Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda düýpli ylmy esaslara daýanýan ykdysady syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mundan ötri maliýe-karz, býujet, salgyt, maliýe, baha ugruny emele getirýän we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ösen bazar gatnaşyklaryna geçmegiň milli usuly işlenip taýýarlanyldy. Şunda döwlet Baştutanymyzyň iňňän oýlanyşykly, öňdengörüjilikli döwlet syýasatyndan ugur alnyp, işlenip taýýarlanylan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak we gysga möhlet üçin maksatnamalary ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň önümçilik binýadynyň senagatlaşdyrylmagyny, onuň häzirki zaman düzüminiň we ägirt uly serişde mümkinçilikleriniň esasynda halk hojalygynyň hil taýdan täze ulgamlarynyň döredilmegini esasy ugur edinýär.
Häzirki wagtda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, daşary ýurtly we ýerli işewürleriň maýa serişdelerini çekmek üçin amatly şertleri döretmek, möhüm ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, karz serişdeleriniň möçberini artdyrmak ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu ýylyň 10-njy fewralynda Ministrler Kabinetiniň geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen, ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy we 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy tassyklandy. Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy işlenip düzülende, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýyl üçin Döwlet býujetinde kesgitlenen görkezijilerden, önümçilik we maliýe meýilnamalaryndan hem-de çärelerden ugur alyndy. Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bazar gatnaşyklaryna esaslanyp, durmuş-ykdysady syýasatyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, döwlet dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny we hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga hem-de abadan, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly onuň ösüşini gazanmak bilen, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 6,5 göterim derejede ýa-da 206,4 milliard manat möçberinde bolar diýlip çaklanylýar. Şunda bölek satuw haryt dolanyşygy 135,9 milliard manat, eksportyň we importyň artmagynyň hasabyna daşary söwda dolanyşygy 19,4 milliard amerikan dollary möçberinde meýilleşdirilýär.
«Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky» Kanuna laýyklykda, şu ýyl Döwlet býujetiniň girdeji we çykdajy bölekleri 95,1 milliard manat möçberde, şol sanda býujetiň salgytlardan, hökmany töleglerden ybarat girdejileri we çykdajylary 29,2 milliard manat möçberinde tassyklandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi ykdysadyýetiň pudaklarynyň hasabyna, esasan, nebitgaz, senagat, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk, obasenagat toplumlaryndan, ulag we aragatnaşyk, dokma we azyk senagaty pudaklaryndan, şeýle hem hususy ulgamdan gelip gowuşmaly salgytlaryň we hökmany tölegleriň hasabyna üpjün ediler. Döwlet býujetiniň çykdajylaryndan durmuş maksatly ulgama serişdeleriň 74,9 göterimini ýa-da 20,7 milliard manady gönükdirmek meýilleşdirilýär. Ykdysadyýetiň önümçilik we durmuş-medeni ulgamlaryna maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 37,4 milliard manat möçberinde maýa goýumlaryny gönükdirmek göz öňünde tutulýar.
Maýa goýumlaryň hasabyna täze senagat we önümçilik desgalaryny gurmak, hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda şähergurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, obalary özgertmek, önümçilik we medeni-durmuş maksatly möhüm desgalaryň gurluşyklaryny dowam etdirmek, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan gurluşyklary alyp barmak meýilleşdirilýär. Şolaryň arasynda aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryny gurmak wezipesi hem bar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň 2022-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýen sözleriniň iş ýüzünde üstünlikli amala aşýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak işi giň gerimde dowam etdiriler. Bu bolsa döwlet serişdelerini netijeli ulanmaga, döwlete dahylsyz gurluş düzümleriniň ösüşe gyzyklanmasyny güýçlendirmäge mümkinçilik berer. Pul-karz ulgamy tarapyndan telekeçilige goldaw bermek, ykdysadyýetiň pudaklaryna gönükdirilýän karzlary netijeli peýdalanmak boýunça çäreleriň gerimini giňeltmek, şeýle hem bu işleri maliýe serişdeleriniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmegiň hasabyna amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de daşary ykdysady işi mundan beýläk hem ösdürmek, eksport-import amallaryny kämilleşdirmek, halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işler dowam etdiriler. Önümçilik maksatly düýpli goýumlaryň möçberini artdyrmak we netijeliligini ýokarlandyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny we karz serişdelerini ýurdumyz üçin amatly şertlerde çekmek üçin degişli çäreleri görmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar.
Halkara tejribä esaslanmak arkaly salgyt-býujet syýasatyny döwrebaplaşdyrmak, maliýe hasabatlylygyny yzygiderli kämilleşdirmek, aýdyňlyk, salgyt salmagyň kadalaryny we usullaryny, şeýle hem elektron salgyt ulgamyny goşmak bilen, sanly usullary ornaşdyrmak möhüm wezipedir. Ykdysady syýasatda zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak we zähmet bazarynyň meselelerini düzgünleşdirmek, täze iş ýerlerini döretmek boýunça işlere aýratyn üns berler. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşyna gönükdirilen maksatnamalardyr beýleki resminamalardan gelip çykýan baş talapdyr.
Parahat MERETLIÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.