Habarlar
Maýa goýum maksatnamasy: täzeçil başlangyçlardan — belent sepgitlere

Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi dogry işlenip düzülen strategik maksatnamalara esaslanýar. Munuň özi halkara derejede ykrar edilen hakykatdyr. Döwleti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen wezipeler uzak we gysga möhletli maksatnamalarda has jikme-jik şöhlelenýär. Bu ýagdaý ýurdumyzyň innowasion ösüşe esaslanýan ykdysadyýetiniň hem esasy ýörelgesi hökmünde çykyş edýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, gysga döwre niýetlenen, ýagny 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň kabul edilmegi hem ykdysady jähetden döwrüň talabydyr.  

                                                                   

Bu Maksatnamanyň esasy maksady Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmekden, durmuş we medeni taýdan ýokary depginli ösüşini üpjün etmekden, milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmakdan, pudaklara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy çuňlaşdyrmakdan, kiçi, orta hem-de iri telekeçiligi ösdürmekden, ylymdyr innowasiýalara daýanýan ykdysady pudaklaryň ilerlemegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýeri gelende, zähmet gatnaşyklaryny ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek we ilatyň iş üpjünçiligini gowulandyrmak wezipeleriniň hem öňde goýlan esasy işleriň hatarynda durýandygyny bellemelidiris.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda ýurdumyzy strategik maksatnamalara esaslanyp ösdürmek barasynda şeýle diýdi: «Kabul eden maksatnamamyzda öňde goýlan wezipelerimizi öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin, biz ähli mümkinçiliklerimizi ulanyp, agzybirlikde we jebislikde, el-ele berip işlemelidiris». 

                                                                   

Dünýä ykdysadyýetiniň diýseň tiz ösýän we kämilleşýän döwründe, strategik maksatnamalara laýyklykda, adam mümkinçilikleri has-da giňeldilýär, ylmy-tehnologik ösüşler çaltlandyrylyp, innowasiýalara daýanýan täze pudaklar döredilýär. Milli ykdysadyýetimiziň uzak möhletli ösüşi hökmünde kesgitlenen wezipeler öňdebaryjy ylmy taglymatlardyr innowasion tehnologiýalar arkaly ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň mümkinçiliklerini has-da netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.  

                                                                   

Maýa goýum syýasatynyň döwrebaplaşdyrylmagy maliýe ulgamyny kämilleşdirmäge, onuň innowasiýalara, durnukly ykdysady ösüşe, ykdysadyýetiň önümçilik we maliýe böleginiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik döredýär. Munuň üçin maýa goýum bazarlaryny öwrenmek arkaly bar bolan maliýe serişdelerini amatly ugurlara gönükdirmegiň ýollary we konsepsiýalary kesgitlenilýär. Şunda, esasan-da, maliýe institutlarynyň seljermeleridir usullaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki maliýe guramalary halkara derejede hereket etmek bilen, maýa goýum serişdelerini goýmagyň territorial-çäk we kanunçylyk tarapdan amatlydygyny makroykdysady görkezijileriň netijesinde anyklaýarlar. 

                                                                   

Halkara tejribeden belli bolşy ýaly, ösen döwletleriň düýpli maýa goýum serişdeleriniň agramly bölegi önümçilik maksatly ulgamlara gönükdirilýär. Bu biziň ýurdumyza hem mahsusdyr. Çünki maýa goýujylaryň maliýe serişdeleri ykdysadyýetiň pudaklaryna göni gatnaşmak bilen, ykdysady ösüşiň okgunly depginini gazanmaga şert döredýär.  

                                                                   

Maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, 2023-nji ýylda milli ykdysadyýetimize maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 37 milliard 400 million manat möçberinde düýpli maýa goýum goýlar. Munuň 20 milliard 800 million manadyny önümçilik desgalarynyň gurluşygyna gönükdirmek meýilleşdirilip, bu görkeziji ýurdumyz boýunça umumy maýa goýumlaryň möçberiniň 55,6 göterimini tutýar. Düýpli maýa goýumlar, ýagny 16 milliard 600 million manat bolsa durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler. Munuň özi maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 44,4 göterimine barabardyr. Bu Maksatnamanyň doly we dogry durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny has-da pugtalandyryp, Döwlet býujetiniň durnukly ösüşini üpjün eder we halkara talaplara, innowasion tehnologiýalara, ylmyň täze gazananlaryna esaslanýan ykdysadyýetiň kemala gelmegini şertlendirer. 

                                                                   

Soňky ýyllarda ýurdumyzda düýpli maýa goýumlary özleşdirmekde telekeçileriň — hususy eýeçiligiň subýektleriniň orny görnetin ýokarlanýar. Ýurduň iri gurluşyklarynyň uly bölegi milli we daşary ýurt gurluşyk kompaniýalary tarapyndan alnyp barylýar.  

                                                                   

Türkmenistan maýa goýumlar babatda özüne çekiji ýurtdur. Tutuş döwletimizde gysga döwürde maýa goýum işjeňligini artdyrmak, sebitleriň ykdysady kuwwatyny berkitmek hem-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşi üpjün etmek babatda ägirt uly we toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän maýa goýum baradaky başlangyçlarynyň halkara guramalar tarapyndan mynasyp goldanylmagy hem tebigy ýagdaýdyr.  

                                                                   

Döwletimizde telekeçiligi ösdürmekde, milli önüm öndürijileri maliýe taýdan goldamakda, daşary ýurt maýa goýujylaryny çekmekde täze, döwrebap gurallar işlenip düzülýär, halkara maliýe guramalary bilen tejribe alşylýar.  

                                                                   

Ýurdumyzyň sebitlerini gyradeň ösdürmek, innowasion önümçilikleri döretmek, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, pudaklara «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, adam maýasyny kämilleşdirmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini we iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek üçin maýa goýum syýasaty kämilleşdirilýär. Milli hem-de daşary ýurtly maýa goýujylary çekmegiň döwrebap usullaryny döretmek arkaly pudaklary maliýeleşdirmegiň täze çeşmeleriniň üstünde hem yzygiderli işlenilýär we olar ýüze çykarylýar.  

                                                                   

Ýurtda maliýe bazaryny has-da kämilleşdirmekde maksatnamalaýyn usulyň ulanylmagy we durnukly ykdysady netijeleriň gazanylmagy döwletimiziň ösüşi üpjün etmek babatda dogry ugry saýlap alandygyny görkezýär. 

                                                                                                           

Jumageldi SALAMOW,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

20.04.2023
Netijeli ykdysady syýasat — durmuş abadançylygynyň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan ykdysady syýasat ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmäge, güýçli senagat kuwwatyny döretmäge we onuň pudaklaýyn düzümini giňeltmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman bazar düzümi bolan, durnukly ösüş depginlerini gazanmaga gönükdirilen ykdysadyýeti ýokary hilli hem-de tapgyrlaýyn kemala getirmek döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Şu ýylyň ilkinji üç aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýetilen sepgitler hem bu ugurda netijeli işleriň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji aprelde şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berlişi ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň görülmegi esasy makroykdysady ösüşi alamatlandyrýan jemi içerki önümiň durnuklylygyny saklamaga ýardam berdi. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6 göterim artdy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy hem 8,4 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 9,8 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.  

