2023-nji ýyl üçin möhüm Maksatnamalar tassyklanyldy

Ministrler Kabinetiniň 10-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» we Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy hem-de ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy tassyklanyldy. 

                                                                   

Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmekden we işjeň maýa goýum syýasatyny dowam etdirmekden ugur alnyp taýýarlanylan Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimize maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryň möçberiniň 37,4 milliard manada deň bolmagyna garaşylýar. Şoňa görä-de, mejlisiň dowamynda ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Maksatnamanyň bellenen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. 

                                                                   

Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bolsa şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,5 göterime ýetirmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş ornuny döretmek göz öňünde tutulýar. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 19,4 milliard amerikan dollaryna ýetirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, resminama laýyklykda, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilik ösdüriler, jemi içerki önümiň düzüminde (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) hususy pudagyň paýy 71,3 göterime ýetiriler, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyrylmak arkaly ilatyň girdejileri artdyrylar. 

                                                                                                           

"Nesil".