Döwrebap şertler — ýokary hilli hyzmatlar

Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň tapgyrlaýyn esasda ornaşdyrylýan döwründe ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamyna degişli düzümleriň işi hem hil taýdan täze, häzirki zaman derejesine eýe bolýar. Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze, döwrebap binalarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi-de munuň aýdyň subutnamasy boldy. Bu banklaryň hünärmenleri gurlan döwrebap binalar üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna ýürek töründen çykýan alkyşlaryny aýdýarlar.

Kakajan BAÝRAMGULYÝEW,
«Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň Buhgalter hasaby we hasabatlary müdirliginiň hünärmeni:

— Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň täze, döwrebap binasyny açyp ulanmaga bermegi biz — bankyň işgärleri üçin ýatdan çykmajak taryhy waka bolup, buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Açylyş dabarasynda maňa Gahryman Arkadagymyzyň öňünde çykyş etmek bagty miýesser etdi. Örän tolgundyryjy pursatlary başdan geçirdim. Milli Liderimize bankyň işi, ýerine ýetirilýän döwrebap hyzmatlaryň aýratynlyklary barada gürrüň berdim.


Men 2015-nji ýylda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe fakultetini tamamlap, ykdysatçy kärine eýe boldum. Şol ýyldan bäri hem «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynda zähmet çekip gelýärin. Biziň müdirligimizde ýerine ýetirilýän işler bankyň balans düzümi, girdejileri we çykdajylary, salgyt tölegleri bilen baglanyşykly bolup, Türkmenistanyň Merkezi bankyna tabşyrylýan hasabatlary taýýarlaýarys. Bankyň täze, döwrebap binasynyň açylmagy diňe bizi — hünärmenleri ýokary derejeli iş şertleri bilen üpjün etmän, eýsem müşderiler üçin hem amatly mümkinçilikleri döretdi. Indi olar banka gelmezden, karz almak, täze bank kartlaryny sargamak, goýum goýmak, jemagat hyzmatlary üçin tölegleri, ipoteka karzlarynyň esasy bergilerini we göterimlerini tölemek ýaly bank amallary bilen bagly hereketleri internet ulgamy arkaly, onlaýn görnüşde, öýde oturan ýerlerinden amala aşyryp bilýärler. Munuň üçin müşderiler bankyň www.tbbank.gov.tm atly resmi internet sahypasyndan peýdalanýarlar. Bankda müşderilere ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin iň täze, kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan. Esasan-da, internetiň üsti bilen menzilara bank hyzmatlaryny amala aşyrmak, nagt däl hasaplaşyklary geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi alyp barýan işlerimiziň dessinligi, takyklygy, ýokary netijeliligi, müşderiler üçin hem amatlylygy babatda uly ähmiýete eýedir.

Şeýle döwrebap bina hem-de biz — ýaş hünärmenler hakyndaky taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarys. Milli Liderimiziň bildirýän belent ynamyny ödemek üçin bilimimizi, ukyp-başarnygymyzy gaýgyrman, halal hem netijeli zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşarys.

Bahargül GARAÝAGDYÝEWA,
«Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň Hasaplaşyk we kassa amallary müdirliginiň hünärmeni:

— Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30, paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk taryhy toýlary toýlanylýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň bir günde ýurdumyzyň iki sany bankynyň täze, döwrebap binalaryny açyp bermegi şöhratly ýyla şan beren ajaýyp waka hökmünde taryha ýazylar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamy düýpli ösüşlere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, soňky ýyllarda ulgamyň işi has-da kämilleşdirilýär hem-de döwrebaplaşdyrylýar.


«Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky hem ýurdumyzda iň irki döredilen banklaryň biridir. Bir asyra golaý taryhy bolan bu bank ýurdumyzyň iri senagat pudaklaryna, hususy önüm öndürijilerine, raýatlara hyzmat edýär. Men 19 ýyl bäri şu bankda işläp gelýärin. Biziň müdirligimizde, esasan, bankyň ýerlerdäki bankomatlaryna gözegçilik etmek, hasaplaşyk we kassa amallary bilen bagly resminamalary taýýarlamak ýaly işler ýerine ýetirilýär.