                                                                   

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» meýilleşdirilen işlere laýyklykda, şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 370 desganyň 7-sinde gurluşyk işleriniň tamamlanandygy, 105-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barlyp, galan desgalarda taýýarlyk işleriniň dowam edýändigi hem aýdyldy. 2023-nji ýylyň 1-nji apreli ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 115,5 göterim, çykdajy bölegi 97,1 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýylyň birinji çärýeginde ýerli býujetleriň girdeji bölegi 104,9 göterime, çykdajy bölegi 96,5 göterime deň boldy. Bularyň ählisi ýurdumyzda täze tehnologiýalary peýdalanmagyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň we innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň hasabyna durnukly ösüşiň berk binýadyny kemala getirmäge niýetlenen ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiz ýurdumyzyň baý tebigy, geoykdysady mümkinçiliklerini, maýa goýum kuwwatyny peýdalanmak, döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek we daşary ykdysady işiniň netijeliligini artdyrmak arkaly diwersifikasiýalaşdyrylýar. Diýarymyzyň önümçilik kuwwaty barha artýar. Munuň şeýledigini halkara maliýe edaralary, şol sanda Bütindünýä banky hem birnäçe gezek tassyklady. Bütindünýä bankynyň klassifikasiýasy boýunça Türkmenistan girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurtlaryň hataryna girýär.  

                                                                   

Türkmenistanyň durmuş ugurly syýasaty ilatyň ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejesini saklamaga gönükdirilendir. Baş maliýe resminamasy bolan Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň köp bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge, şol sanda saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlaryny, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygyny kämilleşdirmäge sarp edilýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden taryhy çykyşynda: «Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75 — 80 göterimini durmuş maksatly ugra, ýagny saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlaryny, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberiniň köpeldilmegine, bu ugra degişli taslamalary amala aşyrmaga gönükdirýäris. Raýatlarymyzyň aýratyn toparlary, weteranlar we maýyplar, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar üçin goşmaça durmuş ýeňilliklerini döredýäris» diýip belledi. 

                                                                   

Dünýäde ykdysadyýeti durnukly ösýän ýurt hökmünde tanalýan Türkmenistan bu günki gün milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak we senagatlaşdyrmak arkaly ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlygy bolsa onuň maksatnamalaýyn esasda ösdürilmeginiň dowam etdirilýändiginden ybaratdyr. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde kesgitlenen wezipeleriň öz wagtynda amal edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu strategik resminamalarda göz öňünde tutulan wezipeler halkymyzyň abadançylygyna we ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen beýik başlangyçlaryň geljek ýyllarda-da dowam etdiriljekdigini alamatlandyrýar. 

                                                                   

Bu strategik Maksatnamalarda ykdysady ösüşi hil taýdan täze derejä çykarmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmek, adam maýasyny ösdürmek boýunça hem anyk wezipeler kesgitlenendir. Olarda türkmen ykdysadyýetiniň geljekki ösüşiniň esasy maksatlaýyn häsiýetli aýratynlyklary, tapgyrlarydyr ugurlary bellenilip, senagat taýdan ösen, innowasion ykdysadyýeti emele getirmek ýaly maksatlardan ugur alyndy. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň düzümini kämilleşdirmäge köp möçberde maýa goýumlar, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlary gönükdirilýär. Netijede, ýurdumyzda köpugurly ykdysadyýet döredilip, ol dürli ugurlary — elektrik energetikasy, nebitgaz, maşyngurluşyk, metallurgiýa, himiýa, gurluşyk, elektron, ýeňil we azyk senagaty ýaly pudaklary öz içine alýar. Şunda geçen üç aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň jemi içerki önümiň 13,7 göterimine barabar bolandygyny, özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 44,8 göteriminiň önümçilik, 55,2 göteriminiň bolsa medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirilendigini hem aýtmak gerek. 

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, Oba milli maksatnamasy 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda kabul edildi. 2008 — 2022-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzda binalaryň we desgalaryň 900-den gowragynyň gurlup ulanmaga berilmegi, bar bolan inženerçilik ulgamlarynyň durkunyň täzelenmegi, täzeleriniň 72 müň 200 kilometriniň çekilmegi bolsa bu maksatnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilendigini dolulygyna görkezýär. Hökümet mejlisinde bellenilişi ýaly, şu ýylyň 1-nji apreli ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň 53,8 kilometri, ýaşaýyş jaýlarynyň 126,1 müň inedördül metri, aragatnaşyk ulgamlarynyň 134,4 kilometriniň gurluşygy tamamlandy. Häzirki wagtda medeni-durmuş, önümçilik we beýleki maksatly dürli desgalarda gurluşyk işleri dowam etdirilýär. Şeýle-de geljek ýylda Prezident Maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň sebitlerinde senagat toplumynyň ähli ulgamlaryna iri maýa goýumlary çekmegiň hasabyna gazhimiýa, energetika, ýeňil senagat we gurluşyk serişdeleri pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, sebitleriň ykdysadyýetine innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty mundan beýläk-de işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny has-da berkitmäge, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş-durmuş we inženerçilik düzümlerini kemala getirmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň ýokarydygy dogrusynda bellemegi hem-de aýry-aýry pudaklarda öňde durýan anyk wezipeleri kesgitlemegi bolsa milli ykdysadyýeti düýpli özgertmek boýunça saýlanyp alnan strategiýanyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. 

                                                                                                           

Parahat MERETLIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.

19.04.2023
Ýetilen sepgitler indiki üstünliklere ruhlandyrýar

Düýn ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan maslahatlar boldy. Olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem toplumlarda guralan çärelerde degişli ugurlar boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işler seljerildi, olaryň jemleri jemlenildi. 

                                                                   

Maslahatlarda degişli döwürde ykdysadyýetiň ähli pudagynyň yzygiderli ösüşini üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň jemi içerki önümiň durnukly ösüşini saklamaga ýardam berendigi aýdyldy. Muny 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň 6 göterim artmagy hem aýdyň görkezýär. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy 8,4 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 9,8 göterim köpelip, zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.  

                                                                   

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi bilen bagly görkezijiler hem degişli maslahatlaryň gün tertibinde esasy orny eýeledi. Şolara görä, hasabat döwründe gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 370 desganyň 7-sinde gurluşygyň tamamlanandygy, 105-sinde gurluşyk-gurnama işleriniň alnyp barylýandygy we galan desgalarda taýýarlyk işleriniň dowam edýändigi bellenilip geçildi. 2023-nji ýylyň üç aýyndaky ykdysady görkezijilere syn berilse, ykdysadyýetiň pudaklarynda durnukly ösüş gazanylandygyny we şu ýylyň birinji çärýeginde, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşynda, elektrik energiýasynyň, beýleki önümleriň öndürilişinde ösüş depgininiň üpjün edilendigini görmek bolýar. 

