Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki taryhy mejlisinde möhüm çözgütler bilen birlikde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen wezipelere laýyklykda, derwaýys maksatlar kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyz eziz Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen 7 sany maksadyň biri hökmünde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini peýdalanmak, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly pudaklaryň we durmuş hyzmaty ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegini gazanmak wezipelerini belledi. Häzirki döwürde sanly ulgam we maglumatlar tehnologiýalary durmuşyň hem-de ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna aralaşyp, olaryň ösmegine, kämilleşmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda «akylly» şäherleriň gurluşygynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde sanly ugur täze ösüşlere eýe boldy.
Döwrebap «smart siti» taslamasynda durmuş-ýaşaýyş şertleri, ekologiýa abadançylygy, aragatnaşyk we söwda hyzmatlary, sanly tehnologiýalaryň artykmaçlyklary giň orun eýeleýär. Ýakynda gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berlen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolan Arkadag şäheri ýurdumyzda «smart siti» taslamasy boýunça durmuşa geçirilen ilkinji «akylly» şäher bolar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde gurulýan täze şäherde «akylly» şäher konsepsiýasy häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleri bilen utgaşdyrylýar hem-de desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeler ulanylýar. Şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin «akylly» wideogözegçilik ulgamlary, şeýle-de maglumat hem-de aragatnaşyk tehnologiýalary sanly ulgam arkaly dolandyrylar we elektrobuslar, elektromobiller hereket eder.
Sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri ýetişdirmäge gönükdirilen bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hünäre gönükdirmek ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary babatynda goşmaça bilimleri girizmek we bu ugurda täze ukyplary ýüze çykarmak milli bilim ulgamynyň möhüm wezipeleridir. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda sanly ykdysadyýetiň anyk ugurlary boýunça okadylmagy we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyna degişli edaralaryň hünärmenleri bilen tejribe alşylmagy degişli hünäri bilen birlikde, maglumat tehnologiýalaryndan doly baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 28-nji aprelinde geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde sanly ulgam boýunça hünärmenleri taýýarlaýan merkezi döretmek barada beren tabşyryklary hem-de Gahryman Arkadagymyzyň 3-nji dekabrda bilim ulgamyna degişli ähli binalarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny hem talyplaryny welaýat merkeziniň meselelerine işjeň çekmek barada beren tabşyryklary esasynda birnäçe ýokary bilim ojagyndan, şol sanda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden talyplaryň bu şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň 12-sine «akylly öý» ulgamyny ornaşdyrmak işine çekilendigi guwandyryjy wakadyr. Täze şähere sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleriň çäginde ýurdumyzyň ýokary bilim ojaklarynyň mugallymlarynyň hem talyplarynyň gatnaşmaklarynda işlenip düzülen bilim ulgamynyň sanly çözgütlerini — mekdep, mugallym, ata-ene hem okuwçy üçin maglumatlary onlaýn usulda almaga mümkinçilik berýän mekdep ulgamyny; talyplaryň okuwa degişli maglumatlary özleşdirmeklerine mümkinçilik berýän bilim portaly; sanly kitaphana ulgamyny; onlaýn ders bäsleşiklerini we garaşsyz synaglary geçirmäge mümkinçilik berýän «Zehin» atly sanly ulgamy girizmek boýunça teklipler taýýarlanyldy.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek netijesinde ugur edinilýän öňdebaryjy işläp taýýarlamalar, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, giňden kompýuterleşdirmek hem-de iň gowy dünýä tejribesini, şol sanda aragatnaşyk ulgamynda oňyn tejribäni özleşdirmek wezipeleriniň miweleri Arkadag şäheri ýaly nusgalyk taslamalaryň mysalynda aýdyň görünýär. Arkadag şäherinde, täze gurulýan «akylly» şäherlerde tehnologik taýdan düýpli öwrülişigi amala aşyrmaga ukyply täze nesiller kemala geler.
Gyzylgül EKÄÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.