Söwda senagaty her bir ýurduň ykdysadyýetindäki ähmiýetli pudaklaryň biridir. Hut şu nukdaýnazardan hem ýurdumyzda bu ulgama aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň telekeçilik ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar mehanizmleriniň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy bölegiň ornunyň ýokarlandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» strategik usullarynyň biridir. Şu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ugrunda ýurdumyzda sergilerdir dabaraly maslahatlar yzygiderli geçirilýär.
Bilşimiz ýaly, 4-nji aprelde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda açylan Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi öz işini dowam etdi. Sergide Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, şeýle-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, ýurdumyzyň işewürleri öz diwarlyklary bilen gatnaşdylar. Mundan başga-da, sergide oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň söwda toplumynyň gazananlary, ýerli kärhanalaryň önümleriniň iň soňky nusgalary, azyk, senagat, dokma, haly önümleri, sarp ediş harytlary, şeýle-de ýurdumyzyň işewürleriniň dürli hyzmatlarydyr ähmiýetli işleri bilen tanyşdyryldy. Serginiň dabaraly açylyşynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda: «Bu gün «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlar dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanyp, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň barha artýandygynyň subutnamasyna öwrüldi» diýlip, buýsanç bilen bellenilýär.
Sergi pawilýonlaryndaky görkezilen önümler oňa gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Ýurdumyzda önüm öndürijiler oba hojalyk pudagyndaky amala aşyrylýan özgertmelere öz goşantlaryny goşmak bilen, täze agrotehnologiýalary, suw tygşytlaýjy ulgamlary, ylmyň soňky gazananlaryny we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrýarlar, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli gök önümleri, miweleri ýetişdirýärler. Elde dokalan ajaýyp halylar, zergärleriň, tikinçileriň elde döreden täsin işleri pawilýonlara tomaşa edýän myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Serginiň dowamynda oňa gatnaşyjylar we telekeçiler durmuşa geçirýän taýsyz tagallalary hem-de türkmen telekeçilerine döredip beren mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.
«Esger».