                                                                   

Nebitgaz pudagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek üçin işleri alyp barmaga we Hazar deňzinde täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmäge gönükdirilen zerur çäreleri görmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren anyk tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge aýratyn üns berilýär. Dokma pudagynyň uly mümkinçiliklerinden ugur alyp, ýokary hilli we döwrebap dokma önümleriniň önümçiligini yzygiderli artdyrmak, pudaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmek, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek hem döwrüň öňe çykaran wezipeleridir.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň medeni-ynsanperwer ulgamyň işi bilen bagly beren görkezmelerini ýerine ýetirmeklige hem toplumlaýyn çemeleşilýär. Ýaz paslynyň dowam etmegi bilen, raýatlaryň saglygyny goramakda, ýiti ýokanç we ýokanç däl hem-de möwsümleýin keselleriň öňüni almakda geçirilýän işler aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Şonuň ýaly-da, mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşyny talabalaýyk guramak üçin degişli işleriň häzirden geçirilip başlanylmagy özüniň oňyn netijesini berer. 

                                                                   

Bulardan başga-da, geçirilen maslahatlarda döwlet durmuşynyň beýleki ugurlary, ýagny milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, bu ugurda degişli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, ýerlerde şanly senelere we baýramçylyklara ýokary derejede taýýarlyk görlüşi baradaky çykyşlara uly orun berildi. Olarda her bir hünärmeniň ýurdumyzy geljekki 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmekde has-da netijeli zähmet çekmelidigi, olaryň öz wezipe-borçlaryny bilip hem-de işinde jogapkärçiligi duýup, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşmalydygy aýratyn nygtaldy. Maslahatlarda çykyş edenler ýetilen sepgitleriň öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde uly ähmiýete eýedigini bellediler.  

18.04.2023
Tebigy gazyň ýene bir akymy

 Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sebitlerinde täze gaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça möhüm wezipeleri öňde goýýar. Gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmek üçin «Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Şerepli», «Kelleli», «Garabil» gaz ýataklarynda guýulary burawlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Burawlaýjylar täzelikde «Şerepli» gaz ýatagynyň 2-nji belgili ulanyş-baha beriş guýusyndan senagat taýdan ähmiýetli gaz akymyny aldylar.  

  «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawlaýjylary «Şerepli» gaz ýatagynyň bu guýusynda gaýratly hem tutanýerli zähmet çekip, burawlaýyş işlerini 2333 metr çuňluga ýetirdiler. Olar özlerine döwletimiz tarapyndan berilýän bimöçber kömek-goldawlar hem-de burawlamakda toplan baý tejribeleri arkaly 2297 — 2291 metr aralykdan senagat taýdan ähmiýetli tebigy gaz akymyny almagy başardylar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy her gije-gündizde 628 müň kub metr tebigy gaz berýär. Alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt-wodorodsyz, arassa bolmagy bu ýatagyň önüminiň iň esasy aýratynlygydyr.  

                                                                   

 Gazçylar häzir welaýatyň çägindäki «Kelleli», «Garabil» gaz känlerinde-de guýulary burawlamak işlerine giň gerim berýärler. 

                                                                                                           

Welmuhammet GALANDAROW.

18.04.2023
Maksatnamalaýyn ösüş: rowaçlyk we baky bagtyýarlyk

Güneşli Diýarymyzda şu günki güne deňeç jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň ähli ugurlary boýunça täzeden-täze üstünlikleri gazanmaga, diňe öňe gitmäge uly mümkinçilikler toplandy. Rowaçlyklaryň çäklerini giňeltmek, şeýle-de halkymyzyň bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrundaky beýik işler gülläp ösüşiň hatyrasyna durmuşa geçirilýän özgertmeleriň baş maksadyny emele getirýär. 

                                                                   

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda ileri tutulýan ugurlary nazara almak bilen, halk hojalygynyň pudaklary boýunça maksatnamalar işlenip taýýarlanylýar, milli ykdysadyýeti halkara derejesine laýyklamak üçin işjeňleşdiriji anyk çäreler amala aşyrylýar. Watanymyzyň häzirki abraýy hem-de kuwwaty ýurdy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrundaky maksatnamalarda we olaryň netijeli ýerine ýetirilişinde aýdyň görünýär. Bu bolsa belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ägirt uly taslamalary amala aşyrmaga, döwletliligi berkitmäge niýetlenen, şöhratly taryhymyzda şanly sahypalary ýazýan, täze maksatdyr wezipelere ýetmäge badalga berýän döwürleýin özgertmeleriň binýadyny düzýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 10-njy fewralyndaky Kararyna laýyklykda kabul edilen «Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem şeýle resminamalaryň biridir. Ol «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri 2023-nji ýylda üstünlikli ýerine ýetirmek maksadyny nazarlaýar hem-de Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde kesgitlenen görkezijilerden, önümçilik we maliýe meýilnamalaryndan, çärelerden ugur alýar. 

                                                                   

Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bazar gatnaşyklaryna esaslanyp, durmuş-ykdysady syýasatyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, döwlet dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, ilatyň durmuş goraglylygyny artdyrmaga we hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga hem-de abadan, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge mümkinçilik berer. Resminamanyň esasy maksatlarydyr wezipeleri durmuş, ykdysady, ekologiýa ölçeglerini nazara alýar, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini ileri tutýar. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryny häsiýetlendirýän ykdysady netijelilik, ekologiýa howpsuzlygy we durmuş adalatlylygy ýaly ugurlar bilen sazlaşykly utgaşýar. Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny gazanmak bolsa, Maksatnamanyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendir. 

                                                                   

Şonuň esasynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetiň pudaklarynda uly möçberli özgertmeleri dowam etdirmek göz öňüne tutulýar. Şunda önümçilikleriň kämilleşdirilmegi, ýokary hilli harytlaryň çykarylmagy bilen bir hatarda, bäsleşige ukyply ykdysadyýeti höweslendirýän bazar şertleriniň we gurallarynyň emele getirilmegi aýratyn üns merkezinde durýar. Önümçiligiň ähli ugurlaryna innowasion we sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, harytlaryň we hyzmatlaryň içerki bazarlarynyň giňelmegine, eksport edilýän harytlaryň sanawynyň artmagyna ýardam eder. Bu hem döwletiň maliýe binýadyny we önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýerli önümler bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny hem-de öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýete geçmegi dowam etdirmek hem-de ony ösdürmek bilen bagly wezipeler amala aşyrylar. 

                                                                   

Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly ösdürmek ýoluny gyşarnyksyz dowam etdirmek hökmany şert bolup durýar. Çünki munuň durnukly ösüşi gazanmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we olaryň üznüksiz artýan isleglerini kanagatlandyrmaga, ýurduň halkara giňişliginde öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň ykdysady esaslaryny berkitmäge itergi berýändigini tejribe görkezdi. Hut şonuň esasynda 2023-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,5 göterim derejede ýa-da 206,4 milliard manat möçberde bolar diýlip çaklanylýar. 

