Maksatnamalaýyn ösüş: rowaçlyk we baky bagtyýarlyk

Güneşli Diýarymyzda şu günki güne deňeç jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň ähli ugurlary boýunça täzeden-täze üstünlikleri gazanmaga, diňe öňe gitmäge uly mümkinçilikler toplandy. Rowaçlyklaryň çäklerini giňeltmek, şeýle-de halkymyzyň bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrundaky beýik işler gülläp ösüşiň hatyrasyna durmuşa geçirilýän özgertmeleriň baş maksadyny emele getirýär. 

                                                                   

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda ileri tutulýan ugurlary nazara almak bilen, halk hojalygynyň pudaklary boýunça maksatnamalar işlenip taýýarlanylýar, milli ykdysadyýeti halkara derejesine laýyklamak üçin işjeňleşdiriji anyk çäreler amala aşyrylýar. Watanymyzyň häzirki abraýy hem-de kuwwaty ýurdy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrundaky maksatnamalarda we olaryň netijeli ýerine ýetirilişinde aýdyň görünýär. Bu bolsa belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ägirt uly taslamalary amala aşyrmaga, döwletliligi berkitmäge niýetlenen, şöhratly taryhymyzda şanly sahypalary ýazýan, täze maksatdyr wezipelere ýetmäge badalga berýän döwürleýin özgertmeleriň binýadyny düzýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 10-njy fewralyndaky Kararyna laýyklykda kabul edilen «Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem şeýle resminamalaryň biridir. Ol «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri 2023-nji ýylda üstünlikli ýerine ýetirmek maksadyny nazarlaýar hem-de Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde kesgitlenen görkezijilerden, önümçilik we maliýe meýilnamalaryndan, çärelerden ugur alýar. 

                                                                   

Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bazar gatnaşyklaryna esaslanyp, durmuş-ykdysady syýasatyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, döwlet dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, ilatyň durmuş goraglylygyny artdyrmaga we hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga hem-de abadan, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge mümkinçilik berer. Resminamanyň esasy maksatlarydyr wezipeleri durmuş, ykdysady, ekologiýa ölçeglerini nazara alýar, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini ileri tutýar. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryny häsiýetlendirýän ykdysady netijelilik, ekologiýa howpsuzlygy we durmuş adalatlylygy ýaly ugurlar bilen sazlaşykly utgaşýar. Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny gazanmak bolsa, Maksatnamanyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendir. 

                                                                   

Şonuň esasynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetiň pudaklarynda uly möçberli özgertmeleri dowam etdirmek göz öňüne tutulýar. Şunda önümçilikleriň kämilleşdirilmegi, ýokary hilli harytlaryň çykarylmagy bilen bir hatarda, bäsleşige ukyply ykdysadyýeti höweslendirýän bazar şertleriniň we gurallarynyň emele getirilmegi aýratyn üns merkezinde durýar. Önümçiligiň ähli ugurlaryna innowasion we sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, harytlaryň we hyzmatlaryň içerki bazarlarynyň giňelmegine, eksport edilýän harytlaryň sanawynyň artmagyna ýardam eder. Bu hem döwletiň maliýe binýadyny we önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýerli önümler bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny hem-de öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýete geçmegi dowam etdirmek hem-de ony ösdürmek bilen bagly wezipeler amala aşyrylar. 

                                                                   

Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly ösdürmek ýoluny gyşarnyksyz dowam etdirmek hökmany şert bolup durýar. Çünki munuň durnukly ösüşi gazanmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we olaryň üznüksiz artýan isleglerini kanagatlandyrmaga, ýurduň halkara giňişliginde öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň ykdysady esaslaryny berkitmäge itergi berýändigini tejribe görkezdi. Hut şonuň esasynda 2023-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,5 göterim derejede ýa-da 206,4 milliard manat möçberde bolar diýlip çaklanylýar. 

                                                                   

«Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şu ýylda Döwlet býujetiniň girdeji we çykdajy bölekleri 95,1 milliard manat möçberde, şol sanda býujetiň salgytlardan we hökmany töleglerden ybarat girdejileri we çykdajylary 29,2 milliard manat möçberde tassyklanyldy. Döwlet býujetiniň çykdajylaryndan durmuş maksatly ulgama serişdeleriň 74,9 göterimini ýa-da 20,7 milliard manady gönükdirmek meýilleşdirilýär. Onuň pudaklaýyn düzüminde ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy hem-de döwlet durmuş üpjünçilik ulgamy ýokary paýa eýedir. Bularyň ählisi jemgyýetde durmuş abadançylygyny gazanmaga, adam maýasyny ösdürmäge uly möçberde serişdeleri goýbermäge oňyn şert döredýän ykdysady ulgamyň netijeliligi bilen şertlendirilendir.  

                                                                   

Şonuň bilen birlikde, täze senagat we önümçilik desgalaryny gurmak, hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmaga, obalary özgertmäge, önümçilik we medeni-durmuş maksatly möhüm desgalaryň gurluşyklaryny dowam etdirmäge maýa goýumlaryny gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Sebitleriň gyradeň ösüşini gazanmak ugrunda aýry-aýry welaýatlaryň mümkinçiliklerini seljermegiň netijesinde ilatyň ähli toparlaryna deň we mynasyp durmuş derejesini üpjün edýän serişdelere elýeterlilik kepillendirilýär.  

                                                                   

Ykdysadyýetiň pudaklarynda täze kärhanalary gurmagyň we bar bolanlarynyň durkuny täzelemegiň hasabyna 2,7 müň sany täze iş ýerlerini döretmek bellenildi. Munuň özi zähmete ukyply ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna we olaryň özleriniň maddy we ruhy zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak üçin serişde gazanmaklaryna mümkinçilik berer. 

                                                                   

Agzalan çäreleriň amal edilmegi adam üçin uly eşreti — hemmetaraplaýyn ösüşi gazanmak zerurlygyndan ugur alýar. Ol hünär we döredijilik işjeňligini artdyrmagy, aň, zähmet, medeni mümkinçilikleri amala aşyrmagy, ruhy we beden kämilliginiň derejesini ýokarlandyrmagy aňladýar. 

                                                                   

Şeýlelikde, «Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» düzümi döwlet syýasatymyzyň durmuş ugurlylygyndan, iri möçberli maksatnamalary, syýasy-ykdysady we durmuş wezipeleriniň toplumyny çözmäge gönükdirilip, ylmy taýdan esaslandyrylan anyk çäreleriň toplumyny özünde jemleýändiginden habar berýär. Bu bolsa halkyň we Watanyň birligini, Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen dana şygarynyň çuň mazmunyny özen edinip, halkyň zerurlyklarynyň we bähbitleriniň ulgamlaşdyrylan görnüşini şöhlelendirýär. Ykdysady ösüşiň durmuş üpjünçiliginiň ösüşi bilen baglanyşdyrylmagy bolsa rowaçlygyň we baky bagtyýarlygyň syrydyr. 

                                                                                                           

Gülälek TANGIÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.