«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, şol sanda oba hojalygynda durnukly ösüş üpjün edilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanly ulgama geçmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak wezipeleri wajyp bolup durýar. Öndürilýän harytlaryň ýokary hil derejesine laýyk hem-de ekologik taýdan arassa bolmagyna aýratyn üns berilýär.
Bagtyýarlygyň, arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrülen ýurtda ýaşaýan, döredýän, gurýan halkymyz ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, saglygy goraýyşda, ylym-bilimde, sportda belent sepgitleri nazarlap, öňe gadam basýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda we sebitlerde durnukly ösüş üpjün edilýär.
Giň möçberli özgertmeler ýaşaýyş-durmuşymyzy, kalbymyzy gurşap aldy. Bilimiň ýokary hilini üpjün etmek we ony dünýä ölçeglerine laýyk getirmek üçin sanly bilimi ösdürmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Watanymyzyň mekdep okuwçylarynyň we talyplarynyň halkara internet we ders olimpiadalaryna gatnaşyp, altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp bolmagy bilim syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen sanly ykdysadyýetiň mazmunyna, onuň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakdaky ornuna oňat düşünýäris. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän sanly ulgamyň mümkinçilikleri öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär. Şol maksatdan ugur alyp, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmagyň we sanly ulgama geçmegiň wezipeleri, ösüşiň ugurlary hem-de depginli ösüşiň ulgamlary kesgitlenildi. Bularyň ählisi türkmen halkynyň hal-ýagdaýynyň we ýaşaýyş-durmuşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň kabul edilmegi ösüşleriň täze tapgyryna ynamly ädimiň ädilendigini alamatlandyrdy, ýagny ýakyn geljegi nazarlaýan bu strategiýanyň ýurdumyzyň mundan beýläk-de durnukly ösüşini üpjün etmegiň netijeli ýollarynyň birine öwrüljekdigine ynamy has-da artdyrdy. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi jemgyýetçilik durmuşynda we maliýe işinde maglumat we sanly serişdeleriň ähmiýetiniň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Sanly ykdysadyýet bilen bagly meseleler dünýä ýüzünde köpleri gyzyklandyrýan meseleleriň birine öwrüldi. Munuň esasy sebäbi ykdysadyýetiň sanly görnüşinde jemlenen mümkinçilikleriň diňe bir ykdysady ösüşi üpjün edýändigi bilen däl, eýsem, ynsan durmuşynyň hem özgermegine getirýändigi we dünýä jemgyýetçiliginiň sanly tehnologiýalara köpçülikleýin geçmegi bilen hem düşündirilýär.
Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Jennet HALLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.