                                                                   

«Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şu ýylda Döwlet býujetiniň girdeji we çykdajy bölekleri 95,1 milliard manat möçberde, şol sanda býujetiň salgytlardan we hökmany töleglerden ybarat girdejileri we çykdajylary 29,2 milliard manat möçberde tassyklanyldy. Döwlet býujetiniň çykdajylaryndan durmuş maksatly ulgama serişdeleriň 74,9 göterimini ýa-da 20,7 milliard manady gönükdirmek meýilleşdirilýär. Onuň pudaklaýyn düzüminde ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy hem-de döwlet durmuş üpjünçilik ulgamy ýokary paýa eýedir. Bularyň ählisi jemgyýetde durmuş abadançylygyny gazanmaga, adam maýasyny ösdürmäge uly möçberde serişdeleri goýbermäge oňyn şert döredýän ykdysady ulgamyň netijeliligi bilen şertlendirilendir.  

                                                                   

Şonuň bilen birlikde, täze senagat we önümçilik desgalaryny gurmak, hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmaga, obalary özgertmäge, önümçilik we medeni-durmuş maksatly möhüm desgalaryň gurluşyklaryny dowam etdirmäge maýa goýumlaryny gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Sebitleriň gyradeň ösüşini gazanmak ugrunda aýry-aýry welaýatlaryň mümkinçiliklerini seljermegiň netijesinde ilatyň ähli toparlaryna deň we mynasyp durmuş derejesini üpjün edýän serişdelere elýeterlilik kepillendirilýär.  

                                                                   

Ykdysadyýetiň pudaklarynda täze kärhanalary gurmagyň we bar bolanlarynyň durkuny täzelemegiň hasabyna 2,7 müň sany täze iş ýerlerini döretmek bellenildi. Munuň özi zähmete ukyply ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna we olaryň özleriniň maddy we ruhy zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak üçin serişde gazanmaklaryna mümkinçilik berer. 

                                                                   

Agzalan çäreleriň amal edilmegi adam üçin uly eşreti — hemmetaraplaýyn ösüşi gazanmak zerurlygyndan ugur alýar. Ol hünär we döredijilik işjeňligini artdyrmagy, aň, zähmet, medeni mümkinçilikleri amala aşyrmagy, ruhy we beden kämilliginiň derejesini ýokarlandyrmagy aňladýar. 

                                                                   

Şeýlelikde, «Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» düzümi döwlet syýasatymyzyň durmuş ugurlylygyndan, iri möçberli maksatnamalary, syýasy-ykdysady we durmuş wezipeleriniň toplumyny çözmäge gönükdirilip, ylmy taýdan esaslandyrylan anyk çäreleriň toplumyny özünde jemleýändiginden habar berýär. Bu bolsa halkyň we Watanyň birligini, Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen dana şygarynyň çuň mazmunyny özen edinip, halkyň zerurlyklarynyň we bähbitleriniň ulgamlaşdyrylan görnüşini şöhlelendirýär. Ykdysady ösüşiň durmuş üpjünçiliginiň ösüşi bilen baglanyşdyrylmagy bolsa rowaçlygyň we baky bagtyýarlygyň syrydyr. 

                                                                                                           

Gülälek TANGIÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.

18.04.2023
Iri zawodlar toplumynda işler ileri

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylmagynda we milli ykdysadyýetimizde belent ösüşleriň gazanylmagynda nebiti gaýtadan işleýän senagata möhüm orun degişlidir. Garaşsyzlyk ýyllarynda durky düýpli täzelenen Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy öz önümleri bilen barha meşhurlyga eýe bolýar. Bu ýerde öndürilýän ýokary hilli awtobenziniň dürli görnüşlerine, awiakerosine, polipropilene, uniwersal çalgy ýaglaryna, suwuklandyrylan gaza, koksa we beýleki nebit önümlerine dünýäde uly isleg bildirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň senagat önümleriniň 25 göteriminiň şu zawodlar toplumynda öndürilýändigi-de guwandyryjydyr. 

                                                                   

Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna gönükdirilen uly möçberli maýa goýumlar bu gün oňyn netijelerini berýär. Häzir bu ýerde dünýä standartlaryna laýyk gelýän nebit önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji aýynda zawodlar toplumynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlarynyň ornuny tutýan önüm — «B-92» kysymly awtobenzin öndürilip başlandy. Şeýle önümi öndürmek boýunça zawodlar toplumy hem-de ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan bilelikdäki işleriň geçirilip, tehniki şertleriň işlenip taýýarlanandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 

                                                                   

Toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy netijesinde, önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Ysraýylyň we Irlandiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmaklarynda gurlan häzirki zaman tehnologik önümçiliklere başarnykly erk edýän nebiti gaýtadan işleýjiler tutanýerli zähmet çekýärler.  

                                                                   

Elbetde, ýurdumyzyň iň uly nebiti gaýtadan işleýän senagat kärhanasynda zähmet üstünlikleriniň gazanylmagy, ilkinji nobatda, önümçiligi tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak we olaryň durkuny düýpli täzelemek bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýle bolansoň, geljekde hem deňizýaka sebitde nebitiň çykarylýan möçberleriniň artdyrylmagy bilen, Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmak maksat edinilýär. Şunda ýurdumyzda nebiti gaýtadan işlemäge gönükdirilýän maýa goýumlaryň ähmiýeti uludyr.  

                                                                   

Bu ýerde haýal kokslandyrma we gudronyň deasfaltizasiýasy boýunça desgalaryň gurluşygy tamamlanyp barýar. Zawodlar toplumynyň buýurmasy boýunça BAE-niň «WTL FZE» we ABŞ-nyň «Westport Trading Europe Limited» kompaniýalarynyň bilelikde amala aşyrýan taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, toplumda gudronyň hem-de mazudyň agyr galyndylary gaýtadan işleniler. Degişli önümçilik desgalarynyň işe girizilmegi günbatar welaýatyň nebitgazly meýdançalaryndan gelip gowuşýan «gara altynyň» gaýtadan işlenilişiniň möçberini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, suwuklandyrylan gazyň, benziniň, dizel ýangyjynyň we nebit koksunyň öndürilýän mukdaryny ep-esli artdyrmaga, şeýle-de goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Geljekde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda «gara altyny» gaýtadan işlemegiň görkezijisini 90 göterimden hem artdyrmaga mümkinçilik berjek täze tehnologik desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Dizel fraksiýalaryny we benzini gidroarassalaýjy, wodorod öndürýän blokly katalitik kreking we kokslamak desgalarynyň toplumy, nebiti gaýtadan işlemekden galan agyr galyndylary katalitik kreking usuly boýunça işleýän, ýokary hilli binýatlaýyn tehniki ýaglary öndürýän kuwwatlyklar şol desgalaryň hatarynda durýar. 

