Önüm öndürijiler üçin ýeňillikler

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň oba hojalygynda we senagatda döwrebap kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli artdyrylýar. Olarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de hojalygy ýöretmegiň we dolandyrmagyň täze usullarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy önümçiligiň täze sepgitlere çykmagyny üpjün edýär. Bu ugra ýurt derejesinde üns berilmeginiň netijesinde içerki bazary özümizde öndürilýän ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek wezipesi üstünlikli çözülýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwletimiz tarapyndan dürli amatly şertler we ýeňillikler hem döredilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýerleriň hasyl berijiligini ýokarlandyrmak, iş usullaryny kämilleşdirmek boýunça öňe süren teklipleriniň esasynda möhüm resminamalaryň birnäçesi hereket edýär. Ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw hojalyk işlerinde ulanylýan ýer gazýan tehnikalary we buldozerleri satyn almak üçin 10 ýyl möhlete çenli ýylda 1 göterim ýeňillikli bank karzlaryny bermek, maldarçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmek, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça döredilen amatlylyklar bolsa täze ösüşlere badalga berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde pes önümçilik görkezijili we düşewüntsiz daýhan birleşikleriniň oba hojalyk ýerleriniň alnyp, has gowy işlemäge ukyply önüm öndürijilere berilmegi baradaky teklibiniň örän maksadalaýyk bolandygyny biziň etrabymyzyň çäginde döredilen «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň mysalynda hem anyk göz ýetirip bilýäris. Kanunçylyga laýyklykda ýörite ýer gaznasynyň döredilip, iş toparynyň çözgüdi esasynda ýerleriň 99 ýyl möhlet bilen has gowy netije gazanýan daýhan hojalyklaryna, daýhanlara berilmegi ýeriň hasyl berijiligine örän oňyn täsirini ýetirdi. Bölünip berlen ýerleriň 70 göteriminde pagta we bugdaý ekmek, galan 30 göteriminde bolsa, beýleki oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň göz öňünde tutulmagy ekin dolanyşygyny geçirmek üçin hem peýdaly boldy.

Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda çykaran kararyna laýyklykda önüm öndürijileriň bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamadan daşary artyk öndüren önümleri olaryň öz ygtyýarynda galdyrylýar. Artyk önümler erkin bahalar boýunça ýerlenilip bilner. Häzirki wagtda önüm öndürijilere oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary gurmak, olarda öndüriljek önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerlemek üçin zerur şertler döredilýär. Olara döwlet tarapyndan ýeňillikli karzlaryň berilmeginiň hasabyna maldarçylyk hojalyklarynyň hasabyndaky mallary we dowarlary, düýeleri, guşlary maldarçylyk hojalyklary bilen bilelikde kanunçylyga laýyklykda tapgyrlaýyn hususylaşdyrmaga we bellenilen tertipde ýer böleklerini bermäge ygtyýar berildi.

Önümçilik maksatlaryna berilýän karzlaryň göz öňünde tutulýan iň esasy ýagdaýlarynyň biri hem karzyň göterim derejesiniň pes bolmagydyr. Bu bolsa, öz gezeginde, öndürilen önümiň bahasynyň pes bolmagyna, öndürijileriň sarp ediş ukybynyň ýokarlanmagyna özüniň oňaýly täsirini ýetirýär.

Bu ugurda alnyp barylýan işleri giňden ýaýbaňlandyrmak maksady bilen ilatyň arasynda döwletimiziň ýeňillikli karzlary bermek babatynda ýöredýän syýasaty giňden wagyz edilýär. Banklaryň we olaryň şahamçalarynyň binalarynda, ilatyň toplanýan ýerlerinde mahabat ýazgylary ýaýradylýar. Bu özgerişlikleriň hukuk binýadynyň yzygiderli berkidilmegi zähmet adamlarynyň bähbidinedir.

Orunaý BABAKULYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň hünärmeni.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25274