Telekeçileriň işi ileri

Öňňin “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda maýa goýum forumy öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň önüm öndürijileridir telekeçileri, ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Forumyň dowamynda ulag hem-de kommunikasiýa toplumynyň hünärmenleri ätiýaçlyk şaýlaryň we serişdeleriň görnüşleri hem-de möçberleri, ulag hyzmatlary hakynda maglumatlar bilen tanyşdyrdylar. Habar berlişi ýaly, olary öndürmek üçin ýurdumyzda zerur bolan enjamlar bar. Muňa garamazdan, degişli toplumyň kärhanalarynyň önümçilik hajatlary üçin zerur serişdeleriň hem-de ätiýaçlyk şaýlaryň uly möçberi daşary ýurtlardan satyn alynýar.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ilatyna aragatnaşyk hyzmatlarynyň täze görnüşlerini hödürlemäge aýratyn üns berilýär, dürli programmaly önümleri döretmek we goldamak babatda ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler amala aşyrylýar.

Maýa goýum forumy ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýokary hilli import we eksport ugurly önümçilik babatdaky kuwwaty artdyrmak üçin tehnologik täzelikleri teklip etmäge taýýar ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň mümkinçiliklerini aýdyň görkezdi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25525