19-njy martda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny çalt depginde sanly ulgama geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, «Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň işini kämilleşdirmek hakynda» Karara gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimliklerinde «Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy» bölümi döredildi.
Döwlet dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek, «Elektron hökümet» ulgamyny işjeň ornaşdyrmak döwleti we jemgyýeti ösdürmäge gönükdirilen möhüm döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň esasy şertidir.
Şeýle toplumlaýyn işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda, sanly ulgamy giňden utgaşdyrmakda, elektron senagatyny, innowasion önümçiligi ösdürmekde möhüm ähmiýetlidir. Ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmek döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, işe girizmek we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem maglumat üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek wezipelerini öz içine alýar. Bu wezipelere laýyklykda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek hem-de ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ýeke-täk sanly ulgama birikdirmek, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň sanly ulgama geçmegi bilen bagly işler toplumlaýyn häsiýete eýe bolýar we dürli ugurlar boýunça alnyp barylýar.
Ykdysadyýetiň pudaklarynyň sanly ulgama geçmeginde ilkinji ugur sanly resminamalar dolanyşygyny ýola goýmagy öz içine alýar. Bu ugur döwletiň içki gurluşlarynyň özara gatnaşyklaryny — hökümet bilen hökümet, raýat bilen özara gatnaşyklaryny — hökümet bilen müşderi, işewürlik bilen özara gatnaşyklaryny — hökümet bilen işewürlik ugurlaryny öz içine alýar. Her bir raýatyň we her bir işewüriň şahsy penjiresi döredilýär. Sanly ulgamyň beýleki ugry bolsa, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegindäki edaralaryň, kärhanalaryň we beýlekileriň sanly ulgama birikdirilmegini ýola goýmagy nazarlaýar. Munuň özi, bazar gatnaşyklarynda bäsdeşlige ukyply täze gurallaryň döremegine ýardam berýär.
Bu wezipeleri durmuşa geçirmegiň barşynda, döwletiň ähli pudaklarynda we sebitlerinde işlenip taýýarlanýan maglumat ulgamlary umumy döwlet awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamyna birikdiriler. Ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly özgertmeler ýurduň ulag-logistika ulgamynyň awtomatlaşdyrylmagyny, senagat, ulag, oba hojalygy, elektron söwda ulgamlarynda, döwlet dolandyryş we döwlet hyzmatlary, maliýe we bank, bilim, saglygy goraýyş we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlary ulgamlarynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Maglumatlary alyşmagyň elektron ulgamlarynyň kämilligi, döwlet dolandyryş işlerinde elektron hyzmatdaşlygynyň talaba laýyk derejesiniň üpjün edilmegi sanly ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Döwlet we ýerli häkimiýeti dolandyryş ulgamynda sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň esasy maksady dolandyrylyşyň, şol sanda gözegçilik wezipelerini amala aşyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak bolup durýar. Bu ugur hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, döwlet häkimiýeti we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek wezipelerini üstünlikli çözmek üçin zerur mümkinçilikleri döredýär.
Sanly ykdysadyýetiň hünärmen we ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Býujet ulgamynda sanly tehnologiýalaryň paýyny artdyrmak, ýagny, «sanly bilim», «sanly saglygy goraýyş», «elektron resminamalar dolanyşygy», «elektron görnüşde döwlet hyzmatlary», «maliýe işlerini awtomatlaşdyrmak — meýilnamalaşdyryş we hasabatlylyk ulgamlary» ýaly ugurlary kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Tehnologik başlangyçlary we ylmy çözgütleri emele getirmäge şertleri we maglumat üpjünçilik ulgamyny, şeýle-de uly göwrümli maglumatlary saklamak üçin Maglumat merkezini (Data Center) döretmek, ygtybarly maglumat goraglylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek şu günüň möhüm wezipeleridir.
Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň her birinde maglumatlary saklaýan, gaýtadan işleýän serwer we ulgam enjamlarynyň bir bitewi ulgama birleşdirilmegini üpjün edýän täze sanly tehnologiýalar ornaşdyrylar. Ulanyjylaryň sanly ulgamyna çekilmegini üpjün edýän, köpugurly «Bir penjire» ulgamynyň maglumatlary toplaýyş, işleýiş we goraýyş milli maglumat merkezi dörediler. Milli maglumat merkeziniň işini ýola goýmak, oňa gözegçilik etmek, ony utgaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylar.
Ygtyýarly döwlet edarasy raýatlaryň elektron hyzmatlaryndan doly möçberde peýdalanmaklaryny üpjün etmek maksady bilen, raýatlaryň sanawyny, hyzmat edýän ýuridiki we fiziki şahslar üçin bitewi anyklaýyş sanly kodlar ulgamyny döretmek hem-de şahsyýeti anyklaýyş ID kart ulgamyny ornaşdyrmak işini gurar. Her bir pudagyň zähmet öndürijiligini öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek, pudaklarda bäsdeşlige ukyply eksporta gönükdirilen önümçiligi döretmek, maýa goýum mümkinçiliklerini düýpgöter täze derejelere ýetirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ýerine ýetirmeli sanly işleriniň, hyzmatlarynyň görnüşlerini kesgitlemek, olaryň görnüşlerini yzygiderli artdyrmak we kämilleşdirmek işleri utgaşdyrylar.
Hormatly Prezidentimiziň 16-njy martda paýtagtymyza we Ahal welaýatyna iş saparynda Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan welaýatyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşlygynyň barşynda bu şäheriň raýatlarymyzyň ýaşamagy üçin has oňaýly smart siti — «akylly» şäher boljakdygyny bellemegi hem, sanly ösüşleriň durmuşymyza yzygiderli we sazlaşykly ornaşdyrmak wezipeleriniň yzygiderli dowam etdiriljekdiginden habar berýär.
Şeýle ösüş meýilnamalarynyň halkara önümçilik halkasyna goşulan işewürligiň täze sanly görnüşlerini ösdürmäge, sanly ykdysadyýete maýa goýumlaryny çekmegiň täze görnüşlerini emele getirmäge, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, statistika işine döwrebap usullary ornaşdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, öňdebaryjy tilsimatlara esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmaga örän uly itergi berýändigine dünýä tejribesi şaýatlyk edýär. Bu ugry maliýe-ykdysady taýdan dolandyrmak bilen birlikde aragatnaşyk tehnologiýasynyň howpsuzlygyny, bu babatda döwletiň, jemgyýetiň, raýatlaryň bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmekde, şeýle hem halkara ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy kadaly ýola goýmakda bütinleý täze wezipeleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini häzirki ösen şertler anyk görkezýär. Sanly bilim, durmuş, saglygy goraýyş ulgamlaryny dolandyrmagyň has netijeli görnüşleriniň ornaşdyrylmagynyň bu ulgamlardaky işleriň we hyzmatlaryň kämilleşmegine täsir etjekdigi şübhesizdir.
Goý, ýurdumyzy ösüşiň täze derejelerine çykarýan hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!
Oguljeren NURYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24613