                                                                   

Nebiti gaýtadan işleýjileriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga hem uly üns berilýär. Olaryň maşgalalary üçin ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berilýär. Saglyk nokatlary, suw howdanlary, türgenleşik zallary, futbol, basketbol meýdançalary bolan bedenterbiýe-sagaldyş toplumy zawodlar toplumynyň işgärleriniň hyzmatynda. Olar Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen zawodlar toplumynda durmuşa geçirilýän uly özgertmeleriň ýokary hilli nebithimiýa önümleriniň öndürilişini ep-esli artdyrmaga ýardam edýändigine tüýs ýürekden buýsanýarlar.  

                                                                                                           

Toýmämmet REJEBOW,

                       

žurnalist.

18.04.2023
Ýurdumyzda öndürilýän hyrydarly harytlar

Söwda senagaty her bir ýurduň ykdysadyýetindäki ähmiýetli pudaklaryň biridir. Hut şu nukdaýnazardan hem ýurdumyzda bu ulgama aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň telekeçilik ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar mehanizmleriniň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy bölegiň ornunyň ýokarlandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» strategik usullarynyň biridir. Şu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ugrunda ýurdumyzda sergilerdir dabaraly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. 

                                                                   

Bilşimiz ýaly, 4-nji aprelde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda açylan Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi öz işini dowam etdi. Sergide Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, şeýle-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, ýurdumyzyň işewürleri öz diwarlyklary bilen gatnaşdylar. Mundan başga-da, sergide oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň söwda toplumynyň gazananlary, ýerli kärhanalaryň önümleriniň iň soňky nusgalary, azyk, senagat, dokma,  haly önümleri, sarp ediş harytlary, şeýle-de ýurdumyzyň işewürleriniň dürli hyzmatlarydyr ähmiýetli işleri bilen tanyşdyryldy. Serginiň dabaraly açylyşynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda: «Bu gün «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlar dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanyp, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň barha artýandygynyň subutnamasyna öwrüldi» diýlip, buýsanç bilen bellenilýär.    

                                                                   

Sergi pawilýonlaryndaky görkezilen önümler oňa gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Ýurdumyzda önüm öndürijiler oba hojalyk pudagyndaky amala aşyrylýan özgertmelere öz goşantlaryny goşmak bilen, täze agrotehnologiýalary, suw tygşytlaýjy ulgamlary, ylmyň soňky gazananlaryny we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrýarlar, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli gök önümleri, miweleri ýetişdirýärler. Elde dokalan ajaýyp halylar, zergärleriň, tikinçileriň elde döreden täsin işleri pawilýonlara tomaşa edýän myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Serginiň dowamynda oňa gatnaşyjylar we telekeçiler durmuşa geçirýän taýsyz tagallalary hem-de türkmen telekeçilerine döredip beren mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.  

                                                                                                           

«Esger».

07.04.2023
Ata watanymyz kuwwatly energetika döwleti

Dünýä nur saçýar türkmen şuglasy 

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow:
 

                                                                   

 —  Türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy kämilleşdiriler. 

                                                                   

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durnukly ösüş babatda müňýyllygyň Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýän ýurt hökmünde häzirki wagtda ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Durmuşyň özi wagtyň geçmegi bilen ähli zady aýyl-saýyl edýär. Ýurdumyzda soňky ýyllarda bitirilen ägirt uly tutumly işlere ser salanyňda, eziz Watanymyzyň beýik ösüşlerine bolan buýsanjyň artýar. Sanlyja ýyllarda üstünlikli alnyp barlan ägirt uly gurluşyklar berkarar Diýarymyzyň mukaddes topragyny, ümmülmez sährasyny, deňzini-derýasyny, şäherleridir obalaryny tanalmaz derejede özgertdi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap şäherçelerdir obalar, ýaşaýyş toplumlary, zawodlardyr fabrikler, kämil derejeli ýollar, köprüler, saglygy goraýyş, sport we medeni desgalar guruldy. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň dokma, gurluşyk, himiýa we durmuş, azyk senagatyna degişli, şeýle hem ýerli çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň köp görnüşleri boýunça döwrebap kärhanalar kemala getirildi. Bu il-ýurt ähmiýetli beýik işler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan   üstünlikli  dowam etdirilýär. Türkmenistan dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwrüldi. Pudaklaryň maliýe-ykdysady mümkinçilikleri has-da ýokarlandy. 

 Diýarymyzda tutuş täze şäherçeleriň, obalaryň, önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň köpçülikleýin gurulmagy elektroenergiýa bolan islegi hem has-da ýokarlandyrdy. Bu möhüm wezipe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli tagallasy bilen üstünlikli çözgüde eýe boldy. Özüniň elektroenergiýa bolan zerurlyklaryny doly kanagatlandyrýan hem-de daşary ýurtlara elektroenergiýa ibermegi amala aşyrýan Türkmen döwletiniň energetika ulgamynyň esasynda pudagyň öňüni çekiji Mary DES-den başga-da, Aşgabatda, Ahalda, Balkanabatda, Lebapda, Daşoguzda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe iň täze tehnologiýalar, enjamlar bilen üpjün edilen, döwrebap kuwwatly elektrik stansiýalary guruldy, elektrik geçiriji ulgamlar täzelenildi we häzirki wagtda bu ugurda ýokary netijeler gazanylýar.  

                                                                   

Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen gurlan Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň «Paýtagt» dolandyryş merkezi bu ugurdaky döwrebap iri kärhanalaryň biridir. Kärhanada ýokary tehnologiýaly enjamlar oturdyldy. Bu bolsa tutuş şäheriň energiýa ulgamynyň işleýşine gözegçilik etmäge, elektrik energiýasyny netijeli ulanmaga mümkinçilik berdi. Şol ýerden Aşgabadyň tutuş energo ulgamy dolandyrylýar. Ähli zerur bolan maglumatlar hem-de wideoşekiller bu ýere optiki-süýümli kabeller arkaly geçirilýär. 

 Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna beslenen 2021-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça iri desgalaryň 73-si ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň häzirki wagtda döredilýän halkalaýyn energoulgamynyň Ahal — Balkan bölegi, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawata deň bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy bar. Şeýlelikde, elektrik energiýany öndüriji kuwwatlyklar ençeme esse artdyryldy. Bularyň ählisi, bitewülikde ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerine kuwwatly itergi berýär.  

                                                                   

Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny güýçli depginlerde senagatlaşdyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde energetika senagatyna möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasy bu ugurda uly öňegidişlikleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Ýurdumyzyň dünýä energetika ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna uly ýardam etdi. Hemmämize mälim bolşy ýaly, baryp 2017-nji ýylda ýurdumyz Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk edipdi. Onuň 28-nji mejlisi 50 döwletden gatnaşyjylaryň 200-den gowragyny bir ýere jemläp, şonda Türkmenistan häzirki döwrüň hem-de dünýä ösüşiniň, şol sanda ählumumy energetika meseleleri boýunça ösüşiň ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin abraýly çekişmeler merkezi diýen belent derejesini nobatdaky gezek tassyklapdy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman gurluşyny kemala getirmek, şol sanda türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly ulgamyny döretmek babatda bitirilen beýik işler häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek — 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly kabul edilen kararnamalar hem bu ugurda umumadamzat bähbitli bitirilen beýik işlere aýdyň şaýatlyk edýär. 

