Habarlar
Sanly bank ulgamy ösdürilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli pudaklar bilen bir hatarda, bank ulgamynda hem durnukly ösüşi üpjün etmek, bank işjeňligini kämilleşdirmek we innowasion sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak bilen ilata ýokary hilli täze hyzmatlary hödürlemek ýaly möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyna» laýyklykda, bank ulgamyny ösdürmek, bank işjeňliginiň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek, hödürlenýän bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak, töleg ulgamyny sanly ulgam arkaly ýeňilleşdirmek we täze kämil görnüşlerini ornaşdyrmak boýunça maksatlaýyn işler alnyp barylýar. Döwlet maksatnamasynda bellenen çäreleriň yzygiderli ýerine ýetirilmegi, ýurdumyzyň sanly ulgama geçişiniň çaltlandyrylmagyna, döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň derejesini ýokarlandyrmaga we halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzyň bank ulgamyny düýpli özgertmek, ilata hödürlenýän bank hyzmatlaryny halkara derejelere çykarmak boýunça bank işiniň dürli ugurlaryny döwrebaplaşdyrmak, abraýly halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, sanly ykdysadyýetiň gazananlary hökmünde «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlaryny ýurduň çäginde giňden ornaşdyrmak, ilatyň arasynda bu hyzmatlar bilen bagly mahabat-düşündiriş işlerini alyp barmak boýunça uly öňegidişlikler gazanyldy.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçişiň ikinji tapgyry täze ösüşler bilen dowam edýär. Sanly ykdysadyýete geçmeklik dünýäniň öňdebaryjy döwletleri bilen aýakdaş gitmeklige ýol açýar. Sanlylaşdyrmak täze harytlaryň we hyzmatlaryň peýda bolmagyna getirýär. Sanly bank hyzmatlarynyň üsti bilen bank işjeňligi has-da ýokarlandyrylýar. Nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi artdyrylýar. Karzlaryň täze amatly görnüşleri döredilýär. Häzirki wagtda raýatlar tarapyndan karz almak üçin ýüztutmalary «online» görnüşinde kabul etmeklik hem ýola goýuldy. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň bank ulgamynyň innowasion häsiýetli ösüşini üpjün etmek, ykdysady taýdan ähmiýetli, netijeli pudaklary karzlaşdyrmak, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň bank ulgamynyň täze hyzmatlaryny öwrenmek we olaryň netijeliligini milli bank ulgamyna sazlaşykly ornaşdyrmak ugrunda işler üstünlikli alnyp barylýar. Dünýäniň ösen ýurtlarynda ornaşdyrylan, raýatlaryň öýlerinden ýa-da iş ýerlerinden çykmazdan, internet arkaly söwda etmeklik we elektron tölegleri amala aşyrmaklyk, gerekli harytlaryny islendik ýere eltdirmäge mümkinçilikleriň guralmagy adamzadyň iň gymmatly baýlygy bolan wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň nagt däl hasaplaşyklarynda kartly töleg ulgamynyň dünýä tejribeleri öwrenilip, öz milli aýratynlyklarymyz esasynda has-da giňeldilip durmuşa ornaşdyrylmagy raýatlarymyz üçin hasaplaşyklary has-da ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik döreder. Ýurdumyzyň çäginde bank kartlarynyň giňden ýaýramagy bank ulgamynyň kämilleşmegine, nagt däl hasaplaşyklaryň ösdürilmegine, pul serişdeleriniň dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna hem-de nagt däl pul dolanyşygyna ilatyň nagt serişdeleriniň çekilmegine itergi berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar.

Alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň raýatlaryna hödürleýän täze karz hyzmatlarynyň biri-de «Owerdraft» atly bank karzydyr. Bu karz bankyň «Altyn Asyr» bank kartyny saklaýjy müşderilerine «Owerdraft» bank kart arkaly, 2 ýyl möhletli, ýyllyk 12 göterimli, 1000 (bir müň) manada çenli berilýän gysga möhletli karzdyr. Ol ilat tarapyndan gündelik durmuşda sarp edilýän harytlar satyn alnanda we hyzmatlar ýerine ýetirilende nagt däl görnüşindäki hasaplaşyklar üçin göz öňünde tutulandyr. Bu döwrebap sanly bank hyzmaty bolup, onda müşderiniň «Altyn Asyr» aýlyk bank kartyndaky pul serişdesi ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, müşderiniň hyzmat edýän bank edarasy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda karz serişdesi berilýär. Müşderiniň «Altyn Asyr» aýlyk bank kartyna pul serişdesi gelip gowşanda, onuň «Owerdraft» karzy boýunça ulanan pul serişdesi we oňa hasaplanan göterimi yzyna gaýtarylýar.