Bankyň täze binasynyň işe başlamagy bilen, ýuridik tarap bolan müşderiler hem-de telekeçiler üçin internet ulgamy arkaly bank hasaplaryny barlamak, olaryň elektron göçürmelerini almak, elektron töleg tabşyryklaryny taýýarlamak; «Altyn asyr» kartly töleg ulgamynyň döwrebap töleg terminallary arkaly, galtaşyksyz bank kartlaryny ulanmak esasynda, hasaplaşyk işlerini çalt amala aşyrmak; internet ulgamyndan peýdalanyp, müşderileriň bank kartlaryny açmak, täzeden çap etmek boýunça elektron arzalaryny kabul etmek we olar boýunça tölegleri «Altyn asyr» bank kartlary arkaly onlaýn görnüşde tölemek mümkinçiligi ýaly sanly hyzmatlar hödürleniler. Şeýle-de karz almaga isleg bildirýän raýatlaryň arzalaryny elektron görnüşde, menzilara kabul etmek, müşderä arzasynyň ýagdaýy barada menzilara habar bermek hyzmatynyň hem kämilleşdirilen görnüşiniň ýola goýlandygyny bellemek gerek.

Döwür bilen aýakdaş gitmek, netijeli zähmet çekmek babatda şular ýaly döwrebap mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!

Döwletmyrat ÝAKŞIBAÝEW,
Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň Elektron tölegleri müdirliginiň başlygy:

— Milli Liderimiz paýtagtymyzyň gözel künjeginde «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasyny açyp ulanmaga berdi. Açylyş dabarasy biz — bank işgärleri üçin ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy.

Bankymyzda raýatlar üçin bank kartlarynyň dört görnüşi hödürlenýär. Müşderiniň «Altyn asyr» aýlyk zähmet haky kartlarynyň galyndysyna ýyllyk alty göterim tölenýär. «Maşgala» bank karty bolsa raýatlaryň pul serişdelerini öz maşgala agzalarynyň arasynda amatly şertlerde ulanmaklary üçin, ýyllyk alty göterim möçberi bilen berilýär. Bu bank karty çagalara we talyplara gerekli okuw esbaplaryny we beýleki harytlary satyn almaga, söwda, hyzmat ediş nokatlarynda hasaplaşyklary geçirmäge, «Internet bank» we «Mobil bank» ulgamlary arkaly karzlaryň esasy bergisini gaýtarmaga, hasaplanan göterimi tölemäge, öý telefonynyň, öýjükli telefonlaryň, IP-TV we internet hasabyny doldurmaga hem-de bank kartynyň galyndysyny bilmäge amatly mümkinçilikleri döredýär. «Goýum» bank karty arkaly ýyllyk alty göterim bilen raýatlar islendik wagt, islendik möçberdäki pullaryny nagt görnüşde goýup hem alyp bilýärler. Bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak, şol sanda ilatyň erkin pul serişdelerini netijeli ulanmaklary we girdejilerini has-da artdyrmaklary üçin «Goýum» bank karty işjeň gural hasaplanýar. Goýumlara tölenýän göterimler, bir tarapdan, müşderileriň erkin pul serişdelerini goýumlara goýmak arkaly, goşmaça girdeji gazanmaklaryna şert döredýän bolsa, beýleki tarapdan, bank üçin dolanyşykdaky puluň mukdaryny dogry kesgitlemäge, milli manadymyzyň hümmetini dogry derejede saklamaga mümkinçilik berýär. «Overdraft» kartynyň müşderiler üçin iň bir peýdaly bank kartlarynyň biridigini bellemek gerek. Haçanda müşderi gysga möhlet bilen bankdan islendik wagt karz pul serişdesini almak islese, onda ol aýlygynyň elli göterimine çenli «Overdraftyň» üsti bilen alyp bilýär.


Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ornaşdyrylýan bankomatlaryň we töleg terminallarynyň sany artdyrylýar hem-de olaryň bökdençsiz hereket etmegi ýola goýulýar. Bank ulgamynda ornaşdyrylýan döwrebap hyzmatlar häzirki zaman bankynyň keşbiniň emele gelmegine, bank hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna hem-de raýatlaryň talaplaryny kanagatlandyrmaga oňyn şert döredýär.

Bankymyzda alnyp barylýan işler, müşderilere hödürlenýän hyzmatlar bilen gyzyklanýan raýatlarymyz üçin www.senagatbank.gov.tm atly internet sahypamyz hem hereket edýär. Bu sahypa arkaly müşderiler bank tarapyndan ýerine ýetirilýän goýum hyzmatlary, şeýle-de raýatlara hödürlenýän karzlar barada maglumatlar bilen tanşyp bilýärler.

Pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynda ilata hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak babatda döwrebap şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys.

Aknur ATAÝEWA,
Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň Pul dolanyşygy we kassa amallaryna gözegçilik müdirliginiň başlygy:

— Bank ulgamynyň durnukly hereket etmegi ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem ol türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny, durnukly ösüşini gazanmak, onuň ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulmagy üçin kesgitleýji häsiýete eýe boldy.