  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli alyp barýan daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem sebitdäki goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegidir. Şunda ýurdumyzyň Owganystan bilen hyzmatdaşlygy muňa aýdyň mysaldyr. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyny çekmegiň taslamasy tutuş sebitiň ösüşinde aýratyn ähmiýete eýedir. Taslamanyň amala aşyrylmagy diňe bir goňşy döwletde durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna oňaýly täsir etmän, eýsem, tutuş sebitiň hem durmuş-ykdysady ösüşine uly ýardam eder.  

                                                                   

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň depginli ösüşini nazara almak bilen, täze kuwwatly energetika ulgamlaryny döretmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.  Ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek boýunça giň möçberli taslama üstünlikli amala aşyrylýar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi şäherleri we obalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge, durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge köpugurly şertleri kemala getirýär. 

                                                                   

Berkarar Diýarymyzda energetika senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilip, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylýar. 2022-nji ýylyň iýul aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi ulanmaga berildi. Häzirki wagtda bu kärhana Merkezi Aziýada bu ugurda hyzmat edýän ýeke-täk iri kärhanadyr. Kärhanada abatlaýyş işleri gysga wagtda we ýokary hilli ýerine ýetirilýär. Bu bolsa ugurdaş enjamlaryň uzak wagtlap hyzmat etmegine, diýmek, ýurdumyzda hereket edýän elektrik beketleriniň doly güýjünde bökdençsiz işledilmegine gönüden-göni ýardam berýär. Bu ýerde işgärleriň hünär taýdan kämilleşdirilmegi, şol sanda daşary ýurtlardaky ugurdaş kärhanalarda işlemek arkaly tejribe alyşmaklary üçin ähli şertler döredildi.  

                                                                   

Milli elektroenergiýa ulgamynyň beýik ösüşleri kämil derejeli hünärmenlere bolan islegi hem ýokarlandyrýar. Türkmenistanyň döwlet energetika instituty ýurdumyzyň elektroenergiýa ulgamyny ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek babatda uly işleri alyp barýar. Ylmyň we bilimiň, ýokary tehnologiýalaryň ösen häzirki döwründe ýurduň mundan beýläkki ösüşini, bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmek wezipesiniň hem köp babatda milli ykdysadyýetiň innowasion görnüşiniň kemala getirilmegi bilen pugta baglydygy hemmämize mälim. Türkmen döwleti özgerýär, ösýär, durmuş bedew bady bilen öňe gidýär. Şunda ylym-bilim ýurdumyzy, jemgyýetimizi ösüşleriň täze belentliklerine äkidiji güýç hökmünde kesgitlenýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara belent ynamy Halk Maslahatynyň mejlisinde ýene bir gezek has aýdyň ýüze çykdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly: «Ýaşlar biziň geljege bolan ähli umyt-arzuwlarymyzyň amala aşmagydyr». 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary we mugallymlary bilen duşuşygy we bu ýerde eden taryhy çykyşy diňe bir talyplarymyz üçin däl, eýsem, professor-mugallymlarymyz, bu ulgamda zähmet çekýän hünärmenlerimiz üçin hem ýolgörkeziji taglymat bolup, kalplarda orun aldy. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynda bolsa Türkmenistanyň elektroenergetika strategiýasyna, bu ulgamda amala aşyrylýan milli maksatnamalara we iri taslamalara seljerme berilýär. Kitapda ýurdumyzyň elektroenergetikasynyň kemala gelmeginiň taryhy, ony döwrebaplaşdyrmak, alnyp barylýan döwlet syýasatynyň maksatlary hem-de wezipeleri bilen baglylykda, ykdysadyýetiň bu pudagynyň köpugurly döwrebap düzümlerini döretmek boýunça amala aşyrylýan beýik işler hakynda giňden bellenilýär.  

                                                                   

Ýurdumyzyň oba hojalyk, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, nebitgaz, ýangyç, elektrik energetikasy, dokma, söwda, medeniýet hem-de ylym-bilim ulgamlary uly ösüşlere eýe boldy. Taryhyň görkezişi ýaly, her döwrüň ösüşine täsir edýän sebäpleri bolýar. Ähli gujur-gaýratyny, zehinini, ylmyny-bilimini, başarnygyny Watanyň ösüşlerine sarp edýän döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan beýik işleri mähriban halkymyzy ýokary ruhubelentlikde, döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.  

                                                                   

Goý, berkarar Diýarymyzy kuwwatly elektroenergetika döwletine öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli belent maksatlary elmydama rowaç bolsun! 

                                                                                                           

Serdar NAZAROW,

                       

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.

06.04.2023
Milli ykdysadyýetiň kuwwatly güýji

Berkarar döwletimizde telekeçiligi höweslendirmek, köpugurly ösdürmek üçin amatly şertler döredilýär. Türkmen telekeçileri milli ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň goşulýarlar. Telekeçilik işiniň ösüş ugurlary, üstünlikleri ugurdaş sergilerde has-da gowy ýüze çykýar. 18-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergide görkezilen önümler hem milli işewürligiň ösüşiň täze derejesine çykandygyny görkezdi. Ýurdumyzda hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleriniň öndürýän oba hojalygy, azyk senagaty, senagat önümçiligi, gurluşyk serişdeleri, elektroenjamlaryň önümçiligi, söwda, syýahat, ylym-bilim, IT-tehnologiýalary, hyzmatlar, ulag we logistika ulgamy, haly önümler, halk senetçiligi we beýleki önümler telekeçiligiň depginli ösüşini alamatlandyrdy. Gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ulgamy türkmen işewürleriniň örän üstünlikli özleşdiren pudaklarynyň biridir. Täze gurulýan durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň gurluşygyna hem türkmen telekeçileriniň işjeň gatnaşýandyklary buýsandyryjydyr.  

                                                                   

Arkadagly Serdarymyz bu sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Ýokary hilli önümleri bilen meşhurlyk gazanan «Talhan» söwda nyşanly çörek we çörek önümleri, «Täze aý», «Hasar», «Balşeker», «Duýgy», «Doganlar ýyldyzy», «Tut» haryt nyşanly içgileri öndürýän kärhananyň, «Ak gar» haryt nyşanly süýji-köke öndürýän telekeçileriň önümleriniň görnüşleri ýylba-ýyldan artýar. Bu gün türkmen telekeçileri gaz we elektrik peçlerini, howur peçleri, mikro tolkunly peçleri, smart telewizorlary ýaly durmuşda ulanylýan tehnikalary öndürýärler. Hususy ulgam häzirki zamanyň senagat hem elektron önümleriniň, töleg terminallarynyň, okuw onlaýn-maksatnamalarynyň, «akylly» öý tehnologiýalarynyň önümçiligini üstünlikli özleşdirýärler. Telekeçiler hyzmat ediş ulgamynyň we söwdanyň ösdürilmegine maýa goýumlaryny goýýarlar, ilata giň gerimli durmuş, mahabat hem-de neşirýat hyzmatlaryny hödürleýärler. 

