Maýa goýum maksatnamasy: täzeçil başlangyçlardan — belent sepgitlere

Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi dogry işlenip düzülen strategik maksatnamalara esaslanýar. Munuň özi halkara derejede ykrar edilen hakykatdyr. Döwleti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen wezipeler uzak we gysga möhletli maksatnamalarda has jikme-jik şöhlelenýär. Bu ýagdaý ýurdumyzyň innowasion ösüşe esaslanýan ykdysadyýetiniň hem esasy ýörelgesi hökmünde çykyş edýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, gysga döwre niýetlenen, ýagny 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň kabul edilmegi hem ykdysady jähetden döwrüň talabydyr.  

                                                                   

Bu Maksatnamanyň esasy maksady Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmekden, durmuş we medeni taýdan ýokary depginli ösüşini üpjün etmekden, milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmakdan, pudaklara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy çuňlaşdyrmakdan, kiçi, orta hem-de iri telekeçiligi ösdürmekden, ylymdyr innowasiýalara daýanýan ykdysady pudaklaryň ilerlemegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýeri gelende, zähmet gatnaşyklaryny ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek we ilatyň iş üpjünçiligini gowulandyrmak wezipeleriniň hem öňde goýlan esasy işleriň hatarynda durýandygyny bellemelidiris.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda ýurdumyzy strategik maksatnamalara esaslanyp ösdürmek barasynda şeýle diýdi: «Kabul eden maksatnamamyzda öňde goýlan wezipelerimizi öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin, biz ähli mümkinçiliklerimizi ulanyp, agzybirlikde we jebislikde, el-ele berip işlemelidiris». 

                                                                   

Dünýä ykdysadyýetiniň diýseň tiz ösýän we kämilleşýän döwründe, strategik maksatnamalara laýyklykda, adam mümkinçilikleri has-da giňeldilýär, ylmy-tehnologik ösüşler çaltlandyrylyp, innowasiýalara daýanýan täze pudaklar döredilýär. Milli ykdysadyýetimiziň uzak möhletli ösüşi hökmünde kesgitlenen wezipeler öňdebaryjy ylmy taglymatlardyr innowasion tehnologiýalar arkaly ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň mümkinçiliklerini has-da netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.  

                                                                   

Maýa goýum syýasatynyň döwrebaplaşdyrylmagy maliýe ulgamyny kämilleşdirmäge, onuň innowasiýalara, durnukly ykdysady ösüşe, ykdysadyýetiň önümçilik we maliýe böleginiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik döredýär. Munuň üçin maýa goýum bazarlaryny öwrenmek arkaly bar bolan maliýe serişdelerini amatly ugurlara gönükdirmegiň ýollary we konsepsiýalary kesgitlenilýär. Şunda, esasan-da, maliýe institutlarynyň seljermeleridir usullaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki maliýe guramalary halkara derejede hereket etmek bilen, maýa goýum serişdelerini goýmagyň territorial-çäk we kanunçylyk tarapdan amatlydygyny makroykdysady görkezijileriň netijesinde anyklaýarlar. 

                                                                   

Halkara tejribeden belli bolşy ýaly, ösen döwletleriň düýpli maýa goýum serişdeleriniň agramly bölegi önümçilik maksatly ulgamlara gönükdirilýär. Bu biziň ýurdumyza hem mahsusdyr. Çünki maýa goýujylaryň maliýe serişdeleri ykdysadyýetiň pudaklaryna göni gatnaşmak bilen, ykdysady ösüşiň okgunly depginini gazanmaga şert döredýär.  

                                                                   

Maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, 2023-nji ýylda milli ykdysadyýetimize maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 37 milliard 400 million manat möçberinde düýpli maýa goýum goýlar. Munuň 20 milliard 800 million manadyny önümçilik desgalarynyň gurluşygyna gönükdirmek meýilleşdirilip, bu görkeziji ýurdumyz boýunça umumy maýa goýumlaryň möçberiniň 55,6 göterimini tutýar. Düýpli maýa goýumlar, ýagny 16 milliard 600 million manat bolsa durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler. Munuň özi maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 44,4 göterimine barabardyr. Bu Maksatnamanyň doly we dogry durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny has-da pugtalandyryp, Döwlet býujetiniň durnukly ösüşini üpjün eder we halkara talaplara, innowasion tehnologiýalara, ylmyň täze gazananlaryna esaslanýan ykdysadyýetiň kemala gelmegini şertlendirer. 

                                                                   

Soňky ýyllarda ýurdumyzda düýpli maýa goýumlary özleşdirmekde telekeçileriň — hususy eýeçiligiň subýektleriniň orny görnetin ýokarlanýar. Ýurduň iri gurluşyklarynyň uly bölegi milli we daşary ýurt gurluşyk kompaniýalary tarapyndan alnyp barylýar.  

                                                                   

Türkmenistan maýa goýumlar babatda özüne çekiji ýurtdur. Tutuş döwletimizde gysga döwürde maýa goýum işjeňligini artdyrmak, sebitleriň ykdysady kuwwatyny berkitmek hem-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşi üpjün etmek babatda ägirt uly we toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän maýa goýum baradaky başlangyçlarynyň halkara guramalar tarapyndan mynasyp goldanylmagy hem tebigy ýagdaýdyr.  

                                                                   

Döwletimizde telekeçiligi ösdürmekde, milli önüm öndürijileri maliýe taýdan goldamakda, daşary ýurt maýa goýujylaryny çekmekde täze, döwrebap gurallar işlenip düzülýär, halkara maliýe guramalary bilen tejribe alşylýar.  

                                                                   

Ýurdumyzyň sebitlerini gyradeň ösdürmek, innowasion önümçilikleri döretmek, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, pudaklara «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, adam maýasyny kämilleşdirmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini we iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek üçin maýa goýum syýasaty kämilleşdirilýär. Milli hem-de daşary ýurtly maýa goýujylary çekmegiň döwrebap usullaryny döretmek arkaly pudaklary maliýeleşdirmegiň täze çeşmeleriniň üstünde hem yzygiderli işlenilýär we olar ýüze çykarylýar.  

                                                                   

Ýurtda maliýe bazaryny has-da kämilleşdirmekde maksatnamalaýyn usulyň ulanylmagy we durnukly ykdysady netijeleriň gazanylmagy döwletimiziň ösüşi üpjün etmek babatda dogry ugry saýlap alandygyny görkezýär. 

                                                                                                           

Jumageldi SALAMOW,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.