Sanly bank hyzmatlarynyň ösüşi, täze görnüşleri barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen teleradioýaýlymlarda, gazet-žurnallarda yzygiderli tanyşdyryş-mahabat işleriniň geçirilmegi beýleki ulgamlarda zähmet çekýän raýatlaryň hem bank hyzmatlarynyň ähli mümkinçiliklerden peýdalanmaklaryna ýardam berýär we geljekde hem şeýle işleriň ýüzlerçelerini geçirmeklik maksat edinilýär.

Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamaga, okamaga, zähmet çekmäge döredip berýän çäksiz mümkinçilikleri üçin köp sagbolsun aýdýarys.

Goý, ata Watanymyzy ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Ogulgerek REJEPOWA,

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Büzmeýin» şahamçasynyň baş buhgalteriniň orunbasary.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/42673

09.10.2021
Beýik ösüşler bilen

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli berjaý edilmegi ähli ugurlarda uly ösüşleriň gazanylmagyna şert döretdi. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň maliýe-ykdysady mümkinçiliklerini, ýerli çig mal we zähmet serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna ýardam edýän şertleri has-da artdyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet býujeti ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda, sebitlerinde her ýylda garaşylýan netijeler göz öňünde tutulyp düzülýär we onuň maksady ykdysadyýetiň pudaklarynda düýpli maýa goýumlary ýokary depginler bilen özleşdirmekden, ilatyň bähbitlerini goramak bilen, durmuş ulgamynda we beýleki pudaklarda düýpli özgertmeleri üpjün etmekden, döwlet çykdajylarynyň netijeli ulgamyny döretmekden, raýatlaryň durmuş kepilliklerini pugtalandyrmakdan we birnäçe beýleki wezipeleri durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Döwlet serişdelerini jemlemek we pudaklaryň amatly ösüş şertlerini döretmek üçin has netijeli usullary peýdalanmak, ýurduň senagat mümkinçiligini we zerur bolan amatlyklary tehnologiýa taýdan täzelemek işleri sazlaşykly alnyp baryldy. Daşary ýurtly, şeýle hem ýurdumyzyň maýa goýumçylary üçin maýa goýum ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak babatda işler netijeli alnyp barylýar. Elbetde, munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň barşynda täze uly taslamalary amala aşyrmaga hem giň mümkinçilikleri döredýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz taryhy çykyşynda ýetilen belent sepgitlere aýratyn ünsi çekip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň möçberi 200 milliard amerikan dollaryndan hem geçendigini belledi.

Berkarar Diýarymyz häzirki wagtda dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriniň hataryna üstünlikli goşuldy. Watanymyzy beýik ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Aýjahan PALTAÝEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/42681

09.10.2021
Ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuny toýlady. Garaşsyzlyk halkymyzy eşretli durmuşa ýetirdi, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň depginli ösüşlerine uly itergi berdi. Nebitgaz pudagy hem Türkmenistanyň tiz hem güýçli depginler bilen ösýän pudaklarynyň birine öwrüldi.

Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, has takygy, nebitgaz senagatynyň önümçilik mümkinçiliklerini kämilleşdirmek, uglewodorod pudagyny çig mal bilen üpjün etmek, onuň senagat ätiýaçlyklaryny artdyrmak maksady bilen, bäsdeşlige ukyply eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak pudakda esasy wezipeler bolup durýar.

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde «Türkmennebit» döwlet konsernine hem uly orun degişlidir. Konsern nebitgaz ýataklaryny gözlemek, barlamak, känleri, dürli maksatly nebitgaz desgalaryny gurmak, ýataklary özleşdirmek, burawlamak, nebit we gaz çykarmak, «gara altyny» harytlyk görnüşde taýýarlamak we sarp edijilere ugratmak bilen meşgullanýar.

Ýokarda agzalan maksatnama laýyklykda, nebitiň gözleginiň, barlagynyň, çykarylyşynyň artdyrylmagyny täze meýdançalara çykmagyň, çuň we has çuň gatlaklarda buraw işlerini alyp barmagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, meýdan geofizikasyny güýçlendirmegiň, ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryny, enjamlaryny, usulyýetlerini önümçilige ornaşdyrmagyň hasabyna gazanmak mümkindir.

