Tebigy gazyň ýene bir akymy

 Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sebitlerinde täze gaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça möhüm wezipeleri öňde goýýar. Gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmek üçin «Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Şerepli», «Kelleli», «Garabil» gaz ýataklarynda guýulary burawlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Burawlaýjylar täzelikde «Şerepli» gaz ýatagynyň 2-nji belgili ulanyş-baha beriş guýusyndan senagat taýdan ähmiýetli gaz akymyny aldylar.  

  «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawlaýjylary «Şerepli» gaz ýatagynyň bu guýusynda gaýratly hem tutanýerli zähmet çekip, burawlaýyş işlerini 2333 metr çuňluga ýetirdiler. Olar özlerine döwletimiz tarapyndan berilýän bimöçber kömek-goldawlar hem-de burawlamakda toplan baý tejribeleri arkaly 2297 — 2291 metr aralykdan senagat taýdan ähmiýetli tebigy gaz akymyny almagy başardylar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy her gije-gündizde 628 müň kub metr tebigy gaz berýär. Alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt-wodorodsyz, arassa bolmagy bu ýatagyň önüminiň iň esasy aýratynlygydyr.  

                                                                   

 Gazçylar häzir welaýatyň çägindäki «Kelleli», «Garabil» gaz känlerinde-de guýulary burawlamak işlerine giň gerim berýärler. 

                                                                                                           

Welmuhammet GALANDAROW.