Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda bolup geçen mejlisinde: «Uglewodorod serişdeleriniň dünýä ähmiýetli gorlaryna eýe bolan Türkmenistan ägirt uly energiýa mümkinçiliklerini öz halkynyň we bütin adamzadyň bähbidine netijeli peýdalanmaga jogapkärli çemeleşip, bu ugurda anyk, yzygiderli ädimleri ädýär» diýip belledi.
Gahryman Arkadagymyzyň şu sözlerinden hem görnüşi ýaly, ýurdumyzda himiýa senagaty hem-de onuň bilen dahylly pudaklar yzygiderli ösdürilýär. Gazhimiýa senagaty bolsa, onuň möhüm ähmiýete eýe bolan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Türkmen tebigatynyň eçilen bu baýlygyny tygşytly ulanmak, ony dünýä döwletlerine diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek ýurdumyzyň öňde goýýan möhüm maksatlarynyň biridir.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi bilen baglanyşykly başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýalary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda häzirki wagtda gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi barada aýratyn gürrüň etmek bolar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalyp geçilen mejlisinde bu iri sebit taslamasyny amala aşyrmagyň uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýetiniň bardygyny belläp geçmek bilen: «Türkmen tebigy gazynyň täze energetika köprüsi Günorta Aziýanyň uly ýurtlaryna ony uzak möhletleýin ibermegi üpjün edip, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer» diýip belledi.
Döwlet baştutanymyzyň uzaklary nazarlaýan syýasatynyň möhüm ugry bolan halkara ykdysady hyzmatdaşlyk ugry giň we köp taraplydyr. Munda ýurtlaryň ilatynyň we sarp edijileriň giň köpçüliginiň tebigy gazy ýangyç hökmünde ulanmagy bilen birlikde önümçilik çig maly hökmünde ulanmagy, şeýle-de gaz geçirijiniň gurulmagy we işlemegi bilen baglanyşykly müňlerçe täze iş orunlarynyň döremegi göz öňünde tutulýar.
Mälim bolşy ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy barada 2010-njy ýylda Aşgabatda hökümetara ylalaşyga gol çekildi. 2012 — 2016-njy ýyllar döwründe ähli sarp edijiler bilen gazy satyn almak-satmak barada ylalaşyklar, paýdarlar we maýa goýum ylalaşyklary gazanyldy. 2013-nji ýylda taraplar TOPH taslamasyny ilerletmek we oňa maýa goýmak boýunça öz döwlet gaz kompaniýalaryny bellediler. 2015-nji ýylda bolsa Asyryň taslamasy adyny alan bu iri taslamanyň gurluşygyna badalga berildi.
TOPH gaz geçirijisiniň sebitiň ýurtlaryny türkmen gazy bilen üpjün etmek wezipesi uzakmöhletleýindir. Munuň özi ýurdumyzyň ösýän gazhimiýa toplumynyň mümkinçilikleriniň juda giňdiginden habar berýär.
Çynar HOJAMUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.