenmek, hyzmat ediş we goldaýjy kompaniýalary ösdürmek babatynda köp işler edilýär. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň ösüşine uly üns berlip gelinýär.
Döwletimiz diňe bir çig malyň ýurdy bolman, eýsem, öndüriji ýurtdur. Türkmenistanda öndürilýän önümleriň ençeme görnüşine daşary ýurt bazarlarynda isleg ösýär. Bu bolsa hyzmatdaşlyk edýän ugurlarymyzyň has giňelýändigini aňladýar. Şunuň bilen baglylykda, eksporta iberilýän önümleriň möçberi 2025-nji ýyla çenli ep-esli artar. Meselem, tebigy gazyň eksporta iberilýän möçberiniň 2025-nji ýylda 1,5 esse artmagyna garaşylýar. Daşary ýurtlara artykmaç öndürilen önümleri eksport etmek işi höweslendirilýär. Eksport önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetimizi pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmagyň esasy ýörelgesinde hem daşarky we içerki bazarlaryň isleglerini düýpli öwrenmek bilen, ýurduň sarp ediş bazarynda importyň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegi, hyzmatyň hiliniň ýokarlanmagy göz öňünde tutulýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň eksportyny ösdürmek boýunça uly mümkinçilikler peýda bolýar.
Döwrebap dokma kärhanalarynyň ählisiniň önümleriniň häzirki wagtda bäsdeşlige ukyplydygyny aýdasyň gelýär. Türkmen gazy, elektrik energiýasy dünýäniň birnäçe döwletlerine eksport edilýär. «Asyryň desgasy» adyny alan, uzynlygy 7 müň kilometrden geçen Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi hoşniýetli we netijeli ykdysady gatnaşyklaryň täze derejelere göterilmeginiň mysalydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi onuň üstüni ýetirýär.
Ýurdumyzyň gülläp ösmegi bilen, türkmen ykdysadyýetiniň täsir çägi giňeýär. Milli ykdysadyýetimiz dünýä ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Özbaşdak ýoly saýlap almak bilen, Garaşsyz döwletimiz depginli ösüşi üpjün etmäge ukyplydygyny bütin dünýä subut etmegi başardy.
Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.