Nebitçiler şundan ugur almak bilen, çykarylýan uglewodorod çig malynyň möçberini artdyrmagy öz öňlerinde baş maksat edip goýýarlar. Olar ýataklaryň 30-dan gowragynda dürli tapgyrlarda degişli işleri geçirýärler. Ýataklaryň ýokary netijeli işlenip taýýarlanmagy, olaryň geologiki gurluşynyň aýratynlyklary doly nazara almak bilen şertlendirilýär. Bu wezipeleri çözmek üçin ähli ugurlar boýunça täze tehnologiýalar we ýokary netijeli enjamlar giňden ornaşdyrylmak bilen, önümçilik toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýar.

Häzirki wagtda guýulary düýpli abatlamak, ýataklaryň önüm berijiligini artdyrmak, döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, önümçiligi awtomatlaşdyrmak ýaly ugurlarda daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär.

Nebitçiler döwrebap buraw desgalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagynyň esasynda, ýedi müň metrden-de çuňlukda ýerleşýän täze uglewodorod ýataklarynyň üstüni açyp, ulanyşa girizmegiň hötdesinden gelýärler. Muňa mysal hökmünde, Uzynada meýdançasyndaky ýerine ýetirilen we alnyp barylýan netijeli işleri agzamak mümkin.

Ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynda nebitgaz senagatynyň uly orny bar. Muňa oňat düşünýän nebitçiler öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde has-da gaýratly zähmet çekýärler.

Balkan ŞYHYÝEW,

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/42648

09.10.2021
Belent işleriň mekany

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 1-nji sentýabrynda talyplar we okuwçylar bilen geçiren umumy okuw sapagynda ýaşlaryň eziz Watanymyzy ösdürmäge mynasyp goşant goşýandyklaryny buýsanç bilen belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyzyň zähmetine ýokary baha berýän pursadynda Amyderýanyň kuwwatly köprüleriniň, Köýtendagda gurlan iri kärhanalaryň, Garlyk şäherçesiniň, etrabymyzyň çägindäki «Watan» döwlet elektrik stansiýasynyň, Kerki şäherindäki Halkara howa menziliniň gurluşyklary göz öňümden hatar-hatar kerwen gurap geçdi. Garaşsyz döwletimiziň bu şanly gurluşyklarynda ýaşlarymyz yhlasly zähmet çekdiler. Häzirki wagtda hem sebitde iri desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Gurluşyk işlerine ýaşlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Olar hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlara ýetmek üçin halal zähmeti hemra edinmegiň zerurdygy barada eden öwüt-nesihatlaryna wepalydyklaryny işde subut edýärler.

Ynsan zähmeti bilen bagtly ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin döredip berýän giň zähmet meýdançalary olaryň durmuşyna many çaýýar. Ýaşlarda gujur-gaýrat bar, olarda belent maksat bar. Hormatly Prezidentimiziň sebitleri gyradeň ösdürmek maksady bilen işlenilip düzülen ykdysady strategiýasynyň çäklerinde gündogar sebitde amala aşyrylýan işler hem belent maksatlaryň durmuşa geçmegini üpjün edýär. Köýtende gurlan we gurulýan desgalar hem diňe bir ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny täze belentliklere çykarman, eýsem ýaşlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşlaryna hem täsirini ýetirýär. Sebitde kuwwatly inženerçilik-kommunikasiýa, ulag infrastrukturasy döredildi, täze desgalaryň onlarçasy guruldy. Soňy bilen uly bir senagat merkezleriniň birine öwrüljek sebit ýaşlarymyzyň bagtyýarlyk mekanyna öwrüler. Ýaşlarymyz bu sebitde Türkmenistanyň taryhyna şöhratly sahypalary ýazjak işleriň heniz sanawynyň giňeljekdigine ynanýarlar.

Erkin NYÝAZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Döwletli etrap geňeşiniň başlygy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/42390

07.10.2021
Garaşsyzlygyň ykdysady gudraty

Garaşsyzlyk — baky bagtdan ýeten ajaýyp peşgeş. Üç onýyllyk mundan ozal şöhratly pederlerimiziň arzuwlan döwlet Garaşsyzlygy bize özbaşdak ösüş ýolumyzy saýlap almaga, ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly türkmen nusgasynyň binýadyny goýmaga ýardam berdi. Indi özbaşdak ösüşiň 30 ýyllyk giň tejribesini toplan Türkmenistan üçünji müňýyllykda Ýer ýüzünde bedew bady bilen öňe barýan, durnukly ykdysady ösüşi gazanýan kuwwatly döwlet hökmünde tanalýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, milli ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmek we ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetinde tutýan ornuny has-da pugtalandyrmak ugrunda giň möçberli özgertmeler amala aşyryldy. Merkezi Aziýa, Hazarýaka döwletler hem-de dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlary, ykdysady we maliýe ugurly halkara guramalar bilen köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar ösdürildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen durmuş-ykdysady maksatly ençeme desgalar gurlup, ulanmaga berildi. Ykdysadyýetimiziň energetika, ulag, aragatnaşyk, obasenagat toplumy, maliýe-bank ulgamy we dokma senagaty ýaly strategik ugurlary ösdürildi.

Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyz ekologiýa taýdan arassa ýangyjy dünýä bazarlaryna eksport etmegiň köpugurly düzümini üstünlikli kemala getirdi. Muňa mysal edip, ýurdumyzdan Hytaýa we Eýrana çekilen kuwwatly gaz geçirijileri görkezip bolar. Häzirki wagtda gurluşygy batly depginlerde dowam edýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi şeýle taslamalaryň üstüni ýetirýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmagyň taslamalary bolsa ýurdumyzyň energetika kuwwatyny sebitde energiýa howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirýändigini subut edýär.

Ykdysadyýetimiziň strategik ugry bolan ulag ulgamyny ösdürmek milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda Tejen — Sarahs — Maşat hem-de Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ýaly halkara ulag geçelgeleriniň taslamalary durmuşa geçirildi. Kerki — Ymamnazar — Akina (2016-njy ýyl), Serhetabat — Turgundy (2018-nji ýyl) demir ýollary işe girizildi. Şol sanda ýurdumyz Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Owganystan — Kawkaz — Aziýa (TRASEKA) hem-de «Hazar deňzi — Gara deňiz» halkara ulag geçelgeleriniň taslamasynyň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berýär.

Häzirki wagtda telekeçiligi ösdürýän ýurdumyzda hususyýetçilere yzygiderli döwlet goldawlary berilýär we döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek üçin giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň synmaz kuwwatyna öwrülen türkmen telekeçileri durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga mynasyp goşant goşýarlar. Bu babatda ýurdumyzda iri düzüm bolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi telekeçileriň 26 müňe golaýyny özüne birleşdirýär. Olar halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli bolan ýokary hilli önümleri öndürmek bilen, daşary ýurtlara taýýar harytlary eksport edýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyny göz öňünde tutmanda, ýurdumyzyň jemi içerki önüminde döwlete degişli däl pudagyň paýy artyp, 70 göterime ýetdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletimiziň kuwwatly durmuş syýasaty ösüş ýolumyzyň tapawutly aýratynlygydyr. Şu jähetden, Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göterimden gowragy durmuş hajatlaryna, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Täze ýaşaýyş jaýlary, mekdepler we çagalar baglary, saglygy goraýyş edaralary gurlup, ulanmaga berilýär. Şeýle maksatlar bilen, gurluşyk pudagyna jemi 38 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýuldy. Durmuş we önümçilik maksatly iri desgalaryň 2900-e golaýy ulanylmaga berildi. Bulardan başga-da, her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyrylýar.

Sanly ykdysadyýet — ösüşiň baş şerti. Döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgamy strategik ähmiýete çykarmagy bilen, innowasion ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda netijeli özgertmeler amal edildi. Ýurdumyzda ösen sanly giňişligi kemala getirmek, milli ykdysadyýetimiziň innowasion üpjünçiligini ýokarlandyrmak arkaly, täzeden-täze önümçilikleri, hususan-da, ylmy-siňňitli önümçiligi ýola goýmak boýunça oňyn netijeleri gazanmak ugrunda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Sanly ulgamy ösdürmegiň 2018-nji ýylda tassyklanan konseptual resminamasyna laýyklykda, ykdysadyýetiň dürli pudaklary doly sanlylaşdyryldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň gol çeken Karary esasynda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hem tassyklanyldy. Munuň özi sanly ulgamy ösdürmegiň kanunçylyk binýadynyň has-da berkidilýändigini görkezýär.

Statistik maglumatlara salgylansak, Garaşsyzlyk ýyllarynda jemi içerki önümiň möçberi 8,4 esse ýokarlandy. Milli ykdysadyýetimize gönükdirilen esasy maýa goýumlarynyň jemi möçberi 209 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Şol serişdeleriň 140 milliarda golaýy (66,6 göterimi) önümçilik pudagyna gönükdirildi. Şu jähetden, häzirki wagtda ýurdumyz jemi içerki önümiň ösüş depgini boýunça dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna girýär. Bütindünýä bankynyň berýän maglumatlaryna görä, Garaşsyz Türkmenistan dünýäniň ortaça ösen ýurtlaryndan ýokary girdejili döwletleriň hataryna çykdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe iri senagat merkezi hökmünde tanalýan ýurdumyz dünýäniň 100-den gowrak döwleti bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüş gazanylýar. Muňa 2021-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýurdumyzda içerki önümiň möçberiniň 6,2 göterim ýokarlanmagy güwä geçýär. Munuň özi milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň netijeli özleşdirilýändigini hem-de ykdysadyýeti ösdürmegiň türkmen nusgasynyň dünýä jemgyýetçiligi üçin nusga alarlyk tejribedigini görkezýär. Bu bolsa Garaşsyzlygyň beren ajaýyp miwesi, ykdysady gudratydyr.