Garaşsyzlyk ýyllary içinde ykdysadyýetiň hususy bölegini ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirildi. Döwlete dahylsyz bölegiň bank edaralary tarapyndan maliýeleşdirilmegi hususy kärhanalaryň sanynyň ep-esli artmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi üçin giň mümkinçilikleri açdy. Köptaraplaýyn mümkinçilikleriň, giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň, ähli ulgamlarda we pudaklarda iň täze tehnologiýalary peýdalanmagyň, iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň mundan beýläk hem türkmen ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmäge, daşary söwda dolanyşygyny hem-de girdejileri artdyrmaga ýardam berjekdigi bellärliklidir.

Häzirki wagtda paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerinde bankymyzyň jemi 13 sany şahamçasy bar. Özüm bankda 1994-nji ýyldan bäri zähmet çekip gelýärin. Biziň işimiziň esasy maksady müşderilere göwnejaý hyzmatlary hödürlemekden ybarat.

Çandybil şaýolunyň ugrunda bankymyzyň täze edara binasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi bizde aýratyn şatlyk döretdi. Bu ýerde raýatlara dünýä ülňülerine laýyk gelýän iş otaglarynda, döwrebap tehnologiýalaryň üsti bilen medeniýetli hyzmat etmek üçin ähli şertler bar.

Häzirki wagtda bankymyzda müşderiler üçin birnäçe goýum hyzmatlary hereket edýär. Her bir raýat öz islegine görä bir ýyllyk möhlet bilen iki müň manat möçberinde «Täze manat — täze durmuş» atly, pensiýa ýaşyna ýeten raýatlarymyz azyndan ýigrimi manat möçberinde on göterim bilen alty aýdan bir ýyla çenli «Ene-atalar hakynda alada» atly, saglyk ätiýaçlandyrmasy üçin azyndan ýigrimi manat möçberinde bäş göterim bilen alty aýdan bir ýyla çenli «Halkyň saglygy — Watan baýlygy» atly, on sekiz ýaşa çenli çagalar üçin azyndan ýigrimi manat möçberinde alty göterim bilen «Çagalara niýetlenen maksatly goýum» atly, «Çagalar biziň geljegimiz» ady bilen azyndan ýüz manatdan bir ýyl möhleti bilen ýedi göterim, şeýle-de «Bähbitli» ady bilen müşderi öz islegine görä, dürli möhletler bilen çäklendirilmedik goýumlardan peýdalanyp bilýär.

Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Kümüşgözel REJEBOWA,
Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň Hukuk we howpsuzlyk müdirliginiň işgärler bölüminiň başlygy:

— Toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bahary biz — bank işgärleri üçin hem ýatdan çykmajak wakalary bilen geldi. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi şatlygymyzy artdyryp, göwün guşumyzy ganatlandyrdy.


Dünýäniň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan iş otaglarynda ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilipdir, diňe bir işgärler üçin däl, eýsem, bankyň müşderileri üçin hem amatlyklar göz öňünde tutulypdyr.

Bankymyz tarapyndan raýatlara hyzmatlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Müşderileriň hasaplaryny açmak we alyp barmak, goýumlaryň dürli görnüşlerini, bankyň karz syýasatyna laýyklykda karz hyzmatlaryny hödürlemek, milli we daşary ýurt pul geçirimleriniň elektron ulgamyny hödürlemek, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň okuw töleglerini SWIFT tölegler ulgamy arkaly geçirip bermek, dürli pullaryň özara gatnaşyklary baradaky maglumatlary bermek, müşderiniň töleg resminamasyny taýýarlamak, şertnamanyň töleg şertlerini seljermek, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallaryny gurnamak ýaly hyzmatlar şonuň mysallarydyr. Bankomatlaryň, «Mobil bank» we «Internet bank» hyzmatlarynyň üsti bilen, ýurdumyzyň banklaryndan alnan karzlary we oňa hasaplanan göterimleri, şeýle hem «Altyn asyr», CDMA, öý telefon, internet aragatnaşyk ulgamlarynyň töleglerini nagt däl görnüşde tölemek mümkinçiligi döredilen. Mundan başga-da nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, «Cash back» sylaglamak maksatnamasy hem işe girizildi.

Ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleri, döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Ýazga geçirenler Aýmyrat PIRJIKOW, Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.

«Türkmenistan». Surata düşürenler Ýuriý ŞKURIN, Maksat AKMÄMMEDOW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25771