Ministrler Kabinetiniň 10-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2022-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän ähli görkezijilerde oňyn ösüş depginleriniň gazanylandygy we jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterim derejede üpjün edilendigi barada habar berildi. Mejlisde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini ilerletmekde wajyp ähmiýetli resminama — Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan durmuş-ykdysady strategiýasynda maýa goýum işjeňligine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň maýa goýum syýasaty — bu maýa goýumlaryň düzümini we möçberlerini, ykdysadyýetiň pudaklarynda maýa goýumlary ulanmagyň usullarynydyr girdeji çeşmelerini kesgitlemäge gönükdirilen ykdysady syýasatyň wajyp ugrudyr.
Maýa goýum Maksatnamasynyň esasy wezipesi ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň deňagramly ösüşini üpjün etmekden ybarat bolup, şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gaýtadan işleýän we taýýar önümleri öndürýän senagat pudaklaryny ýokary depginler bilen ösdürmeklige gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi ýokarlanýar. Munuň netijesinde, ýurdumyzyň senagatynyň pudaklarynda öndürilýän we daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň möçberleridir görnüşleri düýpli artýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işjeň maýa goýum syýasaty ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga, köpugurly ösüşi üpjün etmäge, täze pudaklaryň kemala gelmegine, daşary ýurtlardan import edilýän harytlary öz ýurdumyzda öndürmäge, döwletimiziň gyzyl puluny tygşytlamaga, dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň gerimini has hem giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Kabul edilen maksatnama laýyklykda, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 37 milliard 400 million manat möçberde düýpli maýa goýumlarynyň goýulmagyna garaşylýar. Önümçilik desgalarynyň gurluşygyna 20 milliard 800 million manat maýa goýumlaryny gönükdirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa ýurdumyz boýunça maýa goýumlarynyň umumy möçberiniň 55,6 göteriminden ybaratdyr. Durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna 16 milliard 600 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek bellenilýär. Munuň özi maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 44,4 göterimine barabardyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň baý tebigy baýlyklaryny, geoykdysady we geosyýasy ýerleşişini, köpugurly daşary ykdysady gatnaşyklaryny, ulag-üstaşyr amatlyklaryny, köpugurly halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini we döwrebap logistika düzümlerini netijeli ulanmagyň hasabyna ösen senagat pudagyny döretmek ugrunda köp tagallalar edilýär. Maksatnamada nebitgaz, ulag we kommunikasiýa, gurluşyk we senagat, söwda, oba hojalyk toplumyna we durmuş-medeni ulgama maýa goýumlary meýilleşdirmegiň netijesinde önümçilik maksatly we önümçilik däl maksatly desgalaryň gurluşygy göz öňünde tutuldy.
Şu ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 1 million 58,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň maýa goýum Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalaryň we binalaryň gurluşygyna badalga berler. Mysal üçin, Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de 4000 orunlyk Medeniýet merkeziniň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem birnäçe binalaryň we desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny, Parahat-7 toplumynda 23 sany ýaşaýyş jaýyny, kuwwaty 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgany ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şonuň ýaly-da, sebitde iň iri taslamalaryň biri bolan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň birinji tapgyry, Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäginde täze obalar, şeýle hem 600 baş ahalteke bedewi üçin döwrebap athana ulanmaga tabşyrylar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu ýyl Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçiriji ulgamlary, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini, 15 sany orta mekdebi we 3 sany çagalar bagyny işe girizmek göz öňünde tutulýar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz we elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, şeýle hem suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişdeler goýberiler.
Maliýeleşdirmegiň çeşmeleri boýunça maýa goýumlaryň düzüminde kärhanalaryň we guramalaryň öz serişdeleri, karz serişdeleri, döwletiň býujet serişdeleri, döwlet serişdeleri, daşary ýurt maýa goýumlary we beýleki serişdeler göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem daşary ýurt maýa goýumlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň telekeçileriniň serişdelerini amatly ugurlarda ulanmak meýilleşdirilendir.
Maýa goýum Maksatnamasy ykdysadyýetiň düzüminde senagat önümçiliginiň paýyny artdyrmaga, eksporta iberilýän önümleriň möçberini artdyryp daşary söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri giň gerimde döretmäge hem-de ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli çäreleri öz içine alýar.
Dünýä döwletleriniň maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri adam maýasy bilen baglanyşykly pudaklarda (ylym, bilim) maýa goýumlaryň ýokary özleşdiriş derejesini goldamak, daşary ýurt maýasynyň, esasan-da, göni maýa goýumlary artdyrmak, sebitlerde maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, bazar institutlaryny, ýagny haryt we gazna biržalaryny, banklary, maliýe we ätiýaçlandyryş gaznalaryny we ş.m. ösdürmek bolup durýar. Bu geçirilýän çäreleriň ulgamlaýyn we toplumlaýyn amala aşyrylmagy ýurduň mundan beýläk hem ýokary depginli ösüşini üpjün eder.
Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda düýpli maýa goýumlaryň özleşdirilmegi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze, döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlandyrylmagyna getirer. Bularyň hemmesi ýurdumyzda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan ägirt uly işleriň aýdyň subutnamasydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly üçin kabul edilen maýa goýum Maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmakda ýurdumyzyň hereketlendiriji güýji bolan ýaşlara aýratyn orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmek baradaky tabşyryklarynyň esasynda sowatly, hünärli, giň dünýägaraýyşly, ösen ylmy tehnologiýalardan baş çykarýan, ýokary medeniýetli, sagdyn, eziz Watanymyza, halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine çyn ýürekden wepaly ýaş nesli terbiýelemek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Maksatnamada bellenişine görä, bilim ulgamyna 2023-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 745,00 mln. manat möçberinde maýa goýum serişdeleri gönükdiriler. 2023-nji ýylda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygynda maýa goýumlary özleşdirmek meýilleşdirilýär.
«Şu ýyl üçin kabul eden maksatnamamyz örän köp işleri öz içine alýar, ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin bize täze taslamalar, täze pikirler we dolandyryş çözgütleri zerur bolup durýar» diýip nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2023-nji ýyl üçin bellenen täze sepgitlere hem ýetiljekdigine berk ynam bildirdi. Bu belent ynam türkmenistanlylaryň her birini täze öňegidişliklere çagyryp, ösüşli menzillere ruhlandyrýar.
Aknabat ATABAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory, ykdysady ylymlaryň kandidaty.