Täzelikler

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde «Ýürek owazy» atly halkara sungat bäsleşigi geçirildi. Dostlukly ýurduň Medeniýet ministrliginiň başlangyjy bilen guralan çärä gatnaşyjylar halk saz gurallarynda saz çalmak, dünýä halklarynyň aýdymlaryny ýerine ýetirmek, mýuzikl, jaz eserleri, sahna ussatlygy, çeperçilik eserleri ýaly ugurlar boýunça bäsleşdiler. 

                                                                   

Onlaýn görnüşdäki bu bäsleşikde Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň talyplary öňdäki orunlaryň dördüsini eýelediler. Mekdebiň üçünji ýyl talyby Serdar Bazarow D.Rossininiň «Tarantella» atly eserini ýerine ýetirip, birinji orna mynasyp boldy. Birinji ýyl talyby Jeren Çaryýewa hem ussat kompozitor Nury Halmämmedowyň «Ýatlama» atly eseri bilen   bäsleşikde birinji orny eýeledi. Mekdebiň ikinji ýyl talyby Gülälek Jumanyýazowa hem N.Halmämmedowyň döredijiligine ýüzlenip, ikinji ornuň eýesi boldy. Halkara bäsleşiginde mekdebiň «Şöhle» hor toparynyň «Parahatçylyk aýdymy» atly şekilli aýdymy bolsa ikinji orna mynasyp boldy. 

                                                                   

 * * * 

                                                                   

 Welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň binýadynda köpadamly baýramçylyk dabarasy geçirildi.  

                                                                   

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan çärä iri jemgyýetçilik guramalaryň we syýasy partiýalaryň işjeň agzalary, il sylagly ýaşulular, bilim işgärleri, ýokary synplaryň okuwçylary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler ösen jemgyýeti berkarar etmekde, raýatlarymyzyň hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmekde Bagt Kanunymyzyň tutýan orny dogrusynda gürrüň etdiler. Konstitusiýamyzda, hususan-da, ýaşlaryň okamaga, bilim almaga bolan hukuklary hem kepillendirilýär. Ýaşyl Baýdagymyz bolsa, döwlet özygtyýarlylygynyň, ähli ugurlarda gazanýan ösüşlerimiziň nyşany bolup, belentde parlaýar.  

                                                                   

Baýramçylyga bagyşlanan köpadamly dabaralar şäherimizdäki ýöriteleşdirilen 41-nji, 39-njy orta mekdeplerde hem ýokary ruhubelentlige beslenip geçirildi. 

                                                                   

 * * * 

                                                                   

 Lebaply telekeçiler bazarlarda azyk bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar ýylyň başyndan bäri 68,34 tonna  mal etini öndürdiler. Bu geçen ýylyň dört aýy bilen deňeşdirilende 1,44 tonna köpdür. Önümiň 15,25 tonnasy bolsa aprel aýynda öndürildi we söwda nokatlaryna ugradyldy. 

                                                                   

Azyklyk önümleriň bolçulygynyň döredilmegine aýry-aýry telekeçiler has-da saldamly goşant goşýarlar. Mysal üçin, telekeçi Alişer Sultanowyň tabşyran eti 8 tonnadan geçdi. Alymbaý Kerimow ilat arasynda uly islegden peýdalanýan bu önümiň 5,6 tonnasyny, Jorakuly Hemraýew 4 tonnasyny, Suhrap Allakulyýew 3,6 tonnasyny dükanlara we bazarlara çykardylar. Mallaryň baş sanyny köpeltmek ugrunda hem aladalanylýar. Häzirki wagtda telekeçiler iri mallaryň 522-sine ideg edýärler.