                                                                   

Telekeçileriň önümçiligiň gerimini barha giňeldýändikleri guwandyryjydyr. Meselem, «Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýeti tarapyndan 2021-nji ýylda Ak bugdaý etrabynda «Nusga» atly 4 sany reňkli syýaly hem-de 3 sany ysly syýaly ruçkalaryň görnüşleri öndürilýär. Bu ruçkalar eksporta hem goýberilýär. Geljekde bozguçlary, dürli galamlary, galam artylýan we başga-da kanselýariýa önümlerini öndürmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hususy pudakda maşgala kärhanalary hem meşhurlyga eýe bolýar. Meselem, oba hojalyk önümlerini, ary balyny, milli el işlerini öndürmekde maşgala kärhanalary üçin hem giň mümkinçilikler bar.  

                                                                   

Ýurdumyzda ýaşlaryň telekeçilik ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, ösdürmekleri, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak üçin uly işler alnyp barylýar. TSTB-niň ýokary okuw mekdebiniň açylmagynyň göz öňünde tutulmagy hem hususy işewürligiň mümkinçiliginiň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň iýul aýynda bu ýokary okuw mekdebiniň dabaraly ýagdaýda düýbi tutulyp, desgany 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmekde türkmen telekeçilerine hem uly orun degişlidir. Bellenilen döwürde hususy telekeçilik ulgamynda kiçi we iri kärhanalaryň ýüzlerçesi döredilip, daşary ýurt we bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça işler geçiriler. Ýörite ykdysady zolaklar dörediler. Ykdysadyýetde döwlete dahylsyz pudagyň paýy yzygiderli artar. Ýaş telekeçileriň netijeli zähmet çekmegi üçin giň şertleriň döredilmegi barada alada edýän Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işlerinde hemişe rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.  

                                                                                                           

Begenç BEGMYRADOW,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.

05.04.2023
Iri zawodlar toplumynda işler ileri

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylmagynda we milli ykdysadyýetimizde belent ösüşleriň gazanylmagynda nebiti gaýtadan işleýän senagata möhüm orun degişlidir. Garaşsyzlyk ýyllarynda durky düýpli täzelenen Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy öz önümleri bilen barha meşhurlyga eýe bolýar. Bu ýerde öndürilýän ýokary hilli awtobenziniň dürli görnüşlerine, awiakerosine, polipropilene, uniwersal çalgy ýaglaryna, suwuklandyrylan gaza, koksa we beýleki nebit önümlerine dünýäde uly isleg bildirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň senagat önümleriniň 25 göteriminiň şu zawodlar toplumynda öndürilýändigi-de guwandyryjydyr. 

                                                                   

Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna gönükdirilen uly möçberli maýa goýumlar bu gün oňyn netijelerini berýär. Häzir bu ýerde dünýä standartlaryna laýyk gelýän nebit önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji aýynda zawodlar toplumynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlarynyň ornuny tutýan önüm — «B-92» kysymly awtobenzin öndürilip başlandy. Şeýle önümi öndürmek boýunça zawodlar toplumy hem-de ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan bilelikdäki işleriň geçirilip, tehniki şertleriň işlenip taýýarlanandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 

                                                                   

Toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy netijesinde, önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Ysraýylyň we Irlandiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmaklarynda gurlan häzirki zaman tehnologik önümçiliklere başarnykly erk edýän nebiti gaýtadan işleýjiler tutanýerli zähmet çekýärler.  

                                                                   

Elbetde, ýurdumyzyň iň uly nebiti gaýtadan işleýän senagat kärhanasynda zähmet üstünlikleriniň gazanylmagy, ilkinji nobatda, önümçiligi tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak we olaryň durkuny düýpli täzelemek bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýle bolansoň, geljekde hem deňizýaka sebitde nebitiň çykarylýan möçberleriniň artdyrylmagy bilen, Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmak maksat edinilýär. Şunda ýurdumyzda nebiti gaýtadan işlemäge gönükdirilýän maýa goýumlaryň ähmiýeti uludyr.  

                                                                   

Bu ýerde haýal kokslandyrma we gudronyň deasfaltizasiýasy boýunça desgalaryň gurluşygy tamamlanyp barýar. Zawodlar toplumynyň buýurmasy boýunça BAE-niň «WTL FZE» we ABŞ-nyň «Westport Trading Europe Limited» kompaniýalarynyň bilelikde amala aşyrýan taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, toplumda gudronyň hem-de mazudyň agyr galyndylary gaýtadan işleniler. Degişli önümçilik desgalarynyň işe girizilmegi günbatar welaýatyň nebitgazly meýdançalaryndan gelip gowuşýan «gara altynyň» gaýtadan işlenilişiniň möçberini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, suwuklandyrylan gazyň, benziniň, dizel ýangyjynyň we nebit koksunyň öndürilýän mukdaryny ep-esli artdyrmaga, şeýle-de goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Geljekde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda «gara altyny» gaýtadan işlemegiň görkezijisini 90 göterimden hem artdyrmaga mümkinçilik berjek täze tehnologik desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Dizel fraksiýalaryny we benzini gidroarassalaýjy, wodorod öndürýän blokly katalitik kreking we kokslamak desgalarynyň toplumy, nebiti gaýtadan işlemekden galan agyr galyndylary katalitik kreking usuly boýunça işleýän, ýokary hilli binýatlaýyn tehniki ýaglary öndürýän kuwwatlyklar şol desgalaryň hatarynda durýar. 

                                                                   

Nebiti gaýtadan işleýjileriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga hem uly üns berilýär. Olaryň maşgalalary üçin ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berilýär. Saglyk nokatlary, suw howdanlary, türgenleşik zallary, futbol, basketbol meýdançalary bolan bedenterbiýe-sagaldyş toplumy zawodlar toplumynyň işgärleriniň hyzmatynda. Olar Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen zawodlar toplumynda durmuşa geçirilýän uly özgertmeleriň ýokary hilli nebithimiýa önümleriniň öndürilişini ep-esli artdyrmaga ýardam edýändigine tüýs ýürekden buýsanýarlar.  

                                                                                                           

Toýmämmet REJEBOW,

                       

žurnalist.