Jumamyrat GUTLYÝEW,

welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň Boldumsaz etrap bölüminiň esasy hünärmeni, KA-nyň işjeň agzasy.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/42130

02.10.2021
Pudagyň tehniki kuwwaty artýar

Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilen ýylynda Lebap welaýatynda dabaraly açylan täze elektrik stansiýasy hem ýapon hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gurlup, ulanylmaga berildi. «Sumitomo Corporation» kompaniýasy bu iri energetika desgasynyň gurluşyk-gurnama işlerine 2018-nji ýylyň noýabr aýynda girişdi. Ynha, üç ýyla golaý wagtdan soň ýurdumyzyň gündogar sebitinde tutuş Merkezi Aziýa derejesinde alanyňda hem iň iri gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň biri guruldy.

Çärjew etrabynda ulanylmaga berlen täze gaz turbinaly elektrik stansiýasy güwänamalaryň üçüsine — Merkezi Aziýada ilkinji bolup «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd.» kompaniýalary tarapyndan üpjün edilen M701DA kysymly gaz turbinalaryň ulanylandygy baradaky sylag şahadatnamasyna, «Max-Planck» instituty tarapyndan «Ekologiýa taýdan durnuklylyk we netijelilik» güwänamasyna hem-de Şweýsariýanyň Federal tehnologiýalar instituty tarapyndan desganyň öňdebaryjy tehnologiýaly elektrik stansiýasydygy baradaky güwänamasyna mynasyp boldy. Resminamalar degişli guramalaryň wekilleri tarapyndan «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýolbaşçysyna gowşuryldy. Şeýlelikde Türkmenistan sebitde ilkinji ädimleriň ýene-de birini ätdi.

Şunlukda, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabara bilen bellenilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda elektrik energiýasynyň ägirt uly gory döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň milli energetika pudagy üçin henize çenli görlüp-eşidilmedik, diýseň belent sepgitdir. Bu belent sepgide ýetmek bolsa, milli Liderimiziň bu pudagy düýpli ösdürmek babatda edýän yzygiderli tagallalarynyň esasynda mümkin boldy.

Goý, hormatly Prezidentimiziň tutuş adamzadyň bagtyýar geljegi ugrunda amala aşyrýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Oguljahan Goçjyýewa,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/42098

02.10.2021
Baş maksat — milli ykdysadyýetimizi ösdürmek

Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň uludan toýlanan şanly 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrülen umumyhalk maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, onda milli ykdysadyýetimizi geljekde hem ösdürmegiň ugurlary we öňde duran wezipeler anyk kesgitlenildi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi uludan bellendi. Iň täze taryhymyz bolan geçen 30 ýyllyk döwürde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça maksatnamalaýyn özgertmeler amala aşyryldy. Bu babatda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Ykdysady özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda ösen önümçilik düzümi, köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamy bolan, esasy zat bolsa, adam maýasy bilen ýokary derejede üpjün edilen milli ykdysadyýetiň döredilendigini häzir biz ynamly aýdyp bileris» diýip, aýratyn nygtady. Degişli ugurda ýurdumyzyň ykdysadyýetine 200 milliard amerikan dollaryndan hem gowrak möçberde iri maýa goýumlar goýuldy. Olaryň 60 göterimden hem köpüsi bolsa senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirildi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiz depginli ösýär. Häzirki zaman innowasiýalar eýýamynda iň kämil tehnologiýalar halk hojalygynyň pudaklaryna düýpli ornaşdyrylyp, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. Munuň özi önümçilik hem-de eksport kuwwatlyklarymyzyň has-da artmagyna, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagyna itergi berýär. Muňa ýurdumyza Bütindünýä Söwda Guramasynyň synçysynyň derejesiniň hem-de «Fitch Ratings» halkara agentligi tarapyndan «B+durnukly» derejäniň berilmegi doly güwä geçýär.

