Ýetilen sepgitler indiki üstünliklere ruhlandyrýar

Düýn ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan maslahatlar boldy. Olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem toplumlarda guralan çärelerde degişli ugurlar boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işler seljerildi, olaryň jemleri jemlenildi. 

                                                                   

Maslahatlarda degişli döwürde ykdysadyýetiň ähli pudagynyň yzygiderli ösüşini üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň jemi içerki önümiň durnukly ösüşini saklamaga ýardam berendigi aýdyldy. Muny 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň 6 göterim artmagy hem aýdyň görkezýär. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy 8,4 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 9,8 göterim köpelip, zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.  

                                                                   

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi bilen bagly görkezijiler hem degişli maslahatlaryň gün tertibinde esasy orny eýeledi. Şolara görä, hasabat döwründe gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 370 desganyň 7-sinde gurluşygyň tamamlanandygy, 105-sinde gurluşyk-gurnama işleriniň alnyp barylýandygy we galan desgalarda taýýarlyk işleriniň dowam edýändigi bellenilip geçildi. 2023-nji ýylyň üç aýyndaky ykdysady görkezijilere syn berilse, ykdysadyýetiň pudaklarynda durnukly ösüş gazanylandygyny we şu ýylyň birinji çärýeginde, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşynda, elektrik energiýasynyň, beýleki önümleriň öndürilişinde ösüş depgininiň üpjün edilendigini görmek bolýar. 

                                                                   

Nebitgaz pudagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek üçin işleri alyp barmaga we Hazar deňzinde täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmäge gönükdirilen zerur çäreleri görmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren anyk tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge aýratyn üns berilýär. Dokma pudagynyň uly mümkinçiliklerinden ugur alyp, ýokary hilli we döwrebap dokma önümleriniň önümçiligini yzygiderli artdyrmak, pudaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmek, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek hem döwrüň öňe çykaran wezipeleridir.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň medeni-ynsanperwer ulgamyň işi bilen bagly beren görkezmelerini ýerine ýetirmeklige hem toplumlaýyn çemeleşilýär. Ýaz paslynyň dowam etmegi bilen, raýatlaryň saglygyny goramakda, ýiti ýokanç we ýokanç däl hem-de möwsümleýin keselleriň öňüni almakda geçirilýän işler aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Şonuň ýaly-da, mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşyny talabalaýyk guramak üçin degişli işleriň häzirden geçirilip başlanylmagy özüniň oňyn netijesini berer. 

                                                                   

Bulardan başga-da, geçirilen maslahatlarda döwlet durmuşynyň beýleki ugurlary, ýagny milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, bu ugurda degişli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, ýerlerde şanly senelere we baýramçylyklara ýokary derejede taýýarlyk görlüşi baradaky çykyşlara uly orun berildi. Olarda her bir hünärmeniň ýurdumyzy geljekki 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmekde has-da netijeli zähmet çekmelidigi, olaryň öz wezipe-borçlaryny bilip hem-de işinde jogapkärçiligi duýup, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşmalydygy aýratyn nygtaldy. Maslahatlarda çykyş edenler ýetilen sepgitleriň öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde uly ähmiýete eýedigini bellediler.