03.04.2023
Kuwwatly ykdysadyýetiň baş ýörelgesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda düýpli ylmy esaslara daýanýan ykdysady syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mundan ötri maliýe-karz, býujet, salgyt, maliýe, baha ugruny emele getirýän we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ösen bazar gatnaşyklaryna geçmegiň milli usuly işlenip taýýarlanyldy. Şunda döwlet Baştutanymyzyň iňňän oýlanyşykly, öňdengörüjilikli döwlet syýasatyndan ugur alnyp, işlenip taýýarlanylan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak we gysga möhlet üçin maksatnamalary ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň önümçilik binýadynyň senagatlaşdyrylmagyny, onuň häzirki zaman düzüminiň we ägirt uly serişde mümkinçilikleriniň esasynda halk hojalygynyň hil taýdan täze ulgamlarynyň döredilmegini esasy ugur edinýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, daşary ýurtly we ýerli işewürleriň maýa serişdelerini çekmek üçin amatly şertleri döretmek, möhüm ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, karz serişdeleriniň möçberini artdyrmak ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu ýylyň 10-njy fewralynda Ministrler Kabinetiniň geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen, ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy we 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy tassyklandy. Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy işlenip düzülende, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýyl üçin Döwlet býujetinde kesgitlenen görkezijilerden, önümçilik we maliýe meýilnamalaryndan hem-de çärelerden ugur alyndy. Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bazar gatnaşyklaryna esaslanyp, durmuş-ykdysady syýasatyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, döwlet dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny we hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga hem-de abadan, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly onuň ösüşini gazanmak bilen, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 6,5 göterim derejede ýa-da 206,4 milliard manat möçberinde bolar diýlip çaklanylýar. Şunda bölek satuw haryt dolanyşygy 135,9 milliard manat, eksportyň we importyň artmagynyň hasabyna daşary söwda dolanyşygy 19,4 milliard amerikan dollary möçberinde meýilleşdirilýär. 

                                                                   

«Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky» Kanuna laýyklykda, şu ýyl Döwlet býujetiniň girdeji we çykdajy bölekleri 95,1 milliard manat möçberde, şol sanda býujetiň salgytlardan, hökmany töleglerden ybarat girdejileri we çykdajylary 29,2 milliard manat möçberinde tassyklandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi ykdysadyýetiň pudaklarynyň hasabyna, esasan, nebitgaz, senagat, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk, obasenagat toplumlaryndan, ulag we aragatnaşyk, dokma we azyk senagaty pudaklaryndan, şeýle hem hususy ulgamdan gelip gowuşmaly salgytlaryň we hökmany tölegleriň hasabyna üpjün ediler. Döwlet býujetiniň çykdajylaryndan durmuş maksatly ulgama serişdeleriň 74,9 göterimini ýa-da 20,7 milliard manady gönükdirmek meýilleşdirilýär. Ykdysadyýetiň önümçilik we durmuş-medeni ulgamlaryna maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 37,4 milliard manat möçberinde maýa goýumlaryny gönükdirmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Maýa goýumlaryň hasabyna täze senagat we önümçilik desgalaryny gurmak, hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda şähergurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, obalary özgertmek, önümçilik we medeni-durmuş maksatly möhüm desgalaryň gurluşyklaryny dowam etdirmek, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan gurluşyklary alyp barmak meýilleşdirilýär. Şolaryň arasynda aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryny gurmak wezipesi hem bar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň 2022-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýen sözleriniň iş ýüzünde üstünlikli amala aşýandygynyň aýdyň güwäsidir.  

                                                                   

Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak işi giň gerimde dowam etdiriler. Bu bolsa döwlet serişdelerini netijeli ulanmaga, döwlete dahylsyz gurluş düzümleriniň ösüşe gyzyklanmasyny güýçlendirmäge mümkinçilik berer. Pul-karz ulgamy tarapyndan telekeçilige goldaw bermek, ykdysadyýetiň pudaklaryna gönükdirilýän karzlary netijeli peýdalanmak boýunça çäreleriň gerimini giňeltmek, şeýle hem bu işleri maliýe serişdeleriniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmegiň hasabyna amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de daşary ykdysady işi mundan beýläk hem ösdürmek, eksport-import amallaryny kämilleşdirmek, halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işler dowam etdiriler. Önümçilik maksatly düýpli goýumlaryň möçberini artdyrmak we netijeliligini ýokarlandyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny we karz serişdelerini ýurdumyz üçin amatly şertlerde çekmek üçin degişli çäreleri görmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. 

                                                                   

Halkara tejribä esaslanmak arkaly salgyt-býujet syýasatyny döwrebaplaşdyrmak, maliýe hasabatlylygyny yzygiderli kämilleşdirmek, aýdyňlyk, salgyt salmagyň kadalaryny we usullaryny, şeýle hem elektron salgyt ulgamyny goşmak bilen, sanly usullary ornaşdyrmak möhüm wezipedir. Ykdysady syýasatda zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak we zähmet bazarynyň meselelerini düzgünleşdirmek, täze iş ýerlerini döretmek boýunça işlere aýratyn üns berler. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşyna gönükdirilen maksatnamalardyr beýleki resminamalardan gelip çykýan baş talapdyr.  

                                                                                                           

Parahat MERETLIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.

30.03.2023
Ýurdumyzyň kuwwatly pudagy

Eziz Watanymyzyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri gaz pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak bolup durýar. Ýurdumyzda ýokary goşmaça bahaly dürli görnüşli nebit we gazhimiýa önümlerini öndürýän, nebiti, tebigy gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikler döredilýär. Türkmenistan bu ugurda iri nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlykda täze taslamalary durmuşa geçirýär.  

                                                                   

Uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen ägirt uly döwrebap kärhanalaryň hatarynda polietileniň we polipropileniň dürli görnüşlerini öndürýän, «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «LG International Corp.» we «Hyundai Engineering» (Koreýa Respublikasy) kompaniýalary tarapyndan «TOYO Engineering Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polimer zawody, «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen gurlan Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawody görkezmek bolar.  

                                                                   

Ahal welaýatyndaky zawod dünýäde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa institutynyň hem-de ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň degişli güwänamalaryna mynasyp boldy. Bu ýerde Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan tehnologiýa boýunça gaz iň az energiýa çykdajylary hem-de daşky gurşawa zyýan ýetirmezden gaýtadan işlenilip, ondan iň ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän EURO-5 ölçegindäki ECO-93 kysymly benzin, şeýle-de suwuklandyrylan tebigy gaz öndürilýär.  

                                                                   

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» nebitgaz toplumyna iri möçberli dürli maýa goýumlar göz öňünde tutulýar. Bu döwürde sintetiki benzin, kauçuk we polistirol, metildietanolamin, poliwinilasetat we beýleki polimerleri öndürjek täze gazhimiýa toplumlarynyň gurluşyklaryny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça ikinji zawodyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr.  

                                                                   

Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyna degişli iri desgalar häzirki ösüşlerimize goşant goşmak bilen, uzak ýyllaryň dowamynda geljekki nesillere ygtybarly hyzmat etmäge gönükdirilendir. Biz — ýaşlar hem hormatly Prezidentimiziň badalga berýän döredijilikli ösüşlerine agzybir goşulyşyp, bilim-başarnygymyzy artdyryp, öz goşandymyzy goşarys. 

                                                                                                           

Ýagmyr MÄMETDURDYÝEW,

                       

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

29.03.2023