Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri

Energiýanyň daşky gurşawa zyýansyz, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, ýurdumyzyň aýry-aýry sebitleriniň energiýa üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek ýurdumyzyň energetika ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipelerdir. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň deputatlar düzümi bilen geçiren taryhy duşuşygynda hem bu ugurda birnäçe anyk maksatlary kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz şol taryhy duşuşykda ýurdumyzda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» hem-de «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» kabul edilendigini belläp, bu ugurda hukuk esaslaryny berkitmek, kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakynda» Kanunyň kabul edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmagyň, energetikanyň düzümini kämilleşdirmegiň, ýurdumyzyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň, energiýany tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalary milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrmagyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak, daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan ýerlikli peýdalanmak maksady bilen, «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Ylmyň we tehnologiýalaryň ösen döwründe gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini — Günüň, ýeliň, suw akymlarynyň hereketiniň hem-de beýleki tebigy hadysalaryň hasabyna döreýän üznüksiz we tükeniksiz gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak bütin dünýäde öňe sürülýän wajyp ugurlaryň biridir. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň peýdalanylmagy gazylyp alynýan uglewodorod serişdeleriniň ulanylyşyny peseltmek arkaly atmosfera goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberini azaldyp, daşky gurşawy, atmosfera howasyny, ozon gatlagyny goramagyň zerur şertleriniň biridir.

Önümçilige we durmuşa ekologiýa taýdan arassa energiýany öndürýän tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň binýatlaýyn ugurlarynyň biridir. Güneşli Diýarymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden elektrik energiýasyny öndürmäge uly mümkinçilikler bar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on üçünji maslahatynda kabul edilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Konstitusiýamyza esaslanyp hem-de hormatly Prezidentimiziň milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlanyldy. Bu kanun 5 bapdan we 34 maddadan ybarat bolup, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmak bilen energiýany öndürmek, energetika ulgamynyň düzümini kämilleşdirmek, energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, Türkmenistanyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak we ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmak bu Kanunyň kabul edilmeginiň esasy maksady bolup durýar. Şonuň ýaly-da, bu Kanunda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagyň hasabyna energiýanyň öndürijiligini ýokarlandyrmak, energiýa howpsuzlygyny berkitmek, bäsdeşlige ukyply energetika ulgamyny ösdürmek we daşky gurşawy goramagy üpjün etmek ýaly wezipeler kesgitlenildi.

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda döwlet we beýleki maksatnamalar işlenip taýýarlanylanda teklipleri girizmäge hem-de olary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda ýeňilliklerden peýdalanmaga, özbaşdak ulgamyň üsti bilen berilýän gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän elektrik, ýylylyk energiýasyny hem-de biogazy ýerlemäge şertnamalary baglaşmaga, şeýle hem, gaýtadan dikeldilýän energiýany öndürmek, şeýle hem, ondan peýdalanmak bilen baglanyşykly hukuklar we borçlar kesgitlenildi.

Kanunyň degişli maddalarynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň gorlaryny, olardan peýdalanmak boýunça gurluşlary we öndürilýän energiýany hasaba almagyň, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň döwlet kadastrynyň geçirilişiniň, energiýanyň gelip çykyşynyň tassyklanylmagy we degişli güwanamanyň berilmeginiň kadalary düzgünleşdirildi.

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ata Watanymyzy ösen senagat döwletine öwürmekde, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşlerini ulanmak bilen tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakda hem-de geljek nesillerimiz üçin gorap saklamakda, şeýle hem, daşky gurşawy goramakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Merdan BABAKULOW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25110