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek bilen bagly işler häzirki döwürde hem netijeli dowam edýär. Bu ugurda durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda milli Liderimiz halk hojalygyny ösdürmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledi. Munuň özi milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmekligiň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynda baş maksat hökmünde kesgitlenendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Bagtygül ÖWEZOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/42135

02.10.2021
Ätiýaçlandyryş — ygtybarly hyzmatdaş

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Tutuş ýurdumyz ösüşlere beslenýär. Bu ösüşler diňe bir öňde goýlan maksatlara ýetmäge badalga bolman, eýsem halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanýandygyny hem-de durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny aňladýar. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösmegi, bazar gatnaşyklarynyň dünýä derejesine çykmagy ätiýaçlandyryş işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi talap edýär. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy 1992-nji ýylyň 18-nji awgustynda ykdysady subýektleriniň maliýe ýagdaýyny has-da pugtalandyrmak, ilatyň hem-de hojalyk işleri bilen meşgullanýan şahslaryň dünýä derejesinde ýola goýlan ätiýaçlandyrma hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen döredildi.

Ätiýaçlandyryş hyzmatlary halkara ätiýaçlandyryşyň bazarynda gabat gelýän ülňülere laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini goramakda halkara ätiýaçlandyryş tejribesi ulanylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy müşderilere emläk, şahsy we jogapkärçilik bähbitleri bolan hökmany döwlet ätiýaçlandyryşyň 6, meýletin ätiýaçlandyryşyň 46 görnüşini hödürleýär.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda tölegler elektron görnüşde ýerine ýetirilýär. Onuň merkezi edarasynda, welaýat we etrap guramalarynda häzirki zaman programma üpjünçiligi ornaşdyryldy. Şonuň netijesinde, elektron hyzmatdaşlygy optiki-süýümli aragatnaşygyň üsti bilen amala aşyrylýar. Maglumat howpsuzlygyny üpjün edýändigi bolsa onuň iň ygtybarly tarapydyr. Bu ulgamyň işe girizilmegi merkezi edaranyň beýleki ätiýaçlandyryş guramalary bilen onlaýn ulgam arkaly işlemäge, ýagny maglumatlaryň alyş-çalşyny wagt ýitirmezden, şol bir wagtda amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa ätiýaçlandyryş guramasynyň işgärleriniň işini ýeňilleşdirýär we müşderilere edilýän hyzmaty gysga wagta amala aşyrmaga ýardam berýär. Häzirki wagtda Köneürgenç etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramasy etrabyň çäginde ätiýaçlandyryş işlerini we meýilnamalaryny ýokary derejede ýerine ýetirýär. Gurama boýunça 2021-nji ýylyň 7 aýy boýunça jemi 4497 sany şertnama baglaşylyp, 312565.00 manatlyk ätiýaçlandyryş baýragy ýygnaldy. Şeýlelikde, hökmany görnüşleri boýunça 402 sany şertnama baglaşylyp, 192813 manat girdeji gazanyldy, meýletin görnüşleri boýunça bolsa 4095 sany şertnama baglaşyldy. Şonuň netijesinde, 119752 manatlyk ätiýaçlandyryş baýragy ýygnalyp, meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi. Ätiýaçlandyryş guramasy her bir raýatyň, her bir edara-kärhananyň ygtybarly hyzmatdaşydyr.

Maral SAPAROWA,

Köneürgenç etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň hünärmeni.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/41294

25.09.2021
Durnukly ösüş — eşretli geljek

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly ajaýyp kitabynda döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň halkyň ynsanperwer taglymatlaryna, paýhasly däp-dessurlaryna, baý taryhy tejribesine esaslanýandygyny belleýär. Kitapda ýurdumyzyň depginli ösüşi, durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde iri durmuş-ykdysady taslamalary amala aşyrmak üçin alnyp barylýan işler barada gyzykly maglumatlar ýerleşdirilipdir. Döwlet Baştutanymyz: «Türkmenistanda geljekde ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini we onuň gurluşynda hil taýdan öňe ilerlemegi, şeýle hem türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşynyň düýpli özgertmegi, ony ölçäp bolmajak has ýokary derejä çykarmagy üpjün etmäge ýardam berjek iri milli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi» diýip belleýär.

Bu gün Garlykdaky kaliý zawodynyň, Mary şäherindäki karbamid zawodynyň, Owadandepedäki «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy, Demirgazyk— Günorta ulag ugry boýunça çekilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýol magistralynyň, Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi Garaşsyz döwletimiziň Durnukly ösüş maksatlaryny ýurdumyzda amala aşyrmak bilen birlikde, onuň sebitde we dünýäde rowaçlanmagy üçin alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara eýe bolýandygyny görkezýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat şäherlerindäki halkara howa menzilleri, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurdumyz bilen birlikde halkara ulag, aragatnaşyk, ykdysady we medeni hyzmatlary amala aşyrmaga döredilen giň mümkinçiliklerdir.

Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň noýabrynda gol çeken «Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça çäreler hakynda» Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda döwlet derejesinde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy halkara hyzmatdaşlygyň merkezine öwürmek bilen, halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň, ulag-logistika gatnaşyklarynyň merkezi hökmünde durmuş-ykdysady pudaklary toplumlaýyn ösdürmekde netijeli işleri ýola goýdy.

Goý, ýurdumyzy ösüşler ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan, halkymyzyň abadan ýaşaýşy ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!

Aýjemal AŞYROWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/41389

25.09.2021
Üstünliklerimiziň sergisi

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen milli önümlerimiziň sergisi oňa gatnaşanlaryň ählisinde uly täsir galdyrdy we Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Watanymyzyň batly ösüşlerini ýene bir gezek görkezdi.

Ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelýän telekeçilerimiz bu gün özlerine döredip berilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, dünýä bazarlarynyň islegli harytlaryny öndürýärler. Ekologiýa taýdan arassa tebigy önümler «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen dünýäniň birnäçe ýurtlaryna eksport edilýär.

Görkezme diwarlyklary bilen şol sergä gatnaşyp, dürli pudaklarda telekeçilik işini alyp barýan hususyýetçilerimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň arasynda «Täze energiýa», «Aýdyň gijeler», «Ussat inžener», «Derýaplastik», «Miweli ülke», «Aýbölek» we başga-da birnäçe kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň adyny uly buýsanç bilen agzamak bolar. Olar yhlasly zähmet çekip, döwletimiz tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýokary hilli önümleri öndürýärler.

Serginiň barşynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ýetilýän sepgitlere, gazanylýan ösüş-özgerişlere tüýs ýürekden buýsanýarsyň we şular ýaly okgunly ösüşi gazanmakda ägirt uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýdýarsyň.

Döwletmyrat AMANNAZAROW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/41498

25.09.2021
Himiýa pudagynyň berk binýady

Häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistanda milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn we hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda belent üstünliklere ýeten ýurdumyz durmuşyň ähli ulgamlaryna häzirki zaman innowasion tehnologiýalary işjeň çekmäge çalyşýar. Muňa ykdysadyýetiň möhüm ugry bolan himiýa pudagynyň ylmy esaslaryny pugtalandyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek babatda durmuşa geçirilýän özgertmeler hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Himiýa pudagyny ählitaraplaýyn ösdürmek garaşsyzlyk ýyllarynda strategik ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda döwlet derejesinde ägirt uly işler amala aşyrylyp, pudagyň ylmy esaslary has-da ösdürildi. Tebigy we mineral serişdelere baý bolan ýurdumyzyň kuwwatly gor mümkinçilikleri esasynda himiýa pudagynda iň kämil innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň ençemesi gurlup, ulanmaga berildi. Munuň özi özbaşdak ösüşimiziň 30 ýylynda himiýa ulgamynyň düýpli ösdürilendigini görkezýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» himiýa pudagyny köpugurly ösdürmegiň toplumlaýyn ylmy esaslaryny düzýän täze resminamadyr. Döwlet maksatnamasy Garaşsyz ýurdumyzda himiýa ylmy we tehnologiýalary boýunça ylmy barlaglary geçirmek arkaly ýakyn bäş ýylyň dowamynda himiýa ylmynyň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Resminama ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek boýunça innowasion tehnologiýalary işläp düzmek babatda yzygiderli işleri geçirmäge, önümçilige ylmy barlaglaryň netijelerini ornaşdyrmagyň depginini güýçlendirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, halk hojalygynyň dürli pudaklaryna täze himiýa tehnologiýalarynyň hem-de dünýä ylmynyň gazananlarynyň giňden ornaşdyryljakdygyna doly güwä geçýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda himiýa pudagynda ylmyň, bilimiň we önümçiligiň ýakyn özara baglanyşygynyň üpjün edilmegi netijesinde kuwwatly önümçilikler ýola goýuldy. Bu ugurda soňky ýyllarda ulanmaga berlen «Tejenkarbamid», «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlaryny, Garlyk dag-magdan toplumyny, Gyýanlydaky polimer zawodyny hem-de Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawody görkezmek bolar. Şu jähetden, soňky on ýylyň içinde pudagy ösdürmäge goýlan maýa goýumlaryň möçberi 8 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýini toýlaýan ýurdumyzyň özbaşdaklyk ýyllarynda ösen we kuwwatly himiýa senagaty döwletine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gülşat ITALMAZOWA,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň tehnologiki taslama we önümçilige ornaşdyrmalar bölüminiň I derejeli inženeri.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/41070

