Röwşen geljegiň rowaçlyklary

Ýurdumyz milli Liderimiziň täzeçillik syýasaty netijesinde öz ösüşiniň ýokary depginlerini saklaýar, jemi içerki önümiň öndürilişi yzygiderli artýar, halkyň durmuş derejesi ýokarlanýar. Şu ýylyň 25-nji sentýabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenisanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda milli ykdysadyýetiň ýurduň garaşsyz ösüşi ýyllarynda gazanylan görkezijiler beýan edildi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň möçberiniň 200 milliard amerikan dollaryndan hem geçendigini, bu serişdeleriň 60 göterimden hem köpüsiniň senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirilendigini belläp geçdi. Milli ykdysadyýetiň esasy pudagy bolan ýangyç-energetika toplumyna ýurdumyzyň jemi içerki önümini öndürmekde hem-de eksport düzüminde esasy orun degişli bolup durýar. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, täze uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri döretmek ýaly uzakmöhletleýin we tutumly işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlary ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, iri gaýtadan işleýän önümçilikleri döretmek we ösdürmek babatynda ileri tutulýan taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyz bilermenleriň geçiren barlaglarynyň netijesi boýunça Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň goruna dünýäde baý ýurtlaryň hatarynda ykrar edilmeginiň esasynda ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmaga, energiýa serişdeleriniň eksportynyň çäklerini tapgyrlaýyn giňeltmäge gönükdirilen energetika strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň geçirilmegi ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, uglewodorod serişdelerini iberijiler we sarp edijiler üçin amatly şertleriň döremegine, Türkmenistan üçin täze sarp edijileriň bazarlaryny açmaga oňyn şertleri döredýär we biziň ýurdumyzda işlemek isleýän daşary ýurt maýa goýujylaryň gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar.

Nebiti we tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek we eksport etmek, nebit önümlerini öndürmek, maýa goýumlaryny özleşdirmek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijler, nebitgaz senagaty üçin kämil hünärmenleri taýýarlamak milli ykdysadyýeti yzygiderli ösdürmekde möhüm ugur bolup durýar. Barha senagatlaşýan dünýäde uly önümçilikleriň ykbaly halkymyzyň «mawy altyn», «gara altyn» diýip arzylaýan hut şu gymmatly baýlyklary bilen gönüden-göni bagly bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň ösüşleri we özgertmeleri nazarlaýan ykdysady syýasaty netijesinde soňky ýyllarda nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly halk hojalygynda giňden peýdalanylýan önümleri öndürmäge aýratyn üns gönükdirilýär. Ýurdumyzyň senagat pudagynda geçirilen düýpli döwrebaplaşdyrmak işleriniň netijesinde dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürýän köp sanly täze kärhanalar işe girizildi. Şolaryň biri-de Ahal welaýatynda — Owadandepede gurlan tebigy gazy gaýtadan işlemegiň esasynda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän gazhimiýa toplumydyr. Bu önümçilik üçin «mawy ýangyç» «Gündogar — Günbatar» gaz geçirijisinden alynýar. «Şatlyk» gaz ýatagyndan gaýdyp, Mary, Ahal, Balkan welaýatlarynyň çägi bilen Hazaryň etegindäki Belek gaz gysyjy stansiýasyna çenli uzaýan gaz geçiriji zawodyň golaýyndan geçip gidýär. Bu döwrümiziň ähli tutumly işleriniň biri-biri bilen utgaşykly, maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýandygynyň guwandyryjy görkezijisidir. Kuwwatly gazhimiýa toplumy dünýä tejribeleriniň ösen nusgalary esasynda gurlandyr.

Tebigy gazy has düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge, ondan gaýtadan işlenip alnan önümleriň eksportdaky paýyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet bermek bilen gurulýan şeýle taslamalary durmuşa geçirýän eziz Watanymyz tebigy gaz we çig nebit ýaly ilkinji energiýa serişdeleri bazarynda öz ornuny giňeltmek bilen birlikde gazhimiýa önümçiliginiň has girdejili bazarynda mynasyp orun eýelemegine täsir edýär.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksatnamalarynyň çäklerinde ägirt uly halkara ähmiýetli taslamalaryň onlarçasy durmuşa ornaşdyryldy. «Galkynyş» gaz ýatagyny senagat taýdan özleşdirmek, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatlylygyny artdyrmak, ägirt köp möçberde ätiýaçlyklary bolan «Galkynyş» ýatagynyň gaz känlerini senagat taýdan toplumlaýyn özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak ýaly wezipeler ýurdumyzyň energetika maksatlarynyň yzygiderli häsiýete eýedigini görkezýär.

Garaşsyz Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleri üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, amaly-okuwlary tejribe bilen utgaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň derejesiniň ýokary halkara görkezijilerine laýyk getirmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Iň ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, iň täze ylmy gazananlary özünde jemleýän toplumlaryň gurlup, ulanmaga berilmegi ýaşlaryň hünär taýýarlyklarynyň ýokarlanmagyna, täze, döwrebap hünärleri ele almaklaryna, ylmyň täze gazananlaryny ýakyndan öwrenmeklerine bolan talaplary-da artdyrýar. Nebitgaz pudagynda önümçiligiň bilim, ylym esaslaryny berkitmekde, hünärmenleriň taýýarlygyny utgaşykly alyp barmakda, täze çözgütleri tapmakda ýokary bilim ojaklaryna möhüm orun degişlidir. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti eziz Diýarymyzyň garaşsyz ösüş döwründe döredilen ýokary bilim ojagydyr. Bu bilim ojagynda nebithimiýa we gazhimiýa senagaty üçin inžener-himiýa, standartlaşdyrmak, sertifikasiýalaşdyrmak, inžener-tehnologiýa, inžener-ekologiýa ugurlary boýunça hem hünärmenler taýýarlanylýar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Uniwersitetleriň Halkara bileleşiginiň agzasy bolan bu bilim ojagynda dünýäniň iri ýokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly ýörite sapaklary guramak, tejribe alyşmak işleri ýola goýlup, sanly ulgam arkaly tejribe sapaklary geçirilýär. Ýokary okuw mekdebinde ähli hünärleriň okuw meýilnamalaryna «Sanly ykdysadyýet» dersi girizildi. Ylmyň, tehnologiýalaryň ösdürilmegi, ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ähli ugurlarynda iş alyp barmaga ukyply ýaşlary ýetişdirmek döwrümiziň talaby bolup durýar. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, täze ýataklary özleşdirmek, toplumyň kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri döretmek boýunça goýan wezipeleri ylmy, bilimi we önümçiligi utgaşdyryp alyp barmak arkaly çözülýär. Täze özgertmeler, täze desgalar ylma, bilime hyjuwly zehinli ýaşlary ruhlandyrýar, olara milli tebigy baýlyklarymyzy özleşdirmekde döredijilikli işlemäge giň ýol açýar. Milli ylym-bilim we innowasion tehnologiýalar esasynda öz tebigy baýlyklarymyzy netijeli özleşdirmek ykdysadyýetimizi ösdürmegiň iň ygtybarly girewi bolup durýar. Nesip bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy sütünleriniň biri bolan nebitgaz senagatynda we geologiýa pudagynda alnyp barylýan işler geljekde-de netijeli ösdüriler. Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän günlerinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda öňde goýan wezipeleriniň, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Serdar HOJAGULYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/42824