Ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek möhüm wezipedir

7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. 

                                                                   

 Iş maslahatynda, hususan-da, obasenagat toplumyny ösdürmek we onuň kuwwatyny artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň sebitlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Netijeli zähmet çekmek üçin döredilýän şertler, welaýatlarda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy özüniň oňyn netijelerini berýär. 

                                                                   

Iş maslahatynda, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow häzirki wagtda ýurdumyzda, hususan-da, Mary welaýatynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz häzirden geljekki hasylyň düýbüniň berk tutulmalydygyny we munuň üçin möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmelidigini belledi hem-de suwdan rejeli we kadaly peýdalanmagyň, ekin meýdanlaryny suw bilen bökdençsiz üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Mary welaýatynda senagat desgalaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de elektrik energiýasynyň üpjünçiligi we ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyk işleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň milli ykdysadyýetimizde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn belledi we bu pudaklary hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin zerur işleriň geçirilmelidigini nygtap, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň wajypdygyna ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtady we bu babatda komitetiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

 Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgininiň we hiliniň geljekki bol hasylyň netijesidigini aýdyp, bu işleriň agrotehniki kadalara laýyklykda, öz wagtynda ýerine ýetirilmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz suwdan rejeli peýdalanmagyň, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda welaýat häkimine birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň jemini jemläp, oňa gatnaşanlara öňde durýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de welaýatyň çäginden akyp geçýän Garagum derýasynyň kenarlaryny berkitmek boýunça ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny tamamlap, Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza ugrady. 

                                                                                                           

«Balkan».