Eziz Watanymyzyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri gaz pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak bolup durýar. Ýurdumyzda ýokary goşmaça bahaly dürli görnüşli nebit we gazhimiýa önümlerini öndürýän, nebiti, tebigy gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikler döredilýär. Türkmenistan bu ugurda iri nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlykda täze taslamalary durmuşa geçirýär.
Uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen ägirt uly döwrebap kärhanalaryň hatarynda polietileniň we polipropileniň dürli görnüşlerini öndürýän, «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «LG International Corp.» we «Hyundai Engineering» (Koreýa Respublikasy) kompaniýalary tarapyndan «TOYO Engineering Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polimer zawody, «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen gurlan Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawody görkezmek bolar.
Ahal welaýatyndaky zawod dünýäde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa institutynyň hem-de ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň degişli güwänamalaryna mynasyp boldy. Bu ýerde Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan tehnologiýa boýunça gaz iň az energiýa çykdajylary hem-de daşky gurşawa zyýan ýetirmezden gaýtadan işlenilip, ondan iň ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän EURO-5 ölçegindäki ECO-93 kysymly benzin, şeýle-de suwuklandyrylan tebigy gaz öndürilýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» nebitgaz toplumyna iri möçberli dürli maýa goýumlar göz öňünde tutulýar. Bu döwürde sintetiki benzin, kauçuk we polistirol, metildietanolamin, poliwinilasetat we beýleki polimerleri öndürjek täze gazhimiýa toplumlarynyň gurluşyklaryny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça ikinji zawodyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr.
Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyna degişli iri desgalar häzirki ösüşlerimize goşant goşmak bilen, uzak ýyllaryň dowamynda geljekki nesillere ygtybarly hyzmat etmäge gönükdirilendir. Biz — ýaşlar hem hormatly Prezidentimiziň badalga berýän döredijilikli ösüşlerine agzybir goşulyşyp, bilim-başarnygymyzy artdyryp, öz goşandymyzy goşarys.
Ýagmyr MÄMETDURDYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.