Döwletlilik ýörelgämiz ýol alýar

Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçen aýyň 25-inde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrüldi. Döwletli maslahatda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ösüş ýoly, geljekki aýdyň maksatlar we wajyp wezipeler kesgitlenildi. Milli Liderimiziň: «Türkmenistan beýik Garaşsyzlygynyň gysga taryhy döwründe bütin dünýäde belent at-abraýa we mertebä eýe bolan özbaşdak döwlete öwrüldi» diýen sözleri biziň her birimiziň ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Häzirki wagtda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, bäsleşige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly, senagat taýdan ösen döwlete öwrülendigine güwä geçýän maglumatlara aýratyn üns çekildi. Gahryman Arkadagymyz öz taryhy çykyşynda berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň möçberiniň 200 milliard amerikan dollaryndan geçendigini belledi. Bu serişdeleriň 60 göterimden hem köpüsi senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirildi.

«Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän Gahryman Arkadagymyz köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek we olara goldaw bermek baradaky meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdy. Milli Liderimiziň Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleriň pensiýalarynyň, çaga ideg etmek boýunça döwlet kömek pullarynyň, durmuş kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren eneleriň has ir pensiýa çykmagy bilen baglanyşykly degişli Kanunlara täze kadalary girizmegiň maksadalaýyk boljakdygy baradaky asylly başlangyjy ulus-ilimiziň arasynda giň goldaw tapdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň çaganyň doglandygy üçin döwlet kömek pullarynyň möçberlerine täzeden seredilmegi, bäş we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren zenanlara berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberiniň artdyrylmagy hakyndaky teklibi halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşup, göwün guşuny ganatlandyrdy.

Berkarar Watanymyzda her bir toýa sowgatly, serpaýly barmak ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgedir. Bu ýörelgäni dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz döwletli maslahatda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna ajaýyp toý sowgady bolan «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabyny peşgeş berdi. Bu kitabyň biziň elimize gowuşmagy ýurdumyzda dabaralandyrylýan baýramçylyk çäreleri bilen utgaşyp, aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Täze kitapda halkymyzyň dünýädäki belent ykrary, ata-babalarymyzyň arzuw eden Garaşsyzlyk döwri, onuň milli kökleri, taryhy ähmiýeti, adamzadyň naýbaşy gymmatlygy hasaplanylýan parahatçylygyň gadyr-gymmaty barada söz açylýar. Parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik, agzybirlik, dostluk-doganlyk ýaly asylly häsiýetler bolsa türkmeniň asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip, biziň günlerimize gelip ýeten, geljegimize hem miras galjak döwletli ýörelgeleridir. Kitapda dünýäniň ähli ýurtlaryny birleşdirmäge gönükdirilen belent maksatlary mundan beýläk-de amala aşyrmagyň mümkinçilikleri seljerilýär. Bu kitap parahatçylygyň, öňe gitmegiň we ähli adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna halky birleşdirýän esasy pikirleriň üýtgewsiz ähmiýetini okyjylara açyp görkezýär.

Bize şeýle eşretli zamanany, nurana geljegi, bagtyýar durmuşy bagyş eden, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Il-ýurt bähbitli, tutuş adamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Merdan DOSMEDOW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/43069