Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň beýany

Dünýä döwletleriniň senagatlaşmagyny alamatlandyrýan we olaryň ähli ulgamlarda ýeten derejelerini açyp görkezmek üçin giň mümkinçilik döredýän «EKSPO» Bütindünýä sergisi halkara derejede hoşniýetli we netijeli gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyz ençeme ýyllardan bäri bu abraýly halkara çärä işjeň gatnaşyp gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň barşynda Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşdy. Milli Liderimiziň bu iş sapary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanly wakasyna öwrüldi.

Dünýä döwletleriniň özara maksatlaryny, bähbitlerini utgaşdyrýan «EKSPO — 2020-niň» esasy konsepsiýasy «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygardan ugur alýar. Ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda tagallalary birleşdirmäge çagyrýan halkara ykdysady forumyň dowamynda medeni çärelere hem giň orun berilýär.

Iki asyra golaý wagt bäri geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu serginiň taryhyny üç tapgyra bölmek bolýar. Bu tapgyrlarda onuň umumadamzat ähmiýeti, häzirki zaman jemgyýetini kämilleşdirmek ugrundaky esasy ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Senagatlaşma tapgyrynda ýurtlaryň, sebitleriň arasyndaky söwda gatnaşyklaryna we tehnika-tehnologiýa babatynda ýetilen belent sepgitlere aýratyn üns berildi. ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde 1939-njy ýylda geçirilen Bütindünýä sergisi bu ykdysady çäräniň ilkibaşdaky alamatlaryny düýpli özgertdi. Medeni alyş-çalyş tapgyrynda jemgyýetiň geljegine, rowaçlanmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Üçünji tapgyryna milli özboluşlylyk häsiýeti mahsusdyr. Has takygy, 1988-nji ýyldan başlap, Bütindünýä sergisiniň çäginde dünýä ýurtlary öz milli sergi bölümleri bilen çykyş edip başlaýarlar. Bölümleriň daşky görnüşinde, gurluşynda ýurduň gazanýan üstünlikleri, uzak geljek üçin meýilleri öz beýanyny tapýar.

«EKSPO — 2020» sergi toplumynyň «Ykjamlyk» atly mowzuklaýyn zolagynda ýerleşdirilen Türkmenistanyň bölüminiň daşky we içki bezeglerinde halkymyzyň milli binagärlik aýratynlygy häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýa çözgütleri bilen özboluşly sazlaşýar. Bir söz bilen aýdylanda, bölümiň binagärlik çözgüdinde millilik bilen döwrebaplygyň utgaşmasyny synlamak mümkin. Onuň girelgesinde behişdi bedewlerimiziň heýkelleriniň goýulmagy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyzyň bedew badyny alamatlandyrýar. Binanyň ýelken şekilli zolagy goýny hazynaly, sahawatly Garagum sährasynyň aňňatlaryny ýadyňa salýar. Binanyň bezegçilik aýratynlygyna ýaşyl Tugumyzyň, türkmen halysynyň şekilleri özboluşly öwüşgin çaýýar.

Bu gezekki Bütindünýä sergisinde dünýäniň 190-dan gowrak ýurdy ylym, tehnika, binagärlik we sungat ulgamlarynda gazananlaryny görkezýärler. Serginiň çägi «Mümkinçilik», «Ykjamlyk» we «Durnukly ösüş» diýlip atlandyrylan ägirt uly bölümlere bölünýär. Serginiň dowamynda medeni-dynç alyş çäreleriniň geçirilmegi dünýä halklarynyň milli medeniýeti, däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Sergide Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň dürli ugurlar boýunça gazanýan üstünlikleriniň, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek babatda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesi ähli aýdyňlygy bilen görünýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň, rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha artýar, eksport mümkinçilikleriniň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giňeldilmegi babatynda giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi, gün-günden gözel görke, döwrebap keşbe eýe bolýan obadyr şäherlerimiz hakynda gürrüň berýän diwarlyklar serginiň mazmunyny baýlaşdyrýar.

Milli şaý-sepler, halkymyzyň el işleri, haly we haly önümleri, ýelden ýyndam bedewlerimize bagyşlanan bölümler halkymyzyň milliligi, medeni gymmatlyklary hakynda gürrüň berýär.

Bütindünýä sergisine gatnaşýan döwletimiziň bölümi ýurdumyzyň dokma, saglygy goraýyş we derman senagaty, oba hojalyk, nebitgaz, energetika, senagat, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk, telekeçilik ulgamlarynda gazanylýan üstünlikleri, olaryň öndürijilik kuwwatyny we giň mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen pudaklaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, elektron senagatyny we beýleki täze önümçilikleri döretmek boýunça giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, ýurdumyz senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşulýar. Munuň aýdyň netijesi «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde öz beýanyny tapýar.

Gurban GURBANOW,

«Daşoguz habarlary».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/43063