Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri döredijilikli zähmetiň, innowasion tehnologiýalaryň, ulgamlary sanlylaşdyrmagyň we döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda ýaşlaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň döwrüne öwrülýär. Şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow her bir ýolbaşçydan, telekeçiden, işewürden... ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni taýdan ösüşini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly derwaýys meseleleriň çözgüdini tapmagy, bu ugurda kesgitlenen her bir wezipäniň gyşarnyksyz berjaý edilmegini talap edýär. Şunda kabul edilen döwlet hem-de pudaklaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak aýgytly orna eýe bolmagynda galýar.
Hormatly Prezidentimiz 10-njy fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwletimiziň ýeten beýik sepgitleri barada durup geçmek bilen, üstümizdäki ýylda öňde duran wezipelere ünsi çekdi. Olaryň hatarynda durmuş-ykdysady, ylmy-önümçilik, döwlet-hususy pudak, ýaşlara mümkinçilikleriň açylmagy we olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat, ekologik abadançylyk hem-de beýleki käbir ugurlaryň esasy gözükdiriji hökmünde görkezilmegi diňe bir şu günüň ýa-da ýakyn geljegiň ýörelgesini salgy bermän, eýsem, orta hem uzak geljek üçin-de badalgadyr. Giňişleýin mejlisde Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny mundan beýläk-de berkitmäge, onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn wezipeleriň öňe sürülmegi-de bir maksada — döwletiň hem halkyň aýdyň ertirlerini şu günden binýat etmek ugrundaky tagallalara hyzmat edýär. Mejlisde ýurdumyzda amala aşyrylýan içeri we daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlary babatda aýratyn durlup geçilip, derwaýys garaýyşlaryň beýan edilmegi hemişelik Bitarap Türkmenistanyň birek-birege hormat goýmaga, özara bähbide, deňhukuklylyga, adalatlylyga, ynsanperwerlige daýanýan ýörelgeleriniň umumadamzat bähbitlerinden ugur alýandygyndan alamatdyr.
Döwlet Baştutanymyzyň gürrüňi edilýän mejlisde eden çykyşynda ünsi çeken wezipeleriniň biri-de telekeçiligi goldamak, hususy eýeçiligiň hukuklaryny hem-de kepilliklerini ynamly goramagyň ulgamyny döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýardam etmek, ýaşlaryň ýaşaýyş jaýlaryna we bilimlere bolan elýeterliligini gazanmak meselesidir. Bu maksat türkmen jemgyýetiniň hususy pudagy mundan beýläk-de ösdürmek, döwlet tarapyndan telekeçilige berilýän goldawlarydyr ýeňillikleri geljekde-de dowam etdirmek, importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleri özümizde öndürmegiň depginini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň iş üpjünçiligini artdyrmak we olaryň işine maýa goýumlary gönükdirmek, milli ykdysadyýeti, onuň eksport kuwwatyny diwersifikasiýalaşdyrmak, azyk garaşsyzlygyny berkitmek hem-de bazar bolçulygyny — haryt elýeterliligini üpjün etmek bilen baglanyşykly ählumumy gyzyklanmalaryny özünde jemleýär. Şunda ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde we onuň eksport kuwwatynyň artmagynda telekeçiligiň ornuna ýokary baha berilmegi, Arkadagly Serdarymyzyň hususy pudagyň wekillerine bildirýän ýokary ynamy, döwlete dahylsyz pudagyň milli ykdysadyýetdäki paýyny has-da artdyrmak ugrunda edýän tagallalary gazanylýan üstünlikleriň girewi bolup çykyş edýär. Munuň şeýledigini türkmen telekeçileriniň dürli ugurlarda amala aşyrýan işleriniň netijeliliginiň ýokarydygy, içerki bazarlarda haryt bolçulygyny döretmekde, azyk garaşsyzlygyny berkitmekde, senagat harytlarynyň gaýtadan işlenilmeginde, ýerli çig mal serişdelerinden ýerlikli peýdalanmakda, iri gurluşyk taslamalarynda olaryň uly mümkinçiliklere, paýa eýedikleri hem görkezýär. Hususy pudagyň ösüş depgininiň barha artýan kuwwata eýe bolmagynda pudaga döwlet goldawynyň we dürli ýeňillikleriň, şol sanda ýeňillikli karz serişdeleriniň berilmeginiň, hormatly Prezidentimiziň bu babatda durmuşa geçirýän syýasatynyň ähmiýeti aýratyn nygtalmaga mynasyp.