21.09.2021
Sanly ulgam — döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan Garaşsyzlygynyň nurana ýoly bilen ynamly öňe barýar we dünýä jemgyýetçiliginde kuwwatly hem-de abadan döwlet, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde abraýyny ýylsaýyn belende galdyrýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki günlerde ýurdumyz şanly Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk ýubileý baýramyny ykdysady we ynsanperwer ölçeglerde uly ösüş mümkinçilikleri bolan, sebit hem dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýan, durnukly ösýän döwlet hökmünde garşylamaga taýýarlyk görýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz durmuş-ykdysady ulgamda öz baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmakda we içerki mümkinçiliklerini daşary syýasat bilen utgaşdyryp ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bazar gatnaşyklary ýörelgelerini pugtalandyrmakda hem-de halk hojalyk ulgamynyň işini döwrebap gurmakda belent sepgitlere ýetdi. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda giň gerimli sebit we milli maýa goýum taslamalaryny hem-de özgertmelerini durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem maliýe, salgyt-býujet, pul-karz, daşary ykdysady, nyrh emele getiriş syýasatynda özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, ýokary we durnukly ykdysady ösüş üpjün edilýär. Mysal hökmünde Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän, Balkan welaýatynda gazhimiýa ugurly toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmeginiň netijesinde döwrebap, tehniki-tehnologik taýdan ösen önümçiliklerde öndürilen önümlere daşary ýurtly işewürleriň ýokary isleg bildirýändiklerini, hasaba alynýan geleşikleriň sanynyň we söwdalardan gelip gowuşýan serişdeleriň möçberiniň artýandygyny görkezmek bolar.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bu günki gün ýurdumyzda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly gurşawy ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bank edaralary ylmyň iň soňky gazananlaryny we döwrebap usullaryny peýdalanyp, raýatlarymyza bank kartlarynyň üsti bilen amala aşyrylýan nagt däl hasaplaşyklaryň giň mümkinçiliklerini hödürleýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň giňden ulanylmagy we bank kartlarynyň hyzmatlarynyň köpeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine hem amatly täsirini ýetirýär. Bank ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň netijesinde hyzmatlaryň «Internet bank», «Mobil bank», «Elektron söwda», «Galtaşyksyz töleg» ýaly täze, döwrebap görnüşleri durmuşa geçirilýär. Banklar tarapyndan berilýän dürli görnüşdäki karzlaryň esasy bergilerini gaýtarmak we olara hasaplanan göterimleri tölemek, aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölenýän tölegleri tiz we amatly usulda tölemek ýaly hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin «Internet bank» we «Mobil bank» hyzmatlaryny ulanmaklyga mümkinçilik döredildi. «Internet bank» ulgamynda web brauzerler, «Mobil bank» ulgamyna banklar tarapyndan taýýarlanan ýörite mobil programma üpjünçiligi arkaly birikmek şerti ýola goýuldy. «Elektron söwda» hyzmaty hem ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan durmuşa ornaşdyryldy. Bu hyzmata islegiň artmagynyň netijesinde nagt däl hasaplaşyk geçirmek arkaly elektron usulda täjirçilik işini alyp barýan telekeçileriň sany günsaýyn artýar. «Internet banking» ulgamynyň girizilmegi bank hyzmatlarynyň toplumyny öz içine alýar, hususan-da, müşderilere uzak aralykdan öz hususy serişdelerini dolandyrmaga, dürli töleg amallaryny we beýlekileri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli önüm öndürijileriň taslamalaryny maliýeleşdirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen bank ulgamy tarapyndan ýeňillikli karzlar we daşary ýurt maliýeleşdiriş çeşmeleriň birnäçe görnüşleri bilen ýurdumyzyň hususy ulgamynyň gatnaşyjylary üpjün edilýär. Milli önüm öndürijilere berilýän goldawyň netijesinde halkyň isleglerini kanagatlandyrýan ýokary hilli önümleriň we hyzmatlaryň möçberi yzygiderli artýar. Hususy ulgamyň işjeňleri Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň we başga-da birnäçe iri taslamalaryň gurluşygyny ýokary depginde alyp barýarlar. Ýurdumyzyň elektron enjamlary senagaty ösüşini dowam edýär, türkmen önüm öndürijileri hojalyk we durmuş maksatly enjamlardan başlap, kompýuterlere çenli täze enjamlary we abzallary öndürmegi özleşdirýärler.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan ýurdumyzy ösen döwletleriň derejesine çykarmak hem-de kuwwatly durmuş ugurly ykdysadyýeti kemala getirmek syýasaty mähriban halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilendir. Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän, bize şeýle ajaýyp zamanamyzda netijeli işlemäge şert döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ahmed BEKIÝEW,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/41019

21.09.2021