Elbetde, girdejisini artdyrmak, baýamak, netijede, maliýe gory babatda-da, önümçiliginiň köpdürlüligi we köpugurlylygy babatda-da öňdäki orunlaryň birini eýelemek telekeçiniň baş maksady hökmünde öňe çykýar. Munuň üçin beýleki döwletleriň işewürleri bilen özara eksport-import gatnaşyklarynda eksportyň paýyny ýokarlandyrmak, onuň diwersifikasiýasyny gazanmak islendik hususyýetçi üçin-de çelgidir. Ýurdumyzyň bazarlaryny harytlaryňdyr önümleriň islendik görnüşi, esasan-da, özümizde öndürilýän görnüşleri bilen üpjün etmek, olaryň elýeterliligini durnukly ýagdaýa getirmek bolsa telekeçileriň her biriniň perzentlik hem raýatlyk borjudyr. Ikinji bir tarapdan, hususyýetçileriň gazanýan üstünlikleri döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha berkemegi, parahatçylygyň, asudalygyň, eşretli durmuşyň ebediligini gazanmak, ekologik abadançylyga gulluk etmek, netijede, döwletimiziň sebitdäki geosyýasy hem-de geoykdysady ornuny berkitmäge goşant goşmak bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin-de, Türkmenistanda bu ugurda amala aşyrylýan syýasatyň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysady binýady has-da berkidildi we berkidilýär. Milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklaryna goýulýan ýerli we daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi barha artdyrylýar. Şolaryň netijesinde bolsa ýurdumyzyň senagat, önümçilik, durmuş ulgamlaryny batly depginler bilen ösdürmäge, Watanymyzyň egsilmez baýlygy bolan tebigy serişdelerimizden ýerlikli hem tygşytly peýdalanmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirildi. Şeýle işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de batly depginlere eýe bolýar. Şu maksatdan ugur alnyp, döwlet we döwlete dahylsyz edara-kärhanalara, hususy telekeçilere önümçilikdir dolanyşyk serişdelerini satyn almaga, oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmäge, önümçiligiň täze ugurlaryny döretmäge, gymmaty ýokary bolan harytlary öndürmäge gönükdirilen ýeňillikli karzlary bermek çäreleri üstünlikli amala aşyrylýar.
Şu ýerde pudaklary hususylaşdyrmagyň, telekeçiligi ösdürmegiň, ýurduň senagatlaşmagynda döwlete dahylsyz pudagyň wekillerine täze mümkinçilikleri döretmegiň ekologik abadançylyga edýän täsirleri babatda-da durup geçmegi makul hasap edýäris. Ol, ilkinji nobatda, galyndysyz önümçiligi ýola goýmak, munuň üçin döwrüň iň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, harydyň ýa-da harytlaryň hiline bolan gözegçiligi ýokarlandyrmak, zir-zibilleri gaýtadan işläp, olary ykdysadyýete gatanç etmek bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi isle çig mal serişdelerine daýanýan, isle-de gaýtadan işlemäge daýanýan önümçilik bolsun, tapawudy ýok, ikisinde-de galyndyny aradan aýyrmak ýa-da ony mümkin bolan iň pes derejä çenli azaltmak, netijede, tygşytlylygy gazanmak — her teňňäni hasaply sowmak hususyýetçiniň esasy maksatlarynyň birine öwrülýär. Bu bolsa, birinjiden, himiki işlewlerden geçirilen harytlaryň ýa-da çig mal görnüşindäki önümleriň galyndylarynyň tebigata taşlanmagyny azaldýar. Tebigata taşlanýan zir-zibiller, esasan-da, plastik önümler, zäherli gazlar adamyň saglygyna ýaramaz täsir etmek bilen birlikde, haýwanat we ösümlik dünýäsine-de howp salýar. Şeýle täsirleriň öňüni almak ählumumy maýylganlygy hem-de Aralyň guramagy zerarly emele gelen ekologik kynçylyklary-da hasaba alanyňda, diňe bir sebitiň däl, eýsem, bütin dünýäniň meselesine öwrülýär. Ikinjiden, telekeçilikde depginli ýola goýulýan innowasion tehnologiýalara daýanýan galyndysyz önümçilik zäherli gazlaryň, tot-tozanyň, howada we tebigatda eremeýän elementleriň... daşky gurşawa goýberilişini çäklendirýär. Üçünjiden, şular bilen baglanyşyklylykda, döwletiň ekologik abadançylygy goramaga, tebigy gözelligi aýamaga, howanyň dem almak üçin ýaramlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirýän maýa goýumlaryny tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Şonuň bilen birlikde-de, haýwanat hem ösümlik dünýäsine, tebigy suw serişdelerine adamyň täsiri bilen ýetirilýän zyýany belli bir derejede azaldýar. Netijede, bu zatlaryň ählisi döwletiň-de, telekeçiniň-de, halkyň-da, tebigatyň hem bähbitlerine gulluk edýär.
Durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň gurluşyklarynyň döwlet sargydy boýunça, bäsleşik esasynda ýerine ýetirilmegi, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegi maliýeleşdirmegiň ýörite maksatnamalarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy kiçi hem orta telekeçilik üçin hünärmenleri taýýarlamak, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, eksporty artdyrmak, importyň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň örän wajyp ähmiýete eýedigini-de ýüze çykarýar. Şonuň üçin-de, hususy pudagyň, netijede, Türkmenistanyň eksport kuwwatyny artdyrmak we daşary söwda dolanyşygynyň deňagramlylygyny üpjün etmek häzirki döwrüň durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp ugruna öwrülýär. Sebäbi daşarky bazarlaryň islegleri we sargytlary ýurdumyzda döredilen we döredilýän önümçilik kuwwatyny doly derejede ulanmagyň, ýokary iş üpjünçiliginiň, durnukly ykdysady ösüşiň esasy girewidir. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň mukdarynydyr görnüşini köpeltmek, şeýle-de bu ugurda gurulmagy göz öňünde tutulýan kärhanalaryň gurluşyklaryny çaltlaşdyrmak wajyp ähmiýete eýedir. Şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi, milli önüm öndürijileri goldamak boýunça halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini, munuň üçin ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň gurallarynyň tapgyrlaýyn kämilleşdiriljekdigini aýratyn nygtaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde kiçi hem-de orta telekeçiligiň sazlaşykly we netijeli ösmegi, hususy başlangyçlaryň goldanylmagy üçin has amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi. Bu bolsa döwlete dahylsyz pudagyň agzalaryna ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, azyk bolçulygyny berkitmek ugrundaky tagallalara mynasyp goşant goşmaga, senagat kärhanalaryny, häzirki zaman söwda merkezlerini, döwrebap obalary gurmak boýunça kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmäge giň ýol açýar.
Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda döwlete dahylsyz pudagyň wekilleriniň bäsdeşlige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen ýokary hilli önümleri öndürmekde uly işleri bitirýändiklerini aýratyn nygtady. Çykyşyň dowamynda türkmen telekeçileriniň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap dolandyryş merkezini, beýleki iri taslamalary durmuşa geçirmekde amala aşyrýan tutumly işleriniň bellenmäge mynasypdygyna ünsüň çekilmegi telekeçileredir işewürlere bildirilen minnetdarlyk bolmak bilen birlikde, olar üçin uly jogapkärçiligi hem alamatlandyrýar. Çünki bildirilýän ynamy ödemek, berilýän goldawlardan ýerlikli peýdalanmak üçin täze güýç-gaýrat, ugurtapyjylyk bilen işlemek zerur. Şeýle ynamdyr hoşallyk, şol bir wagtyň özünde, döwrüň talabyny, halkyň islegini-de öz içine alýar. Munuň üçin Döwlet Maslahatynda täze wezipeler-de kesgitlendi. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyz geljekde raýatlaryň öz-özi üçin iş ýerlerini döredýän, uly bolmadyk möçberlerde önüm öndürýän, hyzmatlary edýän kiçi we orta telekeçilige salgyt goldawyny bermek, ýeňillikli bellige almak, ygtyýarnama bermek bilen, täze iş orunlarynyň döredilmegine, haryt-söwda dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna, salgytlardan gelip gowuşýan serişdeleriň artdyrylmagyna oňaýly şert döredýän ulgamy ösdürmegiň zerurdygyny nygtaýar. Bu bolsa kiçi we orta kärhanalaryň sanynyň has-da artdyrylmagyna, netijede, eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna, ýurdumyza walýutanyň çekilmegine, milli manadyň durnuklylygyny berkitmäge, işsizligiň öňüniň alynmagyna... oňaýly täsir eder.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, 2023-nji ýylda-da ýurdumyzyň telekeçilerine täze wezipeler, beýik maksatlar hem-de juda uly jogapkärçilik garaşýar. Şeýle maksatlar hem wezipeler «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda-da» anyk beýanyny tapýar. Bu zatlaryň ählisi pudagy goldamaga gönükdirilmek bilen birlikde, döwletimiziň geljekki ösüşlerine, halkymyzyň has eşretli durmuşda ýaşamagyna, hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň rowaçlanmagyna täze badalga bolup hyzmat eder. Şunda ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan täze kanunlaryň kabul edilmegi we hereket edýän hukuk kadalarynyň durmuş-ykdysady ösüşe, täze taryhy döwrümize, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini, demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyny, jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün etmek bilen, derwaýys orun eýelär.
Ysmaýyl TAGAN.
«Türkmenistan».